09:13
Nika, maşgala we kanun / okuw-usuly gollanma - I bap


I hekaýa: Gögeleleriň söýgüsi

Garaňkydy. Asmanyň syýareňk garalygynda ýyldyzlar, göýä asman şalygyna seýle çykan, äpet pilmahmyda çalymdaş Aý şazadanyň şuglasyndan çar ýana seçilen şöhle owuntyklaryny ýatladyp gyrpyldaşýardylar.
Geňeşiň edara jaýynyň öňüniň sütünlerdäki çyralaryň ýagtysyna gündizlik bilen bäsleşýändigine garamazdan, obanyň merkezini eýeleýän giň seýilgähiň pyýada ýodalary tomus gijesiniň tümlügine beslenip durdy. Şahalaryny al-asmana tarap uzadyp, gögi gerdeninde saklaýana kybapdaş, äpet söwüdiň astynda duran iki juwanyň sudury garaňkylykda hasam garalyp görünýärdi.
Gymmadyň ellerini gysymlap durşuna şol bir diýen zadyny eýýäm näçenji gezek gaýtalaýan Gadyryň gatyrganýandygy äheňinden bildirýärdi:
- Saňa mekdep, okuw gerekmi ýa-da men?! Gideli, özem ertire-de goýman, şu gün gideli.
Gadyryň elleriniň gyzgyny süňňüni gowşadyp barýan Gymmat onuň gaňryşyna gaýdýandygy üçin özüni günäli duýýan ýaly, müýnli jogap gaýtarýardy:
- Gadyr, ýaňy on sekiz ýaşymyz dolup, on dokuzymyza gitdik. Mekdebi tamamlamaga bary-ýogy üç-dört aýymyz galdy ahbetin, onsoň ejeňi ugratsaň, biziňkiler ýok diýmezler. Häzir bolsa enem-atamyň razylygyny alman seniň bilen gitsem, olar maňa näme diýerler?
Endamyna şapylaşyp duran köýnekde beýigi-beýik, pesi-pes bolup, mese-mälim bildirip duran, ýaş deregiň syrdam sütüni ýaly näzik göwräni bagryna basasy gelip içi byjyklaýan Gadyr, bu wagt Gymmadyň diýýänleriniň dogrudygyny-ýalňyşdygyny seljerer ýaly däldi. Damarlarynda at çapýan ýaş gany, jahyl hyjuwy tyrsyldap duran gyzgyn gyz teniniň ýakynlygyndanmy nämemi, on iki süňňüni söküm-söküm edip, kükregini ýaryp gelýärdi. Akylsyz hyjuwyň şemalynyň zarbyna çaýkanýan beýni, gyzyň assadan müýnli pyşyrdysyna köşeşmekden geçen, gaýta barha beter möwç alýardy.
- Ejemi nädip ugradaýyn-how?! Heniz meniň öňümde öýlenmeli iki sany agam bar, seniň öňüňde-de durmuşa çykmaly uýaň… Ýeri bolýar-la, bärde gepi köpeldip oturmaly. Men saňa üç-dört aý bäri, her duşuşygymyzda ýalbaryplar ýadadym. Sen häzir, şu pursadyň özünde, meniň bilen gitseň-ä, men seni şäherde ýaşaýan daýzamlara äkidip, nika gyýdyrýan, soňam zagsa (RÝNÝ edarasy) gidip, nikamyzy resmileşdirýäris, onsoň sen meniň aýalym bolýarsyň, bolmasa-da ikimiziň aramyzda ähli zat gutarýar… Ejeň-kakaňdan bolsa çekinme, men arada uly agamyň adwokat dostundan soradym, kanun boýunça on sekiz ýaşyň dolandan soň nikalaşyp bolýar. Şondan soň hiç kimiň oglana-da, gyza-da nikalaşmagy gadagan etmäge haky ýok.
Gymmat Gadyryň gazaba ýugrulan çürt-kesik gürrüňine aňk-taňk boldy. Birbada näme diýjegini bilmän, dilini dişläp duruberdi. Emma Gadyr:
-Bol aýt-da, näme dymyp dursuň?!-diýip öwran-öwran gaýtalap goýmandan soň, kellesine gelen ilkinji zady diýip goýberdi:
- A onsoň biz nirede ýaşarys? Ejeň-kakaň bizi öýüňize bir goýberermi?
-Goýbermän näme?! Men körpe. Ejemem-kakamam meni hemme doganlarymdan gowy görýärler. Ýör gideli, Gymmat! Biz bagtly ýaşarys.
Gymmat ýene-de aýdara söz tapman dymdy. Birdenem özi-de düşünmän:
- Sen meni hiç bir ýagdaýda taşlamarsyň gerek, Gadyr?!-diýip naýynjar pyşyrdady.
Kalbyny uşakgöz elekde elenýän una dönderen hyjuwdan ýaňa Gadyr bu mahal öz edýän hereketlerine, aýdýan gürrüňlerine-de doly düşünmeýärdi, Gymmadyň sözleri bolsa onuň üçin çaltrak ýeňip geçmeli gyz kereşmesi ýaly bir zatdy. Şonuň üçinem ol Gymmadyň bu sowalyna doly aň ýetirmedi, ýetirjek hem bolmady. Duýguly hem hyjuwly jümleleri yzly-yzyna suňşuryp durşuna mazaly gyzan diliniň ugruna gepläp goýberdi:
- Ýok, ýok Gymmat jan, men seni hiç bir ýagdaýda, hiç haçan taşlamaryn, biz hemişe birek-biregi söýüp, bileje ýaşarys.
Gepe çeper jahylyň sözleri gögele gyzyň ikirjiňlenmesiniň soňkuja sütünini hem syndyrdy.
- Gidibersekmikäk, Gadyr?!
- Ýör, Gymmadym! Hälden şeýt ahyry!-diýip Gadyr Gymmadyň elinden tutup, seýilgähiň daşyna aýlanan demir germewiň açyk ýerine ýöneldi.
Tirkeşip baryşlaryna olar özlerini edil, ynsanyň ähli naşyja, ýuwanjak duýgularyny gyjyklamagyň kämil sungatyna ýugrulan, ýörgünli hindi kinofilmleriniň hyýaly gahrymanlary ýaly duýýardylar.
…Edenli, akýürekli juwanlaryň päkize hem baky söýgüsi, ýaramaz adamlaryň olaryň söýgüsine edýän ýamanlygy, aşyk-magşugyň maksatlaryna ýetmek üçin gaýduwsyz göreşişleri, iň soňunda-da arzuwyna ýeten owadan ýaşlaryň, ýeňşiň ajaýyp güllerine beslenen ýol bilen bagtyýar aýdym-sazlary ýaňlandyryp baryşlary… Emma bu ýerde özleriniň söýgülerine hiç-hili garşylygyň we garşylaryna göreşmäge ýamanlygyň ýokdugy, hakyky durmuşyň bolsa hindi kinosy däldigi jahyllaryň kellesine-de gelmeýärdi.
Olaryň heniz durmuşyň ajysyny-süýjüsini görmedik, öz agyrysyna, özgäň agyrysyna aglamagyň, hatda ýürege urýan ynsan agyrysynyň-da, agysynyň-da nämedigini bilmeýän, kinniwanja duýgujyklara galkyjaklap, şemala galgaýan ýelden ýeňil öýme deýin pasyrdap duran dälije ýürekleri olara: “Siz gahrymanlar! Öz söýgüňiz üçin göreşip, ýeňýärsiňiz!” diýip ýel berýärdi. Aňlarynda bolsa, oglanyňky-da: “daýzamlara baryp eýle diýerin, beýle diýerin, soňra daýzam ýa-da daýym molla getirer-de bize nika gyýdyrarlar, onsoň biz Gymmat bilen bir otagda ikiçäk galarys, otagyň gapysyny temmeläris, Gymmat düşek ýazar, çyrany öçürer…” diýen sandyramaly oýlanmalar, gyzyňkyda bolsa: “iň bärkisi çalşyrgyç geýim-gejimimi hem almadym. Biraz wagt geçenden soň sorap barsam ejem maňa geýimlerimi, bolanja altyn şaý-seplerimi berermikä?” diýen ünjüli pikirjikler pyrlanýardy.
…Ejeleriniň sallançagyň başynda ukusyz geçiren gijeleri, ýarawsyzlyk tapynyp, üşüdip-gyzdyryp ýatan her pursatlarynda kakalarynyň saçlarynda köpelen ak gyllar, mekdebe gidip başlanlarynda, ilkinji bäşlik bahany alyp gelenlerinde şahyr aýtmyşlaýyn “Saturnyň halkasyny şlýapa edip geýen” kakalarynyň begenjine bäs gelip bilmeýän çagajyga çalym edişi, şunça yhlas-arzuwdan soň, olaryň wysal bolmagyna barýan ýoluň heniz ondan biri hem geçilmänkä, biderek ýerden döwlen käbe hem kybla kalby, “Näme üçin ýüzümiz ýere salyndy?! Hudaýyň öňünde näme günä etdikkäk?!” diýen tükeniksiz gaýtalanyp duran, umytsyz hem jogapsyz soraga jogap agtaryp, gara-ört bolan ýüzler bolsa…yhlasynda aldanan gözler bolsa…ýuwdulyp-ýuwdulyp zähere öwrülendigi zerarly, hiç haçan hiç kime diýilmejek sözler bolsa…seýik tapmajak synan göwünler bolsa…
… Amala aşmagyna hiç-hili päsgelçilik bolmadyk arzuwlaryna ýetmek üçin “göreşip” barýan gögeleleriň ýadyna-da düşmeýärdi…ýatlaryna-da düşmeýärdi…

