20:47
Noýabrda solan "Täk gül"...
NOÝABRDA SOLAN "TÄK GÜL"...

Proza söýüjilere mälim bolan nusgawylaşan eserler bar. "Jenaýat we jeza", "Uruş we parahatçylyk", "Günbatar frontdan täzelik ýok", "Metafor", "Kiçijik şazada", "1984", "Adamlar we syçanlar", "Ýürek bulanmasy", "Şeý diýdi Zaratuştra", "Süýjije pyrtykal agajym" we ýene ýeneler...
Men Hose Mauro de Waskonselosyň "Süýjüje pyrtykal agajym" romanyny henize çenli okamandym. Arada saý-sebäp bilen elime düşen şol kitaby penşenbe güni (16-njy noýabrda) işe gidemde ýanyma alyp gaýtdym-da, sypyndygymdan özümi romanyň tolkundyryjy sahypalaryna atdym. Öýläne çenli kitabam gutardy, dogrusy meniň ruhy tolkunymam kert gaýa sataşan ýaly boldy. Portugany ýitiren Zezejigiň ahwalyny aňyma getirdigimçe tas aglaýardym. Öýe gelibem hiç zada keýpihon el urmadym. Batböregini şemala gapdyran çaga ýaly sortduryp oturdym.
"Beterinden saklasyn" dileginiň örän jaýdar, örän makul aýdylanyna bolsa şol gün ýene bir gezek durmuşyň ajy hödürinden datmaly bolamsoň ymyklyja düşündim. Sebäbi gije giçki habarlary görenimde halypa şahyr, ussat ýazyjy, beýik pikir adamsy we gündogar renesansynyň nazaryýetçisi Sezai Karakoçyň wepat bolandygy barada gynançly beýanat berenlerinde ruhy ahwalym "Pyrtykal agajym" romanynyň ikinji babynyň dördünji bölüminde nähak ýere iki gezek eşek ýaly ýenjilen Zezejigiňkiden elhal däldi...
Hawa, poeziýa muşdaklary üçin ägirt uly ýitgi bolan bu ýakymsyz habar meniň öz ruhy dünýämde hem uly harasat gopardy. Halypaň goşgulary bilen gaty i:rden bäri tanyşdym. Has hem onuň 20-nji asyr türk edebiýatynyň iň görnükli söýgi goşgusy hasaplanýan "Mona Roza" (täk gül) şygyry bir döwürler ýatsam-tursam gulagymda ýaňlanyp du:rdy. Pikirlenişi, söze öwrüm berip lybas geýdirişi, milli simwolikalary post-modern äheňde getirişi, goşgudaky awtoryň "menlik" meselesine düýbinden başgaça perspektiwden garap, ony täzeçil çarçuwa salyp goýberşi ussadyň döwrebap türk edebiýatynda "Ikinji täzeçil akymyny" esaslandyrmagy bilen netijelendi diýsem möhüm bir hakykaty ýatladyp geçdigim bolar. Sebabi, agzalan akymyň iň görnükli wekilleri bolan Edip Jansewer, Jemal Süreýa, Eje Aýhan bilen bir hatarda bu edebi akymyň gönüden-göni wekili bolmasalar hem Ismet Özel, Özdenören doganlar, Jahit Zarifogly, Omar Lutfy Mete ýaly görnükli şahyrdyr ýazyjylary Karakoçyň edebi şahsyýetinden täsirlenenleriň hatarynda görüp bolýar. Jemal Süreýa "Edebi şahsyýetler" atly kitabynda Sezai Karakoç üçin "Mehmet Akif Ersoýdan has ukyply we ylmy maglumata baý, şol bir wagtyň özünde Nejip Fazyldan hem has ýürekden we dana" diýip belläp geçmegi okyjylary geňirgendirmegi hem mümkin, sebäbi ynsanperwer ylymlaryň ideologiýa çaknyşyklaryna gylyç-galkan hökmünde hyzmat eden döwürleri her biri başga güzerden suw içen bu iki şahyryň birek-birege bolan çäksiz hormaty, wepadar dostlugy geň göresi waka. Ýöne siňe seretseň weli bu meseläniň arkasynda juda aýan görnüp duran bir hakykat bar, ol hem Sezai Karakoçyň ideologiki çaknyşyklardan has ýokarda duran "Sarsmaz Şahsyýet" bolandygydyr...
Dost-ýarlara mälim bolşy ýaly, men dürli sebäplere görä soňky üç-dört ýyllykda wirtual edebi platformalaryndan üzňe boldum. "Ýene-de galamy ele almaga" halypanyň wepat bolmagy, galyberse-de (ömri uzak bolsun zalawudyň) Has Türkmeniň igenip durmagy mejbur etdi. Mahal-mahal dowam edýän ikiçäk edebi söhbetdeşliklerimiziň birinde men oňa Sezai Karakoç bilen bolup geçen gysgajyk ýatlamany gürrüň beripdim. Şonda ol maňa "okyjylaryň hem muny bilmäge haky bar, iň azyndan şu barada ýaz bir zatlar, bir gün ölübem gidersiň, bu bilýän zatlaryňy özüň bilen göre äkitjekmi" diýensoň şarpyk çalnan ýaly özümi dürsäp ýazmaga girişdim. Sözüň şu ýerinde men okyjylardan şu wagta çenli dowam eden we mundan soň hem dowam etmegi ähtimal boljak ýaltaçylygym üçin ötünç soramakçy. Çünki Ezizowyň "...Soň ol maňa ýazyp durmaz beýle kän, Men bolsa oňa..." diýip belleýşi ýaly köplenç durmuşyň akymy öz heňini üýtgetmän öňküsi ýaly dowam ediberýär...
Geleli şol ýatlama... Duýgusyz wagtyň hem üstüni örtmäge asla güýji ýetmejek röwşen ýatlama...
