12:37
Nuhuñ eýýamy
NUHUŇ EÝÝAMY...

Biz Allatagalanyň eradasy bilen dünýä giç geldik. Taýyn aşyň üstüne geldik. Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, «çeşmesi içilmiş laýa sataşdyk». Birentek alymlaryň diýeni bolanynda bize çenli eýýäm dünýäde ahyrzaman bolup geçmelidi. Ýadyňyzda bolsa, hut geçen ýyl hem Ukrainada dünýäniň žurnalistlerini ýygnap bir är-heleý ahyrzamanyň başlanjak gününi, sagadyny aýdyp Şeýtan tomaşasyny kyldy. Müňlerçe žurnalistler Ukraina üýşdi, garaşdylar, emma Ysrapyl suruny hem çalmady, asman inip, Ýer göge-de galmady. Diňe ýalan pygamberler türmede gözlerini açdylar...
Ynha, biz şu gün 1998-nji ýylyň 25-nji maýy diýip sene ýazýarys. Ol senäniň haçan başlananyny hem bilýäris. Häzir dünýäniň bir entek ýurtlarynda ulanyşda bolan Grigorian senesi Isa pygamberiň doglan gününden bärki ýyl hasabyny ýöredýär, hut şondan bärki döwre-de biz «täze eýýam» diýýäris. «Biziň eýýamymyz» diýýäris. Ondan öňki döwre «Biziň eýýamymyzdan öň – b.e.ö.» diýen belgijigi goýup ýylyny ýazýarys. Biziň eýýamymyzdan öňki eýýama, haýran galaýmaly, tersine sanalýar. Biziň ýyllarymyz ýyl geçdigiçe könelýär, b.e.ö. eýýamda bolsa ýyl geçdigiçe ýyl ýazgysynyň umumy hasaby kemelip gidip otyr.
Metbugatda Grigorian ýyl hasaby bilen birlikde hijri ýyl hasabyny hem berýärler. Hijri ýyl hasabynyň Muhammet pygamberimize mekgelileriň pygamberlik etmäge halys rugsat bermäninden soň ata watanyny terk edip meslekdeşleri – täze musulmanlar bilen Medinä göç eden pursadyndan sanalyp başlanandygyny her bir musulman bilýär.
Görnüşi ýaly, Grigorian ýyl hasabam, Hijri ýyl hasabam ýaňy başlanypdyr. Taryh üçin ol düýn-öňňün bolýar. Oňa çenli näme?
Horezmiň Kät şäherinde doglan, bütin ömrüni ylma bagyşlan, gaýy türkmenlerinden bolan beýik soltan Mahmyt Gaznawynyň ganatynyň astynda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge, dünýäni aýlanyp görmäge göwün islän mümkinçiligini tapan Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet al Biruny ummasyz köpgyranly zehini bolupdyr. Onuň baş goşmadyk hem yz goýmadyk, açyş etmedik ylmy ýok. Ony bütin dünýä ykrar edýär. Ol Galileýden, Kopernikden, Brunodan dört-bäş ýüz ýyl öň Ýeriň şar şekillidigini, aýlanýandygyny, özem Günüň daşyndan aýlanýandygyny açan beýik alym. Ýaňky ady agzalan ýewropaly alymlaryň Birunynyň açan şol açyşyny açmak üçin nähili jebri-jepalara, sürgünlere sezewar bolandygyny, hatda Brunonyň şol açyş zerarly oda ýakylandygyny bize mekdepde okadypdylar. Arman, ol beýik alymlar açjak bolup depip-dyzap duran gapylarynyň bir zaman açylandygyndan bihabardylar...
Asman ylmy bilen meşgullanýan Biruny «Geçmişdäki nesillerden galan ýadygärlikler» (Daşkent, 1957 ý.) eserinde: «Bir okumyş adam menden halklaryň ulanýan ýyl hasaplary, olaryň biri-birinden düýpli aýratynlyklary aý, gün, ýyl kalendarlary haçan ulanylyp başlandy» diýip sorady» diýip ýazypdyr.
