09:55
Ömrüni galplyk bilen geçiren mollasumagyñ soñky demde aýdany
ÖMRÜNI GALPLYK BILEN GEÇIREN MOLLASUMAGYÑ SOÑKY DEMDE AÝDANY

Dem alman kynlaşyp kem-kem,
Geldi soñky pelläm meniñ.
Ölsem, mazaryma bägül,
Bitmejegi belläm meniñ.

Mydam pälim gara boldy,
Ak bolsa-da selläm meniñ.
Müñkür-Nekirden gorkyma,
Çatlap barýar kelläm meniñ.

Asly haramdan ýygyldy,
Mal-döwletim, gallam meniñ.
Sandygymda pullam meniñ,
Bendi günde tyllam meniñ.

Agramymdan altmyş esse
Agyr eden günäm meniñ.
Janym jesetden sogruljak,
Aladam o dünýäm meniñ

Ol gylsyrat köprüsinde
Atdyrma-da hallan meni,
Ahyretiñ azabyndan
Goraweri, Allam meniñ.

Torum ÝAÝLAN-BATAŞY.

"WATAN" gazeti, 22.06.1996 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Haweran | Теги: Torum Ýaýlan Bataşy | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Hero Your Comics / Goşgular - 21.02.2022
Teklip / Goşgular - 22.01.2022
Gitdim / Goşgular - 16.02.2022
Потомки / Goşgular - 23.02.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Постоянный нелепый риск / Goşgular - 22.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]