23:18
Ömrüzaýa -9/ romanyñ dowamy
7. SÜMSÜLE ― 2

...Soňky sözlerinden soň damagy dolan Hapby ýerinden turdy-da, üsti-başyny kakyşdyrdy.
― Ýörüň, Mähti mugallym, ýaňkyja ýerimize baraly. Gürrüňimizi şol ýerde dowam etdiris. Siziň entegem eşitmeli, bilmeli zatlaryňyz kän. Jogap okamaly zatlaryňyzyň-a ondanam köp bolaýmagam ahmal.
Şeýdip, ol ýene-de hasasyny käte hümmet hökmünde, käte biline söýget hökmünde ulanyp, käbiri köne, käbirleri täze, has köneräkleri bolsa çöküşip giden ululy-kiçili, atly hem atsyz, soňky döwürlerde ýoň bolşy ýaly käbirleriniň daşyna demir gözenek aýlanan, hatda çaklaňja kümmetjik galdyrylan sansyz mazarlaryň arasy bilen arkan-ýüzin gaýşyp, käte abşanaklap, käte maýtyklap ugrady. Agyr ýatlamalar onuň ozaldanam ýarysy diri, ýarysy mazarda ýatan göwresiniň barja ysgynynam alaýana meňzeýä.
Daşyndan seredip, onuň hakykatdan-da, ýaňky, öz beren gürrüňleriniň gahrymanydygyna, şol adamyň söýgi sebäpli şonça muşakgatlyklary başyndan geçirendigine, çekip-çydandygyna ynanar ýaly däl.
Howwa, ol gidip barýa. Menem onuň yzy bilen barýan. Ol-a edil, ýap-ýaňyja höküm çykaran adyl kaza, men bolsam iň ýokary jeza höküm edilip, indem dar teýine alnyp barylýan günäkäre meňzeýän. Ýöne, ol meniň günämiň entegem birneme artaýmagynyň ahmaldygynam aýtdy. Diýmek, jezanyňam güýçlendiriläýmegi daş däl bolmaly.
Müjewüriň jaýyna baryp, ykbaly keç bendäniň takdyryna meňzäp duran çalamydar sekiniň üstüne münmezinden burun, Hapby bir zady ýadyma salmakçy bolýan ýaly, iki-baka ýaýkanjyrap, ýaýdanjyrap kän durdy, aýalaryny «pat-pat» etdirip balagynyň-a gapdal, köýneginiňem alynky jübülerine kakdy, birdenem: «Oh!» etdirdi-de, jaýyň içine sümlüp gitdi. Eglenmänem çykdy. Agramyny ölçeýän ýaly, daşy gök, içi on iki tagta kagyzly, giň çyzykly okuwçy depderini elinde sallarlap durşuna:
― Başga ýerlerde nähilidigin-ä bilemok, Mähti mugallym, ýöne, biziň etrabyň düzgünine görä, kyrky sowlan gününiň ertesi ähli dogan-garyndaşlary bolup, ― ýöne, esasan aýallar ― saçakly-sypraly merhumyň üstüne gidýäler. Şol gün Sümsüläniňkilerem şu ýere geldiler. Hamala bar zada men günäkär ýaly, olaryň Aýtuwakdan öňňesiniň ýüzünde-gözünde maňa bolan ýigrenç, gahar-gazap görünýädi. Emma men olaryň bu boluşlaryna üns bermedim. Bir gyra çekildim-de, çommaldym oturyberdim.
Getiren zatlaryndan garbanyşyp, mazaryň başynda aýat okanlaryndan soň, olar başly-barat turmak, gitmek bilen boldular.
― O bendä-de duz dadyralyň, goý, degsin etsin... ― diýip, Aýtuwak aşak bakyp maňa tarap gaýtdy. Ýanyma geldi. Iki eplenen çapadyny elime tutduryp ýuwaşja gepledi. ― Biz öwlüýäden saýlanýançak gatyny açma... ― diýibem, aýallaryň yzyndan ýetmek üçin gaty-gaty ýöräp gitdi. ― Hapby henizem daşy ýagjaryp duran depderi elinde galgatdy. ― Gatlamanyň içinden bolsa ine, şu çykdy. Aýtuwagam munuň edil maňa degişli däldigin-ä bilipdir, kime degişlidiginem bilen bolmaly, ýöne, öýünde saklamaga çekinip, dagy kime berjeginem bilmän, zyňmaga-da dözmän, indi iň soňky eýesimi, hossarymy hökmünde maňa getiren bolmaly. ― Mäň, Mähti mugallym, salgysam ýok, gowuşmaly adamyň adam ýok, ýöne, barybir bu size degişli... Men muny siziň üçin sakladym. Iru-giç geljegiňizi bolsa bilýädim. Ine, siz hakykatdanam geldiňiz. Giç geldiňiz welin, geldiňiz...
