11:29
Noel baba "Coca-Cola"-nyñ mahabatymy: Muña katolik ruhanylar näme diýýär?
NOEL BABA "COCA-COLA"-nyñ MAHABATYMY: MUÑA KATOLIK RUHANYLAR NÄME DIÝÝÄR?

"Noel babanyñ dine dahylly ýeri ýok. Siziñ söwda merkezlerinde, kafelerde, köçeleriñ ugrunda görýän Noel babañyz soñ-soñlar ýüze çykan obraz"

Italiýanyñ günortasyndaky Sisiliýa adasynyñ Noto şäherinde ýepiskop Antonio Stagliano dini baýramçylyklaryñ birinde beren wagyzynda Noel babanyñ (Santa Klaus) hakykatda bolmandygyny we onuñ gyzyl reñkli eşiginiñ mahabat maksatly "Coca-Cola" şereketi tarapyndan öndürilen zatdygyny aýtdy.

• NOEL BABA NÄMÜÇIN DIÑE PULLY ÇAGALARA SOWGAT BERÝÄR?"

Noel babanyñ añyrsynyñ Türkiýäniñ gadymy Demre şäherinde IV asyrda ýaşap geçen Apostol Nikolaý (Никола́й Чудотво́рец; Николай Уго́дник; Николай Мирлики́йский; Святи́тель Николай -t.b.) birikmeýändigini we onuñ hyýaly gahrymandygyny aýdan Stagliano "Noel Baba Apostol Nikolaý ýaly taryhy şahs däl. Demreli Apostol Nikolaý sowgat paýlamazdy, pakyr-pukaralara kömek ederdi. Noel Baba nämüçin diñe pully çagalara sowgat berýär? Açlykdan ölýän çagalar ýokmy, nämüçin olaryñ ýanyna baranok? Demreli Apostol Nikolaý hiç zady ýok çagalaryñ ýanyna barardy" diýen sözler bilen çykyş etdi.

Demreli Apostol Nikolaý...

• NOTO ÝEPISKOPLYGYNDAN ÖTÜNÇ BEÝANNAMASY

Ýepiskop Staglianonyñ gürrüñ berýänleriniñ garşylyklaýyn seslenme döredendigi sebäpli Noto ýepiskoplygynyñ Aragatnaşyk direktory Alessandro Paolino ýepiskopyñ aýdan sözleriniñ ýalñyş düşündirilendigini, aslynda onuñ "Noeliñ hakyky manysyna we (Noel Baba obrazynyñ ylham çeşmesidigi çaklanylan) pakyr-pukaralara sowgatlar paýlanda Rim imperatorynyñ zulmuna uçran ýepiskop Apostol Nikolaosyñ hekaýatyna üns çekmäge synanyşandygyny" aýtdy we "Ýepiskopyñ adyna körpelerde lapykeçlik döreden bu çykyş üçin gynanç bildirýärin we Monsenyör Staglianonyñ niýetiniñ başgaraçak bolandygyny aýtmak isleýärin" diýdi.

Türkiýäniñ "Milliyet" gazetiniñ žurnalisti Mert Inanyñ habar bermegine görä, çekişmä Türkiýedäki katolik ruhanylaram goşuldy.

• "APOSTOL NIKOLAÝ ÝAŞAP GEÇEN REAL ŞAHSDYR"

Türkiýäniñ katolik ýepiskoplar guramasynyñ metbugat wekili we medeniýet ataşşesi doktor Rinaldo Marmara "Noel Baba hristian medeniýetine ornaşan we bolup geçendigine ynanylýan şahs. Demreli Apostol Nikolaý garyp-gasarlara, pukaralara yol uzadan adam bolupdyr. Ol durmuşa çykjak bolýan ýaş gyzlara bukja we altyn-kümüş paýlardy" diýip, "Noel Baba diýilýän Apostol Nikolaý bilen utgaşyp, medeni, hatda dini keşbe öwrülip gidipdir. Apostol Nikolaý ýaşap geçen real şahsdyr, dogry. Emma Noel baba hem Apostol Nikolaýyñ prototipi hökmünde görülýär we olam ýagşylyk edip gezipdir. Noel Baba hristianlykda ýagşylygy, paýlaşmagy añladýar. Şonuñ üçinem "Noel baba ýalan, toslama, mahabat" diýmek juda agyr we ýerliksiz sözlerdir" diýdi.

• "APOSTOL NIKOLAÝ ŞU ÝERLERIÑ ADAMYDY, NOEL BABANYÑ KIMDIGINI BILEMZOK"

Mersiniñ katolik buthanasynyñ ruhanysy Anri Leýlek bolsa "Staglianonyñ aýdyşy ýaly Noel babanyñ obrazy soñ çykan zat, dogry. Noel Baba bilen Apostol Nikolaý birikdirilip, orta çagalara sowgat paýlaýan obraz döredildi.
Apostol Nikolaý sowgat paýlaýjy däl-de, pakyr-pukaralara, hiç zady ýoklara, mätäçlere ýardam edýän adamdy. Hristianlykda Apostol Nikolaýyñ gününiñ bellenýän güni bar. Noel baba bolsa medeni obraz hökmünde wagtyñ geçmegi bilen ýaýrapdyr. Apostol Nikolaý şu ýerleriñ adamydy. Noel babanyñ nirde doglup, ulalandygyny, kim bolandygyny bilemzok" diýdi.

[b]• "APOSTOL NIKOLAÝ WE NOEL BABA DÜÝBÜNDEN BAŞGA ŞAHSLAR WE OBRAZLARDYR"

Stambully katolik ruhany Pawel Szymalanyñ seslenmesi bolsa şeýle boldy:
"Apostol Nikolaý Demrede doglan, ýaşap geçen hristian öwlüýädir. Gynansak-da, käbirleri mukaddes gymmatlyklardan birnäçe çeper obrazlary ýasap bilýärler. Apostol Nikolaý mätäçleriñ atasy, pukaralaryñ söýgüli ruhanysydy. Emma Noel babanyñ Apostol Nikolaýdygyny aýtmak nädogry. Apostol Nikolaý we Noel baba düýbünden başga şahslar we obrazlardyr. Noel babanyñ dine dahylly ýeri ýok. Siziñ söwda merkezlerinde, kafelerde, meýdanlarda görýän Noel babañyz soñ-soñlar ýüze çykan obraz. Noel baba Amerikada döräp, bütin dünýä ýaýrapdyr. Häzirki wagtyñ Noel baba obrazy içýän suwuñyzyñ markasy bilen ýaşytdaşdyr."

26.12.2021 ý.

@ Internet maglumatlaryndan taýýarlandy.





Просмотров: 70 | Добавил: Gökböri | Теги: Guwanç Mämiliýew | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]