06:28
Neýlärsiñ...
NEÝLÄRSIÑ...

Käte hasrat dynmaz, käteler ýagyş
Söwer ýar, bir ýylgyr, bar zat undular.
Dymýaryn, men bu gün, ikindinara
Hasratlara örtenýäris, neýlärsiñ...

Bir gün bu gamgyn söýgüden,
Galsa diñe gussa galar...
Senem bilýäñ, ýalñyz galdyk...
Duşuşmak gadagan,
Görmek gadagan...
Zyñlan bulgur ýaly dönýär başymyz,
Neýlärsiñ...

Ah, gözelim...
Ynjydylan sesi bardyr ýagyşyñ;
Al ýañagña degeninde duýýansyñ.
Hoşlaşyk sözleri şamar saçyña,
Sandyradýan posa bilen degende;
Wagty saklamaga ýetmez nepesiñ.
Kino lentasy deý
Geçer aýralyk.
Neýlärsiñ...

Şonsuzam okalan bu romanlardan
Hiç tapyp bilmändik öz durmuşymyz.
Ýalñyş düşündirdi aýdymlar bizi,
Bütin krosswordlar galypdy ýarpy.
Tenha köçelerde üşedik durduk,
Ýogsa bile tutan balyklarmyzy-da
Ýañadandan deñze bagyş edipdik.
Biz, durmuşa garşy
Hiç ýalñyş iş etmedik...
Neýlärsiñ...

Biz bu netijä laýykmy,
Asla laýyk däl...
Ömrümiz bu talaña mynasyp däldi.
Käte hasrat urdy, käteler ýagyş
Gülmedi yüzümüz,
Ösmedi gülmiz...
Bizi diñe agşam gujagna aldy,
Bilýärsiñ,
Sähere çykmajak ýoldy ýörän ýolumyz...
Bir gün bu kyssanyñ soñna gelende
Birden diýsem saña: "Hoş gal, ezizim!"
Unudarsyñ,
Mejbury undarsyñ meni...
Yyldyzlar deý söner gider bu söýgi!
Geçenleri ýatlap, sessiz aglarys...
Neýlärsiñ...

Ah, söwer ýar, ah..
Turşumtyk dady bar gözdäki ýaşyñ,
Lebleriñe syryganda duýýansyñ.
İçiñdäki gömlen yşk mazarynda,
Ayralyk ölümden ilki ýazylsa
Gideni saklamaga ýetişmez sesiñ...
Puşmanlyk duýgusy süññüñe ornar,
Neýlärsiñ...

Şonsuzam biz, hiç bir kinoteatra
Gijä galdyk, barmadyk öz wagtynda
Ýolagçy gämiler gidipdi eýýäm.
Biz gelmänkä gutarypdy petekler.
Bihuda gamlarda geçdi günlermiz.
Barybir Nuhuñ gämisinde-de
Goýulman ekeni biziñ ornumyz.
Hem bagtly günlere ýazylman eken,
Ikimiziñ jübütleşen adymyz.
Neýlärsiñ...

Biz bu yşky dowam edip bilmezdik,
Ynan, bilmezdik...
Ikimizem taýýar däldik bu bagta.
Bize diñe gussa galdy, hem ýagyş...
Undup bilmeseñem indi
Göýä undan kişi borsuñ.
Hem-de ýyrtyp zyñan kagyzlarymda,
Soñlanmadyk şygrym bolup galarsyñ...

Yusuf HAÝALOGLY.





Категория: Goşgular | Просмотров: 402 | Добавил: Нawеran | Теги: Ýusuf Haýalogly | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Ümlük / Goşgular - 22.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]