00:21
Noýabr gijesi
NOÝABR GIJESI

Noýabryñ bu çigrekli gijesi,
Asmana seredip ýyldyz sanaýan.
Noýabr sanalar güýzüñ jüýjesi,
Sen haçan sanajak, şu wagt sanaman?!

Şeýlebir asuda, şeýlebir hezil,
Oturybermeli çala galdyrap.
Ýa edibermeli çarýana gezim,
Aý-aýdyña gyraw düşýär buldurap.

Bu ajaýyp surat, bu ajap görnüş,
Noýabryñ gijelerne myhmandyr.
Şahyr dilli şoh ýigitler, eý görnüş,
Noýabrly gijelerde ygýandyr.

Noýabr gijesi owadan bolýar,
Güýzän nar deý süp-süýjüdir hyýaly.
Owadan görnüşler ýürekde galýar,
Noýabryñ çigrek gijesi ýaly.

Myrat GURBANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Haweran | Теги: Myrat Gurbanow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Başga / Goşgular - 08.02.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Ynjynma / Goşgular - 23.03.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]