I hekaýanyň seljermesi:

Hukuk nukdaýnazaryndan:


Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 14-16-njy we 20-nji maddalaryna laýyklykda nika baglaşmak üçin şu aşakdaky şertleriň bolmagy zerurdyr:
1. Nika baglaşýanlaryň özleriniň razylygy;
2. Nika baglaşýanlaryň 18 ýaşynyň dolan bolmagy;
3. Nika baglaşýanlaryň nika baglaşýan pursatlarynda başga biri bilen nikada durmaýan bolmaklary;
4. Nika baglaşýanlaryň akylynyň düzüw bolmagy;
5. Nika baglaşýanlaryň ýakyn garyndaş bolmazlyklary.
Hekaýada görkezilýän ýagdaýda Gadyr bilen Gymmadyň hereketlerinde hiç-hili kanun bozma ýok. Sebäbi olaryň nikalaşmaga ikisi hem razy, olaryň on sekiz ýaşy dolan, ýagny olaryň ikisi hem nika ýaşyna ýeten, olaryň akly düzüw, olar ýakyn garyndaş däl we nikalaşmak isleýän pursatlarynda başga nikada durmaýarlar.
Hekaýada görkezilýän maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan hukuk kadalary we olaryň mazmuny barada bolsa aşakda beýan edilen hukuk maglumatlarynda has giňişleýin durlup geçilýär.

