19:52
Nemes teatry
NEMES TEATRY

Nemes teatry öz gözbaşyny halk däp-dessurlaryndan, milli halk oýunlaryndan alyp gaýdýar. Drama sungatynyň ilkinji elementleri folklor aýdymlarynda we tanslarynda ýüze çykyp olarda zähmet endikleri, tebigatyň güýji suratlandyrylypdyr. Orta asyrlarda nemes şäherlerinde sergezdançylyk edip ýören ykmanda aktýorlaryň-"şpilmanlaryň” (halk sungaty bilen baglanyşykly) sungaty gülläp ösüpdir. Orta asyrlarda beýleki Günbatar Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly Germaniýada-da dini (liturgiýa) dramalar, misteriýa (bu-da din bilen baglanyşykly/, ahlak (moralite) žanrlaryna baş urlupdyr. Dini dramalaryň peýda bolmagy buthana-nyň halka garşy göreşi bilen bagly bolup, dini wagyz-nesihatlary ýaýratmak üçin gerek bolupdyr. Misteriýa we moralite žanrlary kähalatlarda dünýewi meýiller, feodal-klerikal (klerikal-buthananyň syýasatyny we medeni-ýetini güýçlendirmäge tarap çalyşýan ugur. Akym.), halk medeniýeti bir-bileri bilen çaknyşmakdanam gaýtmandyr. Şol döwürlerde iň asuda,demokra-tik ýagdaýada orta asyrlardan gaýdýan fars žanry bolupdyr.Bu žanr Germaniýada "fastnahtşpilýa” (Sözlüge seret) hem diýilipdir.Bu žanryň sýužetleri esasan "şwanklardan”, Antik eýýamyndan,rysarçylyk edebiýatlardan alnypdyr. XVI asyryň ortalarynda ,,fastnahşpilýa” žanrynda G.Saks ýazypdyr. "Fastnahtşpilýa” oýnuny goýmak esasan ,,meýsterzingerlere” (Sözlüge seret) degişli bolmagynda galýar. "Meýsterzingerleriň” esasy merkezi G.Saksyň ýaşaýan şäheri Nýunberg şäheri bolupdyr. Drama hereketleri köprüleriň aşagynda tomaşaçylaryň daş-töweregini ykjam gurşap almagynda görkezilipdir. Dramalarda hereket edýän personažlaryň tomaşaçylaryň öňün-däki çykyşlarynyň tebigy bolmagy, degişmelerden /şaržlardan/ gaça durulmagy hökmany hasaplanypdyr. Şeýle hem wakalary gereginden artyk ulal-dyp görkezmekligem gadagan edilipdir. "Meýsterzingerleriň” bu hereketleri ýurtda giňden ýaýrap, geljekgi professional aktýorlar sungatynyň döreme-gine alyp barypdyr.
Otuz ýyllyk uruş (1618-1648) ykdysady ýagdaýlaryň pese gaçmagyna, feodalçylykdaky raeksion güýçleriň ösmegine alyp barypdyr. Şeýle güýçleriň täsirine düşen Germaniýa ownuk böleklere dargap, kiçi knýazlyklara öwrülipdir. Her nemes knýazyň mülkünde gapy teatry bolup, ol teatrlarda döwrüň iň kämil tehnikasy hasaplanýan sahna serişdeleri ulanylyp, köplenç balet tanslary görkezilipdir.
XVII asyrda mekdep teatrlaryna üns çekilipdir. Esasan görkezilýän dramalar ruhy "iezuit” we "protestant” (Sözlüge seret) mekdeplerinde dowam etdirilipdir. Görkezilýän spektakllar latyn dilinde bolup dini ösdürmek maksady göz öňünde tutulypdyr. Mekdep teatrlary gapy teatralaryndan öz- leri üçin ähli zady kabul edip, spektakllary gurnamakda we sahna bezegi sungatynda olardan has öňe gidipdir.
XVI asyryň ahyrlarynda we XVII asyrda Germaniýada köp sanly "Iňlis komediýaçylary” olaryň yz ýanyndan ,,ýokary nemes komediýaçylary” (Şu at bilen Germaniýanyň dürli künjeklerinde sergezdançylyk edip ýören talyplardan, aktýorlardan ybarat topar/ peýda bolupdyrlar.Bu iki toparyň peýda bolmagy bilen Germaniýada demokratik häsiýetli teatrlaryň we professional aktýorlaryň döremegine alyp barypdyr. XVII asyryň ortalarynda ilkinji gezek Germaniýada "Meşhur garakçylar” ady bilen professional teatr truppasy döredilipdir. Bu topar I.Felteniň reformatorçylyk öňe sürmeleriniň netijesinde emele gelipdir.
