20:12
Öldürilmesi wajyp
ÖLDÜRILMESI WAJYP

Odatv-niñ habarlar bölüminiñ müdiri Fethi Ýylmazyñ geçen hepde çapdan çykan "Öldürilmesi wajyp" (“Katli Vacip”) kitabyny okanymda, hakydam meni nirelere äkitdi:
1968-nji ýylyñ 19-njy iýuly. Mehmet Şewket Eýgi tarapyndan gurulan we çepçi (sosialist) pikirlerdir akymlara garşy dini toparlanmalary döretmäge çytraşan “Bugün” gazeti şuny ýazdy:
“Gün geçdigiçe azgynlaşýan kommunistleriñ ýakyn günlerde işlerini hasam giñeldip, käbir yslamy guramalara garşy fiziki hüjüme geçjekdiklerini habardar edýäris...
Antikommunist halk güýçleri aýaga galdy we hereket etmäge taýýar ýagdaýda dur. "Dişe - diş, göze - göz, gana - gan" pikiri bilen amala aşyrylan her bir fiziki zorluk gazaply garşylyga uçrajakdyr. Halk öz guramalaryny gerek bolsa ele ýarag alyp gorajakdygyny dost-duşmana mälim edýäris.”

Türkiýedäki prowokasiýalaryñ düýp küşgüriji temasy "metjit talañçylygy" ýalany boldy.
Konserwatiw “Bugün” gazeti “azgynlaşýan kommunistler” kesgitlemesini nämä esaslanyp aýtdy:
ABŞ-nyñ 6-njy flotiliýasyna degişli "USS Independence" uçar gämisi ve beş destroyer, gayri resmi ziyaret üçin 1968-nji ýylyñ 15-nji iýulynda Dolmabahçede labyryny taşlady.
Amerikanlar nämüçin Montrýo şertnamasynyñ talaplaryny bozup bogaza geldi? 1968-nji ýylda gämiler bilen baglanyşykly täsin wakalar bolup geçdi:
23-nji ýanwarda - Demirgazyk Koreýa deñiz araçägini birugsat bozmakda aýyplap
ABŞ-nyñ "USS Pueblo" razwedka gämisini tussag astyna aldy.
25-nji ýanwarda Ysraýylyñ "INS Dakar" suwasty gämisi näbelli sebäpler bilen Ortaýer deñzine gark boldy, 69 ekipaž öldi.
28-nji ýanwarda Fransiýanyñ "Minerve" suwasty gämisi 52 ekipažy bilen bile Ortaýer deñzinde dereksiz ýitdi.
8-nji martda SSSR-iñ "K-129" suwasty gämisi Gawaý adasynyñ golaýynda gark boldy, 98 ekipaž öldi.
22-nji maýda ABŞ-nyñ "USS Scorpion" suwasty ýadro gämisi Azor arhipelagynyñ golaýynda gark boldy, 99 ekipaž öldi.
Şol ýyl göze görünmeýän suwasty uruş bolup geçdimi?

• TALYPLARYÑ BOLÝAN ÝERINE DÖKÜLDILER

Şol ýyl...
ABŞ Wýetnamda böreñ-böreñ gan akdyrýardy.
ABŞ-nyñ öz içem buýr-bulaşykdy: garaýagyzlaryñ öñbaşçysy Martin Lýuter King we teraktyñ pidasy bolan Prezident Jon F.Kennediniñ dogany Robert F.Kennedi öldürüldi.
Fransiýa ýaly dünýäniñ birnäçe ýurdunda ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryñ tolgunşyklary bardy.
17-nji iýulda Stambuldaky ýokary okuw jaýlarynyñ talyplary ABŞ-nyñ 6-njy flotiliýasyna protest bildirdi.
“Bugün” gazetiniñ nägileligem şuñady.
Soñ näme boldy?
Polisiýa dañdan sagat 04:30-da Gümüşsuýy raýonyndaky Stambul Tehniki uniwersitetiniñ (STU) talyplarynyñ umumy ýaşaýyş jaýyna döküldi. 24 ýaşly talyp Wedat Demirjiogly öldürildi.
Talyplar 27-nji iýulda çykaran “Dolmabahçe Direnişi” gazetinde 6-njy flotiliýa nämüçin garşy çykandyklaryny şu setirler bilen beýan etdiler:
“Amerikanyñ serhedi Karsdan başlaýar" diýen bir Prezidentiñ ýurdunyñ esgerlerini el çarpyp garşylamalydykmy? Jynsy açgözlüklerini kanagatlandyrmak üçin gelenleri amerikan jelephanalary ýaly işlän otellere äkiden komissiýa agzalary bilen bir bolmalydykmy? Ýurdunda ýaşaýan garaýagyzlaryñ hak-hukugyny depgileýänleriñ esgerlerine gül gowşurmalydykmy? Adam hukuklaryndan, parahatçylykdan söz açýan liderlerini gyzgyn gülle bilen ýumdurýan ýurduñ esgerlerine salam bermek üçin hatara durmalydykmy? Tebigy baýlyklarymyzdan gan soran ýaly sorup alanlaryny Stambul köçelerinde gezim edýän esgerlerinden dilegçilik edip almalydykmy? Kipr wakalarynda garşymyza çykanlaryñ ýüzüne gülüp seretmelidikmi? Wýetnam halkyna zulum edenleriñ elini-etegini öpüp garşylan kişilerden bolmalydykmy?"

• HIÇ AKYLLANAÝAMZOK

1969-njy ýylyñ 16-njy fewraly. ABŞ-nyñ 6-njy flotiliýasy ýene Dolmabahçeniñ öñüne geldi.
Çepçi "76 gençlik" topary protest bildirmek üçun jemlendi.
Konserwatiw “Bugün” gazeti “jihat” yglan etdi. Çepçi talyplaryñ protest gününde konserwatiwler (muhafazakârlar, ýagny, dindar gatlaklar) 6-njy flotiliýanyñ öñünde köpçülikleýin namaza durdular. "Musulman Türkiýe" şygary bilen 6-njy flotiliýany protest eden çepçi ýaşlaryñ üstüne çozdular. Aly Turgut Aýtaç, Duran Erdogan atly iki çepçi ýigidimizi pyçaklap öldürdiler.
Fethi Ýylmazyñ "Öldürilmesi wajyp" kitabyny okanyñda “Bugün” gazetinden “Zaman" gazetine çenli uzaýan metbugat organlarynyñ jenaýatçylykly prowokasiýalarda nähili rol oýnandyklaryny görmek bolýar.
Kitaby okap gutaranymdan soñ Wedat Demirjiogly zol ýadyma düşdi durdy. Şeýle:
SİHA-İHA (uçarmansyz dolandyrylýan uçarlar) ýasandygy üçin alkyşlanan Özdemir Baýraktar Demirjioglynyñ öldürilen ýyly Stambul Tehniki uniwersitetine okuwa girdi. Şol ýylyñ tomsunda Demirjiogly STU-nyñ Motor institutynda okuwyny dowam etdirmelidi. Baýraktar soñra şol ýerde assistent bolup işledi.
Demirjiogly ýaly nijeme ýaşlarymyzyñ "öldürilmesi wajyp" diýip öldürilmeginiñ zyýanyny ýurdumyz çekmedimi? 1969-njy ýylda öldürilen çepçi talyplar Mehmet Jantekin, Taýlan Özgür, Mehmet Büýüksewinç, Battal Mehetogly inžener bolmalydylar…
Näme üýtgedi? Ýurdy üçin aýaga galan ýokary okuw jaýlarynyñ talyplary häzirem "terrorçy" tagmasy basylyp, tussag astyna alynýar...
Biz hiç akyllanjak dälmikäk?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 24.09.2021 ý.




Категория: Publisistika | Просмотров: 58 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]