22:52
Ömrüzaýa -6/ romanyñ dowamy
6. HAPBY

― Şol ýylyň tomsunda men öz bölümimiziň üsti bilen şo-ol, bir wagtky işläp gaýdan etrabyma, iş saparyna gitmeli boldum.
Ol ýerde dünýä belli ýadygärlik ― onunjy asyrda ýaşap geçen uly dini alymlaryň biri, meşhur Mäne babanyň mugallymy Abyl-Fazlyň kümmeti bardy. Ýurduň beýleki sebitlerindäki ähli ýadygärlikler ýaly, şol wagt o-da abatlandyryşa mätäç ýagdaýda durdy we özüne üns berilerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.

***

Duşenbe güni ir bilenjik işe başlabererim ýaly, hemem yssa galmazlyk üçin, ýekşenbe güni daňdanaralar bölüm müdirimiziň haýyşy boýunça, ulagym bilen ýola düşdüm.
Şäherden saýlanýançam howa mazaly ýagtyldy. Gün dogdy. Hä diýmänem guşluga galdy.
Ýoluň iňňän ýaramaz ýagdaýdalygy sürüjiden juda ünsli bolmaklygy talap edýärdi we öňde duran işler, barjak ýerim, onuň maňa öňden tanyş bolan adamlary, hususan-da ýadygärlik barada oýlanmaga päsgel berýärdi.
Oýlanmazlyk bolsa mümkin däldi. Sebäbi, ol ýerde meniň birwagtlar agzymdan gaçyran miwäm, egnimden uçuran totym ― Sümsüle bardy. Ol meniň ömürlik ýitiren baýlygym. Ahmyrym. Armanym. Öwezini hiç zat bilen dolup bolmajak ökünjim. Duýdansyz bozulan we gaýdyp hiç haçan düzelmejek bazar-dükanym...
Sümsüle bilen gabatlaşaýan halatymda, özüm üçin şeýle ejirli bolup biläýjek bu sapara men, dogrusy, gaýtmanam bilerdim. Gaýtjagam däldim. Gaýtmalam däldim. Gaýdasym gelibem duranokdy. Ýöne, özüň şonuň işgäri bolup, işläp ýören edaraň işinden sen nädip ýüz öwürjek?
Ana, hut şonuň üçinem, men ýoluň şeýle ýaramazdygyna garamazdan, sagatda ýüz ýigrimi kilometr tizlik bilen, ýaşlygymyň garamatly geçen günlerine tarap ýeldirilip barýan.
Golaýlaşdygymsaýam göwräme galpyldy aralaşýa. Gollarym ruly eýgermejek bolýa. Ulagymyň eýläk-beýläk buruljyraýan bolmagam ahmal.
Ine-de men şol etrabyň bir çetinden girdim. Özbaşdaklygyň berilenine bary-ýogy dört-bäş ýylyň geçendigine garamazdan, şäherçe görnetin üýtgäpdir.
Aýlanyp-öwrülip, käte ondan-mundan soraglap, birwagtky, bary-ýogy bäş-alty otagdan ybarat, horaşaja myhmanhananyň ýerleşen ýerini tapdym. Ýöne, onuň ornunda indi häzirkizaman binagärçilik usullaryna eýerip gurlan, täze bir, owadan myhmanhana dur. Onuň gabat garşysynda ullakan, şowhunly bazar bar. Onuň ýerinde bolsa, ozal, kiçiräk, ýekeje basyrma bolup, aşagynda-da hemişe başlary çadraly üç-dört sany pars zenany gökjagaz, ýa şoňa meňzeş bir zatjagazlar satar oturardylar. Baýramçylyk günleri bolsa talhan, halwa ýaly zatlaram çykarardylar.
Myhmanhananyň agzynda gelen-gidenleriň ulaglaryny ýel-ýagmyrdan, günden gorar ýaly pena-da gurlupdyr.
Günortanyň garaňkysy bolansoň, daş-töwerekde görünýän ýok diýen ýaly. Tanyş-bilişe duşmazlyk üçin, bu maňa kemem däl.
Ulagymy penanyň aşagynda goýup, binanyň içine girdim.
Iç işikde meni ― megerem adam ýoklugyndan ýaňa içi gysyp, irkiljirän bolsa gerek ― ýüzi-gözi gamaşyp duran, kelteräk boýly, akýagyz, ýaňy bir gaýmaklap ugran ýüzi ownukly-irili jugralardan doly, gara gözleriniň jöwheri entek-entekler öçjege meňzemeýän, gabakmanrak, ýeňi gysga, aksowult ― gök haladynyň jübüsine iňňe bilen berkidilen «tarketkanyň» ýüzüne «Amantäç» diýlip ýazylan, aýagy şypbykly bolansoň ökjesiniň pes, topuklarynyň tekizdigi mese-mälim bildirip duran orta ýaşlaryndaky, ukusyna garjaşypmy ýa bolşumy, sesini gyryljyradyp gepleýän zenan ör turup garşy aldy. Gözlerini açalak-ýumalak edip durşuna salam berdi.
― Geliň, geleniňiz gowy, hoş geldiňiz... ― diýibem, agaç germewiň aňyrsyndaky iş stolunyň başyna geçdi. Iň ýokarky çekeri çekdi. ― Ýerleşjekmisiňiz?
― Nesip bolsa.
― Nesip bor işalla... ― Ol maňa tarap elini serdi. ― Pasbyrdyňyzy beriň... ― Berdim. Ol ony açdy-da, suratym bilen deňeşdirmek üçin bolsa gerek, ýüzüme seretdi. ― Kamandroçkamy?
― Howwa. Üç günlük. Onam bereýinmi?
― Nämäni?
― Saparnamany...
― Ýa-ak, o gerek-gä-ä.
Hat-ýazuw işlerini tamamlandan soň, indi birneme ukudan açylan Amantäç, meniň pasportymy çekeriniň içine atyp goýberdi-de, şol ýerden bir açar alyp, ýerinden turdy, germewiň bärisine geçdi. Öňüme düşüp, basgançaklar bilen ýokarylygyna tarap ýöräp ugrady. Ikinji gata çykyp, çepe öwrüldi. «21» belgili otagyň agzyna baryp saklandy.
― Birinji gat-a yssy bor. Salkyn düşensoň bazarçylaryň goham ýüregiňize düşer. Üçünji gata-da münüp-düşmek hyllalla. Gowusy, ine, şüdür... ― diýip durşuna, elindäki açar bilen otagy açdy. Gapyny emaý bilen içine tarap itip goýberdi. ― Giriň...
Girdim. Yzym bilen Amantäjiň özem girdi.
Otag dogrudanam gowy. Gerek bolaýjak zatlaryň ählisi bar. Salkyn. Tämiz. Ýagty.
Daşymdan syn edip, ýaýkanjyrap duran Amantäç:
― Nätdi, göwnüňize ýaradymy?! ― diýdi.
― Söz ýok. Edil, uly şäherlerdäki ýaly.
― Özem arza-an... ― diýip, Amantäç şojagaz öwgä-de göterilip, aýal göçgünliligi bilen buýsançly gürledi. Yzyndanam, elbetde, oňa-da «aýt» diýip sargaýandyrlar-da: ― Ürüçje bilen kilýonkany çyzmaly dä-ä... pyçak bilen kesmeli dä-ä... düşekleri bulaşyk saklamaly dä-ä... arak, bina içmeli dä-ä... ― diýdi. Gitmäge hyýallandy-da, ýene-de yzyna döndi. ― Büfet ýok. Öň baty, ýöne özüni ödemänsoň, başlyk bilen maslahatlaşyp ýapdyk. Näme gerek bolsa bazarda badyr. «Amantäç iberdi» diýseňiz, tanyýandyrlar, mugtam doýrup goýbärler. Ýa-ak, onam etjekkä, elinje pişirdip iýjek diýseňiz, pyradukda getiriň, men özüm pişirip biýrin.
― Kyn bolmazmy ol size, işiň arasynda?
― Ýa-ak, kyn bolmaz. Onsoňam, siz biziň myhmanymyz-a...
Gitdi. Menem öňi bilen-ä wanna girip-çykdym. Bir sagat ýalam ýatdym. Turanymdan soň öýe jaň edip, Aýbahar bilen gürleşdim. Sag-aman gelenimi, ýerleşendigimi aýtdym. Şol aralykda-da aýal gabanjaňlygyny edip, Sümsüle barada sorarmyka diýdim, hern-ä soramady.
