14:13
Nohurly men
NOHURLY MEN

Zülkarnaýyn döwrün gören,
Dünýäň niçe howrun gören,
Dädem Gorkut bilen ýören,
Oguz hanly nohurly men.

Gylyjyna gylyç degen,
Tapmaň şere boýun egen,
Kowmuň bary daýy-ýegen,
Ganybire mähirli men.

Çynary deý belent başy,
Daglarynda göwün hoşy,
Dag başynda bürgüt guşy,
Bürgüt ganat nohurly men.

Oýnatmajak bolsaň özüň,
Dürsmüdir sözlän sözüň?!
Ýel çalmanka ýiter yzyň,
Biweç işe gaharly men.

Gapym açyk ertir-u - şam,
Desterhanda rysgally jam,
Duzun dadan bolmazmyş ham,
Kalby mydam baharly men.

Saňa ok-ýaý guralmasyn,
Zensiz bugdaý orulmasyn,
Sensiz boýnum burulmasyn,
Gadymýetden taryhly men.

Bir elinde dagy bardyr,
Bir elinde bagy bardyr,
Mydama keýpi çaglydyr,
Nohurystan şahyry men.

18.09.2019.





Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Göresim geldi / Goşgular - 29.05.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
Ýodalar / Goşgular - 22.05.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Paworotti Sumbarda / Goşgular - 04.02.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 4
0
3 Tumarly   [Материал]
O nä aldaýañ dogan? Türkiýede "Kürdüstan" diye partiya hem bar

0
4 mango   [Материал]
gugul daýym köp bilýär.
soradym: Kürdistan Sosialistik Partisýasy (Kürtçe: Partiýa Sosýalist a Kurdistan) (PSK) 1974-nji ýyllarda döredilýär.
ýöne..... eýle boldy-beýle boldy 42 ýyl bikanun hereket etdi... ahyram, 2016-da kanuny boldy. şeýlede partiýaň adyndan Kürdüstan sözüni aýyryň diýildi. diýen etmediler. şo sebäpli 2019-da "adminler" tarapyndan "kürdüstan" sözi üçin partiýany ýapmak dawasy açyldy...
garaz.... kürdüstan diýmäniň, kürtçe geplemäniň, aýdym aýtmanyň gowy....
kimlere gowy, bilemok...

0
1 mango   [Материал]
Nohurystan şahyry men.

Şu wagt Türkiýede “Kürdüstan” diýmek gaty howply zat…
Türkmenistanyň içindemi Nohurystan?
Allaýar aga, diýiberýäňiz sizem… :-)

0
2 Taryhçy   [Материал]
Bu bir çeper añlatma. Kesä çekmegiñ nämä geregi bar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]