00:36
Oba
OBA

Köwlenýär Jeýhunyñ ruhy
Mahal-mahal bu ýerlere.
Guwduraýar gidýär ýeller
Ysyrganyp buýanlara.
Aryklaryñ güzerinde
Epesiñ gelýär dyzyñy.
Hatarlardan öwsen ýeller
Getirýär toýun ysyny.
Buýsançly kükreýär suwlar,
Buýsançly guşlaryñ sesem.
Ýok başga bir üýtgeşiklik,
Men şu ýerde diýäýmeseñ.

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Сжала руки под тёмной вуалью... / Goşgular - 09.04.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Aşyklar deresi / Goşgular - 08.02.2021
Dost / Goşgular - 25.03.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
Hudaýberdi goşgusynda ýele iki iş etdiripdir.
ilki: Guwduraýan (guduraýan) ýeller buýanlary ysyrganyp (ysgap) gidýär.
soň: Hatarlardan öwsüp toýun ysyny getirýär.
owadan, goşgy.
Hudaýberdiň inçelikleri duýup bilýän kişiligi bar eken.
üstünlikler.

0
1 sabyrly   [Материал]
Köňlüm Jeyhun deý köwlenip gitdi.
Sag bol, awtor!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]