...Depderi maňa berenden soň Hapbynyň özem sekä çykdy-da, hatyň maňa etjek täsirini ýüzümden aňmakçy bolýan ýaly, ýene-de ýassygyň birini bagryna basyp, çat maňlaýymda gyşardy. Ýüzüme jüýjerildi. Wagty bilenem gözüni ýüzümden aýyrmady. Bu maňa ýakmady. Bolup ýatyşyny inim söýmedi. Şeýle-de bolsa, sesimi çykarmadym. Bir oturyşymy üýtgetmän depderi açdym. Okap başladym. Ol:
«...Men bilýän, bu hat saňa gowuşmaz. Şonuň üçinem, sen muny hiç haçan okamarsyň ― diýen ýaly umytsyz sözler bilen başlanýan ekeni. ― «Olar ýaly bolsa ýazmak nämä gerek boldy» diýip, soramagyň mümkin. Dogry, ýazmanam bilerdim, ýöne, uzak ýola ugramazdan öňürti içimi egisäýeýin, ýükümi ýeňledäýeýin, diýdim.
Allaham, il-günem şaýatdyr, men garaşdym. Ýöne, saňa däl-de, saňa beren sözümiň üstünde durmak üçin, her hili ýagdaýda-da, wadaňa wepaly bolup bolýandygyny subut etmek üçin, Hudaýyň haky üçin garaşdym. Galyberse-de Aýbaharyň: «Sen garaş. Ol hökman geler, sebäbi ol seniň üçin meni taşlap gitdi, talagymy berdi» diýen sözi üçin garaşdym. Her geleniňde, hernäçe gaýtawul berenem bolsam, «gelme, meni unut» diýenem bolsam, haýsydyr bir inçe umyt bilen men saňa garaşdym. Sebäbi, şonça gezek: «Gelme» diýip «käkeledigim»: «Gelgin, men sensiz oňup bilmen» diýdigimdi ahyry. Edil iki agyz sözüm üçin ömürlik gaýyp bolarsyň öýtmändim. Gelersiň, ýalbararsyň, öýkämi ýazarsyň, Aýbahar bilen bolan «nikaly», «talakly» meseläňizi aýdyňlaşdyrarsyň, subut edersiň öýdüpdim. Emma ol tamam çykmady. Sen agyr synagdan geçip bilmediň. Oň ýeke meniň üstümden ätlän bolsaň, Aýbahar ikimiziňem üstümizden ätläp, okan ýeriňde indi üçünji biri bilenem ýaşaşyp ýörendigiň, hatda Aýbaharyňky ýaly raýatlyk nikasy bilen däl-de, ZAGS arkaly ýazlyşandygyňyzam men daş gulakdam eşitdim. Emma men şonda-da garaşdym. Ýöne, ýene-de seniň üçin däl-de, garaşyp bolýandygyny subut etmek üçin garaşdym. Onam kimdir birine däl-de, saý-sebäp bilen haçanam bolsa geläýeniňde-de, seniň hut özüňe subut etmek üçin, biwepalygyňy ýüzüňe basmak üçin garaşdym. Eden işiňe puşman edeniňi, ýalňyşyňa düşünendigiňi gözüm bilen görmek üçin garaşdym. Eger-de sen ýurtdan çykyp gitmäge derek, gelniň bilen adam şekilli nikaňy bozup gelenem bolsaň, men seni kabul ederdim. Emma, sen onam etmediň. Ýöne gün köp, aý köp, ýyl köp, wagtyň geçmegi bilen men ejizledim. Aýralyga şondan artyk döz gelibilmedim. Garaşmanyňam, göwnüňi aldamanyňam çeni bar ekeni. Men indi hüýr gyzlaryň hataryna geçdim. Garradym. Indiden soň men kimiň öňünde, nämäni subut edeýin? Boý halyňa iki aýally birine garaşyp ömrüňi ötürip bolýandygynymy? Telpegi agan üçinem özüňi pida edip bolýandygynymy? Ine, indi seredip otyryn welin, men hut şeýle hem edipdirin. Ýalňyşypdyryn. Onda-da bijaý ýalňyşypdyryn. Halys bolmajagyna göz ýetireniňden soň, panynyň ýüzüne tüýküräge-de, bakyýa bakan göç uraýanyňdan ýagşysy ýok bolaýmasa diýen pikire geldim. Çünki, binamyslyk edip gezip ýörseň, adam pahyr ýene bir gezek şeýtanyň ugruna gitmegiň we seniň ýaly wadaňdan dänmegiň mümkin. Men ýöne hiç haçan, hiç kime syr bildirmedim. Içime saldym. Bu bolsa meni içgussa etdi. Düşege ýykdy. Soňabaka-ha özümiň ýerdedigimi ýa gökdedigimi, ölüdigimi ýa diridigimem bilip bilmedim. Halys egbarladym. Şondan soň-a asla seniň gelmezligiňi, görünmezligiňi isledim. Sebäbi, meni şol halda görmegiňi islemedim.
