13:21
Ömrüm-eý!..
ÖMRÜM-EÝ!..

Ömrüň mübärek agşamynda dünýä inen şygyrly-kyssaly ýazgylardan parçalar

• GAŇŇALYNYŇ OÝUNDA

Gaňňalyň oýunda — Tejende galdy,
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy,
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat,
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat,
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Geçen asyryň ýetmişinji-segseninji ýyllarynda türkmeniň uly şahyry Kerim Gurbannepesowyň şu setirleri doga ýaly bir zatdy. ÜRE GATANÇSYZ ARASSA DUÝGYNYŇ ÖLÇEG BIRLIGIDI! Ony tas hemmeler ýatdan bilýärdi. Bagşylar aýdym edip aýdýardy. Aşyklar onuň setirlerini söýgi hatlaryna goşýardy.
Bu beýik goşgy durşuna ýanan söýgüdi.
Bu beýik goşgy ilkinji söýgä Senady.
Bu beýik goşgy ERKEK ADAMYŇ bagyr ýaşyna ýuwnan agysydy.
...Ine-de, bäş adam bolup, Gaňňalynyň oýunda otyrys. Sagymyz — gaçy, solumyz gaçy. Ýylgyn, toraňňy, gargy-gamyş tokaýlygy. Keýpler bäş, bir elde ýagly petir, bir elde etli omaça. Ýetjek ýerine ýeten ýaz ýere-göge syganok, ol joşa berlip, öz-özünden owaz tapýar.
Häzir biziň hemmämiz şahyr. Üstesine-de bagşy, göni «Nowgüle» tutduryberjek. «Ýusup owgan», «Ak ýüzli maralym», ýene-de göwnüň näme isleýär — baş üstüne. Ýürek aýdym aýdanda müşgil zat ýok...
Ýöne biziň aramyzda Kerim Gurbannepesow bardy. Oturan ýerimiz bolsa Tejen, Gaňňalynyň oýy! Mundan ähli barlyk söýgüden söz açýar! Han-ha, şol ýylgyn, ynha, sag gapdalymyzdaky goja toraňňy, gargy-gamyş... öz ene dilinde «Ýaşlyk dramasyny» okaýar.
«Keteniň içinde gyzyl köz wagtyň»...
«Tas şahyr bolupdyň çuwalgyz wagtyň».
Oňa sesiňi goşmazlyk mümkin däl. Megerem, ýaza goşulyp, biz ony ýerli-ýerden alyp götererdik. Emma... türkmeniň Kerim Gurbannepesi bar-da aramyzda!
— Şahyr şu ýerde «Ýaşlyk dramasyny» okamasaň-a günä bor...
Ýigitleriň biri şeýle diýdi-de, şahyryň ýüzüne seretdi.
— Al bäşi!
Şahyr ýaňky ýigide elini uzatdy:
— Günä diýme, agyr günä bor diý!
Ýaňky ýigit joşup gürledi:
— Ana, agyr günä bor.
Şahyryň mahmal sesi Gaňňalynyň oýuny tokaýy-hanasy bilen bagryna basyp, ony Taňrynyň ýerdäki jennetine öwürdi. Men şu beýik goşgyny şahyryň agzyndan kän-kän gezek eşitdim. Bu gün welin...
Şahyr alamat perdeden tutdy. Gaňňaly bir gez beýgeldi!
Şygryň humaryna berlip, öte bagtlylykdan şahyryň turup gideninem aňmandyrys. Birhaýukdan görsem onuň ýeri boş dur. Onsoň ýuwaşjadan ýerimden turdum-da, gabat garşymyzda, tokaýlygyň içinde beýleki agaçlardan mazaly saýlanyp duran gaba toraňňa tarap ugradym.
Ýüregim aldamandyr — ol toraňňynyň ýanynda otyrdy.
Öňünde pygamber ýaşynyň eýwany bardy.
Yzda — yşka beslenen ýyllar bardy.
Ol — örän, örän bagtlydy...
Ol — örän, örän betbagtdy... Egnindäki ýüküň astynda barha ýegşerilýärdi. Ýüz ýylda bir gezek dogulýan şeýle gyzy ýitirersiň-de, nädip ýegşermersiň-ä?
— Şomy?
— Şo.
Biziň aramyzda başga hili gürrüň bolmady. Gaňňaly. Şol toraňňy...
Häzir diňe şygyr gürläp biljekdi.