Ondan soň geýnip çykdym-da, bazara baryp naharlandym. Çaýam içdim. Gözüm welin töweregimde. Köne tanyşlaryň ýa okuwçylarymyň biri çykaýarmyka diýip, gara janym galanok. A birdenkä Sümsüläniň özi gabat geläýse näme? Şonda ol özüni nähili alyp bararka? Men özümi nähili alyp barmaly bolarkam? Ýa herimiz bir tarapa öwrülip gidibermeli bolarmykak? Belki, ol meniň iki gözümiň içine seredäge-de: «Bigaýrat! Biwepa! Namart! Nä ýüzüňe şu topraga köwlendiň? Binamys!..» diýip meni köpçüligiň içinde masgara eder? Belki, çül-çaga bolandyr-da, jüýjeli towuk ýaly, çagalaryny yzyna tirkäp, maňa ünsem bermän geçip gider. Jort ataýmagam mümkin. Ýöne, näme diýse-de, nähili hereket etse-de, meniň bar diýibiläýjek zadym şü: «Gelme» diýdiň ― gelmedim. «Görünme» diýdiň ― görünmedim. Elbetde, günäkär ýerlerimem az däl. Öz söýgim üçin ýeterlik derejede göreşip bilmändigimem, durumsyzlyk, biwepalyk eden ýerlerimiň bardygynam bilýän». Ýöne, ol meniň bilen beýdip, ak bazaryň içinde it pohuny iki kesişip durmaz ahyry... Gowusy — gabatlaşmazlyk diýsene... Belki Hudaý, şeýle bolaýady-da!..
Mahlasy, men ol ýerden saýlanaýanymy kem görmedim. Çykdym-da, myhmanhana tarap gyrmyldap ugradym.
Yssy welin entegem depäňden basyp, ýere sokup barýa. Kölegämem yssylaýan bor-a çemeli, aýaklarymyň arasynda çolaşyp, özüni nirä urjagyny bilenok.
Şol barşyma-da: «Gel-aý, aýak üstünden ýadygärlige aýlanyp gaýdaýyn, ertir irden häkimlige baranymda gürrüň gözgara esas bor» diýen pikir kelläme geldi.
Saýada duran ulagymyň içine girip, salkynlabdyryjysynam işledenimden soň, janym birazajyk ara giden ýaly boldy. Edil şol wagtam «çygşyl-çygşyl» edip, gapydan Amantäç çykdy. Gözüni gamaşdyrmazlyk üçin bir eliniň aýasyny gözüniň üstüne kölegeledip durşuna:
— Hew-wa-a... Myhman? Nä hyýala mündüňiz bi tüp yssyda?
— Aý, aýak üstünden şü ýadygärligi görüp gaýtjak. Hemem ýatan bendelere aýat okaýmasam...
— Hä-ä... Ýagşy iş etýäňiz, m... myh...
― Meň adym Mähti, Amantäç...
― Hä-ä... Gowy iş etýäňiz, Mähti dogan, sogap iş etýäňiz... Özüňiz okabilmeýän bolsaňyzam, Hapby badyr, şo ýerde... ― Şol ady tutanyna puşman edýän ýaly, Amantäç sägindi. Ýüzüni çytdy. ― ...Aý, oňňam-a suwytly bilýän zad-a ýokdur welin...
― Kim ol? Müjewürmi?
― Ýa-a-ak... Müjewür-ä dä-ä... Ýöne, müjewürdenem köp bolýandyr şo ýerde.
― Hapby, Hapby... Bir, eşiden adym ýaly bolup dur.
― Aý, ine, baraňňyzda bilersiňiz, kimdigini. Özi geler ýanyňyza, süýnjeýip...
...Ýadygärlige gitmek üçin, meniň birwagtky işläp giden mekdebimiň üstünden geçmelidi. Tomusky dynç alyş döwri bolansoň, ol ýerde hiç kimiň ýokdugyna gözüm ýetip duranam bolsa, deňine baranymdan, ruly şol tarapa buranymy bilmän galypdyryn.
Howlynyň içi hakykatdan-da gum-gukluk.
Hiç hili üýtgeşiklik welin ýok. Ähli ýere ýeten özgertmeler zamanasy diňe şol mekdepden sowa geçen ýaly. Gurnak jaýjagazymyzam şol bir öňki ýerinde çugutdyryp otyr. Daşyndan görnüşi egbar. Sus.
Men ulagymy şonuň kölegesinde sakladym. Kölegäniň aňry çetindäki köneje oturgyçda iki dişini somaldyp, kellesini saňňyldadyp oturan, eli hümmet hasaly, garaýagyz, çal saçly, çal sakgally, uzynak hem hor, goturaky ýaşulyny men tä ulagymdan düşýänçäm görmändirin.
Ýanyna baryp salam berenimden soň, ol bir elini gözleriniň üstüne kölegeledip ýüzüme seretdi. Salam aldygydyr-da, kellesiniň saňňyldysyny çaltlandyrmak bilen oňaýdy. Gapdalynda özündenem garry, kellesi gazan ýaly, tüýleri buýr-bulaşyk bir sary köpek ýatan ekeni, meni görüp hyňranmag-a däl, hatda başynam galdyrmady.
Men ýaşula özümiň ir döwür şol mekdepde işläp gidendigimi, häzirem etraba iş sapary bilen gelendigimi aýtdym, ýöne içgin tanyşlyk bermedim. Özüniň kimdigini welin soradym.
― Meňňem kötenim şörden, ýöne, ir döwür Agarabada göçüp gidipdik-de, bäş-on ýyllykda geldim. Adam pahyr ýaş wagty kellesiniň gyzgynyna nirä gitse-de, ömri paýawlaberende asly-mekanyna dolanýan ekeni... ― diýdi.
― Şu jaýda bir wagtlar aýdym-saz gurnagy işleýädi, indi ýokmy o zatlar?
― Ýok. O zatlar galdy. Indi pestiwaly tiliziwirde geçirýäler. ― Ýaşuly aýtjak bolýan sözünden çekinýän ýaly, töweregine garanjaklap, ýuwaş gepledi. ― Adamlaryň güzeranlar-a öňküden kän gowulaşdy... Ýöne... Birhili... Bar zadyň gyzygy gaçan ýaly bolaýdy... Hiç kimiň hiç zada höwesi ýok. Hiç kim bilen höwselesi ýok. Barysy başyna gaý...
― Göwnüňedir ol, ýaşuly. Ikimiziň garranymyzdandyr. Şu günki günem ýaşlaryň gözüne gyzykly görünýändir. Ine, nesip bolsa, garrarlar welin, olaram şeý diýerler.
― Ýa şömükän-aý...
― Howwa-a... ― Men gurnak jaýymyza tarap baş atdym. ― Bu wagt muny nämä ulanýalar?
― Mynymy-a?.. Bymy-y?.. By indi gyladokka. Ýaltanmadyk mugallym artyk-süýşük zadyny getirip şuň içine oklap gidýä.
― Siz garawulmy?
― Hm-m...
― Şuň açary ýokmuka? Içini görüp bolmazmyka?
― Bor, I-i-i... Ýäme bolman...
Ýaşuly keýtikläp gitdi-de, bir ýerlerden açar alyp geldi. Açdy. Açyşy ýalam «püf-f...» etdirip aýasy bilen burnuny tutdy-da, ýüzüni bir ýana sowdy. Gaýra çekildi. Daşrakda duranam bolsam, ýakymsyz ys gelip meniňem burnuma urdy. Ýaşuly bir eli bilen işigi saklap, gaýra gaýşyp durşuna:
― Girjekmi... ― diýip, boguljyrady.
Her niçik hem bolsa, men girmelidim. Çünki, agyr ysa çümüp ýatan şol akan-dökänligiň aşagynda meniň ýaşlygym, ilkinji söýgim, Sümsüle ikimiziňem ruhy dünýämiz ýatyrdy.
Jaý welin bu golaýlarda açylmandyram, arassalanmandyram, ýelejiredilmändirem.
Bir geň galan zadym ― pianino öňküje ýerinde dur. Üsti-hä adyny tutan zadyňdan ýaňa münder. Gapdallaram akyr-ukurdan doly. Şol zatlaryň arasyndan onuň diňe iki aýagynyň ýere degip duranja ýerini saýgarmak bolýa. Men ýaly belet adam bolaýmasa, ol ýerde pianino bardygam bilinmez.
Jaýyň petigi, hususan-da, burçlary kerepden ýaňa tuty tutulan ýaly. Arasynda her biri penje dek leňkebutlar «loňkuldaşyp» ýörler.
Bir erbet boldum. Bu meniň eýesiz galan ýaşlygymyň basgylandygydy, taşlap giden hünärimiň kemsidildigidi. Şol jaýyňam edil öz howlymyz, öz jaýymyz deý şol güne düşendigi üçinem, elbetde, men günäkärdim.
Basymrak çykaýanymy kem görmedim. Henizem agzyny-burnuny tutup, gapyny gulplap duran ýaşuly bilen howul-hara hoşlaşdym-da, ulagyma girip ugramaga hyýallandym. Birdenem uly bir ýalňyşlyk goýberendigimi aňdym-da, atylyp daş çykdym.
― Bagyşlaň welin, ýaşuly, adyňyz näme siziň?
