14:25
Ömür degişmesi
ÖMÜR DEGIŞMESI

Ýok, bu ömür meñki däl,
Kim getirip dakdy ony boýnuma?!
Oña asyl-asyl göwnüm ýetenok,
Bolşundan göwnüm bitenok,
Çolaşyp ýör synyna.
Ýersiz ýere öñýeteniñ öñünde,
Düýrügýän,
Ýygrylýan,
Gowrulýan.
Çepiksije bu ömre,
Synlaga-da haýpym gelýär keseden.
Telpegi bar keçeden,
Göwni synyp kejigen,
Ömürjik gybyrdap barýar öñümde.
Geçýän onuñ peýdasyndan, haýryndan.
Halas ediñ meni
Ondan aýryñ-da,
Är işini gaýryñ-da,
Öwezine zat soramok
şeýlekin,
Derkary ýok maña beýle ömüriñ,
Alyñ ony size berýän başbitin.

Hany, meniñ öz ömrim,
Kim gidipdir ony menden oljalap,
Durun saçym ýolmalap.
Nähilelik bilen giderdim goldan,
Aý parasy ýaly hoşsurat ömri?!
Gark boldumy ýaşaýyşyn gomuna,
Çildimi ogry?
Pahaý, ömür dagy däldi ol ömür,
Jibrinip salgyny bereýin onuñ.
Döwrany sürerdi saýmazdan soñun,
Zerbap dony bolmalydy egninde,
Başynda jygasy bolmalydy oñ,
Bardy-geldi ertir-agşam seýlinde,
Duşaýsañyz oña,
Derhal maña habar beriñ görenler?!
Eşidenler maña garşy ýelk ýasañ.
Ine, şeýle:
Daglar sarsan arçynsa,
Arslan kybap ömrüm bardy aslynda.
Bu dünýäni elek ediñ, görüñ siz,
Şony gaýdyp beriñ siz!

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]