...Arada aýlandym, Tejen ýerlerne,
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe,
Geçirdim bir gije,
Bir gündiz wagtym.
Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde,
Toraňňy hem otyr öňki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden —
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Halypa, rahat ýat, hemme zat: toraňňyňam, il-günüňem, Watanyňam öz ýerinde, «Ýaşlyk dramasam» öz ýerinde!

• ZEHIN HATYRASYNA

«Mämmet Badaýewiç ýaly gowy adamlar bilen islendik kämil jemgyýeti gurup bolar».
Şol gün, geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda gonamçylykda, ony öz gujagymyzdan ene ýeriň gujagyna tabşyryp durkak aýdan şu sözümde bir mysgallygam ýalan ýokdy. Toýlara-ýaslara mahsus aşa sypaýyçylygam ýokdy. Mämmet Badaýew ýaly zandy arassa adamlar bilen bir-ä islendik kämil jemgyýeti gurup bolar, birem onda derejeli ýaşap bolar! Bu — meniň ynanjym.
Ol — türkmeniň hem-ä sowatly, hemem är wepaly gerçek ogludy. Hamyrynda gowşaklyk ýokdy. Gurşunly kenek ýalydy. Ömründe: «Watandan aňyrda hiç zat ýok» diýip, ýaşan adamdy.
Ol — dözmez ýürekli, halalhon bir ýagşy kişidi.
Ol maňa howandar çykan adamlaryň biridi. Ýönekeý ýigit ahyryn men. Maýyp kakamdan başga asla hiç kimim ýok. Ýer — gaty, asman — uzak. Ýaşlar gazetiniň kiçi edebi işgäri.
Ine, birden garaşman durkam meni şol wagtky «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýasyna işe çagyrdylar.
— Baýram jan, bize işe gelermiň? — diýip, durşuna gara-gadyr Begenç aga (Begenç Kerimi şol döwürde bu gazetiň redaktorynyň orunbasarydy) mährem gürledi.
— Ýogsa-da häzir aýlygyň näçedir?
— Segsen manat.
— Bizde ýüz manat bor.
— Bolýa, Begenç aga.
— Arzaňy ýaz onda.
Ýazdym.
— Indi Badaýewiçiň ýanyna girip-çykmaly bolar.
Bardyk. Mämmet Badaýew bizi mylakatly garşylady.
— Bu ýigidi «Ýaş kommunist» gazetinden edebi işgärlige çagyrjak bolýarys — diýip, Begenç aga aýtdy.
— Bolýa düşünişen bolsaňyz. Gürleşensiňiz-ä?
— Hawa.
Bu gürrüň 1964-nji ýylyň fewral aýynyň başlarynda bolupdy. Şondan göni bir aý soň Mämmet Badaýew meni iş otagyna çagyrdy.
— Sarahsa çopanlaryň arasyna iş sa¬paryna gitmeli. Özüň bilýäň, owlak-guzy möwsümi başlanýar.
Ol şeýle diýdi-de, ýüzüme köpmanyly seretdi.
— Sen bir şahyr göwün ýaş ýigit, göwnüň açylar. Belki, gowy zatlar ýazarsyň.
Uzak örüde on gün boldum. Gelibem yzly-yzyna üç-dört makala ýazdym. Şolaryň ilkinjisi çykanda redaktoryň örän begenýändigi ýüzünden görnüp durdy.
Şonda meniň bary-ýogy üç sahypalyk makalama ýokary möçberde galam haky goýdy. Redaksiýanyň ýygnagynda ýagşy sözler aýtdy.
Makalalar yzly-yzyna çapdan çykdy. Apreliň başyna Mämmet Badaýew meni ýene-de iş otagyna çagyrdy.
— Sen nirede ýaşaýaň?
— Pylan ýerde, wagtlaýyn jaýda.
— Onda ertir işe gelme-de, öýüňde bol, men Halmyrat Garaýewiç bilen barjak.
Halmyrat Garaýew şol döwürde Aşgabat şäher sowetiniň başlygydy. Häzirki dile geçirseň, şäher häkimi bolýar.
Diýlen wagty öýde garaşyp otyrdym. Ine, gapymyz kakylýar. Açsam, Mämmet Badaýew gülümsiräp dur. Yzynda-da şäher häkiminiň özi.
— Geleweriň! — diýdim.
Ýöne olar içerik girmediler. Onýança Mämmet Badaýew gürledi:
— Halmyrat Garaýewiç, ynha, meň şo diýýän oglanym. Geljegi bar şu ýigidiň, ýagdaýynam özüňiz görüp dursuňyz.
Halmyrat Garaýew içerik boýnuny uzatdy-da, şeýle diýdi:
— Siz şu jaýa ýazylgymy?
— Hawa — diýdim.
— Onda üç aýdan jaý bersem bolýamy?
— Taňryýalkasyn! — diýdim.
Şeýdip, jaýly boldum.
Ara ýyl düşüp, Mämmet Badaýew ýene-de çagyrdy.
— Seni edebiýat bölüminiň müdiri bellemekçi.
Soň ara alty ýyl düşdi.
— Seni respublikamyzyň Merkezi Komiteti soraýar.
Mämmet Badaýew şeýle diýdi-de, ýüzüme agras seretdi.
— Bi, elbetde, abraý. Saňa-da, bize-de abraý. Ösmegiň mümkin, git.
Şeýdip, şol ýere işe geçdim.
Hormatly okyjym, başdaky sözümde, heý ýalan barmy? Bir pukara ýigide zehin hatyrasyna şunça ýagşylyk etmek üçin özüň gowy bolmagyň gerek, şeýle dälmi?!
Geliň, dünýewi türkmeniň beýik ýörelgesi bilen gutaralyň şu ýazgyny:
Ol — gowy adamdy. Gowy adamdy. Gowy adamdy...