Ahlak nukdaýnazaryndan:

Her bir halkyň özüne mahsus gymmatlyklar bolýar. Ahlak gymmatlyklary hem halkyň ruhy dünýäsini, milli özboluşlyklaryny emele getirýän esasy gymmatlyklaryň biridir. Türkmen halkynyň ahlak kadalarynyň ulgamynda perzendiň ata-enä bolan hormat-sylagynyň derejesi durmuşda her bir adamyň adamkärçiligine, ahlak keşbine baha bermegiň esasy ölçegleriniň biri hökmünde kesgitlenýär. Muhammet alaýyhssalam hadyslarynda: “Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr” diýip belläpdir. Türkmençilikde ene musulman dünýäsiniň iň mukaddes ýeri bolan Käbä, ata bolsa her bir musulmanyň günde bäş wagtyna namaz parzyny berjaý kylanda garaýan we mukaddes Käbäniň ýerleşýän ugry bolan Kybla deňelip, “käbäm enem, kyblam atam” diýilýär. Haýsydyr bir gelşiksiz hereket bilen mukaddes saýylýan ata-enäniň ýüzüni ýere salmak, olaryň il arasyndaky adyna-abraýyna şek ýetirmek hem her bir perzent üçin masgaraçylygyň iň agyr görnüşleriniň biri bolup durýar.
Gadyr bilen Gymmadyň hekaýada görkezilýän hereketini hem hiç-hili bahana ýok ýerinden, özleriniň ýaş hyjuwlaryna, kakabaş duýgularyna bäs gelip bilmän, öz edýän hereketleriniň soňraky netijelerini göz öňüne getirmän, ata-enelerini uly masgaraçylygyň astynda galdyryp gitmekleri hökmünde häsiýetlendirmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen halkynda aýal-gyzlar öz maşgalasynyň her bir agzasynyň ýüzüniň tuwagy, depesiniň täji, iň esasy zat hem ar-namysynyň ýokary baş aňlatmasy hasap edilip gelinýär. Ýetişen gyzyň ata-enesiniň razylygy bolmazdan, milli däp-dessurlar berjaý edilmezden başga bir erkek kişiniň yzyna düşüp, önüp-ösen maşgala ojagyny terk edip gidibermegi-de türkmen maşgalasy üçin juda uly masgaraçylyk hasaplanýar. Şonuň üçinem Gadyr bilen Gymmadyň hereketleri ahlak nukdaýnazaryndan ýazgarylmaga degişli. Sebäbi olar özlerini dünýä inderen, yhlas siňdirip ösdürip ýetişdiren ata-enesiniň abraýy barada jinnek ýaly pikir etmän, diňe öz şahsy hyjuwlaryny kanagatlandyrmaga ymtylyp şeýle hereket edýärler. Bu barada hekaýanyň soňky setirlerinde hem aýratyn nygtalyp geçilýär.
Elbetde durmuşda her hili ýagdaýlar bolup biler. Kähalatlarda, çagalarynyň ruhy dünýäsine düşünmezlikden, dar dünýägaraýyşlarynyň çygryndan çykyp bilmän, hak-u-nähakdygyna garamazdan ata-eneleriň öz diýenlerini gögertmekçi bolup ogul-gyzlarynyň bagtyna böwet bolýan ýagdaýlary-da bolýar. Halal süýt emip ulalan, edep-terbiýesi ýetik çagalaryň bolsa mähribanlaryny ynjytmajak bolup, sulhlary almaýanlary bilen durmuş gurýan we öz geljeklerine gara çekýän ýagdaýlary hem durmuşda setanda-seýranda duş gelýär.
Elbetde bu hekaýanyň gahrymanlarynyň we hekaýanyň seljermesiniň üsti bilen durmuşyň şeýle ters öwrümleriniň wagyz edilmeýändigi öz-özünden düşnüklidir. Eger-de ýigdiň gyzy sulhy alsa, gyz ýigde göwün berse, olar öz bagtly geljeklerini gurmak üçin durmuşyň döredýän päsgelçiliklerini ýeňip geçmegi başarmalydyrlar. Sebäbi her bir adamyň durmuşyny onuň özünden başga ýaşap biljek ýok. Emma seljerilýän hekaýada bu ýagdaý barada gürrüň edilmeýär. Gadyr bilen Gymmadyň söýgüleriniň öňünde hiç-hili päsgelçiligiň ýokdugy hekaýanyň mazmunynda-da nygtalýar.

