12:48
Nemirowiç-Dançenkonyñ terjimehalyndan parçalar we režissurasy
W.I.NEMIROWIÇ-DANÇENKONYŇ TERJIMEHALYNDAN PARÇALAR WE REŽISSURASY

W.I.Nemirowiç-Dançenko (11-23.12.1858-25.04.1943). Ol Gruziýanyň Ozurgeti diýen şäherçesinde eneden bolýar. W.I.Nemirowiç-Dançenko harby gullukçynyň maşgalasynda dogulýar. Onuň çagalygy Tiflis şäherinde geçýär. Çagalygyndan teatr sungatyna bolan höwesi ony çeper höwesjeňleriň spektakllarynda çykyş etmeklige alyp barýar. Ol beýik rus režissýory, teatr işgäri, ýazyjy, dramaturgy. 1936-njy ýyldan SSSR-iň halk aristi K.S.Stanislawskiý bilen bilelikde M.Gorkiý adyndaky MHAT teatrynyň düýbüni tutujy.
Birneme soňrak onyň fizika-matematika bolan höwesi artyp ony Moskwa uniwersitetiniň fizika-matematika fakultetine alyp gelýär. Ol şol ýerde 1876-1879-njy ýyllar aralygynda okaýar. W.I.Nemirowiç-Dançenko uniwersitetde alan bilmine garamazdan ony teatr sungaty özüne çekýär. Esasanam dramaturg A.N.Ostrowskiniň pýesalary onuň teatra düýpli gelmegine öz düýpli täsirini ýetirýär.
Moskwanyň Kiçi teatrynyň şol döwürdäki beýik aktýorlary M.N.Ýermolowanyň, G.N.Fedotowanyň, O.O.Sadowskaýanyň, A.P.Lenskiniň döredijilikleri ony özüne çekipdir. Ol yzygderli teatrlar bilen gatnaşykda bolmak bilen teatr tankydyna ýüz urýar. Gazýetlerde we žurnallarda çykyş etmek bilen ol döwrüň teatrlarynda bolup geçýän täzelikleri, öňe gidişlikleri, kemter gaýtmalary dogruçyllyk bilen ýazmagy başarypdyr. Ýurduň öňde baryjy neşirleri bolan "Artistde”, "Budilnikde”, "Günüň täzeliklerinde”, "Rus çaparynda” WI, Wlad, Goboý, Kiks, Niks lakamlary bilen çykyş edipdir.
W.I.Nemirowiç-Dançenko öz makalalarynda Rus sahnasyndaky ideýa durgunlylyga, daşky salgyma garşy bolmak bilen, repertuarlaryň täzelenip durmagyny, teatr sahnasynyň döwrüň öňde baryjy edebiýatyna ýüz urmalydygyny yzygiderli ýazypdyr. Onuň makalalarynda teatrlaryň aktýorçylyk sungatyna we dramaturgiýa doly düşünilmegini öz makalalarynyň üsti bilen wagyz edipdir. Şol döwrüň öňdebaryjy aktýorlarynyň döredijiligine baha ber-mek bilen, sahna sungatynyň köp taraply bolmagyna ünsi çekipdir. Sahnadaky oýnalýan oýunlarypnyň kerebe öwrülen gerekmejek häsiýetlerden gaça durmaklygy öňe sürüpdir.
Teatrlaryň öz zamanasyndan yza galýandygyny, tomaşaçylaryň islegleriniň teatrlar tarapyndan öwrenilmeýändigini janyýangynlylyk bilen ýazypdyr. Teatrda düýpli reformany geçirmekligiň wagtynyň ýetendigini ençeme gezek Imperatişorçylyk teatrynyň direksiýasyna (ýolbaşçylaryna) hat üsti bilen edilmeli işleriň taslamasyny beýan edipdir. Onuň teatr ugrundan edýän tagallalaryna baş galdyran bolmansoň, onda hemmeler üçin elýeterli teatry (obşedostupniý) drama mekdebiniň üsti bilen döretmek pikiri emele gelýär.
