23:24
Ömrüzaýa -10/ romanyñ dowamy
8. BIR KÜMMETE IKI MAZAR

Işiň ownukly-irili hysyrdylary bilen, üç günüň nähili geçeninem bilmän galypdyryn. Hapbynyň gürrüňlerinden, Sümsüläniň diri däl-de, iki ädim beýle ýanymda ýatandygyna gözüm ýetenden soňam, ol ýerde arkaýyn, aladasyz işledim diýsem-ä ýalançy. Şol bir oý-pikirler, eşiden pajygaly wakalarymyň ählisi birsyhly aňymda aýlandy, göz öňümden geçdi durdy. Bir tarapdan bolsa wyždan azaby azar berdi. Ýöne, nätjek, durmuşyň öz kanunlary bar. Öleniň yzynda ölüb-ä bolanok, işem ― iş bolýa. Ýumuşa gaýdybam iki eliňi burnuňa sokup barmak bolmyýa...
Bolsa-da alyp çykdym. Ýadygärligiň umumy ýagdaýyny, abatlandyryşa degişli ýerlerini belleşdirdim. Özümçe çyzgysyny çyzdym. Gerek bolaýjak serişdeleriň, çykdajylaryň takmynan hasabyny çykardym. Hasabatyň garalamasyny taýýarladym. Häkimlikdenem, goraghanadanam, medeniýet bölümindenem kömekçi, ulag, iş gurallary, iş üstünde çaý-suw bilen üpjün etdiler. Günde bir gezek edilen iş barada ministrlik bilen habarlaşyp durdum.
Ýadygärligiň içine girip, daşyna çykyp, alaka ýaly hars urup ýören myhman kişiniň şo-ol, birwagtky aýdym mugallymy, Mähti Mürzäýewiç Muhammedowdygyny etrabyň ýaşaýjylary aňdylarmy ýa aňmadylarmy, bilemok, ýöne, işläp ýörkäm aram-aram ýanyma gelip, çaý başynda söhbetdeş bolup gidýänleriň arasynda Hapbynyň Sümsülä bolan ilk-ä äsgerilmedik, soňam köne kitaplardaky çyn aşyklaryňky ýaly çyn bolup çykan üýtgeşik söýgüsi, şol söýginiň eýýäm maňa-da mälim bolan gynançly taryhy barada meni geň galdyrmak üçin, uly hyruç bilen gürrüň eden-ä köp boldy. Sümsüläni şol güne salan, onuň hakyky, ilkinji hem iň soňky, geljek diýip, gelmedik, wadasynda tapylmadyk, duýdansyz ýere ýitirim bolan bir aýdym mugallymy barada welin, hiç hili gep-gürrüň bolmady.
Diýmek, ýalan söýgi ýatlanylmaýar. Onuň ornuny ykrar edilmedigem bolsa, çyn söýgi, hakyky yhlas eýeleýär. Hapbynyň Sümsülä bolan söýgüsi polisiýanyň naçalnigi Baýramyň birwagtlar, gabanjaňlyk duýgusy bilen aýdyşy ýaly, birnäçe wagtdan soň kimdir biri tarapyndan kitaba öwrülip, asyrlardan-asyrlara geçip gidibermegem, taryha öwrüläýmegem ahmal.
Şol ahmallyk näme üçindir meniň gabanç duýgularymy-ha oýarmady. Gaýtam şol garyp ýigide bolan hormatymy artdyrdy. Kalbymda bolsa: «Söýüşmänem, söýgiňe hoşniýetli jogap almanam, birtaraplaýyn söýübem hak aşyklaryň hataryna goşulyp bolýan eken-ow» diýen düşünje döredi. Diýmek: Bar zat yhlasa bagly.
...Şol günki agyr ýatlamalar ozaldanam ýadaw beýnisine zor saldymy, ýa, «Aýtjagymy aýtdym, diýjegimi diýdim, indem Sümsüle ikimizem şu güne salan şol näkesiň ýüzüni babaly görsün» diýdimi, garaz, ýadygärlikde işläp ýören şol üç günümiň içinde Hapby ýekeje gezegem ýanyma gelmedi.
Bu maňa-da kem ýakmady. Çünki, onuň bilen bolup biläýjek indiki duşuşygyň ikimiz üçinem oňaýsyz boljakdygy görnüp durdy. Onsoňam hernäçe bildirmediksirese-de, onuň henizem Sümsüläni menden gabanýandygyny aňmak bolýardy. Meniň şol töwerekde görünmäýenimi kem görmeýändigi bildirýädi.
Iň bolmanda meniň özüm şeýledir diýip, çak edýädim. Haçan-da iki gat diwarynyň arasyndaky ýörite goýlan, basgançakly çykgyt bilen aýlanyp-öwrülip kümmetiň ýokarysyna çykanymda, gözüm öňi bilen Sümsüläniň guburyna, onuň ýanyndaky boş çukura düşýärdi-de, ýene-de derdim täzelenýärdi. Şol boş çukuryň özümiňki däldigi, şolar ýaly derejä mynasyp bolup bilmändigim üçin kemsinýädim. Käte-de, razy bolmajakdygyna gözüm ýetip duranam bolsa, Hapbynyň ýanyna baraga-da: «Jan inim, näme alsaň al-da, şo çukury maňa ber...» diýäýesim gelýädi. Şonda men özümiňem entek-entekler Sümsüläni ondan-mundan gabanmak ukybymy ýitirmändigimi, şol ýere baranymdan soň-a hatda Hapbydanam gabanyp ugrandygymy iň bolmanda aňasty duýgularym bilen aňjak bolýadym we öz-özüme geň galýadym.
Göwnüme bolmasa, Sümsüle entegem özüniň köneje mazarynyň bir çüňkünde oturyp, daşy gök, içi giň çyzykly okuwçy depderçesiniň müňlerçesini yzly-yzyna dolduryp, Hapbynyň çukuryna oklap oturan ýaly, Hapbam ony bir gün lükgesi bilen maňa getirip gowşuraýjak ýaly bolup dur. Men bolsa: «Hiç kime okatmaly däl bolsa, gürrüň bermeli däl bolsa, onda onça depderi doldurmak nämä gerekkä...» diýip, oýlanýan.
Ýöne, eger-de gelip elime gowuşsa öňküsini okaýşym ýaly, olaram ýeke-ýeke okamal-a borun. Olaryň içinde nämeleriň bolup biljekdigini bolsa, men häzirem bilmän duramok. Şonuň üçinem, şu wagtdan sussum basylýa. Hapbydan şol depderleri indiberin maňa gowşurmazlygyny, öz çukurynyň içinde örüp goýup, iň bolmanda kyýamat-ahyra çenli şol ýerde saklamagyny haýyş edesim gelýä.

