12:10
Nepes Şahyr
NEPES ŞAHYR

Nepes şahyr 1915-nji ýylda Babadaýhan etrabynyñ "Kyrkguýy" diýen gum obasynda dogulýar. Öz döwrüniñ Gurban Sopy, Eziz kör, Öwez şahyr ýaly belli şahyrlaryñ arasynda hasam giñden tanalan Nepes şahyr Beýik Watançylyk urşuna hem gatnaşyp, atly polkda gulluk edipdir. Kellesinden ýaralanyp obasyna dolanan Nepes şahyr Uzukjemal atly gyza öýlenipdir. Onuñ süýjo durmuşy uzaga çekmeýär. Bolşewikleriñ siýdiginden täret almagy özlerine bagt saýan oba şugullary aýaly Uzukjemalyñ kakasyndan galan köne sapança saklaýar diýip, şahyry ýamanlaýarlar. 1945-nji ýylda Nepes şahyr tusag edilýär. Soñra onuñ agasy Öwezjan dürli ýerlere arz edip, onuñ bigünädigini subut edýär we türmeden boşatdyrýar.
Nepes şahyrdan galan hiç hili golýazma ýok. Ondan diñe öz okamagynda ýazdyrylan bir kasseta goşgulary galypdyr. Şahyr öz goşgularyny XX asyryñ başlaryndaky türkmen şahyrlary ýaly (mysal üçin: Mollamurt, Körmolla we ş.m, -t.b) anyk durmuş wakalary esasynda ýazypdyr. Käbir goşgularynda bogun sany ýetmeýänem bolsa, hiñlenip okaýandygy üçin, bu kemçilik onçakly bildiribem duranok. Döwrüniñ eden-etdilikleri barada ýazan birnäçe goşgusynyñ bolandygy mälimem bolsa, olary häzirlikçe ele salmak başartmady. Mysal üçin onuñ "Sowet Türkmenistany" kolhozynyñ ýolbaşcylarynyñ meýdandaky içhä-içligine gabat gele Nepes şahyryñ:

Ot üstünde çydaman, nahar gaýnar lygyrdap,
Ketdeleriñ sostawy gazandadyr-gazanda -

- diýen tankydy goşgusy bolupdyr.
Şahyrdan galan kasseta ol Babadaýhan etrabynyñ Ýarygökje obasyna garyndaşlarynka geleninde ýazdyrylypdyr.
Ýarygökjede şahyryñ Amangeldi, Betdi, Lebap welaýatynyñ Kerki etrabynda bolsa Geldi diýen ogly ýaşaýar. Bular onuñ birinji aýaly Oguljahandan bolupdyr. Ikinji aýaly Uzukjemaldan bolsa perzent önmändir.
Ömrüniñ köp bölegini Tejen şäherinde geçiren Nepes şahyr ölmeziniñ öñ ýanynda Ýarygökje obasyna gelip, ogly Betdiniñ öýünde bolýar we 1984-nji ýylyñ 19-njy dekabrynda aradan çykýar.

Nepes şahyryñ goşgularyndan

Gal indi


(Sowet türmesinde ýazylan goşgy)

Gulak goýuñ, beýik dagyñ zawlary,
Açylypdyr bu dünýäniñ çoglary,
Gezen ýerim, haý-haý, Balkan daglary,
Ady Balkan, gara daglar gal indi!

Hak ýetirsin ýagşyny myradyna,
Ýana-ýana aýralygyñ oduna,
Bäbek diýrler han gyzynyñ adyna,
Şirin dilli ol Bäbek han gal indi!

Bir kimseler döwüm nan iýp otyrlar,
Bir kimsäni myradyna ýetirler,
Birini boşatsa, onun getirler,
Gaflat deý garañky jaýlar gal indi!

Bir kimselee otyr munda nan iýip,
Bir kimseler otyr "Ýylym on" diýip,
Bir kimseler heniz "Sany kän" diýip,
Gamly günler, gamgyn günler gal indi!

Sowet zyndanyndan süññüm gurady,
Erksizlikden ýaña mañlaý garady,
Nepes şahyr ahyr öýe ugrady,
Jem bolup oturan iller gal indi!

Taýýarlan: Annahal BAÝHAN.





Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 445 | Добавил: Нawеran | Теги: Annahal Baýhan | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]