07:18
Neneñ şahyr bolmajak
NENEÑ ŞAHYR BOLMAJAK

Dostum Nobatguly Rejebowa

Bize kakamyzdan miras galmandyr,
Aýnap, ýaýnap, sowup-sowurtlar ýaly.
Oñduk tapsak çeýnär ýaly gara nan
Hem tapsak gara suw owurtlar ýaly.

Bu dünýä iñ zerur wagty insegem,
Däl eken ornumyz üstünde gözüñ.
Doguldyk biz dolmak üçin bu dünýäñ
Ýürekýargynç ýigitlerniñ öwezin.

Şonuñ üçin çensiz ir ýetişdik biz,
Ir düşündik halal bilen haramam
Düşündirdi ony ýalmawuz açlyk
Hem titrän Watanda galan haraba.

Şu zatlary görüp-bilip durkañam,
Berilmedik şatlyk bar deý hasratda.
Ahmyr edýäñ, gözýaş bilen suwarlan
Ýaşlygyñ geçmänne aýşy-eşretde.

Il-günüñ, Watanyñ hasrat çekýärkä,
Neneñ edip saralmajak, solmajak.
Neneñ ýüregiñi goýmajak orra,
Neneñ ýanyp-köýüp şahyr bolmajak...

Ýaşap ýörüs, kem zadymyz ýok indi,
Barýas üzmän aýagmyzy ýerden biz.
Awan, sanjan bolýar ýüregmiz käte,
Hem çagakak ýagyr bolan gerdenmiz...

* * *

Diýarym, diýarym, eziz diýarym,
Badaşyp gidipdir bagrym señ bilen.
Paýlaşasym gelýär döwüm çörek deý
Şatlygmyñ, bagtymyñ baryn señ bilen.

Sebäbi señ gök maýsalañ tokluny
Çaga wagtym bendi edip goýupdyr...
Gelýär oba tarap ala sygyrlar,
Olar eýýäm otdan-suwdan doýupdyr.

Meñ intizar, ala gözlerim bolsa,
Ýumulýança señ mähriñden ganmaýar.
Anha, gökde ganat kakyp bir torgaý
Meniñ galan sekuntlarmy sanaýar.

Otyr simde garlawaçlañ setiri,
Ýada salyp setirlerin "üçlemäñ".
Onsoñ men neneñsi geçip gideýin
Bu sährada ot ýakynman, düşlemän.

Anha, hatyñ äpet bukjasy ýaly,
Batböregin ylgap göge göteren
Oglanjyk gülüp dur çetinde bagyñ,
Meñzäp bormy maña şondan beterem?

Birje sapak ony al-asmandaky
Arzuwy deý batböregne baglaýan.
Gülýär meñ üstümden bigam oglanjyk,
Menem häzir şonuñ üçin aglaýan...

Atajan ANNABERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Haweran | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Magnit / Goşgular - 25.01.2022
Исповедь / Goşgular - 24.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]