Biruny ýigrimi ýedi ýaşynda ýokarda ady agzalan kitabyny ýazyp, onda grekleriň, rimlileriň, parslaryň, sogdylaryň (suhtylaryň), horezmlileriň, koptlaryň, ýewreýleriň, gadymy araplaryň ýyl hasaplarynyň taryhyny jikme-jik beýan edipdir.
Dünýäde örän köp ýyl hasaplary bar. Köp halklar özleri üçin wajyp bolan bir senäni ýylbaşy edip alyp, öz kalendarlaryny ýöredipdirler. Mysal üçin, Demirgazyk Koreýada köp ýyllap Kommunistik Partiýa hem Hökümete ýolbaşçylyk eden Kim Ir Sen öleninden soň onuň ogly atasynyň ornuna geçip, üç ýyl mundan ozal dörän Koreý halkynyň ýyl hasabyny Kim Ir Seniň doglan gününden sanap başlamagy resmi taýdan kanunlaşdyrdy. Häzir Demirgazyk Koreýanyň ýyl hasaby ýüz ýyla-da ýetenok.
Milada çenli bolan aglaba ýyl hasaplary hasaby «dünýäniň ýaradylan gününden» alyp gaýdýarlar. Olaryň iň gadymysy Wizantiýa, ýagny Bizais ýyl hasaby «dünýäniň ýaradylan güni» diýip miladydan öňki 5508 ýylyň 1-nji sentýabryny nazara alyp hasap ýöredipdirler. Wizantiýa hasaby boýunça şu güne çenli (5508 + 1998 = 7506) 7506 ýyl bolýar.
Palestina ýewreýleri bolsa «dünýäniň ýaradylan güni» diýip biziň eýýamymyzdan öňki 3761-nji ýylyň 7-nji oktýabryny hasaplaýar, şondanam öz kalendarlaryny alyp gaýdypdyrlar.
Gadymy grekler «olimpiýa eýýamy» diýip biziň eýýamymyzdan ozalky 776-njy ýylyň 1-nji iýulyndan öz kalendar hasaplaryny ýöredipdirler.
Gadymy babyllar «Nabonassar eýýamy» diýip 747-nji ýylyň 26-njy fewralyndan kalendarlaryny ýöredip ugrapdyrlar.
Gadymy rimliler bolsa «Rimiň düýbüniň tutulan güni» boýunça miladydan ozalky 753-nji ýylyň 21-nji aprelinden hasap alyp ugrapdyrlar.
Hijri senesi 622-nji ýylyň 15-nji iýulyndan 16-njy iýulyna geçilýän gijeden öz hasabyny ýöredip ugrady.
Garaz, dünýäde şunuň ýaly dürli ýerlerden öz hasabyny başlaýan kalendarlar köp.
Biz bolsa taryhy hakydamyzy ýitirip «Nuh eýýamyndan» bäri diýýäris. Beýik imperiýalary guran skifler, gunnlar, oguzlar, saklar, dahlar kalendarlary hakda bolsa bilýän maglumatymyz ýok, ol ertirki türkmen alymlarynyň işi.
Dünýäde uly imperiýalar döräp, uly şalar birnäçe döwletleri, halklary özlerine bakna edip başlanyndan soň, umumy ýyl hasabyna geçmek meselesi öňe çykýar, çünki basylyp alnan her döwletde ýyl hasaby, gün hasaby dürli-dürli. Dürli kalendaryň imperiýada bulaşyklyk döretjegi köre hasa.
Beýik rim serkerdesi, ýazyjy, döwlet ýolbaşçysy Ýuliý Sezar (102-44 ýý.) Müsüri basyp alýar, müsürlileriň Gün hasaby boýunça ýöredilýän kalendary onuň göwnüne jaý bolýar, sebäbi şol mahala çenli Rimde ulanylýan Aý-Gün hasabyndan ýöreýän hasap diýseň çylşyrymly bolupdyr. Şeýlelikde, ol ilkinji gezek kalendar reformasyny geçirýär. Ol kalendar «Ýulian kalendary» hökmünde müň ýyllap meşhur bolupdyr.