W.I.Nemirowiç-Dançenko şol ýyllarda ýazyjy hökmünde çykyş edipdir. Onuň ilkinji hekaýasy "Poçta duralgasynda” ady bilen 1881-nji ýylda peýda bolýar. Şol döwürlerde ol eýýäm birnäçe powestleriň, romanlaryň awtory bolýar. Onuň galamynyň astyndan çykan eserleri yzly-yzyna çap edilip, oňa uly şöhrat getirýär. "Eklenji edebiýatdan” romany 1890-njy ýylda ýazylyp, 1991-nji ýylda çapdan çykarylýar. "Gubernatorçylyk derňewi” 1895-nji ýylda, "Soňky erk” pýesasy 1888-nji ýylda, "Täze iş” 1890-njy ýylda, "Altyn” 1895-nji ýylda, "Durmuşyň bahasy” 1896-njy ýylda, "Arzuwlar ummanynda” 1901-nji ýylda ýazan eserlerinde rus jemgyýetçiliginde intellgensiýanyň ýaşaýyş durmuşynyň agyrdygy suratlandyrylýar. Onuň ýazan drama eserleri uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň pýesalary esasan Aleksandrinskiý (häzirki Puşkin) we Kiçi teatryň sahnalarynda goýulypdyr. Şol pýesalarda döwrüň tanymal aktýorlary Ermolowa, Sadowskaýa, Sawinowa, Lenskiý çykyş edipdirler.
Özüniň ýazan pýesalarynyň uly meşhurlykdan peýdalanýandygyna garamazdan ol öz ýazýan pýesalaryna bolan talabedijiligi has-da güýçlendirmäniň ugrunda bolýar. 1896-njy ýylda "Durmuşyň bahasy” atly pýesasy üçin özü-ne berlen Griboýedow adyndaky baýrakdan ýüz öwrüp, teatr ugrundan edýän gözleglerini dowam etdirýär. Ol öz gözlegleriniň ilkinji başlangyçlaryny ýaş aktýorlara teatr ugryndan pedogogik terbiýäni, işjeňligi artdyrmakdan gözläpdir. Olaryň sahnada azat-erkin hereket etmeklerini, meňzeşliklerden, leji çykan gaýtalamalardan daşda bolmaklaryny gazanmakdan ybarat bolupdyr. Şeýle hem, her bir aktýoryň öz ýüregini diňläp bilmegini, şondan ugur almagy başarmalydygyny ündäpdir.
W.I.Nemirowiç-Dançenko 1891-1901-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň jemgyýetçilik filarmoniýasy uçilişesiniň sazly-drama bolüminde mugallym bolup işleýär. Ol şol döwürde okadýan talyplarynyň hersiniň aýratyn häsiýetlerini açmaga köp üns beripdir. Olardan bolsa pýesadaky häsiýetleri, durmuş hakykatyny görüp, duýup bilmeklerini talap edipdir.
W.I.Nemirowiç-Dançenkony K.S.Stanislawskiniň režissýorçylyk tärleriniň özüne çekýäni sebäpli ol döredijilik gatnaşyklaryny birikdirmek maksady bilen ýüz tutýar. Iki sany teatr sungatynyň beýik ussatdy tarapyndan 1898-nji ýylda hemmeler üçin elýeterli bolan Moskwanyň Çeperçilik teatrynyň MHT- yň (häzirki M.Gorkiý adyndaky MHAT) düýbi tutulýar. Teatryň düýbüniň tutulmagy bilen Moskwanyň filormoniýa uçilişesiniň W.I.Nemirowiç-Dançenko tarapyndan okadylan iň oňat talyplary MHT-yň ýanynda döredilen "Sungat we edebiýat jemgyýetçiliginiň” agzalary bolýarlar. Ol K.S.Stanislawskiý bilen golaý döredijilik aragatnaşykda bolmak bilen teatryň döredilik we guramaçylyk bölümine ýolbaşçylyk edýär. Geljekki teatryň repertuar bölüminiň müdiri bolmak bilen repertuara tomaşaça iň golaý, iň düşnükli, iň hakyky eserleri saýlap almakda K.S.Stanislawskä uly kömek bolýar.