On dördünji ýylda (2014) Stambul şäherinde magistratura okap ýörkäm, Fatih etrapçasyndaky "Türk Sanat Musiki Cemiyeti" ýagny, Nusgawy türk muzykasy Jemgyýetiniň umumy köpçülik üçin aýda bir gezek geçirýän tölegsiz görnüşdäki klassiki konsertlerin elim degdiginden gatnaşýardym. Konsertde galaba "Radio we telewizion guramasyna" degişli konserwatoriýanyň ýaş höwesjeň bagşylary çykyş etse-de, käte-käte meşhur bagşylaryň hem iki-ýeke gara berýän wagty bolýardy. Düýbi respublika gurlandan sähel wagt geçensoň gurlan bu jemgyýet, diňe çäreler bilen çäklenmän, eýsem halypa-şägirt mekdebi hökmünde hem hyzmat edýärdi. Hatda bir gün konserte tomaşa etmäge gelen orta ýaşyndaky zenan maşgalaň gürrüň bermegine görä Ummi Gulsum, Edit Piaf, Amalia Rodrigez bilen bir hatarda "Orta ýer deňziniň kenarynda ýetişen dört ses perisi" diýlen ada mynasyp bolan Safiýe Aýla ýaly özünden "möhürli döwür" goýup giden bagşylar hem wagtynda şol jemgyýet bilen bagry badaşan ekeni.
Ine, bir gün konsertden çykyp ýodaň ugry bilen ýöräp gelýärkäm gapdalda bir binaň afişa penjeresinde bir maglumata gözüm kaklyşdy. Afişada "Daşary ýurtdaky türki halklar we garyndaş kowumlar birleşmesiniň" gurnamagynda ussat şahyr Sezai Karakoç daşary ýurtdan gelen talyplar bilen söhbetdeşlik geçirmekçi diýip ýazylgy du:rdy. Ýitgimi tapan dek bolmarynmy?! Derrew jübimde göterýän depderçäme belläp aldym. Meň üçin wagt geçenokdy, iň beterem gijelerine ýüregim ene-atasy bilen ertir bazara gitjek çagaň ýüregi deýin ýatman, pyr-pyr urýardy. Biribaryň gabat getirişini diýsene. Edil şol günlerde Stambulyň kitap dükanlaryny sebsäp tapyp bilmedik Sezai Karakoçyň goşgular ýygyndysy bolan "Gün dogmanka" diýen kitabyny hem sahibinden.com saýtynyň üsti bilen bir Ankaralydan satyn alyp, kargodan getirdipdim.
Bellenen gün kitabam elime alyp konferensiýa gitdim. Halypa şol wagtlar 83 ýaşyny geçse-de, gaty işjeň kişi eken. Men tolgunjyma bäs gelip bilmän iň i:r özüm barandyryn öýtsem halypa Konferensiýaň geçirilýän zalyna hemmelerden öň gelen eken. Ebeteýini tapyp öňe okduryldym-da ussadyň öz kitabyny stoluň üstünden ýakynya süýşürip:
- Halypa men siziň jänköýeriňiz, mümkin bolsa bir-iki söz bilen şu kitaba gol çekip beräýiň, diýdim.
Halypa kitaby eline alyp durdy-da:
- Janköýerim bolsaň kitaplaryma gol çekip bermegi halamaýandygymy hem bilmelisiň. Eýse-de, bu kitap indi tiraža berlenok, saňa haýsy kysmat bilen düşdi, diýip sorady. Men kitaby alşymy gürrüň berenimem şoldy welin, halypa maňa kitaby yzyna uzadan wagty içindäki eplengi ak kagyz taýyp, stoluň üstüne gaçdy. Ussat kagyzy eline alyp "görsem bolýarmy" diýýän äheňde ýüzüme soragly garady. Men "elbetde" diýen terzde baş atdym, atmasyna weli, utanjymdan ýaňa ýüzümiň gulagyma çenli nar ýaly gyzaryp gidendigi ikuçsyzdy. Kagyzda halypanyň täsiri bilen, şoň äheňinde ýazmaga başlan goşgymyň ilkinji iki bendi bardy. Goşgyny içinden okap oturşyna halypa gaýta-gaýta ýüzüme garady. Men üstümden bir bedre suw guýlan ýaly hopugyp derläp ugradym. Söhbetdeşiniň ruhy ahwalyna aýasynda görüp oturan ýaly belet bolmagy endik edip giden beýik ussat çalaja ýylgyryp:
- Men bu kitaba gol çekmesem hem sen şeýle goşgularyň aşagyna adyňy ýazmagy ýatdan çykarmaweri, ýogsa okanlar meň goşgymmyka öýderler, soň saňa ahyrýetde bergidar bolaryn, diýip kagyzy yzyna uzatdy...
Gör nähili pespällilik?! Nähili sahy ýürek?! Nahili inçeden näzik duýga ýugrulan belent adamkärçilik?!
Men göwnümi gurşap alan heýjandan ýaňa konferensiýanyň nähili dowam edendigini, nädip gutarandygyny duýman galdym. Kelläm bulutlar bilen kowalaşdy oýnap ýörse-de, söhbetdeşligiň dowamynda halypanyň agzan iki meselesi ýandepderçämiň şol günki sahypalarynda goýy harplar bilen ornuny tapdy. Birinji mesele ylym-bilim babatyndady. Ussat ýaş talyplara ylym horjunyny mazalyja doldurmagy, daşary ýurt dilleriniň bir-iki sanysy bilen çäklenmän, azyndan üç sanysyny öwrenmegi, kompýuter tehnologiýasyna ezber belet bolmagy öwran-öwran sargyt etdi. Gündogar ýurtlarynyň renessansy diňe şo halatda amala aşar diýip sözüniň üstüni ýetirdi. Ikinji mesele bolsa, geçmişiňden sapak alman geljege ymtylyp bolmajakdygy hakynda aýdan sözleridi...
Linguist-ýazyjy Nejmiýe Alpaýyň belleýşi ýaly Gündogar ýurtlarynyň renessans nazaryýetçisi, döwrebap türk edebiýatynyň taryhy jähtden iň möhüm şahyry bolan Sezai Karakoç gündogaryň "öldi eziz boldy, ýitdi semiz boldy" adatyna laýyklykda edebi orny, ýeri doldurylyp bolmajak ýitgisi gün-günden mälim boljak üýtgeşik şahsyýetdir...
Ýadymdan çykmanka, aýdyma öwrülen belli "Mähriban" goşgusyny ýazan Abdyrahym Karakoç bilen meşhur "Lipalar gül açan mahaly" goşgusyny ýazan Bahaweddin Karakoç şahyrlaryň (bu iki şahyr hut dogan) Sezai Karakoç bilen hiçhili garyndaşlyk derejesiniň ýokdugyny hem ýatladyp geçesim gelýär....
Sözümiň ahyrynda Sezai Karakoç halypanyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň Jennet bolmagyny Beýik Biribardan nyýaz etmek bilen, edebiýat dünýäsine hem bu öwezi dolmajak ýitgi zerarly sabyr-kanagat dileýärin...

