20:20
Neneň ýürek gyýylmasyn
NENEŇ ÝÜREK GYÝYLMASYN

Men hem Annasoltan Kekilowany respublikan gazetleriň redaksiýalarynyň birinde bir gezek görüpdim. Şonda ol şadyýan, durmuş-ýaşaýşy aýratyn söýýän ýaş zenan bolana döndi. Görüp otursam, ol respublikamyzyň şol wagtky näkes ýolbaşçylary tarapyndan nähili ýagdaýlara sezewar edilen eken. Ýöne Annasoltan örän çydamly eken. 12 ýyllap dälihanalarda mejbury saklanmak ... Ol ýere düşen aýratyn sag adamyň hem däliräp gitmegi mümkin. Ýöne Annasoltan Kekilowa 12 ýyllap çydam edip bilipdir.
Soňra-da Annasoltan Kekilowa öýünde birahat ýatyp aradan çykdymyka ýa-da dälihanalaryň birinde ýogaldymyka? Ol nirede jaýlanypdyr? Mazarynda ýadygärlik barmy? Ine, şu zatlary ýazyp, Ogulbaýram Gurbanowa täzeden çykyş etse, ondan has hem minnetdar bolardyk.
Annasoltan Kekilowanyň goşgular ýygyndysynyň kitaplary täzeden çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilse, has maksada laýyk bolardy.

Allamyrat ŞYPAÝEW
Halaç raýony, pensioner, SSKP çleni.

Makalaň çapa çykan ýyly: 18.10.1990 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Яш коммунист" gazeti

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 93 | Добавил: Jeksparro | Теги: Allamyrat Şypaýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 MмС   [Материал]
Ogly russiyada yasaya diyip esidipdim

0
4 MмС   [Материал]
Ogly russiyada yasayar diyip esidipdim

0
Ogly dirimikä şu şahyryñ?? Näme üçin seslenenok??

0
2 Jeksparro   [Материал]
Ses-hä berenok özi!

0
Bar bolsa seslenaýjek ýaly

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]