W.I.Nemirowiç-Dançenko ilkinji bolup A.P.Çehowyň dramaturgiýasyna ýüzlenmekligi orta atýar. MHT-yň döredijilik toparynyň ählisi bolup Çehowyň dramaturgiýasyna ýüzlenmeklik karar edilýär. Çehow bolsa öz gezeginde M.Gorkini teatra çekmekligiň hötdesinden gelipdir. MHT-yň haýyşy boýunça M.Gorkiý "Meşanlar”, "Na dne” pýesalaryny ýazypdyr.
1902-nji ýylda W.I.Nemirowiç-Dançenko K.S.Stanislawskiý bilen bilelikde M.Gorkiniň "Na dnesini”,A.P.Çehowyň bolsa ähli pýesalaryny sahna çykarýar. 1904-nji ýylda bolsa, Çehowyň "Iwanowa” pýesasyny özbaşdak goýýar. Ol özbaşdak goýan bu pýesasynda ähli aktýorlaryň özboluşly tebigylygyny, hakykylygyny režissýorçylyk tärleriniň üsti bilen ýokary derejede açmaklykda ussatlyk görkezip bilipdir.
W.I.Nemirowiç-Dançenko teatryň repertuaryna Ýewropa dramaturglarynyň eserlerini goşmaklygam başarypdyr. Döwrüň talabyna gabat gelýän dramaturglar G.Ibseniň "Ölen wagtymyz galkynýarys” (1900), "Jemgyýetçilik mähellesi” (1903), G.Gaupmanyň "Ýalňyzlar” (1899) pýesalaryny K.S.Stanislawskiý bilen bile sahna çykarýar. 1905-1906-njy ýyllarda Teatra jemgyýetçilik garaýyşlar üýtgäp başlaýar. Tomaşaçylaryň teatrdan edýän talaby güýjäp ugraýar.Şol sebäplem teatr öz repertuaryna täzeden seretmeli bolýar. M.Gorkiniň "Günüň çagalary” atly döwrüň iň wajyp meselerini gozgap bilýän pýesasy peýda bolýar. Ol bu sahna eserine K.S.Satanislawskiniň gatnaşma-gynda režissorçylyk edýär. Bu spektaklyň sahna çykarylmagy W.I.Nemirowiç-Dançenkoda, K.S.Stanislawskada meşhurlyk getirýär. Sebäbi sahna çykarylan "Günüň çagalarynda” indi nähili ýaşamaly diýen mesele orta atylýar. Şol meşhurlyk gazanan pýesadan soň, W.I.Nemirowiç-Dançenko dramaturg G.Ib-seniň "Brand” pýesasynyň üstünde işläp onaň ilhalar eser hökmünde tomaşaça hödürläpdir. 1903-nji ýylda W.I.Nemirowiç-Dançenko Şekispiriň "Ýuliý Sezar” tragediýasyna režissýorçylyk edýär. Bu sahna eseri şol döwürde oña uly şöhrat getiren, onuň iň uly sahna işi hasaplanypdyr. Sahnada Rim imperiýasynyň pese gaçmasygynyň, dargamagynyň esasy mazmuny giňden açylýar.
Döwlet hökümdarynyň halkdan üzňe bolmagynyň netijesiniň respublikanyň dargamagyna alyp gelendigi giňden suratlandyrylypdyr.
1905-1907-nji ýyllarda rus nusgawy eserlerine ýüzlenýär. Ol K.S.Stanislawskiý bilen bilelikde, Griboýedowyň "Akyl zerarly hasrat” (1906), Gogolyň "Derňewçi” (1909) pýesalaryny sahna çykaryp diňe bir özlerine däl, eý-sem, pýesalaryň awtorlarynada öçmejek şöhrat getiripdir. W.I.Nemirowiç-Dançenko Puşkiniň "Boris Godunow” (1907), Ostrowskiniň ,,Ähli akyldarlara mahsus sadalyk” (1910), "Diri maslyk” (1911), Turgenýewyň "Nanýagysy” (1912), Saltykow-Şedriniň "Pazuhiniň ölümi” (1914), Puşkiniň "Daş myhman” (1915) pýesalaryny yzly-yzyna sahna çykarmak bilen döwrüň tanymal režissýorlarynyň birine öwrülýär. Ol bu sahna eserleriniň her biriniň döwrüniň, jemgyýetçilik kada-kanunlarynyň, awtoryň pýesany döretmekdäki göz öňünde tutmalarynyň, awtoryň täsirlenmeleriniň, ählisini bir ýere jemläp, ony tomaşaça inçelik bilen ýetirmekligi režissýorçylygyň inçe tilsimlerini özleşdirmek arkaly ussatlarça başarypdyr.
