05:23
Nobatdaky duşuşyk
NOBATDAKY DUŞUŞYK

Ine-de Men!
Gör, ýeňildi aýralyk!
Obam meniň, barym meniň, baýlygym,
Sensiň meniň janymdanam gymmadym!
Dymmaryn men, seň gujagyň münberim.
Mährabym sen, kyblagähim iň golaý,
Käbegähim, obam meniň, sen bol-eý!
Seň guşuň men, geldim ýene aýlanyp,
Sen hoşum sen, heýjanym sen,
aýňalyp
bilmän gitsem, seniň beren meýiňden.
Ýarym sekund undularmyň, he-ýem sen?!
Bikarar ýüregmiň aramy obam,
Heý, senem bir söýmez ýalymy, obam?!
...Ýaradany gözläp ýören guşlaram,
Iň soňunda seň goýnuňda düşleýär...
Mähribanym, bas sen, meni bagryňa,
Hem goýberme, gitjek bolsam salgyma.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Mähriban | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Göresim geldi / Goşgular - 29.05.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021



Всего комментариев: 3
0
3 mango   [Материал]
Käbegähim, obam meniň, sen bol-!

Laçyn hanym, şu "eý"-ler ýakymsyz eşdilýär....
---
Ýarym sekund undularmyň, he-ýem sen?!
Bikarar ýüregmiň aramy obam,
Heý, senem bir söýmez ýalymy, obam?!

gaýtalanmaly "heýem sen"-ler ünsümi çekdi.
gowymy, erbetmi, bilemok. belki saz ýaly gelişendir...
---
öz obaň laçynydygyňy iki gezek gizlinjek agzapsyň.
1) "Seň guşuň men, geldim ýene aýlanyp,"
2) "...Ýaradany gözläp ýören guşlaram, / Iň soňunda seň goýnuňda düşleýär..."
---
jemleme ajap.

...Ýaradany gözläp ýören guşlaram,
Iň soňunda seň goýnuňda düşleýär...

Mähribanym, bas sen, meni bagryňa,
Hem goýberme, gitjek bolsam salgyma.

"...guşlaryň iň soňunda seň goýnuňda düşleýär" diýmeginiň perdesini syryp görseň başga bir gussaly kartina görünip gidýär.
obaňdan näçe uzaklara gitseňem, ahyry seni getirip obaňda jaýlap gaýdýarlar....
"Mähribanym, bas sen, meni bagryňa" - meniň pikirimçe bu uly bagt.

Laçyn hanyma täze döredijilik üstünlikleri dileýän.

0
2 Gulya   [Материал]
Laçynyñ goşgulary gowy..

0
1 Gumlygelin   [Материал]
@Mähriban! Laçyndan gowy goşgy ýetiripsiñ. Ömrüñ uzak bolsun uýam. Obañy söýmän Watany söýüp bolmaz. OBAMYZ WATANYMYZYÑ BAŞLANGYJY AHYRYN.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]