XVIII asyrda Nemes teatrynyň ösüşi Magaryflaşdyrma ideologiýasy bi- len baglanyşykly bolupdyr. Magaryfçylar teatrlardan mazmun we çeperçilik talaplary edipdirler. Şeýle talaby ilkinji bolup, K.Neýber öňe sürüpdir. Ol I.H.Gotşed bilen bilelikde nemes teatryny fransuz klassisizm teatrlaryna golaýlaşdyrmak maksady bilen birnäçe işler durmuşa geçiripdirler.K.Neýder Leýpsikde aktýor sungatyny ösdürip, G.G.Koh, Ý.F.Şýoneman ýaly sahna us-satlaryny ýetişdiripdir. Ol Fransuz aktýor sungatynyň kadalarynda tragedi-ýalarda, komediýalarda sahna hereketlerini dogry ýerine ýetirmekligi, aýdylýan aýdymlarda,sözlenýän sözlerde mylaýymlygy, balet tanslarynda saz-laşygy terbiýeläpdir. "Leýpsig mekdebi” aktýorlary ýetişdirmekde, olaryň Nemes teatrlarynda ussatlygyny ýokarlandyrmakda belli bir derejede öňe gidişlikler edenem bolsa,Nemes sahna sungatyna klassisizmiň getiriljek bol-magy üstünlikden peýdalanmandyr. Sebäbi döwür milli teatrlardan Maga-ryflaşdyrma ugra ýykgyn edilmegi, halky demokratlaşdyrma çagyrmagy talap edipdir.
XVIII asyryň 2-nji ýarymynda G.G.Kohuň truppasy Nemes sazly drama žanry bolan zingşpili (zingşpil - komiki operanyň bir görnüşi bolup, waka gepleşik žanrynda berilýär. Şeýle operalar XIII asyrda Germaniýada,Aws-triýada köp ýaýrapdyr. Sözlüge seret.) ýola goýupdyr. Bu žanr halk saz me-deniýeti, demokratik dramaturgiýa bilen golaý aragatnaşykda bolupdyr.
Magaryflaşdyrma eýýamyna dramaturg G.E.Lessing öz uly goşandyny goşupdyr. Ol Nemes teatrynda realistik ugry dörediji hökmünde sosial dra-manyň, milli komediýanyň, magaryflaşdyrma tragediýanyň teorýasyny iş-läp düzüpdir. XVIII asyrda G.E.Lessing teatra jemgyýetçilik-terbiýeçisi hök-münde garap, ynsanperwerçilik ideýalaryň absolýut hökümdarlyga garşy göreşip bilýän uly güýçdigini belläpdir. G.F.Lessin-giň Magaryflaşdyrma realizmiň esaslary "Gamburg milli teatry” (1767-1768) tarapyndan amala aşyrylypdyr.Teatryň aktýorlary K.E.Akkerman, S.Şrýoder, K.Ekgof, F.L.Şrýoder tarapyndan G.F.Lessingiň çeperçilik meýilnamasy emele gelipdir. Atlaryny bellän aktýorlarymyz tarapyndan Gamburg mekdebi” döredilip şol mekdepde Magaryflaşdyrma ugur hereket edipdir. XVIII asyryň ikinji ýarymynda şu mekdebiň meşhur wekilleriniň biri K.Ekgof ha-saplanypdyr. Asyryň aýaklarynda bolsa, beýik nemes aktýory we režissýory F.L.Şrýoder şeýle meşhurlykdan peýdalanypdyr. F.L.Şrýorderiň tassyklama-gyna görä, U.Şekspiriň eserlerine ýüzlenmek nemes sahnasyny şol wagt ýurtda dörän ,,Tupan we zarba” hereketi bilen golaýlaşdyryp, nemes realistik režissurasynyň esasynyň goýulmagyna getiripdir. F.L.Şrýoder realistik häsiýetli aktýor I.F.Brokmany terbiýeläp ýetişdiripdir. Onuň ýetişdiren I.F.Brokmany U.Şekspiriň sahna çykarylan "Gamletinde” (1776) Gamletiň keşbini döredip meşhurlyga eýe bolupdyr.
Nemes teatrlarynyň "meşan dramalary” (Sözlüge seret) bilen golaýlaşmagy durmyşy-ýaşaýyş oýunlarynda kähalatlarda teatr sahnasynda realizmiň mazmun taýdan gowşamagyna alyp barypdyr. 1777-nji ýylda "Mengeým Milli teatry” açylýar. Bu teatr XVIII asyryň 80-90-njy ýyllarynda ýur-dyň iň uly teatrlarynyň biri hasaplanypdyr. Teatrda aktýor, režissýor, dra-maturg A.W.Ifflandanyň döredijiligi ýokary derejä ýetipdir. Ol ,,Mangeým Milli teatryň” sahnasyna buržuaz-filister /filisterdar manyly/ äheňli özüniň we dramaturg A.Kosebuň pýesalaryny goýupdyr. Teatrda goýulýan buržuaz-filister mazmunly pýesalar esasy teatryň ugruny kesgitläpdir. XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda bu teatrda ,,mangeýn mekdebi” döräp, şol mekdebem sahna sungaty üçin merkez bolup hyzmat edipdir. Bu mekdebiň aktýorlary sahnada özleriniň synçylygy, sahna tehnikasyny ussatlarça ulanyp bilmekleri, durmuşy wakalary dolulygy bilen tomaşaça ýetirmek häsiýetleri arkaly tapawutlanypdyr. Bu zatlara garamazdan pýesalaryň ideýa-mazmunyny açmaklyk ikinji derejeli zat hasaplanypdyr.