Goýberen gödek ýalňyşlygymy ýaşuly eýýäm murtuna çalan ekeni. Kineli gürledi.
― Kişi bilen tanşanyňda, inim, hemme zatdan öňürti onuň ady soralýandyr. Onsoň öz adyň aýdylýandyr... Ýeri, bolýa-da... Meniň adym Zaman. Zaman aga... Molla Zaman diýseňem bolýa.
Men indi ikinji ýalňyşymam düsetmeli boldum.
― Men, Mähti.
― Hm-m... Bu arapça Mihdi. Türkmençe Mäti bolmaly. Ol Hasan Esgeriniň ogly, şaýylaryň on ikinji ymamy Abylkasym Muhammediň lakamy. Onuň «Sahypzaman», ýagny, zamananyň iň akylly, sylanýan adamy diýen manydaky lakamam bolan. Magtymguly aýdýar-a: «Ýa, Sahypzamana bagyşla bizni...» diýip. Kyýamat bolanda, Isa asmandan inip, o-da ýerden çykyp, adamzadam, dünýänem şol ikisi halas etmelimişin.
Men baryp-ha birmahallar, şol zalyň içinde gülşüp-oýnaşyp otyrkak, Sümsüläniň öz adym baradaky hut şu soragyna jogap berip bilmändim.
Molla Zaman menden nirä barýanymy sorady. Aýtdym. «Rejeleýiş işlerini geçirmekçi bolýas» diýdim.
Şondan soň ol maňa Abyl-fazl barada hem gysgaça, ýöne, gyzykly gürrüň berdi. Etjek bolýan işimizi oňlady.
Şondan soň ýene-de duşuşjakdygymyza umyt bildirip, onuň bilen ymykly hoşlaşdym.
Ol yzymdan garap galdy.
Şol aralykda üstüne gün düşen sary köpegem bialaç diýen ýaly ýerinden turdy-da, ýaltalyk bilen gerinjiredi, kölegäniň has goýurak ýerine baryp, ýene-de bagryny ýere berdi.

***

Baryp-ha on dokuzynjy asyryň aýaklarynda Eýranyň Horasan welaýatyna degişli Zurabatdan göçüp gelen ýerli halk, ýadygärligiň içinde ýatan meşhur şeýhi gonambaşy edinip, merhumlaryny şonuň daş-töwereginde jaýlap başlapdyrlar.
Häzir onuň aňyrsyna-bärisine göz ýetenok. Ýöne, goýumlygyň has irki döwürlerden bäri goýlup gelýändigini çak edýänlerem bar. Çünki bu gadymy ýurt hiç haçanam uzak wagtlap boş durmandyr. Bir halk gitse, ornuna başga biri gelipdir. Häzirki ýaşap ýören halkyň hut özüniňem bu ýere telim gezek gelip-gidendikleri aýdylýar. Käbir taryhy çeşmelerde bolsa, olaryň ýedinji asyrda, araplar gelen döwürlerem şol ýerde ýaşap oturandyklary barada maglumat berilýär.
Gonamçylykda her obanyň özüne degişli aýratyn meýdany bar. Biri-biriniňkide jaýlamak bolanok. Bu aňyrdan gelýän düzgün. Ýazylmadyk kanun. Ýöne, müjewürleri bir. Umumy.
«Şähri Weýeňňäm», «Buldurgassapgala», «Ýartygümmez» diýen ýaly başga-da birnäçe gadymy ýadygärliklere baý bolan bu etrap, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen goraghana diýlip yglan edildi. Şonuň üçinem, eger-de ol ýerde gije-gündiz bolup ýören bolsa, ýaňky Amantäjiň Hapby diýýäni hem, goraghana edarasy tarapyndan goýlan garawul bolaýmasyn, diýen pikir kelläme geldi.
Ahyram: «Aý, näme bolanda, kim bolanda maňa näm-aý, galanynam ertir, häkimlige baranda düşünişibiris» diýdim-de, ýolumy dowam etdiriberdim.
Şäherçeden ýadygärlige çenli aralyk daş däl. Edil çykanja ýeriň. Şojagaz aralykdaky gumak ýolam indi asfaltlanypdyr. Gyralary timarlanyp, bagjagazlar ekilipdir. Mal-gara girip-çykyp, guburlary basgylap ýörmez ýaly, öwlüýäniň daşyna başdan-aýak demir gözeneklerden haýat çekilip, daşyna-da ýaşyl reňk çalnypdyr.
Girelgesine mähnet, demir derweze goýlupdyr. Megerem ýap-ýaňyja merhum getirilen bolsa gerek, derweze açylypdyr-da, näme üçindir, ýapylmandyr.
Ulagymy ýadygärligiň gabat garşysyndaky boşlagrak meýdançada sakladym. Düşdüm. Ýadygärligiň daşyna aýlandym. Göz çakym, ädimlerim bilen ölçeşdirdim, bellikler edişdirdim. Içine gireýin diiýp durkamam, müjewüriň jaýy tarapdan orta boýly, egni köne-küşül eşikli, aýagy apgyrdy ýyrtyk köne galoşly, edil sirkul bilen çyzylan ýaly tes-tegelek, hüýt-gara ýüzüni sakgal-murt basan, ýyldyraýan gözleri ýarydan deşilen ýaly kiçijik hem gyýak, saçlary kirpiniň tikeni ýaly syh-syh, aşaky erniniň çep tarapy ep-esli aşakda sallanyp ýatandygy zerarly gyp-gyzyl kentlewüginiň tas ýarysy diýen ýaly görnüp duran, gyssagara ýaşyna çaklap bilmedim welin, özümden-ä kän uludyr öýtdüm, bir kişiniň elindäki egman taýagy bilen kä ýer dürtgüläp, käte-de biloňurgasyna söýget hökmünde ýagyrnysyna keseleýin goýup, her tarapyndanam bir tirseginden geçirip, özüme tarap «maýtyklap» gelýänine gözüm düşdi. Damagyna gyzmarak bolsa gerek, garny arkasyna aýlanyp gidipdir. Şol hem täbigräk aýaklaryna agram salýan bolmaly, şojagaz aralykda-da durup-durup dynç alýa, «haşlaýa», ýöne, dek duranok, o ýan, bu ýan garanjaklaýa, Aý görjek bolýan ýaly, elini gözleriniň üstüne kölegeledip, dik asmana garaýa, birdenem ýapyrylýa-da, gözlerini «jüýjerdip» maňa seredýä. Arasynda kimdir biri bilen gürleşýän ýaly, «hümür-sümürem» edäýýä. «Hikir-hikir» gülýän ýalam bolup dur. Der dagy ýüzünden sil bolup akýa. Onsuzam şordan ýaňa besse-besse bolup duran takyr köýneginiň ýagyrnysy, döşi, goltuklarynyň aşagy öl-myžžyk.
Soňabaka ol bar ünsüni maňa gönükdirdi. Tanajak bolýan ýaly öwran-öwran, ýapyrylyp-ýapyrylyp seretdi. Myhman gelenine begenýän ýaly, kentlewügini öňküdenem beter gyzardyp syrtaryldy. Şonda onuň erni hasam aşak sallandy. Lellerdi.
Amantäjiň sözlerini ýatlap, men onuň Hapbydygyny güman etdim. Bolup gelşi welin öwlüýäniň müjewürine-de, goraghananyň garawulyna-da meňzänokdy-da, bir sebäbe görä zyýan tapynyp, indem tümmeklerden şypa tamakinçiligi bilen öwlüýäde ýatyp-turup ýören bendä çalym edýärdi. Gijelerine kümmetiň içine girip, uly piriň hut özüni düýnäp, onuň başujunda ýatýan bolmagam ahmal.
Ýöne, kimem bolanda, beýle uly azaplar çekip, özümi nazarlap gelýän adamy äsgermän, öz işim bilen bolubermäni birhili gördüm-de, onuň has golaýyma gelerine garaşdym. Bäş-üç ädim oňa tarap gadamam urdum. Salam bermäge hyýallandym. Oňa çenlem onuň özi alkymyma dykylyp geldi. Agzyndan ak köpük saçyp «wagyr-wugur» edende ajy deriň agyr ysy ýüzüme «haplap» urdy.
Megerem salam berdigi bolsa gerek, diýip, men «aleýk» aldym. Özüme tarap göwünjeňlik bilen uzadan, bir omuç gury ojara meňzeş gap-gara elini gorka-ürke gysdym. Şol wagt ol ýene-de bir zatlar diýen ýaly etdi welin, men oňa-ha asylam düşünmedim. Düşünmändigimi ýüzümden aňyp täzeden gaýtalady: «Ýadygäzzizi gözwäze gezdizizmi...». Onda-da aňan zadym bolmady.