Men elbetde, garaşanymy minnet edemok. Ol meniň borjumdy, men şony berjaýam etdim, ýöne, berjaý edilen her bir işiň öz netijesi bolmaly. Meniň ömrüm bolsa şonsuz geçdi. Bakjam bagbansyz gurady. Güllerim suwsuz soldy. Baharym sowuldy. Gül ömrümi hazan urdy, mizan çaldy. Miwesiz agaja, hasylsyz daragta öwrüldim. Indi men kime gerek? Nämä gerek? Wepalylygyň nusgasyny görkezjek bolup gazanan zadym näme?
Gury geçen günlerim, boş geçen gijelerim, umuman, köýen ömrüm, tebigatyň öňündäki bergi-borçlarymy berjaý edip bilmändigim üçin kim günäkär? Özümmi? Senmi? Ýa başga birimi? Şeýle bolsa, onda ol kim? Kim bolaýanlygynda-da, kimdigi bilnip jezalandyrylaýanda-da netije bolarmy? Ýok! Bolmaz! Şundan soň sen bir ýerden gara beräýeniňde-de ikimiz üçin-ä peýdasy ýok.
Şeýle-de bolsa, men seniň meni gözläp, özüm gidenimden soňam bolsa gelmegiňi isleýän. Goý, iller takat edip garaşybilseň garaşylýan adamyň iru-giç gelýändigini, garaşmaklygyň netijesiz däldigini bilsinler. Garaşmaklygyň mukaddesdigine ynansynlar. Şol düşünjeden goý, hiç kimiň göwni geçmesin. Ýüregi sowaşmasyn. Umydy öçmesin! Garaşman gidipdir, namartlapdyr, diýip, goý, meni günäkärlesinler. Men şoňa-da razy.
Elbetde, men entegem garaşyp bilerdim. Garaşmalydymam. Haçanam bolsa, bir zaman geljekdigiňe ynanýadymam. Ýöne, seniň başky salan ýaraň maňa agyr degdi. Ol meni ömürlik maýyp etdi. Hernäçe çytraşsamam bolmady. Men ony mundan artyk çekip bilemok. Ýadadym. Onsoňam bir gezek köýen ömrüň tozap ýatan küli indiden soň kime gerek? Şonuň hatda saňa-da gerek däldigine men ynanýan.
Ýap-ýaňyja Hapbyny gördüm. Görgüli henizem daşymda «hozanak» bolup ýör. Ýöne, nädeýin, meniň oňa nebsim agyrmakdan başga edibiljek kömegim ýok. ― Ol sen däl.
...Howwa, men seni gowy görüpdim. Söýüpdim. Onda-da üýtgeşik, ýiti söýgi bilen söýüpdim. Oňa söz ýok. Çünki, men saňa gadymky aşyklar ýaly ygrarynda durmaklygy başarýan, mert ýigitlerdensiň öýdüpdim. Bu zamanda seýrek duş gelýän şeýle gerçegiň öz maňlaýymdan çykandygy üçin Allahdan müň mertebe razy bolupdym. Synamy seň üçin tagtyrowan etmekligi özüme bagt saýypdym.
Seni şeýle gowy görenim üçinem, senden öň söz aýdan ýigitleriň öňünde goýan «on ýyllyk» şertimi seniň öňüňde goýmandym. Hatda, agzamandymam. Çünki, meniň saňa çaltrak gowuşasym, çaltrak nikalaşyp, toý tutup, ýaşaşyp başlasym gelýädi.
