19:53
"Okañ! Atatürküñ osmanly düzgünini nämüçin ýigrenendigine has gowy düşünersiñiz!"
"OKAÑ! ATATÜRKÜÑ OSMANLY DÜZGÜNINI NÄMÜÇIN ÝIGRENENDIGINE HAS GOWY DÜŞÜNERSIÑIZ!"

Žurnalist Ryza Zelýutyñ täze kitaby "Osmanlyda oglanbazlyk" ("Osmanlı'da Oğlancılık") "Kaynak" neşirýatynda çapdan çykdy.
Zelýut ýaşyrylan köp sanly maglumatlardan we edebi eserlerden ugur alyp, osmanly jemgyýetini we köşk durmuşyny seljerýär hem-de kitabynyñ girişinde şuny diýýär:
"Okañ! Beýik Atatürküñ osmanly düzgünini nämüçin ýigrenendigine has gowy düşünersiñiz."
Ryza Zelýut kitabynyñ "Patyşalaryñ oglanbazlygy" bölüminde käbir patyşalaryñ goşgularyna we şol döwrüñ ýazyjylarynyñ memuarlaryna esaslanyp, oglanbaz patyşalaryñ atlaryny mälim edýär...
Ine, Ryza Zelýutyñ "Osmanlyda oglanbazlyk" kitabyndan käbir bölekler:


"Osmanly patyşalary özleriniñ wizantiýa we ajam imperatorlary bilen deñ derejedediklerini görkezmek üçin döwlet protokollaryny şu iki siwilizasiýanyñ gymmatlyklaryna esaslandyrmagy özlerine dereje bilipdirler. Elbetde, eýran kökenli resmi kabul edişligiñ añyrsynda arap imperiýasynyñ ýörelgeleriniñem täsiri bar. Ilkibaşda hökümdarlyk süren ýerlerinde öñ höküm süren imperatorlardan birjigem pes däldiklerini görkezmek Osmanogullary üçin öñe iteriji güýç bolupdyr. Şonuñ üçin owalky imperiýalaryñ köşklerinde bolan oglançygy-da gypynçsyz özleşdiripdirler. Bu işiñ düýbüniñ Ýyldyrym Baýezidiñ döwründe tutulandygy aýdylýar. Wezir Çandarly Aly paşanyñ mahbup ýigdekçeleri içoglany görnüşinde köşge aralaşdyrandygy we bu işe patyşany-da öwrenişdirendigi baradaky aýyplama osmanly wakaýynamalarynyñ (senenamalarynyñ) ählisinde diýen ýaly geçýär. "Manzum Tevârih-i Âl-i Osman" eserinde agzalýan şu aşakdaky abzasda döwletiñ ugrunyñ üýtgändigi hakda şeýleräk täsin maglumat berilýär:

"Haçan-da Gara Halyl ogly Aly Paşa wezir bolansoñ, fyskü-füjur (meýlis we zyna) köpeldi. Mahbup oglanlary ýanyna aldy, adyna "içoglany" goýdy. Içoglanlaryny ganjykdan enaýy görmezdiler. Içoglany bilen ýakyn gatnaşyk etmek Aly paşadan galdy. Aly paşa wezir bolansoñ, onuñ döwründe danyşmentler köpeldi, begler gapysyna geldi. Her biri bir begiñ ýanyna geldiler. Her biri olara ýaranjak bolup boluşlaryna görä jogap berdiler. Allanyñ buýrugyny, pygamberiñ ýoluny terk etdiler."