* * *

Gidenimde ýarym günde geçen ýolumy gaýdyşyn ýarym ýylda dagy geçen bolsam gerek, çünki, salam berip gapydan girenimde Aýbahar meni tanamajak boldy.
― Hi-iýh, ne beýle garragaýypsyň, gideniňe bir hepdedem-ä geçenok ― diýdi.
Köwşümi çykararyma mähetdel, töre geçdim-de, özümi diwanyň üstüne goýberdim. Aýbaharyň ýanyma gelip: «Çaý içjekmi ýa çörek iýjekmi...» diýenini dagy eşitmändirinem.
Şol wagt öýlänräkdi. Daň saz beriberende oýanypdyryn. Görsem, Aýbahar başujumda aýaklarymy owkalap otyr. Ýüzi-gözi aladaly. Maňa näme bolanyny gaýgy edýä.
Daş çykyp gelenimden soň, Aýbahar ýene-de agşamky soragyny berdi.
Men oňa gören-eşiden zatlarymyň barysyny gürrüň berdim.
Ol bir durkuny bozman, ýüzüme seredip ep-esli oturdy. Bir agardy, bir gyzardy. Kem-kemdenem ýüzi garaört boldy. Dodaklary kemiş-kemiş etdi. Birdenem, iki eli bilen ýüzüni tutdy-da, aglap goýberdi. Özem iň bir ýakyn adamyndan aýra düşen ýaly garaçyny bilen, tüýs ýüreginden syzdyryp, tisginip-tisginip aglady. Mazaly içini egisenden soňam, eýýäm-haçan gabaran gabaklaryny galdyrman oturyşyna, çalaja pyşyrdady.
― Öňümizdäki anna güni irden bazara git-de, janly alyp gel. Görgülä aýat okadaly.
Men makullaýjylyk bilen baş atdym. Entek birneme irrägem bolsa, ertirlik edindim-de, şu saparymyň netijeleri barada hasabat bermek üçin, ministrlige ugradym.