• GARAMAT

Jübä salaýmaly goja kişi arkasyndaky sanajyň agramyna ýegşerilip, aýagyny süýräp barýar diýýä. Ysgyn-deramatsyz göwre barha ýaý berip, daşyndan seretseň, ol ýöräp barýan adama meňzemän, emedekleýän ýalymyşyn. Aý, garaz, gözgynymyşyn-da bendäniň ýagdaýy. Oňa nebsi agyran bolarly, bir degenek jahyl goja kişiniň sanajyna ýapyşýar.
— Atam, ber bärik, kösenme.
— Haý-haý, köşek, duraweri, çeniň däldir...
— Ýarty sanajy götermän, nä bi adamlar kepek iýýändir öýdýäňmi?
— Haý, oglum...
Onýança ýaňky o:t ýaly ýigit sanajy kakyp aldy-da, egnine atdy. Güýjüne baýrynyp, dazanaklap gidiberjek boldy. Wah-eý, git nire, iki aýagy ýere çümüp ugrady.
Dyzady. Bolmady.
Zomady. Bolmady.
Çapalanyp urundy. Ýene-de bolmady.
Eger-eger, gaýta barha ýere çümdi. Ine-de dyza ýetdi.
Kaddyny diklän goja kişi oglana dözmedi, sanajyny onuň egninden kakyp aldy-da, öz egnine atdy. Aýaklaryny toprakdan sogrup alan ýigit bu ýagdaýa haýran galyp sorady.
— Atam, näme bardy sanajyňda?
— Garamat, köşek. Men dünýäniň garamatyny göterip barýan.
...Ölüm ýassygyna başyny goýup ýatan garry adamyň ýüzüne seredip oturyşyma, ýagşyzadalardan galan gadymy rowaýat ýada düşdi. Ömrüň haýsy öwrüminde eşitdimkäm men bu rowaýaty? Näçe menzil göterdimkäm? Bilmedim, ýöne ýürek diýilýän taňry gaznasynyň geň häsiýeti bar: öz derbendiniň gapysyny diňe sähetli gün açýar! Owalam bilýänsiň, ýüregiň çuňunda bir ýerde ýatandyr. Emma sähedi gelýän däldir.
Ynha, şu gün, neberämiziň kethudasynyň agyr halda ýatan wagty aýdyňlyk bolup kalba dolmagynda täsin bir arabaglanyşyk bar. Ömür bilen ölümiň soňky çäginde, bakylygyň derwezesiniň agzynda durka onuň gabarasy Gökdepe galasy ýaly ör-boýuna galýar. Ol ömrüne garamat göteripdi. Ýok, ýok, dünýäniň garamatyny däl, türkmeniň bir neberesiniň garamatyny göteripdi.
Ony derejeli toýlardan geçiripdi.
Agyr ýaslardan geçiripdi.
Jahan urşundan, ýer yranmasyndan geçiripdi.
Belent başly kethuda öz neberesiniň hem-ä senasy, hemem baýdagydy! Tugrasydy! Onuň berkarar döwletinde ýagşylyk tohumy sepilýärdi.
Entäni goldamak ýörelgedi.
Ýetim oglanyň başyny sypamak — parzdy.
Gury agaja gan çalmazlyk — döwlet syýasatydy.
Bu döwletde belent ýaşamalydy.
Bu döwletde belent söýmelidi.
