08:04
Ojak oýlanmasy
OJAK OÝLANMASY

Kerkawderäň çeşmesiniň başynda
Oturyp çay içdim gara tüňçeden.
Şirin owazyny diňläp çynaryň,
Hem suwa batyryp iýdim külçeden.
Atam synlan daglaryny synladym,
Meýmiredim müň ýaş arça astynda.
Atam ýören gaýalardan ýöredim,
Käkilikleň gezmedim men kastynda.

Ýadymda ir bilen ojak başynda,
Üýşüp çaý içerdik köze çoýunyp.
O döwürden, näme, müň ýyl geçipmi?
Dur bu gün ojagyň ýeri oýulyp!

Maşyn geçse tos-tozana öwrülen,
Onuň ýaşan köçesini ýatladym.
Ýöne weli atam elleri degen
Tünegini, keçesini tapmadym...

21.09.2019.





Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
«Как мы чисто...» / Goşgular - 24.01.2022
Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
Eje / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Материал]
Allaýar aga ömrüniz uzak bolsun! Gowy goşgy. Biziñ herimiziñ ojagymyz bu beýik Watanymyzyn başlangyjydyr.

0
1 Mähriban   [Материал]
Gowy goşgy. Sag boluň!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]