22:14
Ökünç
Ökünç

Üzlem-saplam duýgulara aldanyp,
Yşk gapysyn kakanyma gynanýan.
Ýüregimi bedenimden sowuryp
Söýgä serpaý berenime gynanýan.

Gijeler kirpigimi kirpigime çalman
Saňa şygyr goşanyma gynanýan.
Senden başgasyna söýgimi dözmän
Saňa göwün berenime gynanýan.

Päk söýgime sürtüp gara pikriňi
Duýgularymy kirledeniňe gynanýan
Ýadymdan çykaryp, sensiz şükrümi
Senli boljak bolanyma gynanýan.

Bägül Orazmuhammedowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Aksary | Теги: Bägül Orazmuhammedowa | Рейтинг: 1.5/2
Всего комментариев: 23
0
23 sabyrly   [Материал]
Bägüller, nä günler salýaňyz başa!

0
19 Aksary   [Материал]
18nji kommentariýany saña ýazypdym Ataýewa

0
Gyzyl ýöne

0
Hindustanyñ bägülleriniñ ysy ýok

0
Şu wagt diñe bägül bolubilseñ bolýar öydyän. O bir aydymçam tanscam bardymy? :)))

0
Dünyäni bägül aldy

0
14 mango   [Материал]
eksport edilip getirilýän bägüllerden howla ekdim....
owadan, özem kän gülleýär....
ýöne, hiç ysy ýok....

0
18 Aksary   [Материал]
Sen rastaýdoñ,senem Bägülä,menäm tasdan Bägül Baýgeldiýewañ jigisi edipdiñ,aý garaz bägüller kän bolsunla...

0
12 mango   [Материал]
Üzlem-saplam duýgulara aldanyp,
Yşk gapysyn kakanyma gynanýan.

bagül jigimize maslahat. yşk diýen düşünjäni çuňňur öwrenmeli.
yşkyň derejeleri bardyr.... belki ýokarky setirdäki yşk hasaplan zady (öz aýdyşy ýaly) düýgudyr. aşyk, hakyky aşyk - aşyk bolanyna gynanmazmyka diýýän...
garaz, öý işi: yşkyň derejelerini çuňňur öwrenmeli.
---
Ýüregimi bedenimden sowuryp
Söýgä serpaý berenime gynanýan.

sowurmakmy ýa sogurmak?
---
Gijeler kirpigimi kirpigime çalman

çalmak?
---

Ýadymdan çykaryp, sensiz şükrümi
Senli boljak bolanyma gynanýan.

"sensiz şükür"-e nähili düşünmeli?
---
ol ýürekli goşgudan bir setir:

diňe bir öz derdin uýýan ýürekden
Dogry sözüm aýtsam ýürek bolmaýar

uýmak diýlen zat başga zad-a...
derde uýulýanyny bilmedim...
umuman....
höwesiňiz bar bolsa, entek kän okamaly, öziýem öwrenip okamaly.... öziýem saýlap-seçip okamaly....
üstünlikler bägül hanym.

0
20 byagull   [Материал]
diňe bir öz derdin DUÝÝAN ýürekden- bolmalydy "d" harp galypdyr

0
21 byagull   [Материал]
1.soguryp bolmaly,
2.çalman- sürtmän manysynda
3.sensiz şükür- sen bolmasaňam men bagtly ýöne sensiz bagtsyz bolaryn öýdip, senli boljak bolupdym. şolar un gynanýan.

maslahatlaryňyz we bellikleriňiz üçin minnetdar.

0
11 Mähriban   [Материал]
Bägül, ýüregiňizi diňläň, okaň, öwreniň (hemme ýerden, hemme zatdan), ýazyň (iň bolmanda özüňiz üçin ýazaňyzda näme, şolam gowy ahyryn)!

0
22 byagull   [Материал]
minnetdar, nesip bolsa başardygymdan ýazaryn

0
7 Garayolly1936   [Материал]
Umuman, Bagul gyzymyza shygyryet tomluklaryny irginsiz, yaltanman, unsli gozden gecirmegi maslahat beryaris.