* * *

Ylaýyk bir ýyl geçenden soň, ministrligiň ýadygärlikleri abatlandyryş işleri boýunça toparyna goşulyp, indi ýadygärligi düýpli abatlandyrmak üçin ähli şaýymyzy tutup, ýörite ýük maşynymyz bilen, şol etraba tarap rowana bolduk.
Baryp düşüşimiz ýaly men daş-töwerege garanjaklap, öňi bilen Hapbyny gözledim. Ol ine-ine, bir ýerden çykar, kölege ýaly salgym atyp ýanymyza geler, öňküsi ýaly «wazyr-wuzur» edip salamlaşar, näme üçin gelendigimizi sorar öýtdüm.
Emma, ol görünmedi. «Mazarynyň içinde uklap ýatan bolaýmasyn, diýen oý bilen, hem-ä ondan habar tutaýyn, hemem Sümsülä aýat okaýyn, diýip, şoňa bakan ýöneldim. Öňünden geçip barýakam açyk gapysyndan müjewüriň jaýyna-da boýnumy uzatdym. Hiç kim ýok. Hatda müjewüriň özem ýok.
Sümsüläniň mazaryna golaýlaşdygymsaýy ýene-de ýüregimiň «gürsüldisi» güýçlenip, aýaklarymyň ysgyny azalyp başlady. Göwrämden deramat gitdi. Sebäbi, Sümsüläniň mazarynyň gapdalyndaky boş çukuryň ornunda-da indi täze bir mazar Sümsüläniňki bilen egin deňläp ýatyrdy. Başujunda oturdylan mermer daşyň ýüzünde bolsa:

Hakberdi Myllyk ogly
1950 ― 1995ý.ý.

― diýlip ýazylan.
Men olaryň hersi üçin, bildigimden, aýratynlykda aýat okadym, ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny diledim.
Ýeriň aşagynda bolsa-da, Hapbynyň Sümsüle bilen tas, gujaklaşyp diýen ýaly ýatyşlary meniň hakykatdan-da gabanç duýgularymy oýardy. Kemsinmekden ýaňa agym tutdy.
Şondan soňam men ol goşa mazaryň başynda başymy tutup, oýa batyp köp oturdym. Diňe Günüň ýiti hanjarlary depämden geçip, süňňüme ornap başlanyndan, işdeş ýoldaşlarymyň barysy birden gollaryny bulaýlaşyp çagyryp başlanlaryndan soň iňňän kynlyk bilen, oýkanjyrap ýerimden turdum. Ýöne, özüm gitdimmi ýa ýoldaşlarymyz gelip tutaklap alyp gitdilermi, ýadyma düşenok, bir görsem işgärlerimiziň eýýäm-haçan gurnamaga ýetişen çaklaňja çadyrlarynyň içinde düwdek bolup ýatyryn... Biri bir düwürjik derman hödürleýä, biri bir owurtjyk suw içirjek bolýa, ýene biri aşagyma düşek atjak, başyma ýassyk goýjak bolýa, garaz, barysy ber-başagaý. Hekim çagyrmak üçin sürüjimizi şäherçä iberjek bolup ýörenem bar.
Ýöne, hekim çagyrmaly bolmady. Men basym özüme geldim. Hemme zat düzeldi. Assa-ýuwaşdan işe başladyk.