Bu döwletde ýarymçyklygy ret etmelidi.
Bu döwletde har getirýän namartlyk geçilmez günädi.
Içinde top oýnabermeli uly tamda aýal-erkek üýşüp oturdy. Hemmeleriň gözi goja kişiniň ýüzündedi.
Geň millet aslynda türkmen diýeniň. Aýal-gyzyny aýap, öwlüýä-de äkidýän däldir welin, kethudasynyň jan matasyny tabşyrýan iň soňky pursadyny ulugyz bol, ýaş ýetginjek bol, oral aýal bol — görmelisiň.
Aňryňy-bäriňi bilmek üçin görmelisiň.
Ömür diýilýän taňry peşgeşiniň juda, juda azajykdygyny duýmak üçin görmelisiň.
Türkmeniň kethudasy bolan özüň bolma. Ol örän agyr çin.
Sende gaýratly inerden bir zatlar bolmaly.
Häsiýetli bedewden bir zatlar bolmaly.
Ene ýeriň parhlylygyndan bir zatlar bolmaly.
Ömrüň boýy çirksiz bolmaly şol mekdep. Dünýäniň agyp-dönmesi seniň gerdeniňde. Ýüküň agyry, gijeleriň şöwri, neberäniň abraýy, gara başlaryň gowgasy.
Taýýarmyň?!
Sen — Uly Söýgi bilen söýmeli.
Sen — Uly Ýigrenç bilen ýigrenmeli.
Aglaňda — aglan şekilli aglamaly.
Güleňde — gülen şekilli gülmeli.
Taýýarmyň?!
Gyly deň bölýän adyllyk gerek.
Dogry durup ýaşamak, dogry durup gitmek gerek...
Taýýarmyň?!
Togsanyň onunda, ömrüň iň soňky pillesinde örän arkaýyn ýatan goja kişi öz neberesine durmuşyň ähli sapaklaryny elip dogrulygy bilen beripdi. Abraý bilen beripdi. Ynha, indem iň soňky sapak galdy — amanady tabşyrmak sapagy. Kyn sapak, agyr sapak. Onda-da goý görsünler, ertelere äkitsinler. Dogulmagyň bar ýerinde ölümiňem bardygyny bilsinler.
Ýaşamaga taýýarlanmalymy?
Hawa.
Söýmäge taýýarlanmalymy?
Hawa.
Diýmek, soňky güne-de taýýarlanmaly. Bu dünýä gelip, doýdum diýýän ýok. Hemme zat dadymlyk, şonda-da taýýarlanmaly.
Megerem, içinden şeýle oý-pikirlere berlip ýatan bolmaly, ýüzüne birhili yşnak çaýylan goja kişiniň dodaklary çalaja gymyldady. Onuň golaýynda oturan agtygy nähoşa tarap egildi-de, gulagyny tutdy. Ýaşuly bir zatlar pyşyrdady.
— Atam: «Azajyk irkiljek» diýýä. «Ýagdaýym gowy» diýýä.
Gam laýyna batyp oturanlaryň kalbyna ýeňillik aralaşdy. Olar muny ýagşylyga ýorup, goňşy otaglara geçdiler.
Aradan geçse çaý içesi salym geçendir-dä, kethudanyň ýatan otagyndan onuň uly oglunyň sesi eşidildi.
— Kaka, mert kakam. Gidiberdiňmi şeýdip?!
Türkmeniň goja kişisi şeýdip gaýdyş edýär...