Durmuş tejribesi nukdaýnazaryndan:

Gadyr bilen Gymmadyň hereketlerinde hiç-hili many ýok. Sebäbi olaryň ikisi hem heniz ýaş, hatda orta mekdebi-de tamamlamadyk. Adamzadyň asyrlaryň dowamynda toplan durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, islendik maşgalanyň durmuşynyň kadaly dowam etmegi üçin birnäçe derwaýys şertleriň bolmagy zerur.
Ilkinji nobatda maşgala gurýan ýaşlar öz öňlerinde duran wezipelere, borçlara hem hukuklara aýdyň düşünmeli. Hekaýanyň gahrymany Gadyryň pikirleri bilen aýdylanda, maşgala gurmagyň diňe “otagda ikiçäk galyp, gapyny temmeläp, düşek ýazyp, çyrany öçürmek” bilen tamamlanmaýandygyna anyk göz ýetirmeli. Oňa göz ýetirmek üçin bolsa adam belli bir ýaşa ýetmeli, ýeterlik durmuş tejribesini toplamaly.
Ikinjiden, her bir maşgala özüniň ähli maddy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaly, ýagny iýmeli-geýmeli, ýaşaýyş jaýyny edinmeli we ş.m.. Çagalar dünýä inenden soň olaryň hem ähli maddy zerurlyklaryny üpjün etmeli. Munuň üçin bolsa Gadyr we Gymmat orta mekdebi tamamlamaly, hünär edinmeli, işe ýerleşip, zähmet çekip, gazanç edip başlamaly. Şu zatlar bolmazdan gurlan maşgalanyň maddy taýdan juda kyn ýagdaýa düşmeg-ä beýle-de dursun, onuň şondan beýläk dowam etmegi hem howp astynda galar.
Üçünjiden, islendik maşgalada çaga dünýä inýär, çaga hem özüne juda uly ünsi talap edýär, ony sözüň hakyky manysynda gowy adam edip ýetişdirmek üçin, oňa eýýäm gundagdaka terbiýe berip başlamak zerur. Çaga üns bermek we ony terbiýelemek üçin çaganyň ata-enesiniň belli bir ýaşa ýetip, akyllarynyň goýalyşan bolmagy gerek. Hekaýada görkezilýän ýagdaýda bolsa Gadyr bilen Gymmadyň özleri heniz ýaňy çagalykdan saýlanyp ugran gögele. Olar hatda öz edýän hereketleriniň manysyna-da doly düşünip bilmeýärler.
Onsoň olar nädip öz çagalaryny terbiýelesinler?!
Görkezilen ýagdaýlar hem seljerilýän hekaýanyň gahrymanlarynyň hereketlerini durmuş tejribesi nukdaýnazaryndan hem oňlamazlyga doly esas berýär.

Hukuk maglumatlary:

