20:57
Ömrümiñ sahaby

ÖMRÜMIÑ SAHABY

Geçen günleñ gatlaryndan agtardym,
Kitap deýin manysyny ömrümiñ.
Agtardygym saýy günleñ sahabyn,
Giñemedi, has darykdy göwrümim.

Ömrümiñ kitap deý,sahaplarynyñ,
Manyly sahabyn az gördüm juda.
Ömrümiñ ýarsymy ýeten menzilim,
Ýa-da ählisini etdimmi pida?

Dünýäniñ seýlinde eden seýranym,
Seýran edeniñe degmezmi,deger?
Ömür diwanynyñ soñky sahaby,
Ýapylanda belli bolýandyr meger.

Ýapanymda ömrüñ soñky sahabyn,
Agtarsalar arasyndan geçmişim.
Az bolsa-da ýetsin ýagşylyklarym,
Bar bolaýsa, geçirmäge etmişim...

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 369 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Içgepletme / Goşgular - 02.06.2021
Ýazlaryñ ýurdy / Goşgular - 01.06.2021
Selbime / Goşgular - 16.03.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Belliklerñiz wajyp...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]