11:19
Ökde ýazyjy bolmak üçin degerli maslahatlar
ÖKDE ÝAZYJY BOLMAK ÜÇIN DEGERLI MASLAHATLAR

Ýazmagy we okamagy halaýanlaryň iň uly arzuwlarynyň biri — ýazyjy bolmak. Ýeri onda, gowy ýazyjy bolmak üçin näme etmeli?

Ýazyjy bolmagyň aňsat däldigini hemmeler bilýär. Käteler dilde beýan etmegem ýeňil düşenok, emma şony kagyza geçirmeli bolanyňyzda, baý, kösenensiňiz­ä. Birje sahypany doldurmak üçin her gün sagatlap eglenen wagtlaryňyz bolandyr. Käteler bir söz ýazyp bilmedik wagtlaryňyzam bardyr. Syk dokalan, nepis çitimli halylar üçin nähili gaýrat gerek bolsa, gowy eser ýazmagam şonça zähmeti talap edýär. Köpüň göwnünden turjak eseri ýazmak üçin sabyr, söýgi we lükgeligiň bilen şol işe berilmegiň gerek. Sungat özüne sowuksala garaýanlary hiç wagt ykrar etmeýär.
Arzuwyňyz ýazyjy bolmakmy, geliň onda sizi bu üstünlige ýetirjek käbir maslahatlar bilen tanyş bolalyň:

1.Gowy okyjy boluň!
Ýazyjy bolmagyň özeni ýazmakdan däl­de, ilki köp okamakdan gözbaş alýar. Ýazyjylyk bir küýzä meňzär. Içini doldurmasaňyz, daşyna dökere zat tapmarsyňyz. Näçe köp okasaňyz, şonça­da ýazmaga taýyn bolarsyňyz. Awtorlaryna üns bermezden, hersinden bir zatlar okaň. Edebi häsiýetli eserlere has köp üns beriň.

2.Yzygiderli öwreniň!
Gowy ýazyjy ökde okuwçydyr. Bir zat hakda ýazmakçy bolsaňyz, ýadyňyzdaky maglumatlar bilen kanagatlanmaň. Eserdir makalanyň mazmunyny elmydama dürli maglumatlar bilen baýlaşdyryň. Dürli çeşmelerden susup alyň, süzüp alyň. Näçe köp çeşmä salgylansaňyz, ýazýan zadyňyz şonça­da «tagamly» — özüne çekiji bolar.

3.Belläp alyň!
Ökde ýazyjynyň ýa­da ýazyjylyga ymtylýanyň galam­depderçesi hemişe ýanyndadyr. Kellä gelýän pikirleri hemişe belläp alar. Hatda ukudan oýananynda hem düýşünde gören zatlaryny belläp almaga endik eder. Ýanynda galam­kagyz ýok wagt sesini telefonyna ýazdyrar. Bir pikirem sypdyrasy gelmez we wagty gelende bu pikirleri ulanmagy başarar.

4.Syn ediň, synçy boluň!
Bakmak bilen görmek — ikisi bir zat däldir. Ýazyjy töwereginde bolup geçýän zatlary görmeli we wakalardan habarly bolmalydyr. Ol hemme zady duýmalydyr, köňül gözi bilen görmelidir. Bolýan wakalaryň hikmetine, sebäbine düşünmäge çalşar we beýlekileriň görmeýän zatlaryny görer. Tebigatdaky janly­jandarlaryň ýaradylyş maksadyny, olaryň häsiýetlerini, özlerini alyp barşyny synlar hem­de depderine we aňyna belläp alar.

5.Gowy diňläň!
Ussat ýazyjylaryň iň uly baýlygy beýleki adamlardan ýygnan gürrüňleridir. Her ýazýan zadyňy hut özüň başyňdan geçirmeli diýlen zat ýok. Beýlekiler bilen bolup geçen dürli wakalaryň esasynda goşgular, kyssalar, romanlar ýazyp bilersiňiz. Esasanam, ýaşululardan we çagalardan has köp zat öwrenip bolýandyr. Şolaryň dünýäsine syýahat edip bilseňiz, juda köp zat taparsyňyz. Örän gymmatly maglumatlary alyp bilersiňiz.

6.Bilime teşne boluň!
Maksadyňyz beýik ýazyjy bolmak bolsa, hemişe gözlegde bolmaly. Her bir täze maglumata teşnedigiňizi duýmalysyňyz. Şonuň üçin näçeräk bilýändirin öýtseňizem, bilmeli we öwrenmeli zatlaryňyzyň heniz köpdügini duýuň. Ençeme ussat ýazyjylar bar, dowamly ýazýarlar, şol bir wagtda hem dürli­dürli zatlary, kitaplary ellerinden düşürmän okaýarlar. Ökde ýazyjy bolmak üçin hemişe täze­täze maglumatlaryň yşgynda bolmalysyňyz.

7.Köp geziň, köp syýahat ediň!
Öýde otursaňyz, ylham perisi gapyňyzy kakmaz. Käbir halklarda: «Köp gezen bilermi ýa köp okan biler?» diýen aýtgy bar. Muňa şeýle jogap bereliň: «Gezýän wagty köp okaýanlar biler». Gowy ýazyjy bolmak üçin hemişe hereketde bolmaly, gezelenç etmeli, çärelere, duşuşyklara gatnaşmaly, dürli­dürli adamlar bilen pikir alyşmaly. Adamlar bilen gürleşmeli we olardan del gürrüňleri diňlemeli, belläp almaly, özüniň maglumat gorunyň üstüni ýetirmeli. Baran, gören ýerleriňiz, olaryň üýtgeşik taraplary, täsinlikleri, dürli keşdeler, nagyşlar ýazjak eserleriňiziň täsirli çykmagyna gönezlik bolar.

8.Habarlaşyň!
Daş­töweregiňizdäki adamlary gowy tanamak, olaryň dünýäsine düşünmek üçin olar bilen ýürekden söhbet ediň. Ýüzleý gürrüňdeşlik bilen adam tanap bolmaz. Olar bilen yzygiderli aragatnaşykda boluň. Binanyň garawuly, awtobus sürüjisi, hassahanadaky näsag, mahlasy, hemişe adamlar bilen gatnaşykda boluň. Habarlaşyp duruň!

9.Paýlaşyň!
Gowy zatlary töweregiňizdäkiler hem­de ýakynlaryňyz bilen hemişe paýlaşyp duruň. Çörek paýlaşyň, şatlygyňyzy paýlaşyň, ýakymly duýgularyňyzy paýlaşyň, birek­biregiň hal­ahwalyny soraşyň, gününi nähili geçirendigini soraň, ýa­da başga biriniň tejribesini paýlaşyň. Paýlaşmak gowy zatdyr. Gowy zatlary paýlaşdygyňyzça onuň dowamy­da, bereketi­de köp bolar. Yzygiderli söhbetdeş boluberseňiz, olaryň gürrüň berjek gyzykly hekaýalaryny eşidersiňiz. Bu bolsa ýazyjy üçin uly nygmatdyr.

10.Galamy eliňizden düşürmäň!
Yzygiderli ýazyň we birsalym hem ýazmagy bes etmäň! Öndürijilikli ýazasyňyz gelýän bolsa, ylham perisiniň gelerine garaşmaň, yzygiderli ýazyň we ýazyň! Ýazmaga synanyşyň! Ýazyjylygyň hem bir usulynyň bardygyny, yzygiderli ýazmak bilen ýola düşüp bolýandygyny biliň. Ýürek sözlerimizi beýlekilere ýetirmek üçin çynlakaý gaýrat sarp etmelidigimizi unutmaň.