W.I.Nemirowiç-Dançenko MHT-yň öňünde duran esasy we zerur meseleleri duýmaklygy başarypdyr. Onuň aktýorlar I.M.Moskwine, L.Ýa.Gurewiçe ýazan hatlarynda, truppalaryň öňlerindäki çykyşlarynda: "Teatr öňdebaryjy jemgyýetçilik durmuşdan yzda süýrenmeli däldir. Ol öňde baryjy jemgyýetiň ösüşini tomaşaça dolulygyna siňdirip bilmelidir”-diýipdir. Ol şeýle diýse-de, kähalatlarda dramaturg L.N.Andereýewiň "Anatema” (1909), "Ýekatrina Iwanowna” (1912), "Düşünje” (1914), S.S.Ýuşkewiçiň "Miserere” (1910), Meržkowskiniň "Şatlygam bolar” (1916) atly göwnüçökgünlilige gaplanan pýesalary MHT-nyň repertuaryna goşdurypdyr.
W.I.Nemirowiç-Dançenko rus tragediýasynyň gözleginde bolmak bilen F.M.Dostaýewskiniň "Doganlar Karamazowlar” romanyny (1910) inssenirowka edip sahna çykarýar. Spektakl örän aýratyn görnüşde bolup iki gijäniň dowamynda sahna çykarylýar. Spektaklda aktýorlaryň ajaýyplyk bilen oýnamagyndan başga-da ýörüte spektakly alypbaryjy hen girizilipdir. Şondan soň, ol F.M.Dostoýewskiniň "Şeýtanlar” eserinem "Nikolaý Stawrigin” (1913) ady bilen sahnalaşdyrýar. MHT-yň sahnasynda bu pýesanyň peýda bolmagy M.Gorkiniň gahar-gazbyna duçar bolýar. Sebäbi ol, F.M.Dostoýewskiniň eseriniň sahna çykarylmagynda rus intelligensiýasynyň wawwaly durmuşyny açyp görkezmesi sahna dilinde jüpüne düşmedik eser hasaplapdyr.
Russiýada Oktýabr rewolýusiýasy üstün çykandan soň, W.I.Nemirowiç-Dançenko ýurduň teatr jemgyýetiniň gurluşyna ýakyndan gatnaşyp ugraýar. Ol Merkezi Teatr guramasynyň ýokary birleşmesiniň agzalygyna saýlanýar.
Teatrlary täzeden üýtgedip gurmaklygyň sakasynda duranlaryň biri bolýar. Şeýle hem "Teatr Medeniýeti” žurnalyny döredijileriň biri bolmak bilen ilkinji redaktory wezipesinde işleýär.
1919-njy ýylda MHT-a Akademiki at dakylýar. Şondan soň teatr MHAT atlandyrylyp başlanýar. W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň baştutanlygynda MHAT-da täzeden üýtgedip gurmak işleri amala aşyrylyp ugraýar.Ol ilki bilen MHAT-yň truppalaryna ýaş aktýorlar toparyny çekýär. Şol bir wagtyň özünde teatr sahnasyndan döwrüň hakykatyny öňe sürmek meselesini orta atýar. Dramaturglar topary bilen döwrüň wajyp meselelerini açyp görkezmäge bolan çekişmeleri yzygiderli gurap başlaýar. Ol teatrda dürli guramaçylyk işlerini geçirmekden başga-da, dramaturg Tкenýewiň "Pugaçýewçilik” (1925), MHAT-yň sahnasynda ilkinji bolup, taryhy-rewolýusion tema ýüzlenmek bilen W.Iwanowyň "Gabaw” (1929), Leonowyň "Polowçan bagy” (1939) spektakllaryna režissorlyk edýär. W.I.Nemirowiç-Dançenko ady agzalan spektakllary sahna çykarmak bilen her spektakl üçin aýratyn režissýorçylyk usul tapyp, şonam ussatlarça ulanyp bilipdir. "Gabaw” pýesasyny bolsa, örän joşgunlylyk bilen häzirki zaman tragediýasyna öwrüpdir.
