21:50
Obadaşyma
OBADAŞYMA

(D.Ý. ba­gyş­lan­ýar).

Nesibe uýany nirä çekse-de,
Biz şol sada ilden bölünen parça.
Gapyňa söýendim göwün çökdi-de,
Gel, bir golumy gys obalylarça.

Göwnüne meýdanlaň giňligi siňen,
Ýatlaly nurana atalarmyzy.
Kaşaň jaý däl, şu çaň basan köňülden,
Çykan söhbet ýagşa atarar bizi.

Saklanyp durmuşa atygsamakdan,
Ýada salyp ini-agalygmyzy.
Gel, gürrüň edeli atyzlar hakda,
Bizden alyp galan çagalygmyzy!

Şatlyk-gamy des-deň ikä böleli,
Soňa goýup galan işleň möhletin.
Men obamyň şäherdäki bölegi,
Yzlap geldim seniň sada söhbediň.

Mätgurban MÄTGURBANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Aksary | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Senmi, gülmi? / Goşgular - 30.01.2022
Инквизитор / Goşgular - 24.01.2022
Diýmedim-ä... / Goşgular - 02.02.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
“Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa...” / Goşgular - 31.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Şygyrlar çemeni / Goşgular - 22.02.2022
Keçjal / Goşgular - 18.02.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]