00:49
Ýar gelmedimi bu ýere?
ÝAR GELMEDIMI BU ÝERE

Mukamdan seri ýadap,
Tar gelmedimi bu ýere?
Aýt, söwüt, meni idäp,
Ýar gelmedimi bu ýere?

Eý, adam, dowla düşen,
Tur hany bili guşan,
Ol Muhammetden düşen,
Nur gelmedimi bu ýere?

Syrymy ilden gizleý,
Derdimi kime sözleý,
Namysy gözleý-gözleý,
Ar gelmedimi bu ýere?

Goraglap ýelden-ykdan,
Taňry bar edip ýokdan,
Meni asmaga gökden,
Dar gelmedimi bu ýere?

Ýol tapmadym, tapmadym şan,
Bolup munda bir gury san,
Kengan ezizi Ýusup jan,
Zar gelmedimi bu ýere?

Gülemde günde erän,
Aglamda meýlis guran,
Gara maňlaýa syran,
Gar gelmedimi bu ýere?

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Nurdan | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Pero   [Материал]
Şähribossan genje gowy ýazýa. Özi ýaly adam adaty däl :) Aýal dogan paýlaşanyña sagbol!

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Tasirli goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]