21:55
Oguz hanyň ýeňişleri gaýalarda oýulyp ýazylandygy hakyndaky tapyndy
OGUZ HANYŇ ÝEŇIŞLERI GAÝALARDA OÝULYP ÝAZYLANDYGY HAKYNDAKY TAPYNDY

Demirgazyk Hytaýda içki Mongoliýanyň Özerk welaýatynda 2000 ýyllyk gaýa oýuklarynyň antik astronomik çeşmeleridigi öňe sürüldi. Edil fantastika ýaly bolup görünýän ylmy çaklamalar dogry bolsa oýulyp ýazylan ýazgylar efsanawy Türkmen hany Mete hanyň uly ýeňişler gazanandygy hakynda barýandygyny alymlar belleýärler.
Arheologlaryň aýtmaklaryna Mete hanyň beýik ýeňişleriniň yzlary tapyldy. Çaklamalar fantastik görnüşde, ýöne ylmy tarapdan tüýs bellemeli zatlaryň biri hem şol bolsa gerek!
Köpüsi Gunlylara (Hunlar) degişli bolan gaýadaky suratlar bilen meşhur Ýin daglarynda iki ýyl öň müň metrlik giňişlikde gaýalara oýulyp ýazylan 5 dürli oýuk ýazgylar bilermenleriň ünsüni çekdi.
Arheologlaryň iki ýyla çeken gözleglerinden soňra Mongoliýanyň Özerk welaýatyndaky gaýalarda oýulyp ýazylan harplaryň manysy ýüze çykaryldy. Oýuklaryň Wenera, Ýupiter, Merkuriý, Mars we Saturn planetalaryny görkezýändigi öňe sürüldi.
Ylmy tezi, dogry bolsa planetalar bilen baglanyşykly bu oýuk ýazgylar Gunlylaryň açandygyny görkezýär.
Hytaýça neşir edilen Xinhua sitesiniň habarlarynda ýerleşdirilen maglumatlara görä 2 ýyllap üstünde işlenilýän dagyň gaýalaryndaky ýazgylar 2000 ýyllyk bolup, özem astronomik aňlatmalary öz içine alýandygy bellenilýär.
Içki Mongoliýanyň Normal Uniwersitetiniň arheologily Wu Žiajai bu etrabyň paýtagty Huhhotdaky (Hohhot) Ýin (Ýinşan) daglaryndaky Moorstone gaýalarynda müň metrlik giňişlikdäki bu ýazgylary 2015-nji ýylda açypdy.
Oýulyp ýazylan ýazgylaryň ululygy 6 santimetr bilen 10 santimetrler aralygynda oýuklaryň çuňlugy bolsa 2 santimetrden 7 santimetre çenli üýtgeýärdi. Ylmy-gözleg topary oýuklaryň tötändenmi ýa adamyň eden işlerimi muny bilmek üçin üstünde işlediler. Soňra adamzadyň eseridigini bilenlerinden soňra, bu ýerik näme üçin şeýle ýazgynyň möhüm ýazylandygyny bilmäge synanyşdylar.
Mikro-erozýon usuly bilen oýuklaryň b.e.öňki 475-nji ýyl bilen b.e.öňki 221-nji ýyllar aralygynda belgilenen b.e.öňki 475-nji ýyllar bilen b.e.öňki 221-nji ýyllar aralygyndaky Hytaýdaky Döwletler söweşleriniň soňlanan wagtlaryndaky döwürlerde oýulyp ýazylandygy açyga çykaryldy.
Oýuklar Wenera, Ýupiter, Merkuriý, Mars we Saturn planetalaryny suratlandyrýar. Arheologlara görä oýuklaryň arasyndaky uzaklyk bäş planetalaryň b.e.öňki 204-nji ýyldaky takmyny nazara alynypdyr. Hatda oýuklary açmak üçin ulanylan gaýalaryň reňk we beýleki aýratynlyklaryny nygtamak gerek. Meselem Mars gyzyl gaýa oýulypdyr, Merkuriý bolsa dere kenarlaryndaky daşlardan oýulyp ýazylypdyr.
Arheolog Wu Žiajaiýyň pikiriçe oýuklar atalary tarapyndan ýazylan astronomik ýazgylar. Bu ýazgylaryň taryhy bolsa Hiongnularyň (Hiong-nu, Hunlar) efsanawy lideri Modu hanyň (Oguz hanyň) 204-nji ýylda Hytaýlylary ýeňip dagyň eteginde doga eden ýylydyr.
Bu ýeňişden soňra Beýik Hun imperiýasy gurulypdy. Çaklamalar görä planetalary aýdyňlaşdyrýan oýuklar şol ýyldaky planetalaryň ýerleşişini görkezýär.
Wu Žiajaiýyň aýtmagyna görä ''Gunlar, häzirki Mongoliýanyň we demirgazyk Hytaýyň töwereklerindäki sähralyklarda ýaşaýan göçüp-gonup ýören kowumdylar. Imperiýalaryny b.e.öňki III asyrda gurupdyrlar we Mete han dinastiýasy döwründe (b.e.öňki 206- b.e.öňki 220) beýik ýeňişler gazanypdy.
Antik astronomik garaýyşlary çözmegimize kömek etjek oýuklar diňe planetalaryň 5-isini görkezenok, eýsem olaryň aýratynlyklaryny hem orta atýar'' diýdi.

Internet maglumatlary esasynda toplan we terjime eden:
Çarymuhammet SUGTYÝEW.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 104 | Добавил: Jeksparro | Теги: Çarymuhammet Sugtyýew | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
4 Tumarly   [Материал]
Meñ babam Oguzhandan maña has ýakyn

1
2 Haweran   [Материал]
Añrymyzy ýaşandygy-ýaşamandygy näbelli miflere baglanyşdyrman, halkymyzyñ we döwletimiziñ şu günlere gelip ýetmeginde hyzmaty bolan real şahsyýetlerimiziñ gadyr-gymmatyny bilsek bolmaýarmyka...

1
3 Jeksparro   [Материал]
Göwnüňe ýaramasa poz-da aýyraý...

1
1 Haweran   [Материал]
Bulam-bujar, añ bulaşdyryjy maglumatlar.
Kimler diýýär, "Oguz han 5000-6000 ozal ýaşap geçen legendar şahsyýet, türkmeniñ nesilbaşysy, pygamber", kimler diýýär "b.e.öñ 234-174-nji ýyllarda ýaşan we tagt ü.n öz atasyny öldüren hunlaryñ hökümdary Mode (Mete) han bilen Oguz han bir şahsyýet"...
(Haýsysyna ynanmaly?)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]