XVIII asyryň aýaklarynda ,,Weýmar teatrynda” sahna çykarylýan pýesalar beýik nemes dramaturglary I.W.Gýotanyň, F.Şilleriň döredijiligi bilen bagly bolupdyr. Germaniýada ilkinji gezek "Weýmar teatrynda” dünýä belli şahslar I.W.Gýotanyň, F.Şilleriň, G.F.Lessingiň, M.F.Wolteriň nusgowy eser-leri sahna çykarylypdyr. Şeýle hem olaryň eserleriniň üsti bilen režissýorlyk sungatyna sahnada aktýorlar ansamblyny döretmeklik we spektaklda büte-wi çeperçilik mazmuny emele getirmek esasy hasaplanypdyr. I.W.Gýotanyň öz teatr baradaky teoriýasynda bellemegine görä, göz öňünde tutulmaly maksadyň, çeperçiligiň tejribede ýerine ýetirilip, ägirt teatry döretmekde Antik eýýamynyň sungatynyň berk kadalaryndan ugur almalydygy aýdylýar. "Weýmer mekdebiniň” sahnadaky aktýor ussatlygy "mangeým mekdebiniň” aktýorçylygyndan we olaryň ýykgyn edýän klassisizminden daşda bolupdyr.
XIX asyryň 1-nji çärýeginde nemes teatrlary Arzuwçyllyk akabasyna ýykgyn edip, ösüp başlapdyr. Arzuwçyl ýazyjylar A.W. we F.W.Şlegeliler, L.Tik, G.Kleýst, E.T. we A.T.Gofmanlar teatr sungatynda tebigy baglanşygy tapmagy öňe sürüpdirler. Režissýolar L.Tikanyň Drezden we Berlin, A.Klin-geman Brawunşweýg teatrynda goýan spektallarynyň ählisinde teoriýadyr tejribäniň tebigata bolan gatnaşygyny has aýdyň ýagdaýda suratlandyr-many başarypdyrlar. Arzuwçyllygyň teatr sahnasyna çykarýan melodrama-laryna, sahnada ýeke hereket edýän gahrymanlaryna, birden ýüze çykýan gozgalaňlaryna bolan gatnaşygy nemes teatrlarynda degerli ösüşden peý-dalanmandyr. Nemes teatrlary U.Şekspiriň eserlerine daýanmak bilen Ar-zuwçyllyk eýýamynyň aktýorlaryndan sahnadaky tebigylygy, sahna hudož-niklerinden bolsa, sahna bezegindäki we aktýorlaryň geýýän eşiklerindäki şahyranalygy talap edipdir. Arzuwçyllyk teatrlarynda weýmar stilizasiýasyndan (Stilizasiýa- gadymy zatlara öýkünmek we olary tertibe salmak. Sözlüge seret.) we "mangeým durmuşyndan” ýazylan pýesalardan el çeki-lipdir.
Teatrlarda I.Flekka döwrüň iň meşhur aktýorlarynyň biri bolmak bilen onuň keşp döredendäki joşgunly içki hakykaty tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. Azuwçyl-aktýorlaryň meşhurlarynyň beýleki biri L.Dewriýentu öz döredýän gahrymanynyň keşbindäki häsiýetlerini örän inçelik bilen ýüze çykarmagy başarypdyr. I.Flekkanyň, L.Dewriýentanyň sungatlarynda jemgyýetiň dar düşünjeliligine, sosial deňsizlige bolan göreş sahna keşpleriniň üsti bilen tomaşaça ýetirilipdir. L.Dewriýentanyň döredi-jiligi Arzuwçyllyk eýýamyny sowup, XIX asyryň realizm eýýamynda-da ýo-luny dowam etdiripdir. "Dýusseldorf teatryny” (1832-1837) dörediji režissýor we teatryň ýolbaşçysy K.L.Immermanyň döredijiliginde realistik akymlara bolan ymtylyş duýulypdyr. K.L.Immerman teatr sungatyny şertle-ýinlikden, ýalandan daşlaşdyrmak, şol bir wagtyň özünde-de spektaklyň çeperçilik bütewüligini saklamak, režissýorçylyk tejribede režissýoruň sah-na çykarylýan drama eserleriniň ideýa-mazmunyny, çeperçiligini ösdür-mek we öňe itergi bermelidigini tassyklapdyr. "Dýusseldorf teatry” nemes teatrlarynyň realistik ugra ýykgyn etmeginde belli bir derejede öz täsirini ýetiripdir.
XIX asyryň 30-njy ýyllarynda rewolýusiýa meýilli Getmaniýada özüniň aktýor ussatlygy bilen meşhurlyk gazanan K.Zeýdalman nemes sahnasynda öňe çykypdyr. Ol özünden öňki sahna ussatlary K.Ekofyň, F.L.Şrýodoryň sahna adatlaryna ýüzlenmek bilen şol adatlary dikeldipdir. K.Zeýdalman sah-nada güýçli, ýiti gapma-garşylykly şahsy häsiýetleri ynandyryjylykly, tebigy-lygy bilen suratlandyryp bilmegi sahnadaky uly böküş bolup hyzmat edipdir. Onuň sahna sungatynda pikir ýörediş ukyby, döredýän keşbini belli bir nusga alarlyk derejä ýetirip bilmegi onuň beýik aktýor bolandygyndan habar berýär. K.Zeýdalmanyň täsirine düşen realist-aktýorlar T.Dýoring, F.Gaaze sahna ussatlary bolup terbiýelenipdirler.
