00:10
Oba goşgulary
OBAMYŇ ERTIRI

Aladaňdan başlanar
Obamyň hysyrdysy.
Göwnüň götär guşlaryň
Gumrulaň pasyrdysy.

Ertir çaýyn içmedik
Sürädir goňşyň ýüzi.
Ömür işden gaçmadyk
Ene saýgylar ýüňi.

Birmeýdan dym-da otur,
Düşünersiň pelege.
Dutaryň hoş owazy
Ýakymly ge:r gulaga.

Ot ýüzüne düşen çyg
Gelip aýagňa deger.
Saýaly, miweli bag
Başyny aşak eger.

Garagolja pişikler
Gaýdyp dur-a kejime.
Gölämiziň bolanyn
Buşlaýyn men ejeme.

Gel, gelneje, kän durman
Palaslary kakaly.
Uçup barýan, ak durnam,
Görmediňmi kakamy?!

Garagolja jigilem,
Hany haýdaň mekdebe!
Beýlä bakmankaň geler
Tümler, günler, hepdeler.

Jan aýalman işlener,
Öz düzgüni, tertibi.
Ine, şeýle başlanar
Meň obamyň ertiri.

2019 ý.

♢ OBAM - TUTUŞ DÜNÝÄM

Gujaklasam otlary,
Bägülleri ogşasam.
Tawus guş deý ýöresem
Ýaşyl haly – zeminde.
Eneleriň ýoluna
Ganatlarmy düşesem..

Ajy derim çykaryp
Ölüp-öçüp işlämsoň
Guzy bolup uklaryn
Döwüm nany dişlämsoň.

Owarram kütek orak
Kesip galsyn elimi.
Gaty ýylgyrýan Günem
Gepletmesin dilimi.
Bolman geçsin aşygmyň
Ýokary bilimi.

Käte iýip ýetişmän
Ertirlikde şülämi.
Daňmaly bor kowalap,
Boşap galmyş gölämi.
Näme, durmuş mydama
Arzuwlara görämi?

Pyýadalaň maňlaýna
Bagt bolup ýelmeşsem.
Giňgöwrüm asman bilen
Yşk hakynda sözleşsem.
Gyjyklasam guşlary,
Şemal bilen elleşsem.

Obam – meň tutuş dünýäm.
Jöwzasynda yssylap,
Aňzagynda gagşasam.
Şükürim kän täleýe,
Gujaklasam otlary,
Bägülleri ogşasam...

♢ OBAM

Gyz ýaňakly almalaryň,
Gök çabytly salmalaryň,
Ýaş gelin deý selmeleriň,
Arşa ýetýän galmagalyň..,

Eşigne ak tozan siňen,
Eli garaýaga çümen
garaýagyz traktorçyň,
Alabaýa otur diýýän
Şerçi ýeňňem kybap gürjüň,
Pagtasy özünden agyr,
Ýüzi pagtasyndan agyr
kärendeçiň,
Dünýäni dünýäň tizliginde
kowalaýan mellek goňşym,..

Kebelegiň,
Gülälegiň -
Olaň-a baram meniňki.

Utopiýa bermejegim,
Görewersin görübilmejegem!
Waspyn etdigim entägem
Sadagasy gitdigim
Obamyň ýüzden birjigi.
Taňry myhmany bolana
Açyk obam - öýüm - galam.
..Toba, "oba" diýer ýaly
Sen näme "oba"-my, OBAM!

Suraý BABANYÝAZOWA.




Категория: Goşgular | Просмотров: 127 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

“Kalbymy howaýy otlamadym men...” / Goşgular - 06.04.2021
"Siz" diýme maña... / Goşgular - 11.02.2021
Gysgajyk goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Gel! / Goşgular - 10.02.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Arzuwlarmy gözleýärkam / Goşgular - 23.05.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021



Всего комментариев: 16
0
16 Mähriban   [Материал]
Jemi goşgulary sorapsyňyz welin, gynansamam, köplenç depdere ýazamsoň, heniz hemmesini elektron görnüşe geçirip ýetişmedim, bagyşlaň! Okaýanyňyz üçin köp sag boluň!

0
15 Alaýabyly   [Материал]
Awtoryň jemlenen goşgulary ýokmuka? Eger bar bolsa iberip bilmezmikä?