Eýse, biziň häzirki ulanýan Grigorian kalendarymyz haçan aýlanyşyga girdi? Katoliki ybadathananyň Papasy Grigoriý XIII 1582-nji ýylda ýörite komissiýa döredip, Perujy uniwersitetiniň mugallymy Luiji Lilio tarapyndan düzülen kalendary ulanyşa girizmegi karar edýär. Dessine katoliki ýurtlar – Ispaniýada, Portugaliýada, Belgiýada, Fransiýada hut şol ýyl Papanyň kalendaryna geçilýär. Sowet Russiýasy ol kalendara 1919-njy ýylda geçipdir.
VII asyrda araplar biziň topragymyzy basyp alanyndan soň biz gadymy hasabymyzy unudyp, kem-kemden Gün hasabyndan Aý hasabyna, öz sene hasabymyzdan basybalyjynyň senesine geçipdiris.
Aý hasaby – çarwa üçin bolýar, emma daýhan üçin, beýleki adamlar üçin kyn. Emma araba münseň arabakeşiň heňinde gygyrmaly bolýar.
Aý hasaby ýylda Gün hasabyndan on gün kem. Şonuň üçinem onda täze ýyl baýramçylygyny bellejek gümanyň ýok. Şeýle ýagdaý tä beýik soltan Mälik şa çenli dowam edipdir.
Seljuk şalarynyň öz neberelerine terbiýe berşi ýörite bir mekdep: ony bize jikme-jik öwrenmek gerek. Her bir seljuk çagasy şazada bolup dogulýar, emma olary her ugur boýunça imperiýanyň iň uly mugallymlary gije-gündiz okadypdyrlar. Şonuň üçin olaryň alym däli, şahyr däli ýok. Mälik şanyň şahyr bolandygyny, köp wagtyny köşkdäki alym adamlar bilen ylmy gürrüňler edip geçirendigini biz bilýäris. Seljuklar zamany ylmyň, medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň, saz sungatynyň iň beýik apogeýe galan döwri. Seljuklar döwletiniň uly şäherleriniň her biri ylmyň, bilimiň merkezi bolupdyr.
Beýik matematik Omar Haýýam Maru-şahu-jahanda ýaşapdyr, işläpdir, ömrüniň manyly döwrüni ol köşkde bolupdyr. Şol sebäpli Omar Haýýam biziň hem şahyrymyz, alymymyz.
Mälik şanyň tabşyrmagy boýunça Omar Haýýam yslamdan ozalky sene hasaplaryny, dünýä sene hasaplaryny öwrenip, ýaňadan araplaryň Aý hasabyndan Gün hasabyna geçýän kalendary düzýär hem oňa dostunyň, soltanyň hormatyna «Mälik şanyň jedweli» diýip at berýär.
Omar Haýýamyň kalendary iň kämil kalendar hasap edilýär. Dünýä ylmy ony ykrar edýär.
Häzirki kalendarymyzda 3300 ýyldan bir artyk gün peýda bolýar, eger dünýä Omar Haýýamyň kalendaryna geçse, onda 5500 ýyldan bir artyk gün peýda bolar! Mälik şa şol reforma bilen birlikde ata-baba däp-dessurlarymyzy hem dikeldýär. Nowruz baýramyny bellemegi resmileşdirýär.
Musulman dünýäsiniň sene kamary – Aý hasabyndan çykaýmak diýmek dilde aňsat, beýle diýmek segseninji ýyllarda SSSR-iň düzüminden çykjak bolmak diýmek ýaly bir zat. Emma Mälik şa zamanynda tutuş musulman dünýäsiniň paýtagty Maru-şahu-jahan! Hatda Bagdatda yslam tagtynda oturan halyfy iki sapar Maru-şahu-jahana göçürip getirýärler.
Hawa, Yslam dininiň sütüni, Yslam dininiň goragçysy ýaly titullary bar soltan üçin ol iş kyn däl!
Şeýlelikde, biziň ata-babalarymyz ýene Gün hasabyna geçip, täze ýyly 22-nji martda belläp ata-baba ýoluny dowam edýärler. Emma ýyllaryň geçmegi bilen şol hasap ýene bulaşdy. Hudaýa şükür, Garaşsyz döwlet bolanymyzdan soň biziň ilkinji Prezidentimiz Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow Nowruz baýramyny resmi suratda bellemegi kanun esasynda girizdi.