Nikalaşmagyň şertleri


Nikany baglaşmagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda berkidilýär. Resmi nika Raýatlyk ýagdaýlarynyň nama ýazgylary (RÝNÝ) edarasynda baglaşylýar. Nika baglaşmak isleýänleriň arzasy RÝNÝ edarasyna berlen gününden bir aý geçenden soň resmileşdirilýär. Bu möhlet nikalaşýanlaryň maşgala gurmak islegleriniň hemme taraplaýyn oýlanyşykly we gutarnykly bolmagyny üpjün etmek üçin göz öňünde tutulandyr. Esasly ýagdaýlara görä bir aýlyk möhlet gysgaldylyp ýa-da tersine, üç aýa çenli uzaldylyp bilner. Mysal üçin, möhletiň gysgaldylmagyna göwrelilik, çaganyň dogulmagy, uzaldylmagyna bolsa nika baglaşmak isleýänleriň biriniň duýdansyz ýüze çykan ýarawsyzlygy ýa-da iş saparyna gitmegi sebäp bolup biler.
Nika baglaşmak üçin iki sany hökmany şertiň bolmagy zerurdyr:
Birinjiden, nika baglaşýanlaryň ikisiniň hem razyçylygy gerek;
Ikinjiden, nikalaşmak isleýänleriň ýaşynyň nika ýaşyna ýetmegi talap edilýär.
Türkmenistanda nika ýaşy iki tarap üçinem 18 ýaş diýlip kesgitlenýär. Kanun nika ýaşynyň aňry çägini kesgitlemeýär, şeýle-de nikalaşýanlaryň ýaşynyň ara tapawudynyň hem ähmiýeti ýokdur. Kanun boýunça RÝNÝ edaralaryna nika girmek barada arza berip, soň hem nikany bellige aldyrmakdan boýun gaçyranlary üçin nikalaşmak isleýänler hiç-hili jogapkärçilige çekilmeýär. Nikalaşmak üçin arza bermek we ony bellige aldyrmak meýletin işdir hem-de oňa hiç kim mejbur edilip bilinmez.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 15-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilinýär.
Bu kadada “esasly sebäpler” diýlende, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 17-nji maddasynyň 5-nji bölegine laýyklykda, şular – göwrelilik, çaganyň dogulmagy, umumy çagalarynyň bolmagy, iş ýa-da okuw bilen baglanyşykly başga ýere gidilmegi, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagy, nikanyň baglaşylmagynyň toý gününde resmileşdirilmeginiň islenilmegi we beýleki ýagdaýlar – göz öňünde tutulýar.
Eger nikalaşjak bolýanlaryň biri ozal başga bir nikada duran bolsa, onda oňa nika baglaşmaklyga rugsat berilmeýär. Bu ýagdaýda nikalaşjak bolýan adam öňki nikasynyň ýatyrylanlygy barada degişli resminamalary getirenden soň täzeden nikalaşmaga rugsat edilýär.
Şeýle hem nikalaşmak gös-göni garyndaşlyk bar halatynda (muňa eje-kaka, çagalar, şol sanda bir atadan ýa-da eneden bolan çagalar, ata-ene, baba-mama, agtyklar degişli), şonuň ýaly-da perzentlige alanlar bilen perzentlige alnanlaryň arasynda gadagan edilýär. Daşgynrak garyndaşlaryň, mysal üçin, doganoglan we dolanan erkek hem aýal doganlaryň arasynda, nikalaşmak üçin hiç-hili päsgelçilik ýokdur. Şeýle hem öweý erkek we öweý aýal doganlaryň arasynda nikalaşmak gadagan edilmeýär.
Nikalaşýanlaryň biriniň akylynyň üýtgänligi ýa-da kemligi sebäpli, ol kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa, oňa nikalaşmaklyga rugsat berilmeýär. Nika bellige alnandan soň är-aýalyň biri kamillik ukybyny ýitiren bolsa, onda nika RÝNÝ edarasynda ýa-da kazyýetde ýatyrylyp bilinýär. Eger-de är-aýalyň arasynda çagalary barada, bilelikdäki umumy emlägi paýlaşmak barada, zähmete ukypsyz, mätäç aýalyna (ärine) kömek bermek barada jedel ýok bolsa, bu nika RÝNÝ edarasynda ýatyrylyp bilner. Türkmenistanyň kanunçylygynda adamlaryň nikalaşmaga bolan hukugyny dini, milli, ten reňki we süňňi pesligi ýa-da başga alamatlar boýunça kemsidýän kadalar ýokdur.
Nika hökmany suratda nikalaşýanlaryň ikisiniň-de gatnaşmagynda bellige alynýar. Hiç bir ýagdaýda nikalaşmagy ynanç hatynyň ýa-da wekiliň üsti bilen amala aşyrmaga rugsat berilmeýär.
Ýokarda agzalyp geçilen kanuny talaplar berjäý edilmedik halatynda, nika kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner. Ýagny, muňa esas bolup biler:
a) nika ýaşynyň dolmazlygy;
b) nikalaşýanlaryň biriniň nika girmäge razylygynyň ýoklugy;
ç) başga bir nikada durulmagy;
d) gös-göni garyndaşlygyň bolmaklygy;
e) kazyýet tarapyndan är-aýalyň biriniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar etmek barada çözgüdiň bolmaklygy;
f) şonuň ýaly-da, nika hakykat ýüzünde maşgala döretmek niýet bilen baglaşylmadyk bolanda.
Agzalan ýagdaýlar aradan aýrylan halatynda (mysal üçin, öňki nika bozulsa ýa-da bozulmadyk nikasy boýunça ýoldaşy aradan çyksa, nika ýaşyna ýetse ýa-da ozal nikalaşan wagtlary öz hereketine jogap berip bilmeýän diýlip hasap edilen adam sagalsa), onda nika şol ýagdaýlar aradan aýrylan wagtyndan başlap, hakyky diýlip hasaplanyp bilner. Sebäbi kanun boýunça ýokarda görkezilen halatlarda kazyýet nikany hakyky däl diýip ykrar etmäge borçly däl-de, ygtyýarly bolup durýar.
Kazyýet tertibinde nikany hakyky däl diýip ykrar etmäge, şol nikany baglaşmak bilen hukugy bozulan är-aýalyň we başga şahslaryň, şol sanda hossarlyk we howandarlyk edarasynyň ýa-da prokuroryň talap arza bildirmäge haky bardyr. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek baradaky kazyýetiň çözgüdi nikany bellige alan RÝNÝ edarasyna iberilýär. Başga käbir talaplaryň bozulmagy, nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine esas bolup bilmez. Mysal üçin, nikalaşýanlaryň öz saglyk ýagdaýlary we çagalarynyň bardygy barada biri-birini habardar etmezlikleri we başgalar.
Nikany hakyky däl diýip ykrar etmekde, onuň esaslary boýunça-da käbir aýratynlyklary bar. Kämillik ýaşyna ýetmedik bilen nika baglaşylan bolsa, eger-de bu onuň bähbitlerine ters gelmese nika hakyky däl diýlip bilner. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek işine garalýan döwürde ol kämillik ýaşyna ýeten bolsa, onda diňe onuň özüniň ýa-da prokuroryň talap etmegi boýunça nika hakyky däl diýip ykrar edilip bilner.
Haçan-da nika mejbur etmek ýa-da aldamak ýoly bilen baglaşylan bolsa, onda nikany hakyky däl diýip ykrar etmek işi jebir çekeniň ýa-da prokuroryň başlangyjy bilen gozgalýar.
Eger-de är-aýal nikany hakyky maşgala gurmak niýeti bilen baglaşman, ýöne soňra kazyýetde iş garalýan döwründe, hakykat ýüzünde maşgala döreden bolsalar, onda ol nika hakyky däl diýip ykrar edilmäge degişli däldir.
Nikanyň hakyky däl diýlip bilinmegi, onuň baglanyşylan pursadyndan başlap tä ol hakyky däl diýlip yglan edilýänçä, är-aýalyň arasynda dörän maşgala hukuk gatnaşyklarynyň öz güýjüni ýitirýänligini aňladýar. Nika hakyky däl diýlip ykrar edilenden soň, aýratyn halatlar bolaýmasa, är-aýalyň arasynda hiç-hili hukuklar we borçlar ýüze çykmaýar. Dogry, nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi, şeýle nikada doglan çagalaryň hukugyna hiç-hili täsir etmeýär. Olaryň hukuk ýagdaýy kanuny nikada duran ata-enelerden bolan çagalaryňky bilen des-deňdir.
Nikalary hakyky däl diýlip ykrar edilen adamlaryň umumy emläklerini paýlamak meselesi maşgala kanunçylygynyň kadalarynyň esasynda däl-de, umumy eýeçilikdäki emläkleri paýlamak we ondan paýy kesgitlemek baradaky raýat kanunçylygynda bellenen tertip ulanylýar. Adamsyna (aýalyna) umumy emläkden paý almak hukugy, şol emläkleriň gazanylmagyna onuň hut özüniň zähmeti we serişdesi bilen gatnaşan halatlarynda berilmelidir.
Eger-de är-aýalyň biri başga nikada durýanlygyny beýlekiden gizlän bolsa ýa-da nika baglaşmaklyga zor bilen mejbur edilen bolsa, bu nikany kazyýetiň hakyky däl diýip ykrar eden halatynda, günäkärden hakyky däl nikada duran beýleki aýaly (äri) eklemek üçin gerek bolan serişdeleri alyp bermäge kazyýetiň haky bardyr.
Şeýle hem kazyýet, nika hakyky däl diýlip ykrar edilen gününe çenli olaryň bilelikdäki edinen emläklerine, är-aýalyň umumy we şahsy emläklerini düzgünleşdirýän maşgala kanunçylygynda bellenen kadalary ulanmaga haklydyr. Nikada bolan döwründe edinilen emläklere, bilelikdäki umumy emläkler hakyndaky kadalary ulanmaga we kömek puluny almaga, är-aýalyň nikalaşmaga päsgel berýän ýagdaýlaryň barlygyny bilmedik, ak ýüreklisine hukuk berilýär. Sebäbi nika hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda, är-aýalyň ikisine-de deň garalyp, deň derejede-de hukuk ýagdaýlary döredilse adalatsyz bolardy.