• SEZAICE MAVERA...

"Ya yağmurdan yukarı ya sahradan aşağı
ya deryanın kafesi ya azat gökkuşağı..."

I. KISIM

Bir nağme yankılanır uzaktan, çok uzaktan,
Rüyalar ülkesine götürür çiçekleri.
Çiçeklerin aksine hâlâ ayakta tutan,
Rüyaların aksine sunan içecekleri,
O ezgi değil miydi, beni Göklere satan?
Rüzgarın eşliğinde delerek perdeleri,
Bir nağme yankılanır uzaktan, çok uzaktan.

Ne bilsin talihimi yaşmaksız papatyalar?
Sıkışmışken, örtülü düşlerin bahçesinde.
Bağlar yabancı bana, beni bahçivan anlar,
Ruhumun anahtarı ipekten şiltesinde.
Havuzlara ulaşan yol, set-set, duvar-duvar,
Can çekişir perende suların ötesinde.
Ne bilsin talihimi çırçıplak papatyalar?

Kaldırımlarda tutsak ak-kara gökkuşağı,
Geçmişi kayıp tarih, geleceği muamma.
Tavus tüyünde saklı, sevdanın yeşil çağı,
Sıcak bir temasıyla son bulur soğuk humma.
Ya yağmurdan yukarı ya sahradan aşağı,
Ah, bir karara varsa, bu ilahi dilemma,
Kaldırımdan kurtulsa, rengârenk gökkuşağı.

