11:38
Okumyşlygyň çürbaşy
OKUMYŞLYGYŇ ÇÜRBAŞY

Taryh kitaplarynda şeýle hakykat öwran-öwran teswirlenýär. Bir mejlisde gürrüňden gürrüň çykyp, Ymam Şapygy hakda söz açylypdyr. Şonda alymlaryň biri Ymam Şapygynyň ýatkeşligine haýran galypdyr. Sebäbi Ymam Şapygy 300 jilt kitaby ýatdan bilýän eken. Adamlar Ymam Şapygy hakda eşiden gürrüňlerini ýatlap, ony öwüp, taryplamaga başlapdyrlar. Şol wagt çüňkde oturan, ýönekeý geýimli biri: “Ol meniň ýatdan bilýänimiň diňe zekat bölegini bilýän eken” diýipdir. Mejlisde oturan adamlar muňa haýran galypdyrlar. Hiç kim bu ýigidiň sözüni inkär edip bilmändir. Ol ýigit öz ildeşimiz Ahmet as-Sarahsy eken. Ol şol wagt 14 müň jilt eseri ýatdan bilipdir. Ine, türkmeniň kitaphonlygy şeýle bolýar.

Gurbantäç REJEPOWA
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 61 | Добавил: Revo | Теги: Gurbantäç Rejepowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]