Emma nämäni güýçli höwes etseň, şo-da senden daşlaşmak bilen bolýan ekeni.
Wagtynda hasyl bolmadyk umyt bolsa, öçýä, arzuw könelişýä, öz ähmiýetini ýitirýä. Ideg-yssywat görmese gür gara baglaram guraýa, güller solýa. Gözbaşyndan yzygiderli nem syzyp durmasa, iň bir dury, iň bir arassa, durnagöz çeşmelerem köräp, akabasy gurap gidýä.
Özüniňem şolar ýaly ýagdaýa düşendigini adam pahyr töweregindäkilerdenem öň özi duýar ekeni. Çünki, daşyň çolarýa, bazaryň sowulýa, deň-duşlaryň öý-işik bolýa, ösňeýä, sen bolsaň gün-günden saralyp, solup gidip otyrsyň. Bir güni görseňem sen eýýäm hatardan üzülip galypsyň.
Herki zat ezelde kysmata ýazylandyr. Meniň şu ýagdaýa düşenimi eşidip ýa şu haty okap gynanma.
Galyberse-de, haýsy sebäbe görä bolanam bolsa, belki, seňki dogrudyr. Belki, köne ýörelgä eýerip, men ýalňyşandyryn. Belki meňki ýaly wepalylyk, bu günki gün ýoň bolan ýeňles söýginiň alnyna ýaraşýanam däldir. Süňňüne sygyşmaýan bolmagam mümkin. Belki geregem ýokdur. Eger-de şeýle bolsa, goý, meniň bu ýalňyşym özüm ýaly wepasyzlyga öwrenişip ýetişmedik gyzlar üçin sapak bolsun. Goý, olar meniň ýalňyşymy gaýtalamasynlar. Wepaly boljak bolup, ömürlerini köýdürmesinler. Özlerini göre-bile oda atmasynlar.
Belki, hemme zat dogrudyram-da, muňa meniň bagtlydyr öýdüp ýören şor maňlaýym günäkärdir? Belki-de, Allahyň owal-ebetde adamzada beren möhleti tamamlanandyr-da, kyýamat golaýlaşyp gelýändir? Bilemok! O zatlara akyl ýetirerden men ejiz.
Bir bilýän zadym bar ― o-da seniň şu dünýede barlygyň. Aýatda diridigiň. Bagtlymysyň ýa ýok, ol maňa mälim däl, belki, bagtly bolaýadyň-da... ― Wagtyň geçmegi bilen öçüşipdirmi, ýa, ýazylanda gowy düşmänmi, garaz, hatyň şu ýeri biraz bulaşypdyr. Düşnüksizräk... Soňy bolsa, şeýleräk jümleler bilen tamamlanýar. ― Hoş, meniň ezizim!.. Men saňa-da, seniň önüp-ösjekleriňe-de ak ýürekden bagtly durmuş arzuw edýän. Goý, meniňki ýaly agyr ykbaly Allahym olara görkezmesin. Ýene bir etjek haýyşym: meniň keç ykbalym, köýen ömrüm barada olaryň ýanynda, asla hiç kimiň ýanynda-da gürrüň gozgama. Bu hatam hiç kime görkezme. Okatma. Okabam berme. Goý, meniň pajygaly taryhymy eşidip, hiç kim gama batmasyn. Gynanmasyn. Hiç kim meniň täze dona salnan köne ýama ýaly, bu günki ajaýyp zamananyň synasyna gelişmeýän ömrüme öýkünjek bolup, bagtyny bulaşdyrmasyn. Gaýtalajak bolmasyn. Olaryň gulaklaryna goý, hemişe ýagşy sözler, diňe bagtly adamlar baradaky beýanatlar eşidilip dursun.
Iň soňky sözüm, budur ki: sen öz eden öňki-soňky hereketleriň, hususan-da, Leningradda ikinji gezek öýlenmegiň bilen, maňa ýeke bir biwepalyk etmediň-de, ýaş kalbymdaky ýaňy bir şineläp gelýän arzuw-isleglerimi öldürdiň. Men bir güldüm, gülüňem ýagşysydym, gyzylydym ― gyzylyňam ýitisidim, seniň bilen ýetişdiren bakjama şugla saçjakdym, emma soldum. Onda-da wagtyndan ir soldum. Tiz soldum. Alnyňdan Gün bolup dogjakdym. Emma tümlüge düşdüm. «Daň ýyldyzy» bolup dogjakdym, «lowurdap» asmana galjakdym, dünýe-äleme şugla saçjakdym, her gün Günüň dogup gelýändigini külli adamzada buşlajakdym, emma «Ömrüzaýa» öwrüldim. Dogşum ýaly ýaşmak bilen boldum. Bir tapawutly ýerim ― men indi onuň ýaly ertesi ir säher Gündogardan «Daň ýyldyzy» bolup dogman...
