13:44
Nohur dilim
NOHUR DILIM

Daglar ýaly gojaman sen,
Ene dilim – nohur dilim.
Ne şirin sen, ne zyban sen!
Ene dilim – nohur dilim.

Merdanlaryň dag dili sen,
Bal garylan ýag dili sen.
Şady-horram çag dili sen,
Ene dilim – nohur dilim.

"Baýnyç“ diýýäň sallançaga,
"Titi“ diýýäň bala çaga.
"Äräh“ diýýäň han araga,
Ene dilim – nohur dilim.

Söküp Buhara, Hywany,
Eýran, Turany, owgany...
Köp görensiň jeň-gowgany,
Nohur ilim, nohur dilim.

Ynjydanlar az däl ýaly,
Seniň bilen saz däl ýaly.
Ýöne göwünleň ýazlany-
Ene dilim – nohur dilim.

Duşman raýyndan gaýtaran,
Galkan, ýaýyndan gaýdyran.
Kelet dagyndan taýdyran,
Ene dilim – nohur dilim.

Çaňy çykmaz ýekeleriň,
Goý, köpelsin ekelerim.
Seniň bilen bekelerin,
Nohur ilim, nohur dilim.

19.05.2016.





Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
Doglan günüñde / Goşgular - 06.03.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 4
0
4 Tumarly   [Материал]
Nohurça bir klibem barmydy? :)

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Goşgy dil barada eken. Men muny bir bendiñ soñunda Nohur ilim diýen ýazgyny okap ýazdym.

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Obañy, etrabyñy, iliñi taryplap ýazylan goşgular murapbag görnüşinde bolup, oñam her bendinde şol iliñ ady agzalyp oturylsa goşguny çendenaşa ýöntem görkezýärmikä diýýän. Özüm-ä öldür Gökdepe diýip goşgy ýazybilmeýän. Obañy ady bilen taryplamagyñ şeýleräk şahyrana görnüşi bar Gurbannazarda:
"Söwütli, Söwütli eziz diýarym
Ähli oñat zatlañ undulşy ýaly
Senden aýra düşüp on bir ýyl ýarym
Ahyry üstüñden saldym men ýoly"

0
1 mango   [Материал]
Allaýar aga, şiwä dil diýilýämi, gyzyklanyp soraýan.
Hemem, mysal üçin bu goşgynyň nohur dilinde (şiwesinde) ýazylan wariantyny okap bolarmyka?
Janyňyz sag bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]