• GURBANNAZARYŇ KAKASY

Biz oňa Eziz aga diýýärdik. Ol biziň halypalarymyzyň dostudy. Diýmek, biziňem dostumyzdy.
Babadaşlary üçin ol Azyzdy.
Türkmeniň zandy şahyr ogly Gurbannazaryň kakasydy.
Ýazgülüň, Arzygülüň, Sähragülüň, Ogulabadyň, Serdaryň atasydy.
Onuň arkasynda ýasan gupbalary «şazadalaryň täjine deňelen» Hümmet ussa bardy.
Onuň arkasynda Gökdepe galasy, Çitliniň oýy, Söwütliniň hellewleşip oturan şahyr söwütleri, Arkaç düzlüginiň owadan ýaýlalary bardy.
Onuň arkasynda jahan urşy, gara Mauthauzen bardy...
«Baý-bo-ow, bir ömre kän dälmi?» Hormatly okyjym, seniň şeýle diýjegiňi aňýaryn. Kän, onda-da ne kän: Mauthauzeniň gara sütemine dözülen bir ýyldan habar ber! Uruşdan soňky ruhy azaplar...
Bir ýerlerden bu garagöz ymmatyň beýik şahyry Kerim Gurbannepesowyň kalbyňy godukladýan sesi gelýär:

Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere siňip git.

Bolmady, ol ýer-gök arasynda ýeke dikraryny öz eli bilen jaýlamaly boldy. Allatagala öwretme ýok-da...
Gijesi-gündizi ýok, Eziz aganyň gapysam, ýüregem açykdy. Ruhy jomartdy. Mele desterhan halal zähmet bilen bugarýardy. Şu ojakda aýdylan ýagşy sözleriň müňden biri hasyl bolsa-da, ol ömür-ömür ölmeli däldi.
Eýsem-de bolsa, ykbal namart oýnady: ömrüniň ak öýläninde bir näkesiň güllesi oňa Mauthauzeniň edip bilmedik sütemini etdi. Sowuldy, bazar sowuldy...
Şol gün, Gurbannazary soňky ýoluna ugradan günümiz, onuň bolşundan gorkdum. Ruhy öçen ýüze seretmek mümkin däldi. Iň esasam — jahana höwesi öçen gözler. Doňan gözler! Olarda müňýyllyk buzlaryň sowuklygy bardy. Ynha, bir daşa aýlanan heýkeliň bar, ne-hä ýüz, ne-de göz gymyldaýar, giden doňaklyk...
Megerem, ol häzir hiç zat eşitmeýärdi, gözýaş bilenem, hatda haý-waý bilenem işi ýokdy.
Gonamçylykda, merhum depin edilýärkä-de onuň şol doňup oturyşydy. Dünýä bilen seri ýokdy — Eziz aganyň eşiginde maňzyny gideren gabyk otyrdy...
Şonda onuň bolşundan çynym bilen gorkupdym. Içimi gepledipdim: «Agtyklaryň bagtyna şindi ýan bermäweri!».
Aglamaga-da güýç gerek eken — Eziz aga aglamady. Dymdy, agyr-agyr dymdy. Gijeler-gündizler bilen ýalňyz galdy.
Hudaý halap, ogul agtyga ýüzi düşdi. Ogla ýetdirmedik bagt ata ýetdirdi. Barybir, ol Gurbannazarsyz boşap galan dünýä sygmady. Bir ýyla-da ýetip bilmedi — gitdi han ogluny soraglap.
Gorkut ata söýleýär: «Ogul atanyň iki gözüniň biridir». Eziz aga üçin BARYDY!