Nowruz baýramy – biziň ata-baba baýramymyzdyr, hakyky öz baýramymyzdyr! Ol käbir köpbilmişsireýänleriň diýşi ýaly «Kürt baýramy» däldir, ony öňem resmi baýram hökmünde kanunlaşdyran, soňam ony kanun esasynda baýram edip halka gaýtaryp beren türkmeniň iki sany beýik ogludyr. Jelal ad-Döwle Abul-Fath Mälik şa ibn Alp Arslan, ibn Dawut, ibn Mikail ibn Seljuk hem ilkinji Prezidentimiz Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowdyr!
«Togsan doldyny» türkmeniň täze ýyly diýip ýörenler hem bar. Türkmeniň gyşy 22-nji fewralda gutardy hasap edilýär. Bu çarwa hasaby. Türkmen gyşy çarwa halk üçin üç aýda tamamlanýar, emma türkmeniň esasy bölegi çarwa däl. Şonuň üçinem biziň Nowruz baýramymyz 21-nji martdan başlanýar. Skifleriň nowruz baýramyny edişleri hakda bir hasap hem bize ýadygär galypdyr.
1964-nji ýylda skiflere degişli bir gubury açýarlar. Ruslarda meşhur kurgan sözi uly depäni aňladýar. Şol depeleriň – kurganlaryň astynda bolsa beýik skifleriň serdary, hany, şuňa meňzeş görnükli alymlary jaýlanypdyr. Şol açylan kurgandan ok-ýaýyň bir sagdagy tapylýar. Ok-ýaý diýmegiň skifdigini biz bilýäris. Alymlary geň galdyran başga zat. Sagdagyň ýüzünde mähnet bir ýolbarsyň öküziň üstüne towsup durşy suratlandyrylypdyr. Bu detalyň simwolikasy ünsüňi çekýär.
Türkmenleriň häzirki territoriýasynyň üstünde mart aýynyň ýigrimi birinde bizi ata-babalarymyzyň Öküz – Oguz diýip atlandyran ýyldyz topary batyp başlaýar, onuň ornuna eset (ýolbars) ýyldyz toplumy görünýär. Muňa maldar skifler «Ýolbars öküzi iýdi» diýýän ekenler. Ýa-da «Öküz ýazlaga gitdi» diýýän ekenler. Şeýlelikde, skifler martyň sepgidinden durnalaryň ýoly bilen demirgazyga tarap mallaryny sürüp, belli bir ýere çenli mydama gök otda mal bakypdyrlar, soňam güýzüň öň ýanynda ýene ýurduna gaýdyp gelipdirler.
Çarwalar – skifler «Ýolbarsyň öküzi iýen gününi» – Täze ýyl baýramy, ýaz baýramy hasap edip uly toý tutup, ýazlaga bakan göç eder ekenler.
Çarwalar Öküz ýyldyzlar toplumy gideninde demirgazyga ýazlaga gidip, Öküz ýyldyzlar toplumy asmanda görnende hem gaýdyp gelipdirler. Ine, saňa beýik çarwa hasaby!
Maljanly skifler neneň onsoň özlerine ýol görkeziji ýyldyzlar toplumyna meşhur ady – öküz adyny, Oguz adyny dakmasynlar! Dünýäde täze ýyl baýramçylyklary gelşi boýunça hem dürli-dürli.
Bir gyzyl imperiýanyň düzüminde bir asyra golaý wagt döwürde birinji ýanwarda täze ýyl baýramçylygyny geçirdik.
Ýaponiýada täze ýyl baýramçylygy 13-nji ýanwar bilen 24-nji fewral arasynda bellense, Ysraýylda 6-njy sentýabr bilen 5-nji oktýabr aralygynda bellenýär.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 670 | Добавил: Injener | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
1 guljancharyberdiyewa   [Материал]
"Birentek alymlaryň diýeni bolanynda bize çenli eýýäm dünýäde ahyrzaman bolup geçmelidi." - sho wagtlaram bar ekenay 'inha ertir ahyrzaman, birigün ahyrzaman' dp howlugyanlar

0
2 Arzyman   [Материал]
Şo wagtyň näme, o gürrüň ýigrimi asyr ozal başlapdyr ahyry...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]