W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň režissýorçylyk eden spektakllarynyň biri bolan "Lýubow Ýarowaýa” (1936) köp taraply reňk bermek bilen, döwrüň syýasy ideýa-mazmunyny çeperçililigiň ýokary derejesiň üsti arkaly tomaşaça ýetirip bilipdir. Ol awtoryň öňe süren ideýa-mazmunyny aktýorlaryň üsti bilen gyşarnyksyz, dogruçyl, ýalňyşman bermegi başarypdyr. W.I.Nemirowiç-Dançenko şu spektaklda özi tarapyndan işlenen teatr ylmyndaky "üç kabul edişligi” (sosial, psihologik, sahna) siňdirip hakyky çeper döredijiligi sahna çykaryp bilipdir. Onuň bu öňe sürýän ylmy K.S.Stanslawskiniň "Sahnada aktýoryň ýaşaýyş durmuşy”, "Keşpleriň esasy dänesini”, "Ýokary çözgüt”, "Ýönekeý edermenlik”, "Fiziki taýdan özüňi duýmak” ýaly ylmy öňe sürmelerine gabat gelýär.
W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň sahna sungatynda gazanan ägirt işleriniň biri L.Tolstoýyň "Ýekşenbesini” (1930), "Anna Kareninaşyny” (1937) inssenirowka etmek arkaly sahna çykarmak bolupdyr. Onuň şeýle işleriniň hasabyna A.N.Ostrowskiniň "Tupanyny” (1934), A.S.Griboýedowyň "Akyl zerarly hasratyny” (1938) goşmak bolýar. Ol L.Tolstoýyň döreden düýpli eserleri "Ýekşenbedäki”, "Anna Kareninadaky” döwrüň filosofiýasyny, döwrüň ide-ýa-mazmunyny, taryhy häsiýetliligini dolulygyna berip bilmegi onuň ussat re-žissýordygyna güwä geçipdir. "Ýekşenbede” eseriň awtor tarapyndan ugrukdyrylmagy, spektaklyň epikasyny berip bilmegi has-da güýçlendiripdir. W.I.Nemirowiç-Dançenko M.Gorkiniň "Ýegor Bulyçýewini” (1934), "Duşmanlaryny” (1935) sahna çykarmak bilen sungatda hakyky realizmiň açyk, aýdyň tassyknamasyny ýüze çykarypdyr. Ol, pýesalaryň ikisindenem döwrüň filosofiki, syýasy garaýyşlarynyň düýp manysyny dolulygyna susup almagy başarypdyr. W.I.Nemirowiç-Dançenko şeýle etmek bilen diňe bir öz ussatlygyny artdyrman, eýsem spektaklda keşpleri döreden aktýorlaryň çeperçilik taýdan baýlaşmagynam gazanypdyr.
W.I.Nemirowiç-Dançenko 1940-njy ýylda A.P.Çehowyň "Üç aýal doganyna” täzeden ýüzlenýär. Ol pýesada öňe sürülýän mazmuny psihologik taýdan yzarlap, ony inçelik bilen ýüze çykarýar. Bu ýagdaý A.P.Çehowyň geljege bolan ynamyny has-da artdyrmaga mümkinçilik döretmäge uly goşant bolupdyr. W.I.Nemirowiç-Dançenko döwrüň syýasatyndan ugur alyp, Pogodiniň ,,Kreml kurantlaryny” (1924) sahna çykarýar. Ol, şol ýesada hereket edýän Leniniň keşbini (Leniniň keşbini aktýor A.N.Gribow döredipdir) ilkinji gezek MHAT-yň sahanasynda peýda bolýar. Şol sahna eseri üçin 1943-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar.