• KYBLAMYŇ RUHUNA TAGZYM

Bagtly bolmak üçin adama nämeler gerekkä?!
Şu sowala her kim öz sandygyna görä jogap berer. Oňa däl diýip bilmersiň. Sebäbi bagta her kim özüçe düşünýändir. Eýsem-de bolsa, özüm näme jogap bererdim? «Akyldan başga hemme zat gerek» diýerdim. Näme üçin akyl däl? Akyl kemliginden kösenýän ýok — hemme kişiň akyl käsesi pürepür. Ederini bilýär, diňe pul gerek.
Meniň pukara kakam seniň puluňam, tyllaňam bilmeýärdi. Zordan gol çekip bilýär diýmeseň, sowadam ýokdy. Oňa derek ol Ýurduň nämedigini bilýärdi!
Topragyň nämedigini bilýärdi!
Watanyň nämedigini bilýärdi!
Onda ene ýeriň sowady bardy!
Arkasynda türkmen bolmagyň akademiýasy durdy.
Onuň Gökdepede, gala urşunda galan atasy Ýurduň Gahrymanydy!
Geçen uruşda Demirgazyk Kawkazda dereksiz ýiten inisi Ýurduň Gahrymanydy!
Uly agasy bilen özi Beýik Watançylyk urşunyň maýybydy.
Meniň kakam Jütdi Haýdar bagtly adamdy. Gadymy Ahalyň orruk ortasynda ýerleşýän Ýandaklyagyz obasyndan Berline ýetip, soň otuz dokuz gezek Ýeňiş toýuny toýlamakdan uly nähili bagt bolup biler?! Ganat-peri ýeten balalaryňy höwürtgesinden aman-esen uçuryp goýbermek — ine, türkmen aganyň baş bagty. Soňky gün, panydan baka göç eýläňde, agzy arassa, lebzi halal ogullaryň egnine münüp gitmek — ine, döwletlilik!
Adam kowmy ogullaryň goý, bir ädim bolsun, atalaryndan öňe gitmegini isleýär. Gorkut ata ör-boýuna galyp: «Hanym, heý!» diýip durandyr. Onuň aňyrsynda umman çuňlugy bardyr.
Ýöne atalaryň ykbalynda käte Alla tarapyn şowlulyk bolýar. Oňa bagt diýäýmeseň, başga söz ýok. Türkmen şindi: «Aýlawda atam çapsa çapýandyr welin, esasan bagt çapýandyr» diýýändir. Şol «Bagt çapýandyr-da» türkmen bardyr.
Atama Haýdar aga diýýärler. Kakama Jütdi Haýdar diýerdiler. Biz Jütdi aganyň çagalary, Haýdarowlar bolup bilýän ekenik. Ýok, Jütdiýewler bolupdyrys. Hudaý halap, kakam pahyryň ismi oguldan agtyga, agtykdan çowluga geçipdir.
Enem pahyr hemişe: «Haý, köki ýaýramyşlar» diýerdi. Erenler elini galdyryp, Biribar ýalkasa, indi Jütdiler uzyn kök ýaýradyp gidibermeli.
Şahyrlar, alymlar, lukmanlar, žurnalistler ýoluňyz açyk bolsun! Siziň aňryňyzda utanara zat ýokdur, iliň biri bolup ýaşaberiň. Il-gün görýändir, eşidýändir, bilýändir...
Kakam pahyryň ruhy, megerem, şeýle diýýändir.
Onuň jahandan gaýdanyna ynha indi otuz dört ýyl töweregi bolupdyr. Hudaý halap, uly ogly ýedi müçäni beýläk atypdyr. Häzir Enweriniňki ýaly bir bagt berilse, kyblamyň didaryny bir görsem...