0
6 Garayolly1936   [Материал]
Birinji bentdaki kapyýa sazlaşmaýar.,, kakanyma-berenime". Ikinji bendiň kapyýasam sazlaşmaýar:
,, goşanyma-berenime".
Üçünji bendiň rifmasy has çökder bolupdyr.
,, kirledeniňe-bolanyma".
Iň bärkisi iki sözüň bogun sany~da deň däl.

0
9 byagull   [Материал]
bellikleriňiz üçin minnetdar, düzetmäge çalşaryn nesip bolsa

0
5 Garayolly1936   [Материал]
,, Saňa şygyr goşanyma gynanýan".
Şygyr düzmek,
Goşgy goşmak.

0
4 Garayolly1936   [Материал]
,, Yşk gapysyn kakanyma gynanýan".
Yşk ( söýgi ) gapy kakylyp çagyrylmaýar. Ynsan kalbyny onuň özi gelip eýeleýär.

0
3 Ependi   [Материал]
Men-ä tankyt tapyp bilmedim bu goşgudan, aslynda tankytlabam bilemok, edebiýata doly düňünmämsoň. Ýöne, bu goşgyda aýdylýan zatlar göni ýüregňe jüňk bolup duran ýagdaýlara gabat gelip dur. Mende hem şeýle ýagdaý bolupdy, indi ýatlap otursam şol günlemi biderek wagt ýitirip söýenime gaty gynanýan. Bu goşga diňe başyndan geçirenler düşüner. Tankytçy düşünmez, düşünsede kapiýa sazlamasyna düşüner, bogun sanyna düşüner.

0
Haçandan bari ýazýar bi awtor?

0
8 Aksary   [Материал]
Bilmedimdä Ataýewa,entegä gyzyklanyp göremok.Mañada düýn gelipdi.

0
10 byagull   [Материал]
men çagalygymdan bäri birzatlar çyrşaýadym, 2-nji synpdakam goşgy düzmek ýaryşy geçirilipdi, mugallymym meniňem goşgymy beripi ýaryşa, etrapda ýer alypdym anyk ýadymda däl ýöne naçinji ýer alanym. soň hemişe ýenede birzatlar ýazýadym garalmalaryma, 6-7nji synpdym, ýone ýazýan zatlarym mana düşnüksiz zatlardy hiç kime okatmaýadym, gizlap goyyadym. 9njy synpda bularyň üsti açyldy, "Sag bol Arkadag" goşgymyň saýasynda, soňra açylyp gidäýjek ýaly welin gaýta tersine kellame gelýan zatlary öň depere geçirýadim indi bolsa ýöne dilden aýdyp başladym. Ýazmagy taşlamak isledim, taşladymam, gelýan setirlere üns bermedim. Emma, 3-4 ýyl wagt geçensoň TDEI-niň mugallymy Abdy Abdyýew meni täzeden döredijilige başlatdy (men 2ýada 3 ýyllyk talypdym, öňki ýazan bir goşgymy okap beripdim, şonda (Sende ýürek ýokmy, başgalaň dilinden ýazypsyň diýdi) ana şol soraga jogap bermek üçin şuny ýazypym:
Sende ýürek ýokmy iýip soradyň
Mende illeňkiden üýtgeşigi bar
diňe bir öz derdin uýýan ýürekden
Dogry sözüm aýtsam ýürek bolmaýar

Duýup bilýän özgäň derdin
Aýtmasadam dili bilen
Gözlerinde gussa görsem
Begendirýän duşmanymam

Kimler näme diýse diýsin
Mende ullakan ýürek bar
Meni şu dünýä getiren
Ejemjana köp minnetar.

...ine şeýleräk. şondan soň käte birzatlar ýazdym, ýöne hiç kim bn paýlaşmadym, özüme göwnüm ýetmeýärdi. Bu gün paýlaşsam ertir ýazyp bilmesem näderin diýen gorky meni hemişe saklady.

-1
1 Aksary   [Материал]
Hormatly kitapçynyñ agzalary şu gyzymyza tankydy bellikleriñiz galdyryp beräýiñ,wagt tapdygyñyzdan.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]