Edil pert-pert gepläp duran adam däldig-ä daşyndanam bildirip dur welin, yssydan ýaňa tebsiräp, ýaryk-ýaryk bolan dodaklary biri-birine ýelmeşip, görgüliniň geplemesini hasam kynlaşdyrýa. Öljertjek bolup, diliniň ujuny ýetişibildiginden ýalmandyrýaram welin, şonda-da bolanok. Şol bolşy bilenem aldyrany bar ýaly bijaý çalt gepleýä.
Bolsa-da kem-kemden düşünişip başladyk. Hälki sözüniňem: «Ýadygärligi görmäge geldiňizmi» diýdigi ekendigi üçünji gezek gaýtalandan soň belli boldy. Oňa has düşnükli bolary ýaly, men hem-ä baş atdym, hemem:
― Howwa ― diýdim. ― Siz Hapbymy?
― How... Howwa... Näp bizdiňiz?
― Ýadygärligiň sakçysy dämi?
― Ýa-ak, ýazygäzliň sakçysy ýok.
― Onda näme? Müjewürem-ä däl diýdiler.
― Dogzy. Müzewüzem dä. Müzewüz Nazly aga... ― Hapby birdenkä sözüni böldi-de, ýüzüme çiňerildi. ― I-i-i... Siz Mähti mozzum-a däsiňiz?.. Hi?..
Men geň galdym.
― Howwa. Men şol Mähti mugallym. A siz nädip bildiňiz?
― I-i-i... Siz bizi biz wagtlaz aýzymdan okuzyp gitiňiz-ä... Guznagam asypdyňyz, hi?.. ― Ol ýetişibildiginden ýalmanmaga başlady. ― Ýöne, siz oňa meni almadyňyz. Kowduňyz...
Onuň bolup durşuna gülkim tutdy.
― Meňň-ä Hapby diýip okuwçymyň bardygam ýadyma düşenok...
― Dogzy. Men Hapby dä-ä. Hapby, ýöne hak adym Hakbezdi. Hapby bosa lakamym. Pämilýäm Myllykow. Ýöne, öz adymy Myllyk diýip tutýanlazam baty...
Bu bolýan zatlara seretseňizläň! Meniň häliden bäri kimkä diýip gelýänim birwagtlarky okuwçylarymyň biri bolsa nätjek? Diýmek, men şu ýere uçralym bäri «duş geläýmäýin» diýip, ätiýaç edip gelýän adamlarymyň birine sataşypdyryn. Aňyma sähelçe agram saldym welin, «myllyk», «lellik», «Hapby şum» lakamly bir okuwçymyň bolandygam, ony gurnaga kabul etmändigimem, hatda haýyş bilen kakasynyň üstüme gelenine çenli ýadyma düşdi.
Ýadyma salanymy aňdy öýdýän:
― Düsdümi? Ýadyňyza düsdümi? Düsdümi? Tanadyňyzmy... ― diýip, Hapby ýarak it ýaly maňa tarap öwran-öwran ýabjyndy.
― Howwa, tanadym. Ýadyma düşdi ― diýdim.
― Guznakdan nämüsin kowanyňyzam ýadyňyza düsdümi?
― Düşdi. Sebäbi, seň sesiň ýokdy.
― Ýa-a-a, i-i-i... O dä-ä...
― Onda näme?
― Siz meni guznakdan Sümsüläni gabanýanyňyz üsin kowduňyz...
Ine, onuň bu diýýäni welin, düýbünden ýalňyş. Asyl ýapa-da degenok. Çünki, Aý ýaly Sümsüle nire, erni suwly Hapby nire. Ýapa degmejek zat. sümsüläni ondan gabanmak üçin men gaty akmak bolmalydym. Asyl şo zeýilli oglan Sümsüle ýaly gyzdan hantamadyr diýip kelläňe getirmegem o wagtlar akyla sygjak zat däldi. Gurnakdan kowup-kowmazlyk barada aýdylanda bolsa, «Gaýrat et-de, şunam öz gurnagyňa alsana» diýip menden kimdir biri üçin haýyş ätmekligiň asla geregi ýok-da, o wagtlar. Çünki, gowy sesli oglan-gyzlary obama-oba, mekdepme-mekdep aýlanyp, özüm gözläp tapýadym, ýalbaryplar getirýädim ahyry... Onuňky welin ses däl-de, poslap galan ýogyn turbadan çykýan «arrylda» meňzeş elhenç bir zatdy. Şol bolşy bilenem, horuňa-beýlekiňe dagy kaýylam däldi-de, Sümsüle ýaly solist gyzlar bilen garşylaşyp, yşgy aýdymlar aýdasy, Mežnun, Tahyr, Garyp bolasy gelýädi. Göwresem bir ebeteýsizdi ― kelles-ä goýun itiňki ýaly ullakan, bilem tazyňky ýaly, ýüzi-gözün-ä ýaňyja aýtdym, şol wagtlaram şu wagtkysyndan ibaly däldi. Sözleýiş-ä şu wagtkysyça-da ýokdy. Üstesine-de şeýle bir kejir, hiç gep düşündirip bolanok. Iň bärkisi: «Kakama aýdazyn, ezeme aýdazyn, Sasa akgama aýdazyn» diýibem ýüregime-bagryma düşýädi. Üsti-başam haçan görseň garagäzdir, ezenegi agyp ýatandyr. Şu mesele boýunça ony mekdebiň umumy ýygnaklaryna-da salýardylar, tankytlaýardylar, ol bolsa sesinem çykarmazdy-da, parta bagryny berip, gepleýänleriň ýüzüne seredip syrtarylar oturardy. Käte kakasyny, ejesini çagyrýadylar. Şaja akgasynyň geläýýän gezeklerem bolaýýady. Ýöne, şolaryň haýsy gelse-de, edil dilleşen ýaly: «Biz-ä şuňa näme alaç etjegimizi bilemzok. Ir bilen iňňeden çykma täzeje eşik geýdirip goýbersegem günortana çenli gözgülban bolup baraýýa, iň bolmanda geçip barýan maşyn üstüne suw syçradýa welin, abad-a gelenok...» diýşip, zeýrenişýärdiler. Asyl ol özüniň «lellik», «myllyk» ýaly lakamlarynam özüniň şol ebeteýsizligi, ebtini oňarmaýanlygy, sölite sypatlyraklygy üçin alan ekeni.
Iň bolmanda şol häsiýeti üçinem ony gurnaga almak mümkin däldi. Çünki, gurnak ýeke bir sesi däl, okuwçylardan tämizligem, tertip-düzgünem, adam şekilli boýy-syratam, görk-görmegem talap edýärdi. Şimpanze ýaly birini sahna çykaryp, «bögürdibermek» bolmaýardy.
Umuman, şol döwür ol meniň böwrümde sanjy bolup döräpdi. Ahyram Ýazly aganyň öňünde: «Şundan dyndarmasaňyz men gurnagyň işini dowam etdiribiljek däl» diýen meseläni çürt-kesik goýmaly bolupdym. Ýöne, ýene bir ýadymda galan, özem gaty geň galdyran zat ― şol bolşy bilenem hem mugallymlaryň, hem okuwçylaryň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, ol matematika sapagyna gaty ökde ekeni.
«Lellik», «myllyk» lakamlarynyň üstesine, oňa käte «Hapby şum» diýýänlerem ýadyma düşýä. Ony bolsa deň-duşlary oňa bir ýerde bir şum habar bolsa, öňi bilen gelip şonuň aýdýandygy üçin goýupdyrlar. Aýdyşlaryna görä, nireden eşidýäni belli däl, hatda Hytaýyň başlygy Mao Sze-Dunyň ýogalanyna çenli ir bilen mekdebe gelende şol «buşlapmyşyn».
Ine, indem ol maňa: «Siz meni Sümsüle sebäpli gurnakdan kowduňyz» diýip, dur. Ýöne, ol mesele boýunça munça ýyldan soň, öwlüýäniň başynda, onda-da Hapby bilen, ýalandanam bolsa ýaňkalaşyp durmaklygy men-ä özüme uslyp bilmedim.
Şonuň üçinem, gürrüňi başga ýana sowaýanymy kem görmedim.
― Ýeri, bolýa, Hapby, ony soň düşünişeris. Ýöne sen maňa aýt, müjewür bolmasaň, sakçam däl bolsaň, näme işläp ýörsüň bu gabrystanlygyň içinde, gijeläp-gündizläp?
Duýman durka böwrüne çiş sokulan dek, Hapby tisginip gitdi. Ýeli çykan ýaly göwresem kiçeldi. Pyssardy. Bolşundanam beter lellerdi. Dem alyşam kynlaşdy. «Has-has» edip iki çigninden dem alyp durşuna:
― Gözýän wezin siziň his zatdan habaryňyz ýok sekilli... ― diýdi. Müjewüriň jaýyna tarap baş atdy. ― Hany, ýöz, kölegä biz bazaly... yssy alzak bi...
Ol görkezen tarapyna gelendäkisindenem has kynlyk bilen ýöräp ugrady. Menem yzyna düşdüm.