XIX asyryň 1-nji ýarymynda Germaniýanyň dagynyklygy ýurduň syýa-satynda we medeniýetinde merkezleşdirmelerden daşda bolupdyr. Teatr durmuşy babatda aýdylanda bolsa, ýurdyň uly bolmadyk şäherleri bolan Weýmarda, Karlsruzda, Mýunhende azda-kände hereket edipdir. Bu şäher-leriň gapy teatrlary esasan nusgawy pýesalara ýüzlenmek bilen döwrüň ta-lap edýän dramalaryny repertuarlaryna juda az goşupdyrlar. Sahna sunga-tynyň ýerine ýetirjiligi Klassisizm, Arzuwçyllyk adatlaryny özünde jemläp gam-gussaly eserleri, tragediýalary tomaşaça hödürläpdirler. Sahna režis-sýorçylyk sungatynyň medeniýetinde E.F.Dewriýentiň,F.Dingelşmedtiň usul-laryndan peýdalanylypdyr. Režissýorlaryň yzygiderli aladalary XIX asyryň ortalarynda ,,Meýningen teatrynyň” döremegine alyp barypdyr.
1869-njy ýylda Germaniýada gapy teatrlarynyň ýatyrylmagy şahsy kommersiýa teatrlaryň köpelmegine getiripdir. Şol döwürde nemes teatr-larynyň repertuarlarynda çeperçilik, aktýor we režissýor ussatlyklary örän pese gaçmalara sezewar edilipdir.Oňa derek aktýorlarda, režissýorlarda öz-özünden göwnihoşluk emele gelip öňki teatr sungatyndaky ýetilen sahna ansamblyna çenli dargadylypdyr.
1831-nji ýylda düýbi tutulan ,,Meýningen teatry” şäher teatryna öwrü- lip, 1871-nji ýyldan başlap sahna eserlerini goýýan ýeke-täk teatr hasaplanypdyr. Bu teatryň alyp barýan işlerinde režissýor L.Kronegiň uly täsiri bo-lupdyr. Ol spektakla gatnaşýan aktýorlaryň we beýlekileriň hemmesiniň bir maksada gulluk etmeklerini öňe sürüpdir.Onuň sahna çykarýan spektakllary özüniň ýokary medeniýeti bilen tapawutlanypdyr.
XIX asyryň ortalarynda we aýaklarynda nemes teatrynda beýik sahna ussatlarynyň ençemesi işläpdir.Olardan aktýor B.Dawison sahnada özüniň aýdyň yjuwlylygy bilen ägirt keşpleri döredip bilmegi, aktýor A.Matkow-skiý özüniň duýgurlygy bilen joşgunly täsirini töweregine ýaýradyp bilmegi, L.Barnaý aktýorçylyk sungatyny Klassisizm we Arzuwçyllyk adatlarynda do-wam etdirip bilmegi, aktýor E.Possartyň /ilki baş keşpleri dörediji soň re-žissýor, ,,Mýunhen teatrynda” ýolbaşçy/ spektaklda ýiti häsiýetleri, daşky görnüşi döredip bilmegi bilen beýleki aktýorlardan tapawutlanypdyrlar. Adyny bellän bu aktýorlarymyz nusgawy /klassik/ repertuarlarda çykyş edipdirler.
Nemes teatryna öz döwrüniň dramaturgiýasynyň ornaşdyrylmagy bi-len täze ösüş eýýamy başlanýar. Dramaturglar G.Ibseniň, G.Gauptmanyň eserleriniň nemes sahnasyna çykarylmagy bilen XIX asyryň iň soňky beýik tragik aktýorlaryndaň bolan Ý.Kaýns, A.Zorma terbiýelenipdir. Olar sahna-dan uly howsalany, adama agram salýan agyryny, adamlaryň kimdir biri tarapyndan ezilmegini uly duýgy, ak ýüreklilik bilem berip bilmekligi başa-rypdyrlar.
XIX-XX asyrlarda Germaniýada Berlin şäheri teatr merkezine öwrülýär. 1883-nji ýylda A.L.Arronžanyň ýolbaşçylygynda, E.Possartyň, L.Barnaýanyň, F.Gazeniň we ýenede birnäçe sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda ,,Nemes teatry” açylýar. Bu teatryň öňünde çeperçilik taýdan iň ýokary nusga alar-lyk sahna eserlerini goýmak öňe sürlüpdir. 1889-njy ýylda režissýor O.Bram tarapyndan ,,Azat teatr” açylýar. Bu teatr dramaturglar G.Ibseniň,G.Gaupt-manyň A.Golsanyň, I.Şlafanyň, E.Zolýanyň, L.Tolstoýyň eserlerine ýykgyn edipdir. O.Bram sahna çykarýan eserlerinde esasy zadyň dramaturgiýa de-gişlidigini tassyklap, diňe baş keşbi döredýäniň kabul edişligine /premýera-syna/ garşy çykmak bilen, sahna durmuşynda owunjak zadyňam durmuşy döredip bilýändiginiň tarapdary bolupdyr.O.Bram sahna sungatyndaky ,,na-turalizm” akymy ulanmagyň tarapdary bolup çykyş edipdir. Nemes teatr sungatynyň taryhynda O.Bramyň G.Gauptmanyň ,,Dokmaçylaryny” /1894-ý./ sahna çykarmagy sahna sungatyndaky beýiklik hasaplanypdyr.Spektakl-daky işçiler synpynyň jemleşip aýaga galmagy we olaryň özlerini ezýän ka-pitalistik düzgüniň üstüni açyp bilmegi döwrüň uly synagy bolup teatr tary-hyna giripdir.