Bu çeşmede danyşmentlere (okumyş ulamalara) esaslanýan täze osmanly hukuk we dini düşünjesiniñ Allanyñ buýrugyny we pygamberiñ ýoluny terk edendigi aýdylyp, agyr tankydy bellikler aýdylýar. Agzalýan döwür halk döwletinden daşlaşyp, başga milletlerden ýesir edilen çagalardan ýetişdirilen emeldarlaryñ döwletine öwrülişini görkezýän döwürdir. Wizantiýa, pars we arap döwletleriniñ derejesindediklerini, hatda olardanam geçirendiklerini görkezmek üçin osmanly soltanlary bular ýaly bolgusyzlyklary işdämenlik bilen kabul edipdirler. Bu täze düzgün halk köpçüliginiñ ahlagyna ters gelse-de, agalyk ediji güýjüñ kuwwatlanandygyny görkezmegiñ hatyrasyna köşk tarapyndan oñlanypdyr. Meseläni 1387-1406-njy ýyllarda baş wezirlik (weziri-agzam) eden Aly paşa bilen baglanyşdyryp oñmak ýalñyşdyr. Bu döwürde içoglany düzgüniniñ patyşalar tarapyndan uly höwes bilen oñlanandygyny görmek bolýar. Bu döwür aýratynam köşgüñ haremlik we salamlyk diýip ikä bölünen, aýal-gyzlaryñ hareme berlip, ýigdekçeleriñem şol haremde höküm sürýän aýallaryñ eline berlen döwrüdir.
Oglanbazlyk döwletiñ düýbüni tutan şahslara ýat bolupdyr. Şonuñ üçinem döwleti guran Osman begiñ oglanbazlyk bilen ýakyndan-daşdan hiç hili baglanyşygy ýokdur. Bu barada taryhy çeşmeleriñ birinde-de ýeke maglumat ýok.
Ýyldyrym Baýezitden soñky gysga wagtlyk agzalalyk (fetret) döwründen soñ osmanly köşgi oglanbazlygy täze sepgitlere çykaryp dowam etdiripdir. Beýik serkerde bolan patyşa Myrat II oglanbazlygy protokol kitaby hökmünde döwlet sistemasyna girizipdir. Içegenligi bilen at alan bu patyşa ussat şahyrdyr we onuñ şygyrlary nähili mylakatly we zowky-sapa meýilli adam bolandygyny örän aýdyñ görkezýär.
Sehi beg "Tezkire" ("Heşt Behişt") eserinde Soltan Myrat II-den bir beýt mysal getirýär. Soltan şol beýtinde içgi içende rakgas, ýagny oglan oýnadyşyny ýazypdyr.
Onuñ ogly Fatih Soltan Mämmedem içoglanlaryny ulanypdyr. Ine, şol ýigdekçelerden saky hökmünde ulanylan birine baş wezir we şahyr Ahmet paşa aşyk bolýar welin, kyýamat gopýar. Sehi beg "Tezkiresinde" Ahmet paşadan söz açanda, bu wakany-da ýatlap geçýär."

• FATIH SOLTAN MÄMMET

"Beýik soltanyñ (Fatih Soltan Mämmediñ) Awny tahallusy bilen ýazan şygyrlarynda-da gelşikli oglanlara gyzyklanma bildirendigini görmek bolýar. Mysal:

Bir Güneş ýüzli melek gördüm ki, älem mahydyr,
Ol gara sünbülleri aşyklarynyñ ahydyr.

Garalar geýmiş mahy-taban kibi ol serwinäz
Mülki Pereñiñ meger kim hüsn içinde şahydyr.

Gamzasy öldürdügine lebleri janlar urar
Bar bolsa ol ruh-bahşyñ dini Isa rahydyr.

Awnyýa kylma güman kim saña ram ola nigär
Sen Stambul şahysyñ, olam Galata şahydyr.


Ýokardaky şygyrda suratlandyrylan "söwer ýar" Galatada ýaşan hristian oglandyr. Soltan ouñ üçin dinindenem geçmäge taýýardygyny ýazmaga het edip bilipdir. "Dinden geçme" jümlesine metafora hökmünde düşündiriş beräýenimizde-de suratlandyrylanyñ gara donly erkekdigi belli. Çünki osmanly ýurdunda ýaşaýan musulman däller köçede kimdigi tanalar ýaly köplenç gara eşikde gezmäge mejbur edilipdir.