Bardyk.
Atam eýýamdan galan hütdüjek jaý. Gapysy kiçi. Dar. Eglip hem-de ýanyn girmeli. Içinde meňki bolsun diýer ýaly zat ýok. Bir setil, bir jüňňül, iki aýakly tagta sekiniň üstüne eplenmän, ýöne, şeýle atylaýan birki sany köne ýorgança, pagtalary çykyşyp duran, gyralary büzmekli, parawuzly iki sany ýassyk. Ýere-de ýüňleri sal-sal, kä ýerleri ep-esli açyk, essi giden köne keçe atylypdyr. Ýumruk sokaýmaly kiçijik penjiresi bar. Onam açypdyrlar-da, el ýalyjak, kirlije ak matadan tuty tutulypdyr. O-da şemalyň ugruna sessiz-üýnsüz galgap dur.
Işiginde-de adyn-a bilemok welin, gözgyny ýagdaýda ýalňyz bir agaç ösüp otyr. Onuň suwsuzlykdan ýaňa juda kösenýändigini käbir şahalarynyň bireýýämler gurap gidendigindenem bilmek bolýa. Kölegesinde-de Günüň aşagynda köp ýatmakdan ýaňa käbirleri halys ak süňke öwrülen, käbirleri bolsa garalyp giden, jaýryk-jaýryk, jonnuk-sonnuk köne tagtalardan taslanyp, çala başy çatylan pesräjik seki dur. Sekiniň üstüne-de içeridäki ýaly aslyýetinden nam-nyşan galmadyk keçe bölekleri taşlanypdyr. Olar sekiniň üstüne tomsuň başynda atylyp, gyş düşýänçä-de ýygnalmaýana meňzeýär. Öýdäkileri çykaraýmasaň daşarda ýassyk ýok.
Hapby hut şeýle hem etdi.
Şondan soň men onuň mürähedi bilen, islesem-islemesem sekä münmeli boldum. Ýöne, ol meni örän aljyratdy. Çünki, münjek wagtyň tagtalaryň haýsy biriniň bäri gyrasyndan bassaň aňry çeti «laňňa» galýa-da, usullyk bilen goýbermeseň ýerine barjak bolanda «alaşakyrdy» turzup, it masgarasy edýä. Ýöne, öz beletje zady bolansoň, men münjek bolanymda Hapby tagtalaryň o tarapyndan elleri bilen basyp durdy.
Şolara urar ýaly bäş-üç sany çüýdür-çekijiň tapylmaýandygyna ýa-da müjewürdir ― Hapbynyň şoňa güýçleriniň çatmaýandygyna, wagtlarynyň ýetmeýändigine welin ynanmak kyn.
Ýöne, şol zatlaryň hemmesiniň birigip, haýsydyr bir suratkeşiň soňy pajygaly gutarýan drama eserine çeken bezeg işine çalym edýändigi welin çyn.
Howwa, men näçeräk ― eýle sekä mündüm. Gaty bir ornaşykly bolmasa-da, keçe bölekleriniň üstünde oturdym. Kirden ýaňa ýalpyldap duran togalak ýassyklary ýassanmaga welin keşdim çekmedi.
Hapby jaýa girip azajyk eglendi-de, jürünnigidir agyz gyralary gemmik-sümmük çäýnege çaý demläp çykdy. Iki sany içi posly käse-de getirdi. Içinde çörek barmy, ýokmy, bilemok, elläbem göremok, daşyndan seredeniňde bir gysym bolup görünýän esgi saçagy ortada goýdy.
― Nah... Nah... Nahaz-a... Nahazam-a... Müzewüz gelensoň ýemedäýmeseg-ä...
― Ýok, Hapby, otur. Men naharly. Çaýam içip gaýtdym. Sen ýöne, ýaňky aýdanym... Gürrüň ber... Bu ýerlere nädip düşdüň?.. Näme işläp ýörsüň?.. Hany okuw? Eşidişime görä, sen aýdym aýdybilmeseňem, matematika-ha ökde bolmalydyň... Gitmediňmi? Ýa başyňa iş düşdümi? Bir zatlara ulaşdyňmy? Bulaşdyňmy?
Ol hozuň mürrügi ýaly mürşüýilipjik duran eňegini titredip durdy-durdy-da, usullyk bilen sekä mündi. Ýanyn ýatyşyna ýassyklaryň birini çekip alyp bagryna basdy. Gözlerini gypyrjykladyp, ýüzüme dikan seretdi.
― Dogzudanam siziň his zatdan habazyňyz ýok ötýän... ― diýip, ýap-ýaňyja aýdan sözlerini ýene bir gezek gaýtalady. Çäýnegi öňüne çekip, özüne çaý guýundy. Maňa-da guýdy. ― Men onda basdan baslaýaýyn?..
― Gözel göwnüň...
― Seýdäýeýin. Sebäbi bu zatlazy his kim bizmese-de, siz bizmeli... Köp ýezem siz bilen bagly... Geleniňize gözä... ― Hapby tisgine-tisgine iki çigninden sowuk demini aldy. ― Ýöne, siz meni soňuna şenli diňläp bilezmikäňiz?..
― Diňlärin, Hapby, diňlärin. A-arkaýyn aýdyber.
Kölegä gelelimiz bäri dodaklaryna nem degip, bedeni sowan, dili birneme açylyşanam bolsa, gürrüňçiligiň uzak boljakdygyna görä, seni artykmaç ýadatmazlyk üçin, Azat jan, şundan şeýläk men Hapbynyň sözlerini öz agzym bilen aýdyp beräýeýin... Şeýlelikde:
― Men yşka düşdüm. Onda-da juda ir düşdüm... ― diiýp, Hapby «haş-haş» edip ýatyşyna gürrüňe başlady. ― Şo-da meni ine, şu güne saldy. Siz Sümsüläni iki ýyl söýen bolsaňyz, men ony ömürboýy söýdüm. Siz ony ýigrimi ýaşdan soň tötänden gelip, tötänden söýen bolsaňyz, men ony agy-garany saýgaryp ugran günümden bäri söýýän. Henizem söýüp ýörün. Mundan buýana-da söýerin. Zamana ahyr bolanyndan soňam, o dünýede hem söýer ýörerin. Ha ynanyň, ha ynanmaň, birinji synpa gelenimizde men eýýäm hak aşykdym. Sebäbi, biz olar bilen goňşudyk. Aramyzdan diňe şäherçäni iki bölüp geçbän ene ýap ― Nowhana bardy. Özem-ä aram-aram gelmän duranokdy welin, özüm dürli bahanalar bilen olaryňka häli-şindi barýadym. Bir gün görmesem kararym ýetenokdy. Gijelerine ýatyp bilemokdym. Şu ömrümde meniň ony ýatlaman geçen günüm-ä däl, hatda sagadymam ýokdur. Häzirem şeýle. Mundan buýana-da tä içimden janym çykýança şeýle bolar. Umuman, Sümsüle diýmeklik meniň üçin dünýe diýmekligi, dünýe diýmeklik bolsa ― Sümsüle diýmekligi aňladýar. Iş... Okuw... Öý... Işik... Pul... Güzeran... Gazanç... bu zatlaryň barysy meniň üçin hiç. Puç. Soňabaka-ha ata-ene, dogan-garyndaş diýen ýaly iň ýakyn adamlarymam gözüme görünmediler.
Ol welin maňa ünsem berenokdy. Ýaşka-da bermedi, soňam bermedi. Ulaldygysaýam maňa bolan ýigrenji artdy. Ýeke bir söýgimi däl, özümem äsgermän ugrady. Barmysyňam diýmedi.
Men welin barybir ondan el çekmedim. Tamamy üzmedim. Gaýtam barha beter üstüne süründim. Süründigimsaýam yşgym güýjerläp, tutaşdy gitdi oturdy.
Elbetde, birneme dünýä akyl ýetirip ugranymdan soň men söýginiň ikitaraplaýyn bolmalydygyna-da, birtaraplaýyn söýginiň söýgi hasap edilmeýändigine-de düşündim. Özümiň oňa mynasyp däldigimem bildim. «Şu bolşuň bilenem şolar ýaly gyza aşyk bolmaga utanaňokmy, e-eý, lellik, myllyk, şum...» diýşip, maňa synpdaşlarymam iňirdeşýädiler, her ädimde kemçiliklerimi ýüzüme basyp kemsidýädiler, «Hetdiňi tana, guýrugyň ýamzyňda bolsun» diýşip haýbatam atýadylar. Ýöne, olaryň ojagaz sözleri üçin Sümsüleden ýüz öwrere, ony söýmekligimi bes edere, mende erk-ygtyýaram ýokdy, güýç-gaýratam. Ony men däl-de, ýüregim söýýärdi. Men şonuň ygtyýaryndadym. Men synpdaşlaryma-da şeý diýip aýdýardym. Islän gyzymy söýmäge kontusson hukugymyň bardygynam ýaňzydýadym. Öz düşünişime görä-de, şol söýgini Hudaý meniň gursagyma guýupdy, näçe taraplydygyna garamazdan men şol söýgimi kalbymdan çykarman, öçürmän, ýitirmän gorap saklaýmalydym, söýse-de, söýmese-de, men şol gyzy iň bolmanda daşyndan, gaýybanasyndan söýmelidim welin, söýäýmelidim... Şeýle-de, Hudaýyň maňa beren şol üşügini hiç kime kemsitdirmeli däldim. Hiç kim maňa päsgel bermeli däldi.