***

Sümsüle barada-da, Hapby hakynda-da, ol ikisiniň çapraz düşen ykballaryna özümiňzem dahyllydygym dogrusynda-da men şol wagtam, işläp ýören döwrümiziň dowamynda-da işdeş ýoldaşlarymyza hiç zat aýtmadym. Ikisiniňem öňünde özümi günäli saýýandygym üçinem däl-de, kärdeşlerimiň ýüreklerine agram salmazlyk, gynandyrmazlyk, Sümsüläniň öz hatynda: «Bu gaýgyly taryhy hiç kime aýtma» diýen sargydyny berjaý etmek üçin aýtmadym.
Näme üçin şol goşa mazara günüň-gününe gatnap durandygym barada soranlarynda bolsa: ikisem okuwçymdy, mundan otuz ýyla golaý öň men şu etrapda, aýdym-saz mugallymy bolup işläp gidipdim. Olaryň ikisem gurnaga gatnaşýadylar, ikisem gowy aýdýardylar, festiwallarda baýrakly orunlary eýeleýärdiler...» diýdim.
Olaram şondan soň kän bir çintgäbem durmadylar.
Işläp ýören döwürlerimiz seýregrägem bolsa, işimiz bilen gyzyklanyp, ýanymyza gelip-gidýän bilesigelijilerden, sungaty söýüjilerden ýörite sorab-a däl, tötänden eşidişimize görä, öz-özlerinden basga düşüpdirlermi ýa ýene-de hökümet işgärleriniň täsiri bilenmi, Aman bilen Şajyk ikisi soňky wagtlarda Hapbyny ürç edip, öwlüýäden kowup başlapdyrlar. Özi gitmese, maşynly gelip alyp gidipdirler. O-da irmän-arman, her gün daň bilen yzyna gaçyp gaýdypdyr.
Şu ýagdaý birnäçe wagtlap gaýtalanandan soň, bir gije Sümsüläniň özi Amanyň düýşüne girip: «Kowmasaňyzlaň, indi, şo görgülini, jan dogan... Bolubersin-le... Goý, öz gazan jaýynda köňli karar tapsyn. Meniň oňa nebsim agyrýa. Bende görgi baryny gördi. Azap baryny çekdi. Bu ýerde bir rahat ýatyp-tursun... Yhlas diýeniňem bolubilse şoňky ýaly bor. Mundan artyk synabam oturmaň. Magşar güni Barhudanyň dergähinde günä-sogap soraşylan wagty gapdalymda durup, şaýatlyk edere meniň şondan başga hossarymam ýok, şu ýerde...» diýipdir.
Aman «allaniçiksi» bolup oýanypdyr-da, «alahasyrdy» bolup ýerinden turupdyr. Ýüregi bir zat syzan ýaly, göni Şajygyň üstüne degipdir. Maşyndan düşüşi ýaly, «Hapby öýdemi» diýipdir. Şajygam öýe girip çykypdyr-da: «Ýaňyjadam-a bardy...» diýip, iki-baka elewräpdir.
Şol ýerden ikisem göni öälüýä bakan tutdurypdyrlar.
Baryp görseler, Hapby ençeme ýyl bäri höwes edip gelşi dek, öz mazarynyň Sümsüle tarapyndaky «kiçi jaýyna» girip, ýüzünem şol tarapa öwrüpdir-de, ellerinem şoňa bakan uzadyp, ýüplük ýaly süýnüp ýatan ekeni. Dem-düýt, gymyldy ― hereket ýok.
Ýaňyrak jan teslim eden bor-a çemeli, aýdyşlaryna görä, şol wagt onuň bedenem sowap ýetişmän ekeni.