Yuvasından firari Hümayı gördünüz mü?
Dudağımdan yükselen semavi kanatları?!
(Kirpik iradesinin haddini sordunuz mu?)
Kanattan kanatlara uzanan serhatları,
Siz hiç nefesinizle telleyip ördünüz mü?!
Yılgın rüzgara teslim tüylerin heyhatları,
Yoksa, siz, o garibim Hümayı vurdunuz mu?!

Azizim mesafeler - iki bulut aralık,
Merhameti andıran nehirlerden süzülen.
Tacı yerlerde yeksan rotasız kalabalık,
Karışmış keselerde ezenler ve ezilen.
Onlardan biriyim bak - yağmura hasret balık,
gibi derinliklerde tuz kurşuna dizilen.
Mesafeler azizim - iki katre aralık...

II. KISIM

Zihnimin serhaddini özgür bırakmak için,
Kırılgan anılarla yaktım koca bir ateş.
Kendi odum kendimi yandırdı için için,
Taze kalan her duygu bir melek tüyüne eş.
Şehrimin levhasına mıhlanmış adın, perçin.
Şehrimin ortasına doğsa yepyeni güneş
Kırılgan anıları özgür bırakmak için
Zihnimin serhaddinde yaktım koca bir ateş...

Gözlüğün arkasından güneşe bakmak gibi,
Sırf, rengi beyaz diye kediden şans beklemek.
Arif mırıltılarda duymak cânân ismini,
Ve sonra duaların önsözüne eklemek,
İşte bu mefkuredir tüm kadehlerin dibi.
Inatçı ümitleri ötelere saklamak,
Gözlüğün gerisinden dünyayı görmek gibi...

Özge rüyada zinde uykusuz gecelerim,
Gözlerimin ferini o gözlere taşıdım.
Saadeti israf etmekten korkar şu ellerim,
Misafir bulutlarda damla-damla yaşadım.
Gökte asılı kaldı meçhul bilmecelerim,
Heykelini görünce yıldızlarda, üşüdüm.
O rüyalarda mahfuz uykusuz gecelerim.

Bugünümün külfeti ceddimden kalıt bana,
Benden müstakil miras - yarına revan çile.
Yükselttim geçmişimi fikrimin sehpasına -
Ve yarınlar hatırlar beni ilmikler ile..
Erişmedikçe bu çark affın intikamına,
Uzar Divana kadar O keşmekeş silsile.
Bugünün başağrısı irsi yadigâr bana.

Yelda yüklü varlığım ne tümseklerden geçti,
Daha iyi anlıyorum artık kambur feleği.
O da 'güzel yurt' diye geldi sinemi seçti,
Yerinden-evinden edip, hayırhah meleği.
Gel gör ki Mesih için Meryeme sofra düştü,
Kırıntıdan yeşerir ruhumun çöl belleği.
Yelda ümit varlığım ne tümseklerden geçti...

Kerbela külünden dinle, son güfteyi ey yar!
(Kahve ahdini bozar, yılların rafta senin)
Sen bana gel, ellerim ellerine intizar,
Yaştan telaştan azad, baki kalır yeminim.
Maveranın bağrına saplanan mavi efkâr,
Rüyasında Anka'yı ağlatan o ses benim.
Kerbela kuşundan dinle, son besteyi ey yar!...

© Taýmaz SEÝIDOW.





Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 107 | Добавил: Haweran | Теги: Taýmaz Seýidow | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 7
0
7 Tumarly   [Материал]
Berekella. Gowy ýatlama

0
5 Aksary   [Материал]
Goşmaça Dil bilemokdygym ozalam aýdypdym

Ine şeýleräķdi....
Iñlis dili sapagyndakak "lear king" atly mowzuk gecipdik, şonda şol mugallym sapagyñ adyny terjime edende "patşa liýa"diyipdi, soñra birnäce günden test alnypdy, ol testdäki soragyñ biri kingiñ terjimesiniñ aşagyny çyzmalydy, menem çyzdym patyşany, asyl ol ýalñyş eken, öwredilende bolsa patşa diyipdi garaz... :)

0
3 Garayolly1936   [Материал]
Sag bol Taymaz Seyit, sag bol Haweran, oran tasirlenip okadym.

0
Solomonaroza

0
Mona Roza. Ýalñyz bägül yada ýeketäk bägül

0
4 Aksary   [Материал]
Ýalñyz b.n ýeketägiñ arasynda tapawut gaty kändir.

0
6 Tokmak   [Материал]
Mona Roza "Meniň bägül hanym" diýen manyny berýärmikä diýýärdim. Ýalňyşýanam bolup bilerin..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]