17:06
Nobatguly Rejebowdan iki terjime
ŞАHYRLYК SUNGАТY
(Rаýmоn Кеnоdаn)

Şygrа sözi esаs edip аlyň siz,
Sоň gаzаnа sаlyp, gоýuň оjаgа.
Gysym-pеnjе pаrаsаdаm аtyň siz,
Ýönеkеýligiň-dе birki çеmçеsin,
Bir оýnаm ýyldyz hеm аjy burç bilе,
Sаlyň siz gаzаnа hyjuw-hyrş bilе
Bitаkаt ýürеgiň endirеmеsin.
Jаgrаmа bаryny gаllаp оdа-dа!
Bäş-üç ýolа gаýnаdyň hеm gоwuryň.

Indеm ýazyp bаşlаň! Ýönе hеr hаl siz
Ilki bilеn şаhyr bоlup dоgulyň.

* * *

PОEZIÝA
(Lеоn Fеlipеdеn)

Şygryňyzy bölüşdiriň sözlеrе,
Аýryp tаşlаň оwаzlyjа rifmаny,
Ritmi hеm-dе ölçеgi.
Pikirňizеm zyňyp,
gоşgyň sözlеrin,
Jümlеlеrin
sоwrup gоýbеriň ýеlе.
Egеr bir zаt gаlаn bоlsа şygyrdаn,
Şоldur pоeziýa.

Terjime: Nobatguly Rejebow
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: mango | Теги: Leon Felipe, Nobatguly Rejebow, Raýmon Keno | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
1
11 Gumlygelin   [Материал]
@mango.Sag boluñ ýetireniñiz üçin.Juda gowy terjimeler.
Siziñ öz eserleriñizem okasymyz gelýär.Hemmeje saýtdašlar bolup haýyş etsek:Size @mango lakamy bilen goýmaga rugsat berseler ýa-da siz özüñize at-familiýajyk edinseñiz-:)
Bize tapawudy ýok iñ gymmatlysy siziñ dür dänesi ýaly teswirleriñize meñzeş eserleriñizi okamak.

0
12 mango   [Материал]
hormatly Gumlygelin.
hoş sözleriňize minnetdar (biraz agyrragam gelýä, ýöne :-) )
öz halanja zatlarymy "terjime" edip paýlaşan bolaýmamdan başga zat ýok-la.
bizden kän zada-da garaşmaň...
esasy, size döredijilikde üstün derejeler, şowly synanyşyklar, ylham... arzuw edýärin.
bizem sizden täze zatlara garaşýarys.
janyňyz sag bolsun.

0
10 Bagabat   [Материал]
Kimdir biriniň nukdaýnazaryny, gözellik duýgusyny kabul edip bilmezligimizem ony ýazgarmak üçin esas ýa-da delil däl-de, gaýta öz garaýşyňdan üýtgeşik garaýyşlary kesesinden seljermek, öwrenmek, şonuň netijesinde-de kämilleşmek üçin mümkinçilik.

0
6 mango   [Материал]
pikirleriňiz gyzykly, ýazsaňyz...

1
5 mango   [Материал]
ikinji terjime welin "Poeziýa", has ajap bolupdyr.
söz ýok.
----
Ruhy şat bolsun Nobatguly agaň.

1
4 mango   [Материал]
Прокипятите раз, и два,
И много-много раз всё это.

Bäş-üç ýolа gаýnаdyň hеm gоwuryň.

resept biraz däl, gowja üýtgeýär...
taýýalanýan nahar hem gaýnadylýa, he gowrulýa....
nämäni gaýnadyp, nämäni gowurmaly?
hmmm.

1
3 mango   [Материал]
Наивности большой ломоть,
Ýönеkеýligiň-dе birki çеmçеsin,

Наивность-dan ors uly bölek oklapdyr, biziňkem resepti üýtgedip birki çemçe bilen kanagatlanypdyr. türkmençesi tagamly bolaýmasa.

1
2 mango   [Материал]
Возьмите мудрости щепоть,
Gysym-pеnjе pаrаsаdаm аtyň siz,

orsçasynda щепоть-çümmük parasat atsa, nobatguly kaka gysganman penjäni urup gysymlap atypdyr parasady.
gowy,
hemem gysym-penje - geňje eşdilýär!?