W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň döredijiliginde sazly teatr esasy ýeri eýeleýär. Ol 1919-njy ýylda MHAT-yň "Sazly studiýasyny” döredýär. Şol studiýa 1926-nji ýylda W.I.Nemirowiç-Dançenko adyndaky Sazly teatra öwrülýär. Onuň sazly studiýa döretmegi sazyň, dramanyň, gepleşigiň sahndaky özara gatnaşygyny tejribe hökmünde ulamak arkaly opera sungatyndaky öňden gaýtalanyp dowam edip gelýän galybyň, sahnada emele gelen çolaşyk kerebiň soňuna çykmak üçin barlyşyksyz göreşi yglan edýär. Ol her bir aktýoryň dramadan, wokaldan baş alyp çykmalydygyny öz geçirýän tejribesiniň üsti bilen aktýorlara terbiýe beripdir. Öz goýýan operalarynda dürli wajyp meseleleri orta atmak bilen opera sungatynyň täzeçe görnüşlerinem işläp düzüpdir. 1920-nji ýylda Lokokanyň "Angonyň gyzy” atly gülküli komediýasynda fransuz haşamlaryny (grawýurasyny) ulanypdyr.1922-nji ýylda Of-fenbahyň "Perikolasyny” melodrama-buff oýny hökmünde sahna çykarýar. 1923-nji ýylda Aristofanyň "Lizistratesini” halk sazly komediýasy ilkinji gezek aýlanýan sahna giňişligini ulanmak arkaly tomaşaça ýetirip bilipdir. 1924-nji ýylda Bizeniň "Karmen” operasy üçin ýazan sazynyň astynda P.Merimäniň "Karmensita we esger” spektaklyny sahna çykarmak bilen opera librettosyny nowella žanryna golaýlatmagyň üstünde işläpdir. 1934-nji ýylda Werdiniň "Trawiýatasynda” (librettosy W.Inberiňki) "ýokary jemgyýet” tarapyndan gy-sylyp çykarylan hory salmak bilen aktrisa Wiolettynyň tragik söýgüsini toma-şaça ýetirmegi uly üstünlikleriň biri hasaplanýar.
W.I.Nemirowiç-Dançenko häzirki zaman opera sungatynda köp meseleleri orta atmak bilen XX asyryň Günbatar kompozitorlarynyň sazlaryny çek-mekligede ünsi güýçlendiripdir. 1929-njy ýylda Kşenekanyň "Žonny”operasyny sahnada goýýar. W.I.Nemirowiç-Dançenko öz wezipesini häzirkizaman opera sungatyny döretmekde görüp, şony hem öňe sürýär. 1930-njy ýylda Knipperiň "Demirgazyk ýeli” pýesasyny "Ýeller şäheri” (Bu pýesa Kirşonyň librettosy esasynda sazly tragediýa hasaplanýar) ady bilen tomaşaça ýetirilýär. 1934-nji ýylda Şostakowiçiň "Katerina Yzmaýylowasy”, 1936-njy ýylda Dzeržinskiniň "Ýuwaş Dony”, 1939-njy ýylda Hrennikowyň "Harasata tarapy” ynsanperwerçilikli ideýalary öňe sürmek bilen hakykaty görkezip öz režissýorçylyk zehini açmaklygyň ýollaryny gözläp dürli täzelikçilige tarap ýol salypdyr.
W.I.Nemirowiç-Dançenko ömrüniň ahyryna çenli MHAT-yň direktory, ýolbaşçysy bolýar. Onuň K.S.Stanislawskiý bilen bilelikdäki teatrda, teatr ylmyndaky işleri diňe bir Russida däl, eýsem, dünýä möçberinde sahna sungatynyň düýpli ösmegine ýol açdy. Olaryň ylmyndan ylham alanlaryň müňlerçesi beýik aktýorlar, režissýorlar bolup sahna sungatynyň taryhyna müdimilik girdiler. Olaryň ylmyndan ylham alýan şu günüň aktýorlarydyr režissýorlary şol salynan ýoldan ýöräp, ony uzaldyp gidip otyrlar. Bu şeýle-de bolmaly.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.





Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 43 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]