* * *

Öňki gezek baranymda men Narly aga bilen tanşyp ýetişmändim. Soňky gezekde welin tanyşdym. Ýöne, özümiň kimdigimi aýtmadym. Tanatmadym. Näbeletdirin öýdüp, ol Hapbynyň maňa aýdyp beren ähli taryhyny gaýtadan gürrüň berdi. Bir tapawutly ýeri ― müjewüriň aýdan wakalarynyň içinde Mähti diýen mugallymyň ady ýokdy.
Ýöne, onuň gürrüňleriniň iň soňky, Hapbynyň ölümine degişli bölümi welin meniň üçin täzelikdi.
― Şol günem Şajyk ilkagşam öz maşynynda gelip Hapbyny öýüne äkitdi. Ýöne, o neresse näme üçindir öňküleri ýaly daňdanaralar ýa Gün dogar-dogmazda däl-de, ýarymgijeler gaýdyp geldi. Ýüzi-gözi solgun. Özem ysgynsyz. Ýüregi ýanyp barýan ýaly, yzly-yzyna sowuk demini alýa. Suw içýä. Dünýäni dar görýän ýaly, gözlerini agdar-düňder edip daş-töweregine garanjaklaýa. «Iýip-içjekmi...» diýsemem başyny ýaýkaýa. Bir zatlary içinden sangy edýändigi bildirýä. Ahyram: «Narly aga, men-ä ýerime barjak» diýdi-de, turup gitdi. Ýörände birhili çaýkanýan ýaly boldy. Içmeýändigini bilsemem, barybir göwnüme güman gitdi. Soň görüp otursam, bende halys gurpdan gaçan ekeni. Ýadapdyr. Mundan bu ýana gidibilmejegini aňan bolmaly. Hemişe şol ýerde ýatyp-turup ýörensoň edil beýle bolaram öýtmedim. Oňň-a asyl amanadyny eýesine tabşyrmaga gidişi ekeni şol. Biz duýmasagam, pellehana gelenini özi duýan ekeni. Näme bolsamam şol ýerdejik bolaýyn, diýip, hak jaýyna ugraýşy ekeni. ― Narly aga şonda sözüniň arasyny kesip, başyny ýaýkady. ― Hapbyny hernäçe ýigrense-de, hernäçe gaharjaň, namysjaň bolsa-da, Aman uýasynyň öz düýşüne girip aýdan haýyşyny kanagatlandyrman durup bilmedi. Gaýtam, onuň ähli sakytlaryna çenli Şajyk bilen deň durup sowuşdy.
Hapbyny şol gün gujaklap görden çykaranam, Şajyk bilen bileje göterip öýüne eltenem, ähli däp-dessurlar berjaý edilenden soň, ýene-de şu ýere getirip jaýlaşanam şol...
...Narly aga gürrüňini boldum edeninden soň, mazarystançylyga tarap giňden göz aýlady-da:
― Şol neresse gideli bäri, birhili... Öwlüýäniň gyzygy gaçan ýaly bolaýdy... ― diýdi. ― Menem halys öwrenişäýen ekenim... Ýetim galan ýaly boldum...
Narly aga megerem: «Dünýäniň gyzygy gaçan ýaly boldy» diýmek islän bolsa gerek. Ahmal... Çünki, öwlüýäde gyzyk bolmaýar, ondan gyzyk gözlenmeýär, o barada beýle sözler aýdylmaýaram, ýöne, her niçik hem bolsa, ýaşulynyň o sözi tüýs ýüreginden syzdyryp, Hapba bolan söýgüsini beýan etmek üçin aýdandygyna welin söz ýok.

* * *

Rejeleýiş işlerini tamamlap, ol ýerden gaýtjak wagtymyz, men şol goşa mazaryň üstüne gaty bir kaşaň bolmasa-da, güýjümiň çatdygyndan, öz taslamam boýunça üýtgeşik bir kümmetjagaz galdyrmaklygy ýüregime düwdüm. Aşgabada gelenimden soň bu barada Aýbahar bilenem maslahatlaşdym. O-da meniň bu pikirimi goldady.
Ýöne, men gijä galdym. Şondan ýarym ýyl soň, işe başlamazdan öňürti, soňundan gep-gürrüň bolmaz ýaly, ýerli häkimiýet we din işgärleri bilen maslahatlaşmak hem-de merhumlaryň hossarlaryndan rugsat almak üçin, ýanyma Aýbaharam alyp etraba baranymyzda, Sümsüle bilen Hapbynyň ikisiniňem guburlaryny ýel-ýagmyrdan, jöwzaly yssydan, şeýle hem ýaman gözden penalap oturan, onçakly uly bolmadyk, ýöne, diýseň yşnaklyja, howalanyp oturan bir kümmete gözümiz düşdi.
Narly aganyň aýtmagyna görä, ýerli halkyň haýyşy boýunça ony ýerli ussalardan haýyş edip, Şajyk bilen Aman ikisi gurdurypdyr.
Ol kümmeti içden-daşdan gowy synlap, başuçlarynda oturyp aýat okanymyzdan soň Aýbahar gözlerine ýaş aýlap durşuna:
― Bu kümmet bularyň gaýybana söýgüleriniň ýerli halk tarapyndan ykrar edildigi bolsa gerek... ― diýdi...

Dowamy bar >>
Awtoryň başga makalalary

Категория: Romanlar | Просмотров: 44 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Romanlar bölümiň başga makalalary

Казнь Махамбета -5/ продолжение - 26.06.2021
Döwletbaşy -11/ romanyñ dowamy - 07.02.2021
Uzak-uzak ýyllar - 11/ romanyñ soñy - 01.02.2021
Ömrüzaýa -11/ romanyñ soñy - 08.09.2021
Ussat we Margarita -19/ romanyñ dowamy - 04.03.2021
Metal çabga / romandan bölek - 14.02.2021
Döwletbaşy -5/ romanyñ dowamy - 06.02.2021
Казнь Махамбета -9/ продолжение - 29.06.2021
Казнь Махамбета -3/ продолжение - 24.06.2021
Kyýamat-magşara çenli -10/ romanyñ dowamy - 17.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]