Ine, şu zatlary welin, men hiç kime, synpdaşlaryma-da, hatda Sümsüläniň özüne-de düşündirip bilemokdym. Olar üçin men barybir şo-ol, ezenegini agdyryp ýören Hapbydym. Myllykdym. Lellikdim. Şumdum.
Sümsüläniň özem menden nädip dynjagyny bilmän, kösenýädi. Käte bolsa agasy Amana aýdyp, çäre gördürjekdigi bilen haýbat atýady.

***

Sekizinji synpa baranymyzda Sümsüle kemsiz kemala geldi. Ýetişdi. Öňem-ä az-küş däldi welin, şondan soň aratapawudymyz ýer bilen gök ýaly boldy.
Bu ýagdaý meniň derdimi hasam artdyrdy. Çünki, ýaňy bir on bäş ýaşyndadygyna garamazdan, göze görnen gyz hökmünde onuň hyrydarlary köpelip başlady. Köplenjem oňa mekdebi golaýda gutaryp giden, on sekiz, ýigrimi ýaşly ýigitler söz aýdýadylar, hat ýazýadylar. Mekdebi gutarman, durmuşa çykmajakdygyna gözüm ýetip duranam bolsa, şolaryň biri hasyr-husur göwnedäge-de, alyp gaçyp gidiberjek ýaly erbet aljyradym. Ýöne, onuň käbir ýigitlere, hususan-da, göwnäýenlerine: «Mekdebi gutaramsoňam bäş ýyl-a okajak, ondan soňam bäş ýyl işläp, Aman akgam bilen gelnejemiň meni okutmak, ekläp-saklamak üçin eden çykdajylaryny ödäp berjek, şoňa çenli garaşsaňyz hoş söz bereýin...» diýip, öňlerinde şert goýandygyny eşidemsoň az-kem köşeşdim.
Sebäbi, bu gün ― erte öýlenmeseler, ata-eneleri tarapyndan ur-tut aýaklarynyň duşaklanjakdygyna gözi ýetip duran dyzmaç ýigitler ol-a ýene on iki ýyl ekeni, şonuň iki ýylynam köp görüp, Sümsüläniň daşyndan jyn dagan ýaly dagamak bilen boldular.
Bu zatlaram elbetde, meniň peýdamady. Azajyk bolsa-da, ýagdaýlarymy ýeňilleşdirýädi. Ýöne, meseläni çözüp bilenokdy.
Sümsüle üçin men barybir şol öňki Hapbylygyma, Myllyklygyma galýadym.
Ikimiziň aramyzdaky bir üýtgeýän zat ― o-da, ol-a ýyl geçdigisaýy owadanlaşýady, meniň bolsa barha görküm gaçýady, betnyşanlaşýadym. Garnym ulalýady, burnum paşşarýady, aýaklarymyň gelşigi gaçýady, ozaldanam bigörk ýüzüme ujy sarymtyl pyrsyldawuklar örýädi. Ýardygymsaýam köpelýädi, iýip-içýän ham-hatallarymdan ýaňa içim ýellenýädi.
Ahyram bir gün oturdym-da: «Bu boluşdan-a netije ýok. Gepimi düşündiribilemok, özümi äsgerenok, sözümi diňlänok, gel, şuňa hat ýazyp bir içimi sowadaýyn-la» diýen karara geldim.
Aýdyşym ýalam etdim. Ýazdym. Onda-da ýüregedüşgünç uzyn edip ýazdym. Içimi dökdüm.
Bir synpda okaýandygymyz üçin ony gowşurmak maňa kyn bolmady. «Şuny okab-a biparh durup bilmez, doňy çözüler, adam hernäçe betnyşanam bolsa, ýüreginiň bardygyna, ýürege bolsa erk edip bolmaýandygyna düşüner. Şu çaka çenli men saňa kembaha garapdyryn, Hakberdi, bagyşla» diýip ýanyma geler, gujagyma dolar» öýtdüm. Emma... Ol eden tamalarym-a beýlede dursun, hatda «aldym» diýen jogabam gelmedi. Diýmek, entegem meni şol bir äsgermezlik edip ýörşi bolmaly.
Ganlar eňräp ikinjisinem ýazdym. «Şu gezegem jogap bermeseň özümi heläklärin, günämem seň boýnuňa düşer» diýen ýaly pajygaly sözlerem goşuşdyrdym.
Ondanam derek bolmady.
Öňler her gün mekdebe baranymyzda göwnüm üçin çalak-çulak salamlaşýan bolsa, şondan soň-a ojagazynam goýdy. Gapdalymdan ýüzüni kese sowup, burnuňam diňgögüne tutup taýzarylyp geçmäni çykardy. Bir günem okuw otagynda ýeke özüm otyrkam geldi-de, ilk-ä «hyrra» öwrülip gitjek boldy, birdenem aýak çekdi-de: «Hany, özümi Ezim haryň guýusyna oklaryn, diýen ekeniň, bolmadymy?» diýip, gyjalat berdi. «Äh-ä... Hatym-a okaýan ekeni öz-ä...» diýip, şoňa-da az begenmedim. «R-ras, okaýamy, diýmek, ýazybermeli...» diýdim-de, üçünji gezegem ýazdym. Ýöne, gowşuryp bilmedim. Çünki, şol aralykda ol esli wagt bäri atyp gelýän haýbatyny durmuşa geçiripdir, ýagny, meni Aman akgasyna ýamanlapdyr.
O-da ýöriteläp öýe ýa mekdebe geldi diýsem-ä ýalançy, ýöne, edil şol haty ýazan günümiň ertesi ýadyňyza düşýän bolsa, şäheriň çolarak ýerinde ýerleşen «Sport jemgyýetiniň» öňündäki gumaksy ýol bilen agyr oý astynda ýüzümi sallap barýadym welin, çep gulagym tarapdan:
― E-eý, Lellik!.. ― diýen edil ýolbarsyňky ýaly haýbatly hem ýogyn ses eşidildi. «Ziňk» edip başymy galdyrdym. Görsem Aman. Ýaz aýlary bolansoň, kiçijik kabinetiniň köçe tarapky penjiresini ― belki ýelejiretmek üçindir ― açypdyr-da, göwresiniň ýarysyny çykaryp daşaryny synlap duran ekeni. Gabat gelenem men bolupdyryn. Ýaman dert düýnküje ýazan hatymam jübimde. Bir göwnüm-ä, gaçam diýdi. Oňa çenlem Amanyň sesi täzeden ýaňlandy. ― Gel bäri!..
Aýaklarym doňdy. Ýylan gören gurbaga ýaly öňe-de gidibilemok, yza-da gaýdybilemok. Uýluklarym dagy «sandyr-r-sandyr» edýä. Üstesine-de, şeýle bir der basýandyr welin, endam-janym bir minidiň içinde «şylkym» suw boldy. Ajymtyk şor ys dessine gelip burnuma urdy.
Ýaýdanýanymy, gaçmaga hyýallanýanymy görüp, Aman hasam haýbatlandy. Her biri meň baldyrym ýaly, etleri sallanyşyp duran ýogyn bilekleriniň ikisinem birden galdyryp howada galgatdy-da, öňküsindenem has hökümli gygyrdy.
― E-eý, lellik, gel diýýän men saňa!!!...
Ýüzümi boz-ýaz edip durşuma ýerimdenem gozganman:
― Men lellik dä, Myllyk. Myllygam dä-de Hapby, Hakberdi. Myllyk meň pämiliýäm.
― Raj Kapur bolýanam bolsaň, gel diýilýä saňa! Özüňem gaçaýyjy bolmagyn. Ýetip, ed-dil boýnuňy omyryn... ― Bu gün ― erte gaýynyň bolaýmagy ahmal boljak bolup duran adam bilen kejeleşip durmagam birhili, ýöräp ugradym. ― Aýlan-da, gapydan gel!.. ― diýip, Aman hasam hemleli gygyrdy.
O diýeninem etdim. Salkynjak zalyň gapysyndan girýänçäm o-da pil ýaly ýaýkanjyrap kabinetinden çykdy. Gelşi ýalam ýakamdan ebşitläp tutdy-da, sähelçe-de emgenmän dik ýokary galdyrdy. Kelläm jaýyň petigine «gütläp» degdi. Derläp duran arkam buz ýaly diwara ýabşyryldy. Aýaklarym bolsa howada kelemenläp dur. Köwşümiň burny käte bir onuň «Ýaglydepeden» pes bolmadyk, ýagjaryp duran garnyna degip-degip gaýdýa.