©Taganmyrat Goçyýew, Serdar Ataýew, Aýdogdy Çaryýew. Nika, maşgala we kanun. Okuw-usuly gollanma. Aşgabat: "Ylym", 2010.





Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 127 | Добавил: Bagabat | Теги: Aýdogdy Çaryýew, Serdar Ataýew, Taganmyrat Goçyýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 17
0
17 Nurdan   [Материал]
Şu tema babada Ylýas Amangeldiñ "ilki ýürek ölýär" kitaby-da gaty täsirli kitap eken. Şu saýtyñ kitaphanasyndan alyp okadym. Juda dartgynly ýagdaýlar beýan edilipdir

0
16 Atayew   [Материал]
Hawa, Kömek agaň şeýle powesti bar. Meniň diýýänim hekaýa. Kiçeňräk hekaýa, okap çykmak üçin kän wagt almaz. Gös-göni maşgala gurmak meselesine degişli hekaýa.

0
15 Atayew   [Материал]
Gadyr bilen Gymmadyň durmuşy barada hekaýa bar. Eger isleseňiz şo hekaýany aýratyn tema açyp, goýup biljek.

0
11 Bagabat   [Материал]
Ýöne, şu wagt görýän welin, bu okuw-usuly gollanmaň soňky baplaryny saýtda çalt goýup boljak däl öýdýän. Sebäbi gollanmaň II babynyň hekaýasynda kazyýet tertibinde atalygy anyklamak meselesi öňe çykarylýardy. Tutuş gollanmaň galan bölümlerem şol wakadan gözbaş alyp gaýdýardy. Gollanma ýazylanda-da, neşir edilende-de, 1969-njy ýylyň 25-nji dekabrynda kabul edilip, 1970-nji ýylyň 1-nji maýyndan güýje girizilen Türkmenistan SSR-niň Nika we maşgala hakyndaky kodeksi hereket edýärdi. Ol wagtlar ýurdumyzda genetiki kazyýet-lukmançylyk bilermen seljermesi (DNK barlagy) geçirilmeýärdi. Kanunda-da şeýle subutnamany kazyýet seljerişinde kabul etmek hakda düzgünler ýokdy.
Ondan soň 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi kabul edildi. DNK barlagam geçirilýär. Şeýlelikde, gollanmadaky hekaýalaram, maglumatlaram düýbünden başgaça işlemeli boljak. Umuman, tutuş gollanmany täzeden ýazmaly. Sebäbi gollanmaň galan düzüm böleklerem tutuşlygyna hekaýalaň daşyna "ýelmeşdirilendi".
Indi bolsa, hemme maglumatlar ýalňyş.
Diňe şu goýlan, gollanmaň I babynyň mazmunyny kän kösenmän, kanuna laýyk etmek we tasa getirmek mümkin boldy.