Ýurtda sosial-demokratik hereketiň ýaýbaňlanmagy täze teatrlaryň dö- remegine, ösmegine itergi beripdir. B.Willäniň, F.Meringiň başyny başlama-gy bilen 1890-njy ýylda ,,Azat halk sahnasy” /Freýe folksbýune/ teatry açyl-ýar. Bu teatr Germaniýada ilkinji bolup işçiler synpyny teatr sungatyna çek-mekde esas bolup hyzmat edipdir.
Nemes teatry 1894-1904-nji ýyllarda O.Bramyň ýolbaşçylygynda aýra- tyn täze bir görnüşe eýe bolupdyr. O.Bram daşyna döwrüň iň meşhur akt-ýorlaryny ýygnap, beýik tragik aktýorlary Ý.Kaýnsyň,A.Zormanyň ýoluny do-wam etdiripdir. Şol ýerde beýik režissýorlaryň biri bolup ýetişen M.Reýn-hardt, G.Mýuller ilkinji döredijilik işine başlapdyr. Meşhur aktýorlar E.Reý-her, E.Leman, R Ritner sahna ussatlyklaryny ösdüripdirler.
1905-nji ýyldan Nemes teatrlarynyň ýolbaşçylygy ressisýor M.Reýnhardta geçýär. Ol 1910-njy ýylda nemes nusgawy /klassik/ we U.Şekspiriň ajaýyp eserlerine ýüzlenmek bilen dünýä belli beýik režissýorlaryň hataryn-da tanalyp başlanýar. M.Reýnhardtyň sahna çykaran spektakllarynda dur-muşa bolan beýik ynam, owadanlyk, ynama we güýçlilige bolan duýgy, adamlaryň ykbalyna bolan howsala aýrylmaz bir bölek bolup hyzmat edipdir. M.Reýnhardt G.Eýzoldtyň, A.Bassermanyň, A.Moissiniň döredijiliginde olaryň hakyky sahna sungatyna bolan ussatlygynyň doly emele gelmeginde oýnan tasiri biçak uly bolupdyr. Bu zatlara garamazdan M.Reýnhardtyň dö-redijiliginde nemes teatrlaryna mahsus sussypeslik dowam edipdir. Bu sus-sypeslik ýagdaý onuň dramaturglar W.Wedenkindanyň, G Zudermanyň soň-ky ýazan pýesalarynda has-da duýlupdyr.
1-nji Jahan urşy we ondan soňky ilkinji ýyllarda nemes teatrlary çuň pese gaçmalary başyndan geçiripdir.Ýeňil žanrlary sahna çykarmakda eme-le gelen ,,umumylaşdyrma”, ,,amerikalaşdyrma” nemes teatr sungatynyň juda aşak gaçmalaryna getiripdir. XX asyryň 20-nji ýyllarynda nemes teatr-larynda aýratyn güýç bilen ,,ekspesionizm” /,,Ekspresionizm”-çeper surat-landyrmagyň nerw-beýni täsirligini kesgitlemek. Sözlüge seret./ ugruň, joş-gunly deklomasiýalaryň, adatdan daşary görnüşleriň ulanylmagy peýda bo-lup başlapdyr. Spektakly goýujy hudožniklerem sahnada ýönekeýje durmu-şy suratlandyrmakdan gaça durup doly we düşnükli bezegleri ulanyp ugra-ýarlar. Bu ugur Berlindäki Döwlet teatrynyň režissýorlary l.Ýesnere we K.G. Martina degişli bolupdyr. Olar şeýle täsirde aktýorlar E.Dýoýeçi, B.Krausy, F.Kortneri taýýarlapdyrlar.
XX asyryň 20-nji ýyllarynda işçi teatrlary ýaýbaňlanyp we ösüp başlap-dyr. ,,Azat halk sahnasy” /Freýe Folksbýune/ teatry öz sahnasyna kommu-nistik repertuarlary çykarmaga çalşypdyr. 1927-nji ýylda ,,Piskator” tetry açylýar. Teatr ilkinji sapar dramaturg Tolleriň ,,Biz şäherde ýaşaýarys”, Ýa. Gaşegiň adybir powesti esasynda ,,Gaýratly esger Şweýgiyň başdan geçir-meleri” eserlerini sahna çykarypdyr. E.Piskator özüniň ,,Piskator” teatrynda kapitalistik hakykaty beýan edýän spektakllary sahna çykarypdyr. "Şiffbauerdamm” teatry B.Breht bilen K.Weýlýanyň "Üç teňňelik operasyny” sahna-da goýupdyr. Nemes teatrlarynda esasy ýeri rewolýusion äheňli pýesalar eýeläp, öňe sürülýän ideýalar işçiler durmuşyndan bolup, ol pýesalar Sowet dramaturgiýasyna öýkünmekden gelip çykypdyr. Şeýle äheňli pýesalar teatr-larda goýulmakdan mahrum edilenligi, polisiýanyň yzarlamalary sebäpli klublarda, köçelerde, kimdir biriniň gapysynda görkezilmek arkaly kommu-nistik ideýany ýaýradypdyrlar. Kommunistik mazmunly pýesalary drama-turglar F.Wolf we B.Breht ýazypdyrlar. Olara ýolbaşçylyk eden režissýorlar G.Wangenheým bien M.Walentin bolupdyrlar. Şeýle spektakllarda profes-sional aktýorlar G.Otto, E.Buş keşpler döredipdirler. Spektakllary goýýan truppalar ,,Gyzyl köýnek”, ,,Gyzyl demirçi ussa”, ,,Alarm”, ,,Täzelenýän sü-tün” ýaly atlary özlerine kabul edipdirler.
