16:56
Nobat
NOBAT

Hil-hil bolýar durmaklygam nobata,
Balygyñ, ýeralmañ nobaty bolýar.
Uzak gün durupdyk döwüm nan üçin,
Garaz, her bir zadyñ nobaty bolýar.

Ine, ýazyjylar hatarma-hatar,
Durlar.
Şöhrat nobatymy ýa-da bu?
Olar meýletinler, fronta gitjek,
Olañ ýüreginde gahar-gazap bar.

Kimsiniñ öý doly maşgalasy bar.
Kimsiniñ söýgülsi, ýeke dikrary,
Belki-de... ýok, bu mahal oñ wagty däl.

Ine, ýazyjylar dyknyşyp durlar,
Her kim garaşyp dur öz nobatyna.
Hiç kim goýberlenok nobatsyz bärde.
Çünki Watan howp astynda bu mahal,
Çünki Watan ar almaga çagyrýar.
Başga ýol ýok, front atly bir ýol bar.

Sag-aman dolanyp gelinermikä?
Hiç kimem bu hakda oýlanmaýardy.
Front sary joşa gelýär göwünler,
Görelerçe ýeñşe bolan ynam bar.
Şol gün bu nobaty ähli nobatdan
Ýikary saýdym!

Ýemilian BUKOW,
moldowan şahyry.

1941 ý.

Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Allaýar | Теги: Ýemilian Bukow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Бриллиантовые дороги / Goşgular - 04.02.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Атлантида / Goşgular - 21.02.2022
Bagtly boldum / Goşgular - 20.02.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Gitme! / Goşgular - 27.01.2022
Третий лишний / Goşgular - 21.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]