Akly-fehmin din-u-imanyn nije zabt eýlesin
Käfir olur, heý, musulmanlar, o tersany gören"

(Heý, musulmanlar! Ol hristian dilberini şeýle gözellik içre görenler akyl-huşlaryny, din-imanlaryny nädip gorasynlar? Ony gören ynsanyñ kapyr bolasy gelýär.)

"Köwseri anmaz ol içdigi meýi-naby içen
Mesjide barmaz o bardygy kilisäni gören."

(Ol hristian gözeliniñ içen sap şerabyny içenler Köwser şerabyny gaýdyp ýadyna salmaz, onuñ giden kilisesini görenler, gaýdyp metjide aýak basmaz.)


• BAÝEZIT II

Fatih Soltan Mämmetden soñ tagta geçen ogly Baýezit II heniz şazadalyk döwründe içegenlikde we ahlaksyzlykda aýyplanypdyr. Onuñ içoglany serb ýigdekçesi Mustapa, taryhda Goja Mustapa paşa ady bilen tanalýar.
Baýezit II-niñ ogly Selim (Ýawuz) oglanbaz şahyrlara howandarlyk edipdir. Iñ gödek şekilde oglanbazlyk kitabynyñ awtory şahyr Gazaly Ýawuz Selim döwründe işlerini dowam etdiripdir. Şeýle-de, Ýawuz Soltan Selim döwrüñ şeýhulyslamy Kemalpaşazada (Ibni Kemal, 1468-1536) "Rüjûu'ş-Şeýh ilâ Sibâhü fi'l Kuwwet-i Ale'l-Bah" atly jynsy gatnaşyklar baradaky meşhur kitabyny ("Bahnama") ýazdyrypdyr. Bu kitapda oglanbazlyk gatnaşyklary barada-da giñişleýin maglumat berilýär. Soñky asyrlarda bu kitabyñ dürli-dürli atlar bilen çap edilen neşirleri başga patyşalara-da hödürlenipdir. Bu ýagdaý Ýawuz Selimiñ köşkde oglanbazlygy dowam etdirendigini görkezýär.
Osmanly soltanlarynyñ içinde türkleri ýigrenen patyşa bolansoñ Ýawuz Selim şygyrlaryny türki dilinde ýazman, pars dilinde ýazypdur. Onuñ adyna soñ-soñlar käbir beýtler toslananam bolsa, Sehi beg Soltan Selimdej ýeke beýt türkçe şygyr galmandygyny ýazypdyr:

"Käbir jahyl adamlar olaryñ (onuñ) adyndan türkçe şygyrlary aýdýar. Emma olar asla türkçe şygyr söýlemediler. Bütin şygyrlary parsçadyr."

Onuñ bir gazalynda "söwer ýaryny" gylyçly bir gözel şeklinde, ýagny söweşjeñ oglan mysaly suratlandyrmagyna-da geñ galarlyk zat ýok.
Bu döwür oglanbazlygyñ köşküñ daşyna çogup, köçelere ýaýran döwrüdir. Şular ýaly zatlar hasam köpelip, Kanuny Soltan Süleýmanyñ döwründe-de dowam edipdir. Oglan söwdasynyñ (oglan sutonýorlygynyñ) döwlet işgärleri tarapyndanam edilendigine köp gabat gelinipdir. Soltan Süleýmanyñ hem şygyrlarynda oglanbaz ruhynyñ bardygyny ýañzydýan ýerleri az däl. Onuñ müñlerçe şygrynyñ içinden saýlanyp, öz eli bilen ýazylan "Muhibbi Diwanynda" munuñ mysallaryna duşmak bolýar. Kanunynyñ garran döwründe öñki erkin şygyrlaryndan saýlanyp-seçilip taýýarlanan bu "Diwanda" patyşanyñ şeraby köp öwýändigi we içýändigi aýdylýar. Onuñ bir gazaly şeýle başlaýar:

"Eý Muhibbi içiban mesti-harabat olub,
Dos-doly eýläliñ nagra bilen afaky."