1933-nji ýylda Germaniýada faşistik diktaturanyň ýurdy doly eýeleme-gi netijesinde rewolýusion meýilli sungat adamlary berk jezalara sezewar edilipdir. Olaryň köpüsi konsentrasion lagerlerde öldürilipdir. Gaçmaga ýe-tişen bölegi bolsa Germaniýadan daşlaşypdyr. Medeniýete degişli ulgamla-ryň hemmesi propaganda /wagyz-nesihat/ ministri Gebbelsiň eline berlip-dir. Nusgawy /klassik/ eserler durşy bilen üýtgedilip faşistik talaba laýyk edilipdir. Teatr sahnalarynda diňe ,,şowinizm” /,,Şowinizm”-bir milletiňiň bähbidiniň başga bir milletiň bähbitlerine garşy goýulmagy. Sözlüge seret./ äheňli pýesalar goýlupdyr.Aktýor ussatlygynda deklomasiýalara, ýalan duý-gydaşlyga, gödek ýumorlara, erotika üns çekilipdir. 1944-nji ýylda goşuna çagyrylyş bahanasy bilen baglylykda köp teatrlar ýatyrylyp aktýorlar go-şun gullugyna ugradylypdyr. Köp teatrlar ýykylyp goşun gullugyna çagyry-lan ýurduň meşhur aktýorlary agyr jezalara sezewar edilipdir. Gaçmaga ýe-tişenleri daşary ýurtlarda mekan tutunypdyrlar.
Faşizm derbi-dagyn edilenden soň, ýurtda dikeldiş işleri başlanýar.Ger-maniýa faşizmdan azat edilenden soň ilkinji bolup G.E.Lessingiň ,,Natan akyldar”/1945ý./ pýesasy faşizma garşy göreşiji, ynsanperwerilikli ugra ýyk-gyn ediji P.Wegeneriň gatnaşmagynda sahna çykarylypyr. 1945-1947-nji ýyllar aralygynda F.Wolfyň ,,Professor Mamlok” pýesasy ,,Hebbel teatryn-da”sahna çykarylypdyr,onuň başga bir ,,Kattaroly matros”pýesasy ,,Şiffbau-erdamm teatrynda” goýlupdyr. Dramaturglar G.Kaýzeriň, K.Şternheýmanyň pýesalaram teatrlara ýaýradylypdyr.
1949-njy ýylda Germaiýa Demokratik Respublikasynyň /GDR-iň/ eme-le gelmegi bilen ýurtda täze hilli teatrlaryň hereketi ýaýbaňlandyrylyp başlanýar. Bu ýaýbaňlandyryş ynsanperwerçilikli, sosializm-proletar gurluşly wakalary öz içine almaly bolupdyr. Şeýle maksady amala aşyrmakda täze dörän Respublikanyň ähli raýatlaryna çagyryş yglan edilipdir. Ýurtda toma-şaçylar konferensiýalary, teatr sungaty ugrundan dürli çekişmeler, köpçülik-leýin teatrlara tomaşa etmeklik, tomaşa edilen sahna sungatyna bolan dürli pikirler,öňe sürmeler şäherlerde we obalarda dowam etdirilipdir.Şeýle edil-melerde maksat teatr sungatynyň üsti bilen halkyň sosialistik dünýä gara-ýşyny terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat bolupdyr. Bu ugurdan F.Wolfyň, G. Rodenbergiň ýolbaşçylygyndaky "Folksbýun” hereketiniň täsiri örän uly bolupdyr.