Niýetim bu haty öňkim ýaly merkezi poçta ýollajakdym. Ýöne, o ýere gatnamaňy bir wagtlar bes eden bolmagyň ahmaldygyny göz öňüne tutup, o pikirimden el çekdim.
Onsoňam, bakyýa bosagasynda, ajalyň agzynda duran bir ejiz biçäräniň janhowluna aýdan bu samramalaryny belki sen eşitmeseň has gowy bolar, diýip oýlandym.
Hoş, meniň ezizim! Bize indi görüşme ýok! Didar kyýamata galdy... O-da nesip etse... Hoşlaşyk hatyny ýazan: iň soňky pursatda-da «seňki» diýmäge het edip bilmedik: S...».
Okap bolanymdan soňam men depderiň gatlaryny agdaryşdyryp köp oturdym. Henizem ýüzüme tiňkesini dikip, öňümde keserip ýatan Hapbynyň öçli nazary bolsa, meni ýere sokup barýa.
Oňa çenlem Gün eňegini ýere berdi. Men depderi usullyk bilen Hapbynyň öňünde goýdum. Sekiden düşdüm. Hapbam düşdi. Depderi alyp ýene-de maňa uzatdy.
― Bu siziňki, ýoldaş mugallym. Herki zat heran-haçan hak eýesine gowuşsa ýagşy... ― Şondan soň ol megerem, öňde-soňda, gabat gelen ýerinde maňa aýdaryn diýip, ýüreginde besläp ýören sözlerini uly hyruç bilen, aýdyp başlady. ― ...Howwa, Mähti mugallym, kynam bolsa boýun almak gerek, bu bolan işleriň barysyna siz günäkär. Ýeke bir Sümsüläni däl, menem şu güne salan siz. Eger-de beren wadaňyzda tapylyp, wagtynda eýe bolubilen bolsadyňyz, onda o-da bu wagt beýdip gum ýassanyp ýatmazdy, menem beýdip ýörmezdim. Bir awunardym, bir dynardym. Ýadymdan çykarardym, söýmämi goýardym-a diýip biljek däl, ýöne gaýybanasyndan söýüp, daşyndan guwanar ýörerdim. Men şol ykbala kaýyldym. Razydym. Özümiň saýlap alan ýolum şoldy. Ykbalymdy. Täleýimdi. Takdyrdan bolsa gaçyp gutulma ýok. Ine, sizem aýlanyp-öwrülip ýene-de şol oduň üstüne öz aýagyňyz bilen geldiňiz. Çünki, her bir adam, öz jenaýat eden ýerine hökman dolanyp gelýämişin. Siz indi bu tümmegiň öňünde jogap okamaly borsuňyz.
Şonuň üçinem, ýaşan ömrüňiziň manysyny tä iň soňky günüňize çenli ýatladyp durary ýaly, bu depderi özüňiz alyň. Öýüňizde saklaň. Sümsüle muny hiç kime görkezmäň, okatmaň diýenem bolsa, bu ýagty-ýalança gelip nähili işler bitirendigiňizi mahal-mahal ýatlap duraryňyz ýaly, ata-babalarynyň nähili ygrarly hem mert adamlar bolandyklaryny agtyk-çowluklaryňyzyň bileri ýaly, bu depderi siz juda aýawly saklaň. Çünki, bu siziň ömürbeýanyňyz. Iň bolmanda şonuň bir bölegi. «Daň ýyldyzyny» «Ömrüzaýa» öwrendigiňiziň subutnamasy... Alyň...
Hapbynyň gürrüňiniň dowamynda aýdanlarynam, soňundan aýdan ýaňky sözlerinem, men elbetde kabul etdim. Sümsüle babatdaky günämi-hä men onsuzam, bu ýere ugramazymdan öňem boýnuma alypdym. Ony meniň boýnuma Aýbahardyr Ýuliýa hem adyllyk bilen atypdylar. Men ony olaryň öňünde-de inkär etmändim. Hapbynyň öňünde-de inkär etmekçi däl.
Çünki, ol dogry aýdýar. Men günäkär. Belki onuň diýşindenem has beterräk günäkärdirin. Onuň öňünde-de, uly iliň öňünde-de, Hudaýyň öňünde-de günäkärdigimi bilýän. Sümsüläniň men zerarly agyr derde ýolukmagyna-da, ýogalmagyna-da özümiň sebäpkärdigimi bilýän. Men zerarly ýurtlaryny täzelän kakamdyr ejemiň ykballarynam şonuň üstüne goşsaň, men iň ýakyn adamlarynyň üçüsiniň ganyna galan adam bolýan.
Bu ― hakykatdanam şeýle. Günämiň uludygyna söz ýok. Diýmek, çekmeli jezalarymam uly bolmaly.
Ýöne, ol jezalary men haçan çekmeli? Nirede çekmeli? Şu dünýedemi? O dünýedemi? Aslynda o jezalary maňa kim berjek? Kim meni günäkäriň oturgyjynda kellämi ýalaňaçladyp oturtjak? Kim höküm çykarjak? Onsoňam olar nähili jeza? Ten jezasymy ýa ruhy yzamy? Ýa ýaňy bir ýerde Hapbynyň ýaňzydyp geçişi ýaly, öz-özümi özüm jezalandyrmalymy? Galan ömrüme öz etimi özüm iýip geçirmelimi? Ýa menem Hapbynyňky ýaly, Sümsüläniň mazaryny ýassanyp ýatmalymy? Ýa baryp, beýleki gapdalyndan menem bir mazar gazmalymykam? Ýa özümi Hangeçeniň guýusyna oklamalymykam? Beýder ýaly mende Sümsüläniňki, Hapbynyňky dek güýç, kuwwat, gaýrat tapylarmyka? Öň edibilmedik zadyny adam ýaşy bir çene barandan soň edibilermikä?
Ine, şu zatlaryň çözgüdi welin, maňa şol wagtlaram mälim däldi, Azat jan, häzirem aýan däl. Tapdyraýjaga-da meňzenok.
Megerem bu-da köp-köp beýleki soraglar ýaly kyýamat magşar gününe galsa gerek.
Ebtinem, özünem oňarmaýandygy üçin, deň-duşlarynyň arasynda baryp-ha oglanlyk döwürlerinden bäri «myllyk», «lellik», «şum» diýen ýaly kemsidiji lakamlar alan, daşyndan göräýmäge hakykatdanam «görden çykdymyka» diýdirýän, erni suwly, şol bolşy bilenem, Sümsüle ýaly aňrybaş gyzy söýmäge het edip bilen Hapbynyň söýgüsiniňem, yhlasynyňam meniňkiden müň mertebe beýik bolandygyna haýran galmakdan, hususan-da uýalmakdan ýaňa şol wagt men il içinde aýdylyşy ýaly, girere deşik tapmadym. Ýagny: «Ýer-ä ýarylmady, menem oňa girmedim...»
Şol ýigidiň ömürboýy äsgerilmän, ile gülki bolup gelen gözgyny, hary-zar, betgelşik keşbi şol wagt meniň günäkär gözlerimiň öňünde barha beýgelmäge, owadanlaşmaga, egnindäki oda atsaň tütemejek el-hal eşikleri bolsa, meniň egnimdäki üstünden gül ysy gelip duran, iňňeden çykma täze hem arassa geýimlerimden has tämiz, gelşikli görnüşe eýe bolmaga başlady.

Dowamy bar >>
Awtoryň başga makalalary

Категория: Romanlar | Просмотров: 50 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Romanlar bölümiň başga makalalary

Uzak-uzak ýyllar - 10/ romanyñ dowamy - 01.02.2021
Казнь Махамбета -15/ конец романа - 30.06.2021
Ussat we Margarita -21/ romanyñ dowamy - 06.03.2021
Ölüp-direlen -2/ romanyñ dowamy - 29.04.2021
Kyýamat-magşara çenli -8/ romanyñ dowamy - 17.02.2021
Iñ soñky tomus -10/ romanyñ soñy - 24.02.2021
Söýgüde serhet ýok -9/ romanyñ dowamy - 05.09.2021
Zyýarat -5/ romanyñ dowamy - 11.02.2021
Gyrmyzy bägüller -8/ romanyñ soñy - 23.03.2021
Döwletbaşy -13/ romanyñ dowamy - 07.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]