― Gymyldaman dur!.. ― diýeninden soň men hereketimi goýdum. Ol radionyň diktory ýaly «pert-pert» gürledi. ― Sen Sümsülä azar bermäňi goýjakmy ýa ýok?..
Hälki gorkymyň nirä gidenini bilemok, äpet ýumrugyň demligimi gysyp durandygyna garamazdan, birdenkä ekezlendim-de, öz çakyma görä diýseň dogumly gürledim.
― Men oňa azar beremok, hat berýän. Oňa-da hakym ba!..
― Hakyňy alyp bolduňmy indi? Ýa ýene bamy galany-gaçany?
― Ba-a... Ýene bir gezegim ba... ― Şol duran ýerimden eýdip-beýdip zordan üç barmagymy çommaltdym. ― Jemi üç bolmaly...
― Bir gezeg-ä däl, ýene ýarymja gezegem şoňa hat berseň, ýa söz gatsaň, söz gatan diliň-ä damagyňa ibärin, hat ýazan barmaklaryňam ýeke-ýeke sogrup syrtyňa dykaryn... Düşdüňmi-i?..
Her näme-de bolsa, Mähti mugallym, şol gezek men gaty gorkan bolmaly, sebäbi, Aman şeý diýdi welin, hakykatdanam içine bir zatlar sokulan ýaly, syrtym ilk-ä «müňk-müňk» etdi, yzyndanam «pyrt»pyrt» boldy. Ýüregi bulanmakdan ýaňa Amanyň bereketli ýüzi eňşäp gitdi.
― Hä-äý, züwwetdin, şum oglanňy ....keýin, ― diýip, ýumrugyny açdam welin, bir halta doň et ýaly «patlap» ýere düşdüm. Oturýerim «gülçüldäp» beton suwaga degdi. Çüýjügim çykdymyka diýdim. Awunmakdan ýaňa kaňşyrawugym tütäp gözümden paýyr-paýyr ýaş döküldi. Aman ýer depip gygyrdy. ― Bar, güm bol, şu ýerden!..
Dälizden çykýançam-a beton suwagyň üsti bilen emedekläp, çykanymdan soňam esli ýere çenli omadaklap gitdim. Mazaly arany açanymdan soňam niredesiň öýümiz, diýip, ýazzyny berdim. ― Aýdyp oturan zatlaryndan lezzet alýan ýaly Hapby «likir-likir» güldi. Üstesine öňküsindenem beter bir mojuk gürrüňe başlady. ― Hiç kim görmedigem bolsa, Mähti mugallym, şol günki bolan işe men bijaý utandym. Namys etdim. Ýöne, beteri şol gün agşam düýşümde boldy. Şu çaka çenl-ä ony hiç kime aýdamogam welin... Ýeri, bolýa-da... ― Hapby boz-ýaz bolup birmeýdan dymyp oturdy. ― Oňa Amanyň atan haýbatynyň, Sümsüläniň beren gyjalatynyň dowamy diýseňem boljak. Men Ezim haryň guýusynyň başynda, erňeginden ýapyşyp, içine seredip durmuşym. Şoňa özümi oklajak bolýan bolmagymam mümkin. Ýöne, men Sümsülä ýazan hatymda: Ezim haryň guýusyna däl-de, «özümi «Hangeçeniň» guýusyna zyňaryn» diýipdim. Olaryň ikisem bir ýerde, birwgatky «Daz» obasynyň oturan ýerindäki çöketlikde ýerleşýä. Hangeçeniň guýus-a halys gurruk bolup, gyralary opurylyşyp ýatyr. Sümsüläniň kalbyna wehim salmak üçin, ýazsam ýazaýandyryn welin, ýürek edip onuň içine özüňi oklar ýal-a däl. Sümsüle-de: «Aý, ýok, oňa-ha zyňybilesi ýok-la», diýip, adyny çalşan bolmagy mümkin. Çünki, Ezim haryň guýusynyň ýagdaýy el-halrak. Soňky döwürlere çenli ulanylan bolmaly, hatda içinde telperräk suwam görünýä. Agzam guşaklygyňa çenli tegelenip galdyrylandy-da, gök sement bilen berk suwalan. Has ownugrak wagtlarymyz biz elimize ýylgyn çybyk alyp giderdik-de, olaryň ikisiniňem agzynda durup gezek-gezegine kepderi gorardyk. ― Hapby edil şol wagt guýa gidip barýan ýaly, hopugyp-hopugyp dem aldy. ― ...Ine, onsoň içine seredip durmuşym welin, düýbündäki suwuň ýüzünde Sümsüläniň suraty görünýä. Özem aýtym-aýtym ýaýylyp-ýaýylyp gidýä. Kä ulalýa, kä kiçelýä. Daş-töwerek bolsa ýalazy meýdan. Hatda «Daz» obasynyň harabaçylygam görünýär.
Sümsüle aşakdan: «Sende derek ýok, zandyň züwwetdin! Bigaýrat!» diýip gygyrýa. Gyjalat berýä.
Birdenem ýeňsämden aýak sesi eşidilýä. Seretsem Aman. Edil, ýer süýşen ýaly bolup gelýä. Gelşi ýalam: «Ahow, lellik, şol gyzyň gaşynda görünäýme diýip aýtdym-a men saňa ― diýýä-de, kemerimiň arka tarapyndan penjeläge-de guýa başşak sallaýa. ― Bar! Gowuş indi şoňa, islegiň şo bolsa. Mendenem rugsat...»
Bir görsem gidip barýan. Penjesini açdygy gidibermeli. «Jan aga, goýberäýme!..» diýip, sesimiň ýetdiginden gygyrypdyryn. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Sümsüle-de: «Aman akga, goýber! Goý, gaýtsyn! Maksadyna ýetsin. Öňi-soňy gelmeli ýeri şoň şü...» diýip, gygyrýa. Amanam goýberäýjek-goýberäýjegem bolýa-da, hernä: Uýamy ärsiz goýaýmaýyn» diýýändir-dä, goýberäýenok. «Jan aga, gaýrat et-de meni yzyma çek, gaýdyp şoň golaýyna barmaýyn», diýip, özelenipler ýalbaranymdan soň-a, eýgörmüş bir zarbada çekip aldy. Sümsüle welin henizem maňa tarap ellerini serip dur. «Güzürdäp» aşak gaýdaýanymy ken görenok. Hyýaly dogrudanam gapyp almakda. Meni beýle gowy görýän bolsa, gündizlikde nämüçin özüni başgaça alyp barýaka, diýip, içimi gepledýän. Ýene bir geň galan zadym ― şeýle owadan gyz şol wagt maňa şeýle bir gorkunç görünýä welin, soň telim wagtlap oýalykda duşanymda-da inim tisgindi durdy. Aý, haly gaty perişan-a! Saçlary dagy buýr-bulaşyk, uçlary suwuň ýüzünde ýaýylyşyp ýatyr, gözleri dagy peträp, içiňden geçip barýa. Meň ýerime özüň bolan bolsaňam, Mähti mugallym ýanyna barybilmezdiň şoň şo wagt... Ýaman ýerem agasyna ýalbarmasyny goýanok. «Goýber şony, bir, maksadyna ýetsin, gönensin, höwün hatynda-da ýazypdyr, bir guýa böksem, diýip. Zyň! Goýber!..» diýýä. Meň bolsa o wagt maksadam ýadyma düşenok, arzuwam. Gara gaýgym — janym. Depäm guýyň düýbündäki daşlara degäkgetdänim çüwdäm deşiläýermikän diýip, gorkymdan ýaňa ölüp barýan. Sebäbi, düýşüňem bolsa, öläýesiň-ä gelenok ekeni, Mähti mugallym. Sümsüle dagy gözüme-de görnenok. Gaýtam barha gaýra gaýyşýan. Elbetde, uýasynyň zaryna dözen däldir-dä, Amanam birdenkä, gazaplandy-da, «Ä-äý, barsan-aý, gümüňe gitsen-äý» diýdi-de, indi iki eli bilenem bykynymdan tutaga-da, guýyň içine oklap goýberdi. Gaýtdym «güwläp» dikbaşşaklygyma. Şol gelşime-de: «Jan Sümsüle, tut! Gap! Gaýdyp azar bermäýin, ýöne şu gezek halas et!..» diýip, alazenzele turzup barýan. Birwagtlarky çybyk bilen urup tutjak bolýan göm-gökje kepderilerimiz, goňurja gumrularymyzam «pasyrt-da-pasyrt» duşumdan geçip durlar...
Birdenem «palçyldap» guýynyň düýbüne düşdüm.