GDR-nyň teatrlary bolan Reýnhardt adyndaky Nemes teatry, "Kommerşpile”, "Berliner ansambly”, "Folksbýune”, Berlinde M.Gorkiý adyndaky, Waýmerde "Milli teatr”, Leýpsigde "Şauşpilhauz”, Drezdende "Şdatteatr” täze ideýaly, täze manyly spektakllary tomaşaçylara ýetirmäge başlapdyr. Nemes teatrlarynda çagalar we ýetginjekler teatrlarynada üns güýçlendirilipdir. Berlinde "Derfrýoýndşaft” (Dostluk teatry), Halle şäherinde "Derýungen garde” (Ýaş gwardiýa teatry), Leýpsig şäherine ,,Der ýungen welt teatry” (Ýaş nesil teatry) açylyp täze mazmunly terbiýeçilik spektakllary ýaşlara ýetirilipdir. Gelip çykyşlary slawýan dilli halklar üçin olaryň öz dillerinde spektakllar giňden görkezilip başlapdyr. Nemes teatrlarynda I.W. Gýotanyň, F.Şilleriň, G.E.Lessingiň eserleri we dramaturglar B.Brehtiň, F. Wolfyň pýesalary tomaşaçylara yzygiderli ýetirilipdir. GDR-da döwrüň dra-maturgiýasy üns merkezinde bolup, dramaturgar Sinneriň "Şeýtan halka”, "Rawensbruk hakynda ballada”, Barteliň "Terranyň toslamasy”, Ştritmat-teriň ,,Gollandiýalynyň gelni”, Salomonyň ,,Pişigiň altynlary”, Baýreliň ,,Ha-nym FlinsI”, Hauzeriň ,,Ak gany”, ,,Barbarasy” /gurjagy/, Sakowskiniň ,,Ýo-luň ugrundaky daşlary”, Günbataryň ynsanperwerçilikli ösüşini öňe sür-ýän awtorlary Walzeriň ,,Gara guwy”, Weýsiň "Žah-Pol Maratyň ölmüniň yzarlanmagy”, Hohhutanyň "Hökümdary” täze dörän Germaniýa Respublikasynda sahna çykarylypdyr. GDR-iň teatr sahnalaryna Şekspiriň, Molýeriň adata öwrülen nusgawy eserlerem yzygiderli çykarylyp başlapdyr. Rus dra-maturglary A.N.Ostrowskiniň, A.P.Çehowyň, A.S.Gribaýedowyň, N.W.Gogo-lyň, L.N.Tolstoýyň, M.Gorkiniň eserlerem GDR-iň teatr sahnalarynda öz orunlalaryny ymykly tapypdyr. Teatrlarda döwrüň häzirki zaman drama-turglary hasaplanýan Ws.Iwanowyň, W.N. Bill-Beloserskiniň, W.W.Wişnew-skiniň, A.N.Arbuzowyň, W.S.Rozowyň we beýlekileriň pýesalaram öz ýolu-ny tapypdyr. GDR-niň teatrlarynda "Tüpeňli adam”, "Kreml kurantlary” pýesalaryň üsti bilen W.I.Leniniň keşbi hem döredilipdir.
GDR-de teatr sungatyna üns güýçlendirilip, uruş döwründe weýran Edi- len teatrlar dikeldilipdir, Berlinde, Drezdende, Podsdamda, Leýpsigde täze teatr binalary salnypdyr. Şol bir wagtyň özünde halk teatrlarynada düýpli kömekler edilipdir. 1949-njy ýyldan başlap teatr sungaty ugrundan zähmet çekýänler üçin dürli sylagly baýraklar,atlar döredilipdir.1959-njy ýyldan baş-lap GDR-niň senagat merkezlerinde teatr sungaty ugrundan işçi festiwallary hereketde bolup, ol ýerlerde professional teatrlar bilen bir hatarda hö-wesjeň teatrlaram özleriniň sahna ussatlyklaryny görkezipdirler. Waýmer şäherindäki ,,Teatr institutynda” M.Walentiniň, O.Gaýaryň, O.Langanyň teklipleri boýunça 1945-nji ýyldan başlap, K.S.Stanlislawskiniň ulgamy /tag-lymaty/ boýunça ýörite okuwlar geçilip başlanýar.Bu tiz wagtdan Leýpsigde "Ýokary teatr mekdebinde”, Berlindäki Döwlet Teatr uçilişesinde-de ýola goýlupdyr. Leýpsigiň ,,Ýokary teatr mekdebinde”, Berliniň Gumboldt adyndaky unywersitetinde teatr okuwy ugryndan studiýa döredilipdir. Ber-liniň "Folksbýun” teatrynyň üçünji gatynda tejribe teatry gurnalypdyr. Tomus günleri açyk asmanyň astynda ,,Eros”, "Buş” göçme sirkleri işläpdir. Berliniň "Fridrihştaatspalast” teatrynda sirk artistlary taýýarlanypdyr. Berliniň "Distal” teatrynda bolsa, satiralarda çykyş edýän aktýorlar ýörite taý-ýarlanypdyr. Şol bir wagtyň özünde teatr sungaty ugrundan tankydy maka-lalary, çekişmeleri, aktýorlaryň ussatlyklaryndan makalalary okyjylara ýetirýän "Teatr der Seýt” žurnaly çap edilipdir.
Reýnhardt adyndaky Nemes teatry, "Berliner ansambly”, "Komişe opera” teatrlary Angliýa, Çehoslowakiýa, Italiýa, SSSR ýaly ýurtlarda öz gastrol saparlary bilen çykyş edipdirler. Weýmar şäherindäki ,,Milli teatr”, Leýpsig şäherindäki "Şauşpilhauz”, Drezdendäki "Ştadtsteatr” teatrlary tejribe alyşmak maksady bilen Günbatar Germaniýa Federatiw Respublika-synda /FRG/ yzygiderli çykyş edipdirler.
GDR-de işlän sungat ussatlary režissýorlar G.Wangenheým, W.Langhoff, E.Engel, W.Heýns, K.Kaýzer, O.Lang, M.Bekwert, W.Pintska, aktýorlar E.Buş, E.Geşonnek, E.Şal, I.Keller, W.Kaýzer, H.Drinda, G.Binnert, H.Gtosse, H.Tate, R.Lýudwig, Ýe.Weýgel, G.Maý, A.Domrýoze, F.Leman, E.Pelikowskiý teatr sungatynyň ösmegine uly goşant goşan teatr wekilleri hasaplan-ýar.