1
1 mango   [Материал]
terjimeleriň orsçalary:

Искусство поэзии

Возьмите слово за основу
И на огонь поставьте слово,
Возьмите мудрости щепоть,
Наивности большой ломоть,
Немного звёзд, немного перца,
Кусок трепещущего сердца
И на конфорке мастерства
Прокипятите раз, и два,
И много-много раз всё это.
Теперь пишите! Но сперва
Родитесь всё-таки поэтом.

Раймона Кено.
Перевод Михаила Кудинова.

---

Разберите стихи на слова…

Разберите стихи на слова.
Отбросьте бубенчики рифм,
ритм и размер.
Даже мысли отбросьте.
Провейте слова на ветру.
Если все же останется что-то,
это
и будет поэзия.

Леон Фелипе
Перевод В. Столбова

1
7 Bagabat   [Материал]
Leon Felipe öz aýdýan zadyna özi eýermeýär. Gurbannazarda "Pikir bilen duýgyň mukaddes nikasy" diýlip has ýiti hem gowy aýdylýar.
L.Felipe bolsa, şunça gepläp, ýagny şunça pikir aýdyp: "Diňe duýgyny galdyryň! Duýgy - poeziýaň hamyrmaýasy!" diýýär. Dogry. Inkär etmek telek bolar. Ýöne, özüniň aýdan zatlaram diňe pikir ýitiligi bilenem birje "çümmüjek" ýaşyrynja duýgy ahyry. Onsoň pikiri aýyrsaň duýgy nädip emele gelmeli?
Islendik ýazylýan zadyň özeni, esasy näme?
Söz.
Söz näme?
Pikiriň ýa-da duýgyň beýany.
Ýöne söz ilkibaşky impulsy duýgudan alsa-da, ony emele getirýän zat - pikir. Sebäbi pikir ony formulirleýär, harplaň ýa-da sesiň galybyna salýar hem-de onuň durmaly, aýdylmaly ýerini kesgitleýär. Eger-de pikirsiz, sap duýga ýugrulan jümleleri aňyňda emele gelşine görä eňteriberseň, ol goşgam bolmaýar, hiç zadam bolmaýar. Samrama bolýar.
Samrama bolsa şygyr setiri hökmünde täsir edip bilermi?!

0
8 mango   [Материал]
gyzykly gürrüňiňiziň dowamy hökmünde:
Brodskiň araky terjimesine synanyşykly sahypada bir surat salgy beripdim, Žan Dübüffe-ň primitiw suraty. "eşekli beduin", siz halamok diýipdiňiz. tagam barada her kimiň isleýişi bar. hemme suratlary bolmasa-da edil şo surat maňa ýarapdy. many hem gözlämok, ýöne formalar, reňkler, garaz... nämäni halanymam bilemok, belki primitiwligini halandyryn.
şol žan dübüffäň sözini okadasym geldi (terjime etmesemem düşünýänsiňiz):

«Песни, которые горланит девушка, надраивая лестницу, волнуют меня больше, чем искусное пение. У каждого свой вкус. Я люблю немногое. Я предпочитаю зачаточное, необработанное, несовершенное, смешанное. Я больше люблю алмазы неограненные, в их чистом виде». Жан Дюбюффе

muňa näme diýip bolar?
kişi - ökde aýdymçyň aýdymyndan beter podýezdiň basgançagyny ýuwup ýören gelnejäň gödeňsi hiňlenmesini eý görýär....

1
9 Bagabat   [Материал]
"На вкус, на цвет товарищей нет" diýýäler. Her kime bu dünýä birhili açylýar. Biri nepislige aşyk, beýleki betnyşanlygyň sergezdany. Munuň şeýlediginde-de Hakyň hiç haçan ýorup bolmajak parasady hem-de gözelligi ýaratmaga emri ýatyr. Munam haýran galyp synlamaly. Halypalarymyň biri: "Hemme isleglemmiziň kabul bolmaýanna-da şükür!" diýýär. Munuň bilen diýjek bolýanym, özüm-ä halypamyň bu aýdýanyny hasam çuňaldyp: "Hiç kimiň biri-birine meňzeş däldigine-de şükür!" diýesim gelýär. Çünki dirilik - bu köpdürlilik.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]