• «ÇOH GABRYSTAN GÖRÜNDI»

Tilkiçi diýer ynanmazlar sözüme,
Ile ýalan bolsa, aýan özüme,
Kesarkajyň düzi meniň gözüme,
Täze gazlan çoh gabrystan göründi.

Şu aýdymy men on ýaşymda Gökdepäniň Ýandaklyagyz obasynda diňläpdim. Şonda goja kişileriň hapa bolup oturyşlary şindem hanha, Yzzat Gylyjyň suratlary ýaly, nazarymda bolşy-bolşuna dur. Özem ýaş gitdigiçe ýürege ýapyşýar. Aram-aram ony erbet mynçgalaýar...
Urşuň yz ýanlarydy. Agyr açlykdan ölümiň öýünde çykan ilat tamdyrlaryň tüsselänini görüp, ony ýüzüne sylýardy. Kiçijik obamyza tamdyr çöreginiň ysy ýaýrapdy. Onuň söze-saza sygmaýan gudratdygyny açlyk belasyny gören biler...
Hawa, onsoň tamdyr çöregi bilen toýlaram gelipdi biziň obamyza. Kiçijik tamlarda tutulýan oba toýlaryny şu günleriň kaşaň toýlary bilen hiç bir babatda deňeşdirip bolmaz.
Olar pukara toýlardy.
Ilat sadady, kanagatlydy. Gulaklar dynç, saçakda çörek bar — şükür, müň şükür! Şeýledi bu garagöz ymmat.
Şol toýlaryň birinde oba bagşysyny diňlänim ýadyma düşýär. Bagşy diýer ýaly ol bir toýlardan-toýlara çagyrylyp ýörlen atly-derejeli bagşy däldi. Bäşdir-üçdür saz, iki-üç oýnam aýdym. Gyjakçy-beýleki ýokdur, köneje dutar göni ýüreklere girip, aňyrdan, köňül öýüniň töründen bir zatlary sogrup-goparyp durandyr.
Iň esasy — «Gökdepe mukamy» bardy.
Iň esasy — «Aýan göründi» bardy.
Iň esasy — Magtymguly bardy.
...Toý şagalaňy sowlup, kiçijik tamda dört-bäş sany goja kişi galdy.
— Magtymguludan tut, inim!
— «Gökdepänem» ýadyňdan çykarmagyn, ogul!
— «Aýan göründem» bardyr...
Oba bagşysyna bu zatlary diýmegiň geregem ýokdy aslynda. Ol şonsuzam gözleri okap otyrdy. Arkaç düzlüginde «Gökdepe mukamy» çalynmaýan toýdan toý bolmaz! Bagşynyň içi şeý diýýärdi.
Bagşy Magtymguludan tutdy.

Sen meni namarda mätäç eýleme!..
Sag elim sol ele mätäç eýleme!..
Abat eýle iki gözüm nuruny,
Sag gözüm sol göze mätäç eýleme!

Içinden bir zatlar oýlandy öýdýän, goja kişileriň biri «hä-ä» etdi-de, uludan dem aldy.

Magtymguly: «Tur goluňny köze goý,
Eger döze bilseň, kylgyn bu işi».

