12:15 Okar ýaly... | |
OKAR ÝALY... "Saňa bir aýdym ýazdym, söýgüliň bilen diňlär ýaly..." (Türk aýdymyndan) Seretmän hiç geçýän pasla, Şygyr ýazdym salyp waspa, Ýatlama ýatyrmaz asla, Geçmişiňe bakar ýaly. Getiren ylham joşuny- Unutman göz-u-gaşyňy, Diledim her gözýaşyňy, Diňe bagtdan akar ýaly. Bar pikriňi serde jemle, Ýa bolmasa ýürek diňle, Adymy bir ýere belle, Ogluň bolsa dakar ýaly. Bolsakda bir ýürek, bir ten, Ne sen ýazykly, ne-de men, Geljegi öňden etdik çen, Her kim bagtyn çokar ýaly. Arzuwlarmy tüýt-müýt etmen, Del hyýala göwün sürtmen, Diňe bulut bolup ötmen, Bir gün güneş çykar ýaly. Ýalňyzlygy men çekerin, Gussa baga gam ekerin, Toýuňda oýnap bökerin, Garny doýan tokar ýaly. Kä yza, kä öňe ozdum, Yşgyň köçesinde tozdum, Indem şu goşguny ýazdym, Ýaryň bilen okar ýaly. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa... / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022 |
√ Самоубийство / Goşgular - 21.02.2022 |
√ Как высказать себя в любви?.. / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Посвященные стихи / Goşgular - 22.02.2022 |
√ "Ine, Watan diýip.." / Goşgular - 25.01.2022 |
√ Песнь любви / Goşgular - 18.01.2022 |
√ "Men Seniñ gyzyñ.. " / Goşgular - 27.01.2022 |
√ Ökünç / Goşgular - 06.01.2022 |
√ Апулей / Goşgular - 28.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |