04:48
Obamyň säheri

OBAMYŇ SÄHERI

Holha Gün oýandy, oýandy goja,
Ördi çagajyklar, ak saçly eje.
Balarylar gerinipjik oýandy,
Däli şemal yranypjyk oýandy.

Serçejik oýandy garnyny sypap,
Baglary oýardy ýüzüni ýelpäp.
Güllerem oýandy owkalap gözün,
Pişikler oýandy suw sepip ýüze.

Goýunlar mäleşip-mäleşip turdy,
Sygyrlar uzy:ndan molaşyp turdy.
Äwmezek gazlaram oýandy pallap,
Gumry gondy telärmize pelpelläp.

Horazlar gygyrdy:
"Gyýw-oýan-u-u-u " diýýän deý,
Eziz obam, oýanşyňy söýýän, heý!
Ýalta köpegmizem turdy iň soňky,
Gije-de ýatmandyr, iň kyny şoňky.

Leýlisaçlar saçlaryny darady,
Salamly söwütler başyn yrady.
Jykyr-jykyr edip çeşme oýandy,
Otlarda çyg Gün düşdü-de oýandy.

Her kişi öz aýdymyna başlady,
Janypkeş Gün şat säheri buşlady.
Ýaňlanýar bu ýerde säher aýdymy,
Ýerine ýetirýär: mähriban obam!

Ýaplaň suwly, çilleň çaýyrly bolsun,
Ör, obam, ertiriň haýyrly bolsun!
2014 ý.

♢ gurjajygym

Meň mähriban gurjajygym
sen neneň gowja
gürläňogam
aglaňogam
mydama ýylgyryp ýörsüň
buterbrod iýjekmi
al noş bolsun
ýa gül ýüpek geýjekmi
baş üstüne
o saňa gowy gelişýär
markete gitjekmi
ynha kartym

DIŇE GÜRLEMESEŇ BOLÝAR!

♢ NÄME , AGLAMALY DÄLMI?

Näme, aglamaly dälmi?
Geçenlere öküneňde,
Eden işiň paşmasa,
Nägile däl duşmanlardan
Söýenleriň daşlasa,
Düşünmeseler dünýäňe...
aglamaly dälmi?

Aglamaly dälmi?
Gara bulutlar aşak düşjek-düşjek bolanda,
Otly sözler kalbyňy deşjek-deşjek bolanda,
Hyýal göçjek bolanda,
Umyt öçjek bolanda
aglamaly dälmi?

Näme, aglamaly dälmi?
Ýöremeseň aňsat ýoldan,
Başlasaň noldan,
Içiň kesik-kesik bolsa,
Garaz utulsaň
aglamaly dälmi?

Aglamaly dälmi?
Ýyl yzyndan ýyl gelse,
Aý yzyndan aý gelse,
Çaýkanyp duran kalbyň
egismeli dälmi eýse?

Aglamaly dälmi?
Ýarygije oýanaňda
Gum gysymlan ýaly bolup,
Kalbyň lerzana gelende,
Elewräňde
Ýüzüň tutup gaýalara . . .
aglamaly dälmi?

Gözýaş - ejizlikmi ýa-da...
..Käte käýäninde ejem
gysyp içim,
ezip saçym,
burça geçip...
. . . aglaýan . . .
Näme, aglamaly dälmi?

Suraý BABANYÝAZOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/4
Всего комментариев: 10
0
10 Revo   [Материал]
"Obamyň säheri" goşgy örän gowy bolupdyr. Agzalaryň agzaýşy ýaly multifilm sužetli, käbir ýerinde "Bembi" multfilmindäki ýangyndan soňky tebigatyň oýanşyny ýadyňa salýan sužet şekillendirilýän ýaly bolsa, başga ýerinde, başga bir multfilmden şekilli görnüş göz öňüňde janlananyny duýman galýaň.

"Balarylar gerinipjik oýandy,
Däli şemal yranypjyk oýandy."

"Serçejik oýandy garnyny sypap,
Baglary oýardy ýüzüni ýelpäp."

"Ýalta köpegmizem turdy iň soňky,
Gije-de ýatmandyr, iň kyny şoňky."

Şular ýaly setirler siziň synçylygyňyzyň, üns berijiligiňiziň, diň salşyňyzyň, hemde, fantaziýasyň ösenligini subut etýär. Goşgyda iň gowy gören setirimem belläp geçeýin.

"Her kişi öz aýdymyna başlady,"

"Her kişi öz işine başlady" bolmaly sözlemi, "Her kişi öz aýdymyna başlady" diýip, ynsanyň gündelik ýaşaýyş üçin, aýakda galmak üçin, alyp barýan hereketini (ýada söweşini), bir sözüň üsti bilen adam aňynyň kabul edişinde super obsolýut položitel herekete çöwrüp bilipsiňiz. Berekella goşgyňyzy haladym. Esassanam goşgyňyzda ähli personažlaryň oýanyşyny haladym. Müdimilik ukyda ýatandan, oýanan ýagşy diýýärin. Okaýjy hökmünde baha bermeli bolan bolsam, arkaýyn, uly ynam bilen, goşgyňyza dok dörtligi goýardym. Döredijiligiňizde üstünlik!

1
9 Bagabat   [Материал]
Eger-walla, çypbakaý-çynym, şuny okadym:
Ýalta köpegmizem turdy iň soňky,
Gije-de ýatmandyr, iň kyny şoňky.

Şeý diýdim:
"Haýtjana! Gör muny eden bolan bolaýyşjygyny!".
Şu setirler bilen tamamlanan "gurjajygymy" okap bolsa:
"DIŇE GÜRLEMESEŇ BOLÝAR!".
Birinjiden-ä "Sygmajak ýerine sokulýan "ädikçi" däl ekenim! Bilipdirin! Şygryň tebigaty, zanny üýtgeýä!" diýip, begendim, guwandym.
Soňam içip gysyp başlady. Çynym bilen şeý diýdim:
"Garraýaň. Tozana garyldyň. Öňem-ä süýrenip ýöň. Inni nädip yzlarynnan ýetjek? Uwf! Ýene-de üýtgemeli, üýtgetmeli. Eýýäm näçinji gezek. Ýadadym..."

0
8 Myhman0430   [Материал]
men-ä üçüsinem haladym.

obaň säheri, birhili, multik görüp duran ýaly edýä welin, men multik görmänem gowy görýändä.

gurjajygyň iň soňky setiri bet. oňa derek aglamaly dälmiň birinji bendi has super. galan ýerem gowy.

0
7 mango   [Материал]
aglamaga (hem duşmanyňy söýmäge) gowy sebäp eken şu:

Nägile däl duşmanlardan
Söýenleriň daşlasa,

0
6 mango   [Материал]
mähriban gurjajygym
gürleme
aglama
mydama ýylgyr

baş üstüne
iýseň - buterbrod
geýseň - gül ýüpek
(ýaşasaň - elitka)
markete gitseň - ynha saňa kart

ýeke islegim -
GÜRLEMESEŇ BO:R!

goşgyň-a işini gördüm, bagyşlaň.
ýöne gürlemeýän gurjak ýok.
buterbrod bilenem, gül ýüpek bilenem, kart bilenem... gurjaklary dymdyryp bolanok. :-)
gurjagyň ýaradylyşy şeýle :-)
---
goşgy gowy goşulypdyr.

0
5 mango   [Материал]
ir bilen şeýle pozitiw energiýa paýladyň, Suraý hanym.
minnetdar.
---
"OBAMYŇ SÄHERI" guýgulydan-сказочный.
menem täsirlerimi paýlaşaýyn:
"Holha Gün oýandy, oýandy goja" - diýeňde içimden signalizasiýa gygyryp başlady.
gün we goja. ikisem oýanýar. biri jansyz beýlekisi janly. nädip ikisinem oýanýar?
goja we gün, ikisem deňdirmi? ýa goja uludyr gündenmi? ýa adamzat tebigatyň aýrylmaz bölegimi... diýen ýalyrak pikilendim, soň: ýeri, bolýa ertekide her zat bolup biler, hany yzyny göreli -diýip okamaga dowam etdim.
soň... jadyly obasyna aýlandyk.
edil ertekid-ä: balarylar gerinýär, däli şemal yranýar, serçejik garnyny sypýär, baglar ýüzüni ýelpeýär, güller gözüni owkalaýar, pişikler ýüzüne suw sepýär, gazlaram pallaýär,..
beýle oba üçin ediljek arzuwam üýtgeşik bolmaly:

Ýaplaň suwly, çilleň çaýyrly bolsun,
Ör, obam, ertiriň haýyrly bolsun!


çaýyr, çaýyr basmak (tutmak) umuman otrisatel simwolam bolsa bu goşguda ajaýypdan geň eşdilýär, (çaýyr bilenem gutlasaň boljak eken) ...çilleň çaýyrly, ertiriň haýyrly bolsun, obam! (gül bilen gutlandan has beter ýerine düşüpdir).

Leýlisaçlar saçlaryny darady,

bu welin öň aýdylan, eşdilen zat bolansoň... kelläni goşgudan çykaryp başga ýerlere äkitdi.

üstünlikler.
döredijiligiňiz tapawutly.

0
3 Aksary   [Материал]
Bagyşlañ öñkileriñiz ýaly däl.

-1
4 Hаwеrаn   [Материал]
Baýgeldi, haýsysy, nämesi, niresi? Formasymy, stilimi, çeperçiligimi, dilimi?... Kemçilikli we üstünlikleri ýerleri? "Öñkülerden" gowy hasaplanlaryñyzdan birki bent mysal we "öñküllerçe" görmedik ýeriñizden deñeşdirmeli birki bent mysal?
Şu zatlar barada gürrüñ etsek, goşgularyny paýlaşýanlar üçinem, beýlekiler üçinem peýdaly bolmazmy?

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
"Gurjajygym" goşga diýsene.. ))

1
1 Gumlygelin   [Материал]
Sag bol Suraýjan.Oýanamda bu gošgulary okap oýandym.
Eliñe güller bitsin uýam!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]