0
12 Haweran   [Материал]
Bolmaýanlarynyñ hekaýalaryny goýaý onda, agam. Behh, halys süýjetdiñ durduñ-la :))

0
13 Bagabat   [Материал]
@Haweran, II hekaýasynda Gadyryň başga bir gyzdan çagasy bolýar. Soň ol öz çagasynyň atalygyny boýun almaýar welin, kanunda bellenen tertipde çagaň atalygyny kazyýet tertibinde anyklamaly bolýar. Kazyýetem degerli subutnamalaň ýokdugy zerarly şol döwrüň (gollanmaň ýazylan döwrüniň) kanunçylygyndan ugur alyp, çagaň ejesiniň hak isleg arzasyny kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakda çözgüt çykarýar. Sebäbem ol döwürler, ýaňky aýdyşym ýaly DNK barlagy ýok.
Häzirki kanunçylygyň nukdaýnazaryndan gödek ýalňyşlykmy?
Hawa.
Okyjylara maşgala we raýat iş ýörediş kanunçylygy hakda nädogry maglumatlary habar bermekmi?
Hawa.
Şeýle maglumatlary ýazanlaň bisowatlygyny görkezýärmi?
Hawa.
Meň "näzimi artdyrmaýandygyma" düşüneriň ýaly, şuň ýaly mesele bilen bagly bir wakany gürrüň bereýin:
Esasy işimiziň daşyndan dostum Aýdogdy bilen ýokary okuw mekdebinde sapak berýärdik. Ol "jenaýat hukugy" dersini okadýar. Menem "döwletiň we hukugyň nazaryýeti" dersini. Bir günem kafedra dekan geldi-de:
-Ýigitler (omat çypbakaý-çyndanam, heniz otuzam ýaşamadyk ýigitdik :-)), haýsyňam bolsa biriň, halkara hususy hukugy dersinden sapaga girip, ýardam beräýmeseňiz, ýaşuly mugallym keselläpdir!-diýip haýyş etdi.
Biz geňirgenip biri-birimize seredişdik. Onýança dekan öz işgäri däldigimiz sebäpli, biz goşmaça sapaga girmek islemeýändiris öýdüp, halkara umumy hukuk dersinden okadýan gartaşan mugallyma şol haýyşyny gaýtalady. Şonda ýaşuly mugallym şeýle diýdi:
-Goýsana-how, jan inim! Men nire halkara hususy hukugy nire? Birdenkä talyplaň soragyna jogap berip bilmän masgara bolaýsam nätjek? "Bi mollym-a tükenen çöňňe eken" diýşerler-dä. Sen, inim, meň çemçeläp ýygnan abraýymy, öz elim bilenjik çanaklap dökdürjek bolma!
Göz öňüne getir, @Haweran! 30-40 ýyl mugallymçylyk stažly ýaşuly özüniňkä ýakyn dersi birje gezek okatmak üçin girmäge ýaýdanýar. Sebäbi birdenkä ýalňyşaýmaýyn diýip çekinýär.
Bu hekaýalarda bolsa, ýalňyşdygyny bilip durkaň goýsaň, bolmaz-laý!
Elim degse, düzetjek bolaýyn, gardaş! Onsoň goýaryn. Ýöne okaljagy, okalýandygy begendirdi.
Sylagyňa, hormatyňa, gyzyklanmaňa, köp-köp sag bol! Öz adymdanam, mugallymyň Aýdogdyň adyndanam, halypamyz Tagan agaň adyndanam, minnetdar, hemmäňize!

0
14 Haweran   [Материал]
Boldy, boldy, agam. Gep gutardy. :)

2
6 Nurdan   [Материал]
Şu gollanma kitap mende-de bardy, öñ dolulygyna okapdym, durmuş hakykaty çeper beýan edilipdir, gahrymanlaryñ häsiýetleriniñ üsti bilen durmuşy wakalary hukuk, ahlak taýdan seljerip öwrenmekde ähmiýeti uly, Elbetde soñ üýtgeşmeler girizilen bolaýanda-da terbiýeleýjilik güýji gaçmajak gollanma hasapladym, Diñe hukuk talyplaryna ýa işgärlerine däl, başgalar okasa-da köp zada düşünmäge, durmuşda gabat geläýjek ýagdaýlardan akylly-başly baş alyp çykmaga kömegi degjek, täsirli gollanma.

Hekaýa 7 bolümden ybarat, her bölümde-de aýratyn sowalnamalar arkaly wakalary hemme taraplaýyn seljerip öwrenmäge mümkinçilik berilipdir.

Geleñsizlik, ýeñleslik sebäpli maşgalanyñ ýumrulşy, ömürleriñ köýüşi,ýeñlesligiñ, jogapkärçiliksizligiñ, wagtlaýyn keýpiñ soñky netijeleri günäliñ oduna bigünä çagajyklaryñ pida bolmaly bolşy, Bulañ bary durmuşyñ ajyda bolsa hakykatlary..

Häzir bu ýerde bir bölüm ýerleşen, beýleki bölümleri goýulanda-da sypdyrman yzarlasañyz okanyñyza ökünmersiñiz. (Serdar Aga beýleki bölümlerinem goýsa)
Juda täsirli. Doly okasañyz okanyñyza degýän, haýyrly kitap.
Ýazanlar, yhlas edenler, ýetirenler sag bolsunlar.