Şeýle serhoş halda ortadaky gözel mahbup diýilýän oglandyr. Muny şu beýdi açyk görkezýär:

"Ol Hyta mahbuby gör kim türresin çyn görkezer,
Noktaýy-haly bilen gül üzre pür çyn görkezer.
Deýr içinde zülpüni zünnar edip ol mug beç,e
Maña sundugynda kadeh üstünde haçyn görkezer."

(Ol Hyta dilberleri ýaly gözel bolan hub (oglan), güle meñzeş ýañagyndaky meñi bilen hasam özüne çekip, alnyna dökülen buýra saçlaryny (käkilini) bize görkezet. O meýhana oglany (saky) monastyryñ monahlary ýaly saçyny biline orap, maña pyýala sunanda göýä haçyny görkezen ýaly bolýar.)


Birnäçe obrazy we simwoly biri-birine baglanyşdyran Muhibbi şahyr (Kanuny Soltan Süleýman) bärde meýhanaçy çyragy diýýän hristian oglanyna aşyk bolandygyny aýdýar. Bu oglan aslynda hökümdara sakylyk eden içoglanyndan başga hiç kim däl.

• MYRAT IV

Osmanogullarynyñ Ýawuz Soltan Selim ýaly rehim-şepagatsyz soltanlaryndan biri bolan Myrat IV barada maglumatlar diýseñ kän. Myrat öte oglanbaz bolupdyr.
Şol döwürde ýaşan we Enderun mekdebinde ýetişen Aly Ufky hem muña güwä geçýär:

"Myrat IV Uly otagda içoglany bolup hyzmat edýän Musa ermenä şeýle bir aşyk boldy welin, oña bolan söýgüsinden ýaña käwagt däliräre gelýärdi. Aýratynam ýaragdar paşasyna-da (halkyñ arasyna çykanda patyşanyñ gylyjyny we ýaraglaryny göterýän hem-de baş hadymagalaryñ yzysüre köşkde iñ ýokary wezipäni eýeleýän içoglany) aşyk boldy. Bu içoglany gelşiklije bolansoñ, Galatasaraý gyşlasyndan alynyp, ilki patyşanyñ lutfy bilen Hasotaga kabul edilipdir, kän wagt geçmänkä-de, ýaragdar paşa bolupdyr."
Aly Ufky beg öz döwrüniñ patyşasy Mehmet IV-iñem ermeni ýigdekçesine bolan meýlini şu sözler bilen beýan edipdir:

"Häzirki höküm sürýän patyşa Gülogly atly stambully ýaş ýigide aşykdyr. Patyşanyñ saz salýan içoglany bolan bu kişi häzir onuñ eý görýän "magşugydyr" we oña patyşalygyñ iñ möhüm wezipelerinden biri - diwanyñ başlyklygyndan kubbe wezirligi berildi."