***

•Ýazyjy bolmaga höwes edýänleriň iň uly arzuwlarynyň biri, kitaplary halk köpçüligi tarapyndan okalýan awtor bolmakdyr. Munuň üçin ýörite derslere, okuw kurslaryna gatnaşýanlaram, ussat ýazyjylaryň gapysyny çalýanlaram bar. Ýazyjylyk ukybyňyzy açmak üçin mümkin bolan ähli ýollary, usullary synap görübermeli. Bir zat hakda gowy zat ýazmak isleýän adam ýolda­yzda, her ýerde — telegepleşiklere tomaşa edip oturanam bolsa, awtobusda barýan bolsa­da ýa­da her gün ýatmazyndan öň azyndan ýarym sagatlap ýazjak zatlary hakda ymykly pikir etmelidir. Olaryň durkuny, şekilini, ulanjak sözlerini, goşjak wakalaryny göz öňüne getirmelidir. Bir kitap ýazmagy ýüregiňize düweniňiz bilen, onuň zähmetinden we hupbatyndan gaçsaňyz, bu arzuwlaryňyzdan dessine el çekip bilersiňiz. Ýöne il­güne haýyrly boljak zatlary ýazmak höwesiňiz günüňize goýmasa, bu pikirden hiç aýňalyp bilmersiňiz. Şeýle ýagdaýda arzuwlaryňyza hossar çykyň. Ýazyň we ýazyň. Dogry, bu ýoluň zähmetem, mähnetem, hupbatam bardyr, emma hupbatyndan agdyk muhabbetem, hormatam bardyr. Çynlakaý yhlas etseňiz ökde ýazyjy bolup bilersiňiz. Munuň üçin köp meşgullanmaly. Köp okamaly, köp ýazmaly. Ýazyjy bolmak üçin şu zatlara hem üns beriň:
•Yzygiderli okaň. Okamagyň zyýany ýokdur. Gaýta okamak sizi barha kämilleşdirer, esasanam, gyzyklanýan ugruňyza degişli kitaplary has köp okaň.
•Her gün ýazyň we hökman ýazyň. Bir günüňizi hem ýazman geçirmäň. Aslynda, ýazman boş oturmaň. Sähel wagt tapsaňyz, nämedir bir zatlar okaň ýa­da ýazyň.
•Ýazýan her bir sözüňize dykgatly boluň. Sözüňizi dogry­dürs ýazyň. Tapawudy ýok, kitap ýazyň ýa birine gysga sms ýazyň, sözüň ýazylyş düzgünlerine üns beriň. Ýazyjy bolmak kararyna gelen bolsaňyz, dogry ýazmak zerurlykdyr.
•Ýazyjy bolmagy öwredýän ýörite okuw, mekdep ýa bölüm ýokdur. Ýa­da dil­edebiýat ugruny okaýan her bir adam ýazmalydyr, ýazyjy bolmalydyr diýlen zadam ýok. Ýörite kurslara, derslere, gurnaklara gatnanyň ýa­da eliňe bir şahadatnama alanyň bilen ýazyjy bolunmaýar.
•Täleýnamaňyzy okap, ýazyjylyga karar bermäň. «Bu ýyldyzda doglanlardan güýçli ýazyjylar çykýar» diýen ýaly kesgitlemelerden ugur almaň. Haýsy ýyldyzyň astynda doglan bolsaňyzam, haýsy hünärde zähmet çekýänem bolsaňyz, haýsy ugurlara höwes edýänem bolsaňyz, ýazyjylyk köp zähmeti talap edýändir. Ýazyjylygyň belli bir ýyldyzy ýokdur. Her kim gowy ýazyp, ökde ýazyjy bolup, ýyldyz bolup biler. Näçe zehinli, ukyply bolsaňyzam, barybir, saýlap alan ugruňyzda özüňizi yzygiderli kämilleşdirmegiňiz, gaýratyňyzy tijemegiňiz gerek.
•«Gören günlerini ýazsa roman bolardy...» ýaly pikirlerden uzak duruň.
•Ýazmak isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňizi bir ugurdan ösdüriň. Bir ugra has ýöriteleşiň. Hemişe nämedir bir zatlary ýazyp, çyzyp, dümtünip oturyň. Ýazmagy özüňiz üçin endik ediň. Ýazyp başlamazdan öňürti näme ýazasyňyz gelýändigini kesgitläň. «Näme ýazmakçy bolýaryn?» diýip soraň. Bu soraga jogap bereniňizde islegleriňizi, garaýyşlaryňyzy, başarnyklaryňyzy hem göz öňünde tutuň. Ýaş bolsaňyz, durmuş tejribäňiz heniz az bolsa, onda köp kitap okaň. Ýazmak höwesinden el çekmäň, ýöne ylham daragty hasyla durýança okamaga dowam ediň.
•Ýazyjylyk ýeňil­ýelpaý zat däl. Munuň üçin zähmet, sabyr­takat we wagt gerek. Kitap ýazmagyň aýratynlyklary, ädimleri dogrusynda ussat ýazyjylardan ýene köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Ýadyňyzdan çykarmaň, duçar bolýan, görýän zatlaryňyzyň ählisi size ýazjak zatlaryňyza dahylly nämedir bir zatlary salgy berip durandyr. Ýazyjy bolmak isleýän bolsaňyz, ilki bilen öz ýanyňyzy, ýakynyňyzy we daş­töweregiňizdäki zatlary öwreniň.
•Çyndanam ýazasyňyz gelýärmi ýa­da ol ýöne bir höwesmi — ilki şuny aýdyňlaň. Ýazmak kararyna gelen bolsaňyz, onda başlaň we başlan işiňizi hiç wagt ýarym­ýalta taşlamaň. Wagtyň geçmegi bilen has gowy ýazyp biljekdigiňizi hem unutmaň!

Rusçadan terjime eden
Aşyrmät GARLYÝEW





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 102 | Добавил: Revo | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Sagbolun kop kop gaty gyzykly eken

0
1 Mähriban   [Материал]
Paýlaşanyňyz üçin sagboluň, @Revo dogan!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]