— Bardyň, bardyň üstünden!
Bagşy barha gyzyp, göterilip barýardy.

Gaflat ukusynda goýupdyr başy,
Gapyl adam munça irnip durupdyr.
Ten-kapas içire wagşy jan guşy,
Her dem perwaz eýläp, urnup durupdyr.

— Haý-haý, bekine tutduň-ow! — diýip, gojalaryň biri elini ýaglyga ýetirdi. Onýança-da bagşy «Dert iňňildäre» tarap eňip gitdi.
Gojalar elendi...
Kiçijik tam elendi...
Mazaly derlän bagşynyň gözünde ýaş göründi.
«Aýan göründini» aýdanda ol gojalar bilen deň aglady.
«Gökdepe mukamyny» çalanda göwnüme bolmasa, kiçijik tam durşuna içini tutup, burlup durdy.
— Ogul, döwletiň Alladan bolsun!
— Taňryýalkasyn!
Oba bagşysy örän bagtlydy. Çünki ol gojalaryň «Taňryýalkasynyny» alypdy. Meniň çagalyk döwrümde ol bir inere deňelýärdi.
GOÇ

Günüň dogjak-dogjagynda, berk gaýanyň üstünde, uçut bilen pyçak arka aralykda gözünde şapagy tolkun atdyryp duran serdar goçy göz öňüne getirip görüň! Uçut bilen aralyk pyçak arka. Ine-de, ter gelin ýaly owadan dünýä. Özüňem buýsançly goç bolsaň, arassa şemalam döşüňi daraklap geçip duran bolsa...
Hanha, aşakda jülge, akar suw. Sen süriniň garamatyny göterýäň. Başda gelen serdar — öňe, çeşmä tarap. Hatarly ýol. Mergenler eýýämden hyrlynyň didiwanyna mündürip oturandyrlar. Indem pursat araýandyrlar. Goçy kaklanan süriniň ykbaly bolsa...
Şonda-da gitmelidir — akar suw bardyr onda. Onsoňam özüň goç bolup, öz dagyňda, öz ýaýlaňda gorkyňdan gamyş ýaly galdyrap ýaşap bolmaz-a!..
Gaýalardan tüwdürilip-tüwdürilip gaýtmalysyň.
Darajyk ýoldan atylyp-atylyp gitmelisiň.
Süriniň serdarynyň garamatyny götermelisiň...
Sen — goçsuň, taňra bizden has golaý daglar seniň buýsançly goç bolmagyňy isleýändir!

Baýram JÜTDIÝEW.




Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
"Halmyrat Garaýew şol döwürde Aşgabat şäher sowetiniň başlygydy. Häzirki dile geçirseň, şäher häkimi bolýar.
Diýlen wagty öýde garaşyp otyrdym. Ine, gapymyz kakylýar. Açsam, Mämmet Badaýew gülümsiräp dur. Yzynda-da şäher häkiminiň özi.
— Geleweriň! — diýdim.
Ýöne olar içerik girmediler. Onýança Mämmet Badaýew gürledi:
— Halmyrat Garaýewiç, ynha, meň şo diýýän oglanym. Geljegi bar şu ýigidiň, ýagdaýynam özüňiz görüp dursuňyz.
Halmyrat Garaýew içerik boýnuny uzatdy-da, şeýle diýdi:
— Siz şu jaýa ýazylgymy?
— Hawa — diýdim.
— Onda üç aýdan jaý bersem bolýamy?
— Taňryýalkasyn! — diýdim.
Şeýdip, jaýly boldum."

Öz ýatlamalaryňda döwlet wekilleriniň özara alyp barýan korrupsiýalaryny mahabatlandyrmak we uzak wagtyň dowamynda jaý üçin nobada duran, özünden has beter mätäçlik çekýän işgärlere niýetlenen jaýy tanyş üsti bilen binobat edineniňe baýanmaklyk duýgysy.)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]