16:30
Ölüm hem ömür hakda ballada
ÖLÜM HEM ÖMÜR HAKDA BALLADA

Ukrainanyň Žitomir oblastynda gulluk edýärkäm, agyr keselledim. 1963-nji ýylyň 29-njy dekabrynda gije sagat 02:00-de Korosten şäherinde ýerleşen 67655 nomerli gospitalda mayor Wasiliý Semýonowiç Družinin operasiýa edip, maňa durmuşy gaýtaryp berdi. Bu goşgy Wasiliý Semýonowiçe bagyşlanýar.

Owruç–Korosten çarkandakly ýol,
Tykyrt-tykyrt maşyn barýardy gidip.
Galyň gar basyrnyp ýatyr sagy-sol,
Ajal meni alyp barýar büküdip.

Maşyn haçan barar şeýle ýörişde?
Ýogsam juda uzak däldi bu ara.
Ýaş ýürek durarmy,
Ýokmy serişde?
Minut say batyp barýan gubara.

Ynha maşyn gelip saklandy birden,
Korosten,
Gospital,
Iň agyr pursat.
Her niçik çydamly,
Bolsam-da, merdem,
Dert agyr,
Ýuwaşja urup dur gursak.

Dişlerim gysylýar,
Süzülýär gözler.
Ýatlaýan sährany – türkmen topragyn.
Ýaz ýagyş suwundan gandyran düzler,
Ýat ýerde galarmy birje ýapragyň?!

Hany ol dostlarym?
Deňi-duşlarym!
Nirde siz, çaltrak,
Ýakynma geliň!
Tiziräk ýetişiň,
Sypaň başlarym,
Mähriban, ene jan,
Gara göz gelin!

Lukmanlar üýşüşip barlady meni,
— Diňe operasiýa!
Başga ýok alaç!
Ýigrimi ýaşyňa daýanyp seni,
Biz kesmeli boljak! — diýdi bir wraç.

Ol diýdi: - Bagta gaç, rugsat ber bize,
Biz saňa başgaça tapmadyk care.
Men diýdim çalaja:
- Rugsatdyr size,
Ýok bolsa başga tär meni bejäre.

Gaty stol.
Eşdilýär gurallaň sesi,
Družinin eline aldy keserin.
Daşymdady lukmanlaryň hemmesi,
Bejerip başlady bagyr keselin.

Iki sagat,
On minut,
Gutardy söweş!
Družinin maňlaýdan syrdy derini.
Çalaja açyldy ýumulan göreç,
Pyşyrdadym: - Ene ja-an! Men dirimi?

Družinin kiçijik elleri bilen,
Sypady maňlaýym,
Sypady saçym.
Onuň sözi hem-de emleri bilen,
Meniň ýuwaş-ýuwaş diklendi başym.

Ýöne bir el däldi onuň elleri,
Durşuna gudratdy,
Durşuna altyn!
Sözlände bal ýaly süýji dilleri,
Gör, näçe alkyşyn alypdyr halkyň.

* * *

Ine-de çilimin aldy ol ele,
Ýene-de birahat kiçijik göwre.
Diýýär: - Näme etsem, name etsem ýene,
Has uly goşant goşup bor döwre.

* * *

Gülüp ýörsüň elmydam,
Göräýmäge şadyýan.
Bir söz diýseň ýyrşaryp,
Gülýäň ýene gaýşaryp.

Dogry söze-de gülýäň,
Egri söze-de gülýäň.
Tireňok söz manysyn,
Nirde seniň namysyň?!

1967 ý.

Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Haweran | Теги: Sapargeldi Hudaýberdiýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Речка Руза / Goşgular - 29.01.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022
Ýene men hakda / Goşgular - 23.01.2022
Зарница / Goşgular - 28.02.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022
Выходец из могилы / Goşgular - 26.02.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Söz bar, goldaw ýok! / Goşgular - 27.02.2022
Монгольская степь / Goşgular - 04.02.2022
"Men Seniñ gyzyñ.. " / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]