Günbatar Germaniýada (GFR-de) teatr sungatynyň ösüşi başga ýoly saýlap alypdyr. Harby basybalyjylykly häkimýetler teatrlarda faşizme garşy eserleri we buržuaz awtorlarynyň jemgyýetçilik ösüş /progres/häsiýetli pýe-salary sahna çykarmaklygy gadagan edipdirler. Köp teatrlaryň ýolbaşçylary öňki milli faşizmiň wekilleri bolansoň ösüşe tarap äheňli pýesalary öňe sür-meklik juda kyn bolupdyr. Teatrlaryň repertuarlarynda dramaturglar T.Uaýylderiň, T.Elliotanyň sussypeslik pýesalary höküm sürüpdir. Ýurdyň köp teatrlarynda dramaturg Sukmaýeriň faşizmi aklamaga çalyşýan "Şeýtanlaryň generaly” pýesasy goýlupdyr.
Ýurtda teatr babatda edilýän garşylyklara garamazdan nemes dramaturglary döwrüň wajyp meselelerini gozgaýan we uruş döwründe faşizme garşy baş göteren gahrymanlaryň keşplerini aýdyňlaşdyrýan pýesalar ýa-zypdyrlar. Dramaturglar F.Wolfyň "Professor Mamlok”, G.Waýzenbornyň "Gizlinlik” (podpolýa) pýesalarynyň ikisem "Hebbel-teatryň” sahnasynda goýlupdyr. 1947-nji ýylda Gamburg teatrynda dramaturg W.Borhertiň "Ýapyk gapylaryň aňyrsynda” pýesasy sahna çykarylypdyr. Pýesada esasy ne-mes faşizminiň günäsi bilen baglanyşykly urşy açyp görkezmek bilen ýaş nesliň şolar ýaly urşuň gaýtalanmazlygy üçin ähli tagallalary etmelidigini öňe sürülýär. Bu pýesadan başgada GFR-niň täzeden ösüş häsiýetlerini suratlandyrýan, faşizmden bolan galyndylary ret edýän R.Hohhutanyň "Hökümdar”, M.Walzeriň "Gara guw”, H.Kipphardtyň "Openngeýmeriň işi”, Gudriç bilen Hakketanyň bilelikde ýazan "Anna Frankiň gündeligi” pýesala-rynyň hemmesem faşizmiň gaýtalanmazlygyna çagyrýan sahna eserleri bolmak bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Birnäçe nemes režissýorlary ýerli häkimýetleriň gadaganlyklaryna garşy göreşip, B.Brehtanyň "Kawkazyň hekli aýlaglary”, "Galileýiň durmuşy”, "Keramatly Ionnanyň gassapçylygy” pýesalaryny Frankfurt-na-Maýnda, "Artur Uiň mertebesi” Bohum, "Ene Kuraž we onuň çagalary” Kýoln şäherinde teatr sahnasyna çykarylypdyr. Bu öňe gidişliklere garamazdan GFR-niň teatrlarynyň repertuarlaryna goşulýan drama eserleri ýurdyň jemgyýetçilik meselelerini gozgamakdan daşda bo-lupdyr Teatr repertuarlaryna Fransuz dramaturglarynyň we Amerikan sazly rewýulary goşulyp ,,bolgusyz teatry” /absurd teatrlary/ emele getirip toma-çylara ýetiripdirler. Umuman alanyňda GFR-da hereket eden şahsy we şä-her teatrlary uly kynçylyklary başlaryndan geçiripdir. Teatr sungaty babat-da häkimýetleriň katolik buržuaz metbugatynyň üsti bilen alyp baran öjük-dirmeleri, faşizme bolan çagyryşlary öňe sürmelerdenem gaýtmandyrlar.
GFR-niň Frankfurte-na-Maýndäki "Nýoýe Şauşpilhauz” teatry (çeper ýolbaşçysy H.Bukis), Gambrugdaky "Milli teatr” (çeper ýolbaşçysy H.Grundgens, ol aradan çykandan soň, 1964-nji ýyldan başlap ýolbaşçylyk O.F.Şuyň eline geçýär), Mýunhendäki "Kammerşpil” (çeper ýolbaşçysy F.Kortner), Gýottingerdäki "Nemes teatry” (çeper ýolbaşçysy H.Hilpert), Berlindäki "Şiller teatry”, oňa birleşdirilen "Werksştatt” we "Şlospark-teatr” (çeper ýolbaşçysy B.Barlog), Berlindäki başga bir "Freýe folksbýun” teatry (çeper ýolbaşçysy E.Piskator) ýaly uly teatrlary öz işlerini täzeçe guramaklygyň ugruna çykypdyrlar.
GFR-niň görnükli režissýorlary GDR-iň teatrlary bilen aragatnaşygy ýola goýmak arkaly H.Hilpertiň "Üç aýal dogan” spektaklyny M.Reýnhardt adyndaky Nemes teatrynda” sahna çykarýarlar. Şondan soň iki Nemes döwletiniň arasyndaky teatr sungaty babatdaky döredijilik gatnaşygy ýola goýulýar.
Iki nemes döwletleriniň arasyndaky döredijilik gatnaşygynyň netijesinde E.Deýç, K.Raddas, T.T.Gize, P.Mosbaher, H.Bolman, B.Drews, W.Hins ýaly meşhur teatr wekilleri ösüp ýetişipdir.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 10 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 5.0/1
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]