Odatv.com




Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 101 | Добавил: Gökböri | Теги: Ryza Zelýut | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
1
4 edebiyatteswiri   [Материал]
Gökböri "Okañ! Atatürküñ osmanly düzgünini nämüçin ýigrenendigine has gowy düşünersiñiz!" atly makalaňyzyň terjimesi gaty gowy. söz ýok. Ýöne, bu makalanyň mazmunyny gaty bir hiliräk gördüm. Türkmenistanyň taryhynda Osmanly döwletine türkmen döwleti diýlip berilýär. Hormatly Prezidentimiz hem "Mertler Watany beýgeldýär" atly kitabynda 1994-nji ýylda Süleýman Demreliň türkmen habarçylary bilen bolan duşuşygynda Osmanly döwletine türkmen döwleti diýip belländigi barada beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu makala damarynda türkmen gany aýlanýan her bir ynsan tarapyndan halanmaz.
Onsoňam şu makalany ýazanlaram ýazyjy, taryhçy bolsa-da, özi adam. Adamlar bolsa, her hili häsiýetde bolýar. Belki, bu makalany ýazanlar Osmanly döwletini garalamak niýeti bilen ýazan bolmaklygam ähtimala. Osmanly döwleti gülläp ösüp, beýik imperiýä derejesine ýeten döwlet. Beýik derejelere ýetenleriň bolsa, duşmany kän bolsa. Çünki, adamyň tebigy ýasalyşy şeýle. Adam, hiç bir adamyň, hiç bir döwletiň özüniňkiden öňe geçenini islemeýar. adamlar durmuşy öz oýunjagyna öwrüp, durmuşy her hili edip oýnaýar. Belki, Osmanly döwletine-de, şu niýet bilen töhmet atylandyr. Çünki, adamlar durmuşy öz oýunjagyna öwrüp, durmuşy her hili edip oýnaýar. Durmuş hakykatyny anyk bilýän adam ýok.

0
5 Batyr04   [Материал]
@Beg, @edebiyatteswiri, bulara gulak gabartmañ, ynanmañ!!! muñ ýalaky makalalar messepsizlerden, iýen duzuna s*****lardan çykar, häkimeti ellerine geçirip yzyanam özleri atababasyna,, Türki TÜRK edene munça gara sürtüp bilen bolsalar Muny köpcülige gypynçsyz ýetirip bilen bolsalar gep osmanlyda däle meñzeýär. Aşyñy iyip tabagına s***** mahluklar bylardyr

1
3 BEG   [Материал]
Özbegiň habarlaryny diňläp gör azyndan aýda iki gezek Türkiýä jelepçilige gyz ugratjak bolup tutulýanlar barada aýdýalar. Indi şoň üçin Türkiýe kanunundan kemçilik gözlemek dogry bolmaza. Osmanly bolmasada adamlar azgynçylyk edip ýörler.

1
2 BEG   [Материал]
Osmanlylar meñ dädem däl ilki şuny aýdaýyn. Ýedi puşduma çenli köşkde işlänem ýok. Ikinji Osmanly protokoly Hanefi mezhep kagyz ýüzündede bolsa. Şonuň üçin kanunda halal hasaplanmagy mümkin däl beýle zatlar hakykatda edilsede. Onsoňam kimiň ýazany möhüm diýip aýtdyma taryhy. Türkiýeli taryhçylar köplenç tarapgöý taryh ýazýalar. Osmanlynyň tarapyny tutýanlar Atatürke erbet işleri etdi diýip ýazýanlaryny menden gowy bilýänsiň. Içgiden bagry zaýalandy ýada AIDSden öldi ýaly gürrüňler aýdyp özleriçe delilem getirýäler.
Şonuň üçin radikal syýasy garaýşy bolanlaryň ýada häkimýet bilen oňuşmaýanlaryň ýazanlary ynamdar çeşme bolup bilmez.
Osmanly emeldarlarynyň tarapyny tutamok. Osmanly kanunynda şeýle zatlaryň halal saýylanny inkär edýän. Ýagny bu zatlaryň öňüni almak üçin şol wagtdaky kanundada jezalar bardyr edilmesede. Osmanly adalgasyny masgaralamak dogry däl diýýänim dädeleriniň ýagşy-ýaman hemmesini bir aýakdan sürýäler. Mysal üçin Mustafa Kemal osmanly harby mekdebinde okan we birinji jahan urşuna gatnaşan osmanly serkerdesi diýsek dogry bolýara. Hakykatdanam Mustafa Kemal osmanly.
Dädeňe sögmek sözüni Ependi üçin ulanypdym pahyra töhmet atmaly däl eken.

-1
1 Gökböri   [Материал]
@BEG gardaş, şularam okasana. Soñ "dädeñe sögmek" beylede dursun, "dädeleñ" ýedi puşduna gargaberesiñ gelmezmikä? :))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]