21:45
Ömür sanawajy
ÖMÜR SANAWAJY

Tyk, tyk, tyk!
Gapy kakylýar. Kakylsa kakylypdyr-da, gapyda näme günä bamyşyn?
Gapy:ň bar günäsi - onuň hut şü gapyjanlygynda-da.
Bu günem hekge gardaş Gün dogmanka aýdym bilen gögerdi bagyň şahasynda. Meň ýüzümden-ä bizar bolup, başga bir üýtgeşigräk ýüz göresi gelip, ýürejigi ha:ly:s suw bolandyr-da hekgäň çagasynyň.
Bumahal "Bir bolgusyz tükezzybana tutdurd-ow büýä" diýip, her kim içinden tankyt edip oturan bolsa kim bilýär ýaňramalarymy. Meň immunitetim pes, tankydy göterinemok. Oňa garşy waksina-da almadym. Sebäbi beýle waksina ýok, ýogsam bir mahal özümjik meýletinje alardym o sanjymy.
Gürlewüklerem gürlejek bolşup, çyr-çytyr, tüweleme. Şulaňkydan hezili ýog-aý, gürlewük bolup doglaýmaly ýalançyda. Gaharyň gelse-de: "gür", gülküň gelse-de: "gür" diý-de otur.
Gör, ol jikgerilýän guşjagazy dagyn. Aý, diňe diňleseňem bolýal-aý ony. Bu zamanyň guşlarynyň ýüzüni görmek zerurlygam ýok, sesinden bilip bolýar kimdigini.
Menem daň horaz ýalak bolup, jahan ýagtylmankajyk ördüm.
Agam-a öňler "Sag-aman ördüňmi?" diýip soraýsaň: "Örüp otyryn" diýen bolýady. Han-a, jorap örýän gyza öýlendi. Indi gelni uzyn gün jorap örüp otyr, örüp otyr. Her kimiň niýetine görä-dä.
Ejem: "Sagat näçe boldy?" diýip soraýar.
Wah, ejejan, meň-ä sagat bilen, sagadyňam meň bilen işi ýok. Ýa meň sagadym işlänok ýa-da men sagatlap işlämok. Ýa-ha ýyllap işleýän ýa-da asla işlämok.
Garaz, şöýleräk.
Düşekleri ýygnamaly boljak, sanawaç sanasam näderkän-äý: "Ýygnal, düşegim, ýygnal!" diýäkgetdin. Ýok-la, bor-la, ile gülki bolup ýörmäýin-le bu ýaşdan soň sanawaç sanaýar diýdirip. Gowusy, pul tapsam, pul sanaýyn, o sanawaç sananyňdan has abraýlyrak hasaplanýar öýdýän.
"Iňňä-iňňä,
Ujy diňňä,
...
Tur,
Sen
Çyk"
"Çykjakgäl" diýip boljak zady ýok, nobatyň ýetse, hany, çykmabilseň çykma-da!
Sanawaç sanamak gerekçiligi ýok, azar bermeseň, sanawajyň öz-özi ähli ömrüňi sanap otyr, sanap otyr.
Tyk, tyk, tyk...
Gapy kakylýar. Kakylsyn-da näme, gapy bolan gapy kakylmaly bolar-a. Gapyda günä ýok, oň bar ýazygy - gapy bolup doglanlygynda.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 67 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]