0
7 Bagabat   [Материал]
Minnetdar. Taňryýalkasyn. 11 ýyl mundan ozal bu kitaby üç bolup öz serişdämize çykarypdyk. Bary-ýogy 1000 ekzemplýar tiražda çykypdy. Olaňam köpüsi şu ugurdan bilim alýan talyplara ýaýradylypdy. Şol wagtyň talyplary eýýäm ençeme ýyl iş tejribeli hünärmenler bolup ýetişendir. Belki, haýyrlaryna ýarandyr.
Henizem bujagaz gollanmaň öz aktuallygyny ýitirmändigini halypam Tagan aga-da, dostum Aýdogda-da aýtsam begenerler.

1
5 mango   [Материал]
Men: …baryndan bazar eýlenen ýaly… / …Zähmetiňize berekella…
Tumarly: …Bary bilen bazar eýläpdirler… / …Zähmetlerine berekella…

Üns beren bolsaň, Tumarly hanym ikimizem meňzeş bellik etdik…
Obložkaň sadalygyna heşelle kakyp däl-de has gowusy bolaýsady diýip, gynanyp (bu söz gaty dogram gelenok welin) garaz, gowy niýet bilen ýazdym.
Kitabyň gowy gollanma bolandygynam ýazdym…. Onsoň şeýle profesional ýazylan kitaba professional obložkaň mynasypdygyny bellänimi bilgeşleýin, erbet niýetli kemçilik gözlemek diýip düşünmäň.
Maslahatlaryňyza-da sag boluň. Minnetdar.
Meniň özümä her erbetdenem, gowudanam peýda alyp bilýän.
Peýdany aljak kişi bermeseňem alýar.
Almajagam berseňem alanok.
Maňa ters düşünmäň.

0
8 Bagabat   [Материал]
"Ребята давайте жить дружно!".
Leopold pişik.

1
3 mango   [Материал]
Gyzykly zat bolan ýaly…
Bizde maşgala instituty diýen ýaly zat barmyka?
Orta mekdepde sapak geçilende-de bolup duruberjek zat şu.
Maşgala medeniýeti öňünden öwredilmeli zat….
Gowy gollanmadyr. Ýöne baryndan bazar eýlenen ýalydyr-da…. kitabyň obložkasy gaty sada…. Professionalyň eli degmedigi bildirýär….
Zähmetiňize berekella.

1
4 Tumarly   [Материал]
Ýok ýerden bar edipdirler. Bary bilen bazar eýläpdirler. Zähmetlerine berekella. Dowamyna garaşýarys. Mango näme üçin adamlaryñ zähmetinden kemçilik gözleýäñiz? Bolmanam birinji edilen işiñ kemi kösti bolar. Kemçiligini özlerem bilýändir. Hany bizde dürli dürli hususy neşirýatlar barmy, bäsdeşlik barmy, kitap bazary barmy? Kitap çykarmak uly görgi azap. Bolanjasyndan edipdirler. Çykdajy çykarypdyrlar. Berekella. Ýa gören zadyñdan kem gözlemek siziñ häsiýetiñizmi? Bu bolşuñyz bilen durmuşda-da, hiç ýerde-de ýol almarsyñyz. Ile peýda edýändirinem öýdýänsiñiz özüñize.

0
10 Bagabat   [Материал]
Sag boluň. Taňryýalkasyn.

0
9 Bagabat   [Материал]
Bellik dogry. Bu sahypaň dizaýnyny şol wagt üç bolup, özümizçe ýasan bolupdyk. Üçümizem ýurist. Kompýuterde diňe "Word" programmasynda resminama işläp bilýäs. Hünärmen dizaýner tanşam ýok. Onsoň bolşuna görä, ýasan bolupdyk-da çykardypdyk. Ýöne bujagaz 200 sahypadan ybarat gollanma, gaty şüweleňli ýazyldy. Bary-ýogy 14 günde ýazyp dynypdyk. 2009-njy ýylyň sentýabrynda. Her iki günden bir babyny ýazypdyk. Soňam bellenen tertipde ylalaşýançak, serişdämizi jemleýänçäk, takmynan 4 aý dagy geçipdi.
Umuman, soň-soňlaram bu gollanma üçin minnetdarlyk bildirenler köp boldy. Durmuşy nukdaýnazardan iň peýdaly tarapam bu gollanmaň soňunda talap arzalaryň nusgalary we nädip talap arza ýazmalydygyny öwredýän bölümjigi bar.

1
2 Bagabat   [Материал]
Belki, bu gollanma taýýarlanyp, çapdan çykaly bäri kanunçylygyň üýtgändigi sebäpli, içinde nätakyklyklar giden bolmagam ahmal. Elim degdiginden hereket edýän kanunçylyga laýyk getirjeg-ä boldum welin, onda-da iş edinip, ilik-düwme seljermeseň ýalňyşlyk gidäýýär.

1
1 Bagabat   [Материал]
Gollanmada çyzgylar, testler (sowalnamalar) hem bardy. Ýöne, olar esasan hukuk ugrundan bilim alýan talyplara niýetlenen bolandygy sebäpli, başga hünärler bilen meşgullanýanlar üçin gyzykly dälmikä diýýän. Onsoňam saýtda çyzgylary diňe surat görnüşinde goýaýmasaň, başga görnüşde goýup bolýandygyndan men-ä bihabar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]