01:43
Noýabr geldi
NOÝABR GELDI

Daglaryñ başyna sellesin orap,
Güýz nepesi bilen noýabr geldi.
Argyn tebigatyñ halyny sorap,
Oña gujak geren noýabr geldi.

Mele ýerde ýatyr baglañ balasy,
Ganat açyp, uçdy bilbil lälesi,
Ýellerde ýañlanyp gyşyñ nalasy,
Daýhana güýç beren noýabr geldi.

Türkmen sährasyny örtüp dumana,
Buldy ýorgan edip ýapdy asmana,
Otuz günlük ýola gadam basmana,
Mydam ruhubelent noýabr geldi.

Aşyklaryñ şäherini arzuwlap,
Aşgabadyñ dostluk ýollaryn suwlap,
Görki bile şahyr ýüregmi awlap,
Ylham bolup ýene noýabr geldi.

Meýlis GARAÝAJEW,
Aşgabat şäheri.





Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Haweran | Теги: Meýlis Garajaýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Indi giç / Goşgular - 15.03.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Mähriban   [Материал]
"Otuz günlük ýola gadam basmana..."
(Eýýäm noýabram geläýipdir. :-) ) Awtoryň başga goşgularam barmyka?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]