15:00
Ökünç
ÖKÜNÇ

Ezilip çoýunup görmedim oda,
Ýaz deý çagajyga habar gatmadym.
Uzakda mes bolup göterdim bada,
Goňşymyň öýünden habar tutmadym..

Bilmedim jahanda myradym nedir,
Söýenim ýok,
Bardy diňe halanym.
Ýatsaň-tursaň kellä geljek zatmydyr,
Öz kerwenmi öz-özümiň talanym.

Maňlaýyňa tygyň ujy degen deý,
Ýokdy almaz sözin ýüzüme çeken,
Indi muňa mertebäm diýip begenme,
Diýmek meniň eziz dostum ýok eken.

Ýüpek şöhle bilen gözümi açan,
Gündizim öýläne hyýal edipdir.
Güýzlerde miwesi şemala gaçan,
Daragtym bireýýäm garrap gidipdir.

Gaýtgyn yz goýupdyr çyrpynan ýaba,
Men bu säher il bilenmi,ýekemi...
Ilki oýun edip,soňundan (toba),
Ömrüň geçip gidiberjek ekeni.





Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Aziza | Теги: Mämetnazar Babanazarow | Рейтинг: 3.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Bolar / Goşgular - 19.01.2022
Men Aý bilen söhbet etdim / Goşgular - 11.01.2022
Gutlaglar / Goşgular - 19.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Mahremlik   [Материал]
Malades gaty gowy

0
2 Garayolly1936   [Материал]
Ajaýyp goşgy

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Ajaýyp goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]