06:01 Öňki däl! | |
ÖÑKI DÄL! Şat günlerdi gözlegim, Soldy görkim, görmegim, Hany, söýen gözlerim? Gözleriňem öňki däl! Sözleriňem öňki däl! Yşk - meý, hoşdum içemde, Howsala kän içimde, Aý ýüzerdi içinde, Gözleriňem öňki däl! Sözleriňem öňki däl! Yşky hem saýyp sogap, Etdim men oňa togap, Muňa mende ýok jogap, Gözleriňem öňki däl! Sözleriňem öňki däl! Hiç diýmezden, "Weýran men", Bir bilbildim -- saýran men, Aňk bolmuşam -- haýran men, Gözleriňem öňki däl, Sözleriňem öňki däl! * * * Doňdum, eräbilmän gatap otyryn, Göýä daşa öwrüläýjek mysaly. Hak beren günlere kalby ýaralap, Asla gitmek islemändim hasaly. Dymdym, ýene-de ş-ol dymyp otyryn. Göýä ýuwudan deý lokga bir daşy. Ýöne şunjyk aýdyp berdi bir tanşym, Daşam eredermiş adam gözýaşy. Diňdim, ýyljak gözýaşymy süpürip, Aglamak nämäme gerekdi, eýse?! Adam kä gaharjaň kä mährem bolup, Düýbünden özgerýär ekeni söýse. | |
|
√ "Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Величие Божие / Goşgular - 15.02.2022 |
√ Arzuw / Goşgular - 17.02.2022 |
√ Снегопад / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022 |
√ "Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022 |
√ Призывание / Goşgular - 28.02.2022 |
√ Не бойся / Goşgular - 27.02.2022 |
√ Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |