23:24
Ol bu gün ot satýar...

"OL BU GÜN OT SATÝAR..."

Ol bu gün ot satýar gyzan bazarda
Desse,
Desse,
Onuñ çar ýany desse.
Onuñ gözýetimi, onuñ dünýäsi,
Şojagaz desseleñ boýundan pesde.

Elinde bedire suwlaýar haýdap,
Hödürleýär: - Alyñ, terje ot alyñ.
Göz öñüme gelýär uruş ýyllary
Şol Abadan ~ gyşyk basýan mes gelin.

Çyrpynýan mes gelin,
                                      düwmeli gelin,
Goly bilezikli,
                        egmeli gelin,
Özlerni tohumlyk saýan ýezitler ~
Orlaşardy: "Sypap-söýmeli gelin".

Deññene gurlardy onuñ öýünde,
Al şerap urlardy onuñ öýündr,
Ah, nätjek, söwer ýar "Abadan!" diýip,
Gum garbap ýatyrdy Oder boýunda...

Mes Abadan bolsa gülýär jak-jaklap,
Ykdyrman bir gylyn şar gara saçyñ.
Onuñ düwmesiniñ jyññyrdysyna
Gamly obam ençe tutupdy için.

Kyn günde eselen bugdaýly namart
Kalbyny daglapdy bugdaýsyz merdiñ.
Ýaş başymdan ene ýeriñ gursakda
Mertligem, pesligem göterşin gördüm.

Ol ot satýar ol bugdaýa derek,
Arkan-arkan taşlap gyñajyn çowun.
Ol unudan bolýar,
                                bilmedik bolýar,
Meniñ ýüregimde şol köne düwün.

Goý, Abadan gaçsyn öz geçmişinden
Men öz geçmişimden gaçyp bilmerin
Unutmaryn ir ýetişen tümmüli,
Unutmaryn Ýasydepäñ güllerin.

Abadanam unutmaryn hiç haçan
Ol hem şol ýyllardan galan nyşandyr.
Ot satsyn,
                  gül satsyn,
Sülmürän bolsun ~
Barybir, mes gelin, şol Abadandyr...

Baýram JÜTDIÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 444 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 3.3/3
Goşgular bölümiň başga makalalary

Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Ilkinji tebil / Goşgular - 24.03.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Penjiräňi aç / Goşgular - 16.03.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Ýazlaryñ ýurdy / Goşgular - 01.06.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Züleyha   [Mowzuga geç]
Durmuşda bolyan wakalar...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]