05:14
Ol...
Ol...

Namysdan baýdak dikip,
Kamysdan lybas dikindi.
Boýnuna altyna derek,
Iliñ derdini dakyndy.
Onsoñ gursakdaky närse,
Her gün elendi.
Her ädimde dilindi.
Ýandy-bişdi,
Bir gün tapdan düşdi.
Ilden haraý isledi,
Emma, göwni suw içmedi.
Il-ä ildi, güýji sildi.
Ol bolsa ýalñyzdy.
Il derdine derman gözläp,
Ol tas ilden çykypdy.
Hälem wagtynda bildi.
Tirsegne galdy,
Daýandy,
"Ilime abatlyk eçil,
Eý, Rebbim"- diýe ýalbaryp,
Bialaç ile goşulyp,
Akymyn ugruna ýüzüberdi.

Gyzylgül ANNAGYLYJOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Ýatlama / Goşgular - 14.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Bilbil   [Материал]
"Ilime abatlyk eçil,
Eý, Rebbim" diýýän ynsanyň nähili mähirban şahyrana arassa dünýäsi bar. Allajan şeýle dünýäler hemişe abat bolsun!

0
3 Gumlygelin   [Материал]
@Mähriban, @Perman kop sag boluñ. Tañryýalkasyn.

0
2 permanh2206   [Материал]
Gaty gowy gosgy. Ustinlik hemranyz bolsun!

0
1 Mähriban   [Материал]
Berekella, Gelneje! Gaýrat ediň! Hemişe gowy adamlar, gowy şygyrlar hemraňyz bolsun! Ömrüňiz uzak bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]