0
13 Bogdankdr   [Материал]
Can I contact Administration?
I'ts important.
Thank.

0
Şy ýigit kän sorady seni. Sergezdanchigi soña goýda hä diý şyña:))

0
12 Bogdanzba   [Материал]
Can I contact Administration?
It is about advertisement on your website.
Regards.

0
11 Bogdanmgg   [Материал]
Can I contact admin??
It is about advertisement on your website.
Regards.

0
10 Bogdankdr   [Материал]
Where is moderator??
I'ts important.
Regards.

1
8 mango   [Материал]
"OBAMYŇ ERTIRI"-nde: "Ertir çaýyn içmedik / Sürädir goňşyň ýüzi" diýip ertirligini edinip bilmedik çopanyň gürrüňini etse, "OBAM - TUTUŞ DÜNÝÄM"-de ol waka öz başyndan geçýär; "Käte iýip ýetişmän / Ertirlikde şülämi" - ertirligi ine-gana iýip bilmezlik. diýmek bu zatlary Suraý hanym hem synlaýar, hem ýaşaýar.
oba bolsa - iş bo:rda, iş bolsa-da agşama agzyň çörekli uklamak....
ajaýyp suratlandyrma:

Ajy derim çykaryp
Ölüp-öçüp işlämsoň
Guzy bolup uklaryn
Döwüm nany dişlämsoň.
----
"göleli" ýerinem belläp geçmek isleýän. :-)
"OBAMYŇ ERTIRI"-nde Suraý hanymlaryň göleleri bolýar, resmi dilde aýtsak munuň şeýledigine aşakdaky setirlerde öz beýanyny tapýar: "Gölämiziň bolanyn / Buşlaýyn men ejeme".
"OBAM - TUTUŞ DÜNÝÄM"-de ol göle eýýäm ulalyp, Suraý hanyma iş bolýar: "Daňmaly bor kowalap / Boşap galmyş gölämi".
---
heme goşulary haladym. esasanam "OBAM"-y.
agaň bilen ýeňňeňi alabaý bilen gürjiň aňyrsynda gizlän bolşuňy (ýylgyryp) haladym...

Alabaýa otur diýýän
Şerçi ýeňňem kybap gürjüň,

gürjüň alabaýa jöw-jöwlemesi göz öňüme gelýär. :-) "şerçi" "gürjüni" hasam güýçlendiripdir.
---
mundan gowy nädip aýtjak, kärendeçiň halyny?
ýeňil pagtaly agyr ganar, ganaryndan agyr ýüzünden soň, onuň durmuşynyň ölçegi özüňize galsyn...

Pagtasy özünden agyr,
Ýüzi pagtasyndan agyr
kärendeçiň,

jemlän bolşuňada biri aýtmyşlaýyn "haýtjana!"

..Toba, "oba" diýer ýaly
Sen näme "oba"-my, OBAM!
---
hezil etdim.
minnetdar.
üstünlikler Suraý hanym.

1
6 Aksary   [Материал]
Toba, "oba" diýer ýaly
Sen näme "oba"-my, OBAM!

Gök çabytly salmalaryň,

Ine şular hasam gowy bolupdyr

0
4 Bagabat   [Материал]
Bäh!
Şu ýeri hasam üýtgeşik ekeni:

Gel, gelneje, kän durman
Palaslary kakaly.
Uçup barýan, ak durnam,
Görmediňmi kakamy?!

Ýene-de şu taýy:

Owarram kütek orak
Kesip galsyn elimi.
Gaty ýylgyrýan Günem
Gepletmesin dilimi.
Bolman geçsin aşygmyň
Ýokary bilimi.

Käte iýip ýetişmän
Ertirlikde şülämi.
Daňmaly bor kowalap,
Boşap galmyş gölämi.
Näme, durmuş mydama
Arzuwlara görämi?

Berekella!

1
Gövne ýetmek kynlaý ýaman

1
5 Aksary   [Материал]
Men haýran saña

1
Maña hayran galar ýaly name boldy?

1
9 Aksary   [Материал]
Şahsyñyza ýazdym.

1
Bir uçjak uçjak bolýan ýaly da

1
1 Mähriban   [Материал]
Haweran, bir ýalňyşlyk gitdi öýdýän. Täzeden goýa:ýyn.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]