13:23
Obamyzyñ "tilkileri"
OBAMYZYÑ "TILKILERI"

Ondan-oña sümsünşip ýör,
Obamyzyñ "tilkileri".
Gazan gyzsa ymsynşyp ýör,
Obamyzyñ "tilkileri".

Her kime bir dil berýärler,
Güýçlülere gol berýärler,
- Başlyk jan - diýip, gün görýärler,
Obamyzyñ "tilkileri".

Başlygy görse bolany,
Hökman sözlärler ýalany,
Adam satýarlar ýamany,
Obamyzyñ "tilkileri".

Oñ sözüni oña ýelmärler,
Şeýtse olañ ýüki ýeñlär,
Gijelerine gapy diñlär,
Obamyzyñ "tilkileri".

Iş etmezler belli-külli,
Ýaltalykda ady belli,
Ýalan sözli, ýaman dilli,
Obamyzyñ "tilkileri".

Duşsañ yza tesmelidir,
Gatnaşygy kesmelidir,
Märekede masgaradyr,
Obamyzyñ "tilkileri".

Kändir eden-etmişleri,
Gutaranok "myş-myşlary",
Döwrümiziñ düş-düşleri,
Obamyzyñ "tilkileri".

Ata TÄZEBAÝEW.

"Tokmak" žurnaly, 1989 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Haweran | Теги: Ata Täzebaý | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Боль Вьетнама / Goşgular - 11.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Senem gidäýdiň / Goşgular - 13.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 7
0
7 Garayolly1936   [Материал]
Örän HAK aýdýaň, inim. Juda we juda dogry. Ýamanlyklary öz ýakalaryndan guýular enşalla. Hudaý diýip ýöräbereli. Rowan ýol biziňkidir nesip bolsa!

0
5 Garayolly1936   [Материал]
Tilkileriñ mugallymlary barde. Olaryñ seýsmik ojagy şu ÿerde, inim. Garañky burçdan atyarlar.

0
6 Haweran   [Материал]
Olar hemişe, hemme ýerde bardy (bolarlaram, tebigatyñ kanuny-da bi), agam. Hemişe üýrüp, çyñsap geldiler (Hudaýa şükür, kerwenimiz haýallyk bilen ýol aşsa-da ýetmeli menziline ýete-ýete geldi).
Hemişe garañka bukulyp kesek atdylar, hemişe asmana tüýkürdiler (öz ýüzlerine düşdi), mydam aýakdan aslyşdylar, bilenleri-bitenleri gep-gybat, myjabat, töhmet boldy... ahyrynda özleri il masgarasy boldular.
Ýaşlyk edip, ilki olara jogap berjegem boldum... Degmeýän eken. Olary Allanyñ özi düzetmese düzetjek güýç ýok. Suraý şahyrymyz diýýär-ä:

"Bahaňy wagt kesgitleýär,
Biweçleň, azgynlaň sözün
Diňlemesemem boljak eken.
Olary Alladan başga
Hiç kim düzetmejek eken..."


Gaýtam, jogap berseñ, olar bilen agzyñy deñeseñ öz abraýyña şikes ýetýän eken.
Bilenlerinden galmasynlar. "Suw akar, daş galar". Biz ýagşylygy ýaýaly, biz gözelligiñ waspyny edeli, biz şeri ýazgaraly. "Ýagşydan at galar, ýamandan set". Barmysyñyzam diýme, agam. Şeýtmegiñ bir lezzeti bar eken, walla, indi-indi bilýän munyñ hezilligini.

0
4 Haweran   [Материал]
Siz ýaklarda-da "tilki" kän öýdýän, Şyhmyrat aga. Janyýangynlyrak ýazýañyz welin... :)

0
3 Garayolly1936   [Материал]
Meçew berer gybat-gepe,
Iller saga-olar çepe,
Etmişleri depe-depe
Obalaryň ,, tilkileri".

0
2 Garayolly1936   [Материал]
Özi üçin dostuny, haýyn,
Oda itermäge taýyn,
Garaňkyda gezär ýaýyn
Obalaryň ,, tilkileri".

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Tama bilen saýrar dili,
Para ýükli gülli eli,
Indi hasam tejribeli
Obalaryň ,, tilkileri".

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]