Howpurgap oýandym. Gözümi açsam buýr-bulaşyk bolan düşekleriň arasynda aýaklarymy däbşenekledip, ýatyryn. Bir zatlar diýip gygyrýan. Oturýerim bolsa zer-zaw. Yzasyndan ýaňa burnumyň suwy dynman akýa. Elläp görsem balagymyň şol tarapy öljeräýen ýalam bolup dur...
Ukudan açylanymdan soňam, şol waka huşda bolan ýaly, ýaman erbet bolup oturdym. Telim wagtlap daşa çykasym, hiç kime görünesim gelmedi. Sümsüle bilen gabatlaşmazlyk üçin hatda birnäçe günläp okuwa-da gitmedim. Gidäýenimde-de gabat gelen ýerinde ondan sowlup geçdim ýördüm. Sapak wagtlary oňa tarap seretmezlige çalyşdym. Wagtal-wagtalam çetden-çete çykyp: «Men namart boldum! Nadan boldum! Nadana barabar boldum!..» diýip, kükregime urup-urup gygyrdym. Janyny söýgülisindenem eziz görýän bigaýratlardan däldigimi subut etmek üçin, özümi baraga-da Ezim haryň guýusyna hakykatdan-da zyňaýaýynam bir diýdim. Ýöne, oňa-da kim düşünjek, kim düşünjekgä. Birentekleriň oňa meniň mertligim däl-de, namartlygym diýip düşünäýmegem mümkindi ahyry... Sebäbi, o düýşüň içinde şol üçimizden başga adam ýokd-a...
― Şonça wagtlap diňe Sümsüleden gaçdyňmy ýa Amandanam gaçdyňmy... ― diýip, içimiň ýangynjyna menem bir zoňtar sorag sokup goýberdim.
― Gaçdym-m... Onda-da nä gaçmak. Sport edaraň dagy şondan soň golaýyndanam geçip bilmedim. Köpçüligiň içinde gabat geläýse dagam gözüne görünmejek bolup görgimi gördüm ýördüm.
― Sümsüleden el çekdiňmi onsoň? Hat bermäňi, söz aýtmaňy goýduňmy? Sowaşybildiňmi?
― Ýa-a-a... i-i-i... Sowaşybilermiň sen, bir başyňy sokaňsoň o bela... Gördüňiz-ä özüňizem... Bilýäňiz-ä... Gorkym gaçyşýança ýaňky aýdyşym ýaly gaçdym, tezdim, bir günem okuw wagty uly arakesmede synp otagymyzda ýeke özi otyrka üstünden bardym. Şol wagt ol jorap örýämidi ýa elýalyk tikýämidi, bir zatlara-ha güýmenip otyrdy. «Şony özüne hat ýazýan oglanlaryň birine berjekdir» diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda beýnime çabrap gitdi. Içimden otly ýalyn geçdi. Pursaty elden sypdyrmazlyk üçin çat maňlaýyna geçdim-de, sesimem ýognaýdybraga-da, türkmençä geçirilen kinolardan eşidip öwrenenje sözlerimi yzly-yzyna eňterdim.
― Sümsüle! Sen meni agaňa ýamanlap syýasy ýalňyşlyk goýberdiň. Meniň raýatlyk hukugymy bozduň. Hatyramy depelediň. Mukaddes hem kanstitutson duýgularymy äsgermezlik etdiň. Sen biwepa!..
Men sözümi gutaranymdan Sümsüle edip oturan işini bir gyra goýdy-da, ilk-ä «ýalt» edip ýüzüme seretdi, soňam ýerinden turdy-da, jöwheri öňküsindenem artan gözlerini gorkudan ýaňa çalaja çyzylýan gözlerime dikip, bütinleý başga tarapdan gopdy.
― Aý, akmak! Nejis! Myllyk!.. Lellik!.. ― diýip, bir ýerde adym bar bolsa barysyny bir demde sanap çykdy. ― Biwepa bolar ýaly men näme, saňa wada beripdirinmi? Ýa seň bilen ähtipeýman baglaşypdyrynmy? Bar, daşda gez! Oýnap gel! Öwüs!.. Kime süýkenjegiňi bilip süýken. Düýe bolup öläýenimde-de saňa bir çorbalyk ýetmez, bilip goý şuny. Özüňem bes et indi öňümden çykyp ýüregimi bulap ýörmäňi... Düşdüňmi? Ýa konstitusiýaň başga-başga kadalaram bamy?
― Bar! Başga-başga kadalaram bar... Ýöne, ol kanunlar kitaba däl-de, meniň ýüregime ýazylan... ― Şol wagt käbir kinolarda rus rewolýusionerleriniň haýsam bolsa bir beýik zadyň ― iň bolmanda arabanyň ― üstüne çykyp gepleýänleri ýadyma düşdi-de, böküp, partanyň üstüne mündüm. Ylaýyk, kellämde Leniniňki ýaly ýapbaşyk, garaja papagymam bardy, onam kakyp alakgetdänim gysymyma gysdym ― ...Ony hata-da, hatda daşa-da geçirip bolanok. Bolmazam. Sebäbi men seni öz erkime söýemok. Hak-hukugymy kanun esasynda talap edýänem bolsam, söýenimde ýüregimiň emrine görä söýýändirin. Elbetde, meniňem şu azaplardan dynasym, arkaýyn ýaşasym, emin-erkin ýatyp-turasym gelýä. Ýöne nädeýin, bolanok! Başaramok! Söýmäýin diýip söýmän bilemok... Gel-aý, şundan ýüz dönderip dynaýyn-la, diýeniň bilen söýýäniňden el göterip bolanok. Beýdere mende erk, güýç, kuwwat ýok.
Bir zady pugta bil: men senden ölsemem, ölseňem el çekmen. O dünýe, bu dünýe, ýapyşak ýaly ýanbaşyňdan aslyşar ýataryn. Meňki bolmajakdygyňa-ha magat gözüm ýetdi. Çünki, seňki ýaly görk-görmegim ýok, seňki ýaly geýnip bilemok, özüme-de seredibilemok, saňa mynasyp däldigimem bilýän, ýöne, başga birine barsaňam, çagaly-çugaly bolsaňam, gözümden uçup bir ýanlara gitseňem, garrap, goluňa hasa alsaňam, men seni söýmämi bes etmerin. Gaýybana söýerin. Meniň gelen netijäm şü. Men özüme şu ykbaly saýlap aldym. Şo-da maňa bes...
Bir görsem, görgülijik aglap otyr. Diýmek, amanadam bolsa, sözlerim oňa täsir edipdir. Gowy «çykyş» edipdirin. Men muňa begendim. Emgegimiň ýerine düşdügi hasap etdim. Başyny bagryma basyp köşeşdirmek üçin, «münberden» böküp düşdüm-de, ýüwrüp ýanyna bardym.
― Sümsüle... ― diiýp, elini egnime goýdum. Hoş söze garaşdym. Emma meňki bu gezegem bolmady. Ol ýaşa ýuwlan ýüzüni galdyrdy-da, gazap bilen:
― Çekil-l!.. ― diýip gygyrdy. — Eý, Huda-aý!.. Beýle-de bir irginsiz, ýüregedüşgünç ýüzügaty adam bor ekeni. Bu nejis asyl meň başyma musallat bolup inäýd-ä... Haçan dynarkam men mundan. ― Şondan soň ol ýerinden turdy-da, meni öz kitaplary bilen saýgylap ugrady. ― Haçan dynarkam men senden? Haçan bu binamys meň başymdan sowularka?..
Oňa çenlem arakesme gutardy. Synpdaşlarymyz ala-goh bolşup gapydan girdiler. Hiç haçan, hiç kimiň öňünde ejizlemedik gyzyň meniň öňümde ýarym-ýaş aglamjyrap oturyşyny görüp geň galdylar. Ahyry ýeňiş gazanandyryn öýdüp, ýüzüme köpmanyly seredişdiler.
Olaryň bu çaklamalary ýalanam bolsa, meni begendirdi. Özümi ýeňiji saýmaklyk, kalbymda begenç duýgularyny oýardy. Şonuň üçinem, papagymy şahyma taşlap, başymam belent tutdum-da, aýgytly ädimler bilen synp otagyndan çykyp gitdim.
Daş işikde şol sagat jugrafiýadan sapak geçmeli, bir eli ujy çiş taýakly, bir elem globusly Jümägül mugallym gabat geldi. Ol menden okuw wagty nirä barýanymy sorady. Ýöne, ol wagt nirä barýanymy özümem bilemokdym, şol ýagdaýdaky adama şolar ýaly biderek soragyň näme üçin berilýändigine-de düşünemokdym. Çünki, ol wagt men bütinleý, başga bir dünýäde gezip ýördüm. Bu dünýäde lellik bolsamam, o dünýäde men şadym, soltandym, handym, begdim...

Dowamy bar >>
Категория: Romanlar | Просмотров: 81 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]