13:29
Nemes dramaturgiýasy
NEMES DRAMATURGIÝASY

Nemes dramaturgiýasynyň döremegi "şpilmanlaryň” halk sungaty bilen baglanyşykly. Bu sungat buthana tarapyndan uly garşylyklara sezewar edilipdir. German dramaturgiýasynyň ösüşem edil beýleki Ýewropa ýurtlaryndaky ýaly orta asyrlar bilen baglanşykly. Nemes dramaturgiýasynyň başlangyç döwürlerinde olaram beýleki halklar ýaly dini dramalaryň çäklerinden aňry geçmändir. XIV-XV asyrlarda ýörite taýýarlanylan ruhy dramalar dini (liturgiýa) drama, roždetstwenskiý (Isa pygamberiň doglan güni) drama, Hristos joşgunlylygy hakyndaky drama görkezilipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu dramalara durmuşyň däp-dessurlary, ýaşaýşy bilen baglanyşykly elementler görkezilýän oýunlaram goşulypdyr. Buthanalarda görkezilýän oýunlar ýuwaş-ýuwaşdan şäherleriň köçelerine, meýdançalaryna ýaýrap ugrapdyr. Latyn dilinde oýnalýan oýunlar nemes diline geçirilip başlanypdyr. Şeýle edilmeler dini adatlaryň esasy (misterii) bolupdyr. Bu ýagdaýlara nenes "býugerçilik” (býuger- 1. Germaniýada we käbir beýleki ýurtlarda şäherli adamy aňladýar. 2. Dar düşünjeli diňe özüni bilýän ýekemen adam. Sözlüge seret.) ideýa estetik garaýyşlarynda talap hökmünde kabul edilipdir.
XIV-XV asyrlarda "Ýewangeliýadan” alnan dramalarda keramatlylaryň durmuşyndan we rowaýatlardan alnan öwgüli sýužetlerem oýnalypdyr. Ditriha Şernbergiň "Teofil hakynda mirakl”, "Hanym Ýutta” (ikisem XV asyryň 1490-njy ýyllarynda) dramalarynyň görkezilmegem dini oýunla-ra ýykgyn edilmeginiň şaýady hökmünde kabul edilse bolar. XV asyrda "Heýdhart hakyndaky oýunlar”pýesasy öz içine dünýewi sýužetleri we halk gahrymançylyklaryny wasp edýän aýdymlardan düzülipdir. Bu žanr köp ýerlere ýaýrap fastnahtşpilýa (Bu söz slawýanlarda gyş pasly bilen hoşlaşylýan gün. Maslenisa hem diýilýär) ady bilen şol dini baýramçylykda ýörite görkezilipdir. Şol döwürlerde I.Reýhliniň "Henno” we "Sergiý” drama-komediýalary şäher ilaty üçin görkezilip olarda ynsanperwerçilikli käbir elementlerem ýüze çykypdyr.
Protestantlygyñ kabul edilmegi bilen çekişmeli, jedelleşmeli dramalar peýda bolup başlaýar. Bu dramalarda T.Naogeorgyň latyn mekdep dramalary, nemesler I.Greffiň, B.Krýugeriň, P.Rebhunyň Injilden alan sýužetleri dürli çekişmeleriň üsti bilen goralypdyr. Protestantlyk döwrüniň dramasy ruhy çüýrüklikden goraýjy, şol bir wagtyň özünde-de dramadaky döredijiligiň ösmegine ýardam edýän bolup çykyş edipdir. Şeýle dramalara meýsterzingerler (Meýsterzinger - ussat aýdymçy. Olar öz aýdym mekdeplerinde aýdym aýtmaklygyň kadalaryny we ýerine ýetirijiligiň (XIV asyr) dini-ahlak, soň bolsa, (XVI asyr) dünýewi aýdymlary aýtmaklygyň usullaryny öwredipdirler. Sözlüge seret.) döredijiligi hem diýilipdir. Bu dramalar ilki diňe G.Saksyň dramalaryny gorapdyr. G.Saksyñ fastnahtşpilleri” (Fastnahtşpil - durmuşy degişmeleri öz içine alýan sahnajyklar. XIV-XVI asyrlarda bu sahnajyklar täzeden edebi taýdan işlenmelere sezewar edilipdir. Edebi işlemeleriň esasy awtorlary meýsterzinler bolupdyr. Sözlüge seret.), komediýalary, tragediýalary dürli-dürliligi, mazmuny, edebi ussatlygy bilen tapawutlanypdyr. G.Saks öz pýesalarynyň sýužetlerini Bokkaçodan we beýleki awtorlardan almak bilen ol öz pýesalaryna durmuşy psihologiýany aralaşdyrypdyr. Şol bir wagtyň özünde Germaniýa-da protestant-mekdep dramalary we ieuzit dramalary ösdürilipdir.
XVI asyryň aýaklarynda we XVII asyrda Germaniýada iňlis komediantlarynyň çykyşlary nemes dramaturgiýasynyň ösmegine belli bir derejede öz täsirini ýetiripdir. Şol täsirler esasan dramalaryň gurluşynda, yzygiderliliginde uzak wagtlap dowam edipdir. Iňlis täsirlerinde pýesa ýazmaklyga ýykgyn edenleriň biri gersog Genrih Ýulis Brawunşweýgskiý özüniň ,,Susan-na” we beýleki dramalarynda şol ugry dowam etdiripdir.
Döredijiligi XVII asyra degişli bolan dramaturg A.Grifius tragizmiň we
gapma-garşylyklaryň "Otuz ýyllyk urşuň” netijesidigini açyp görkezmek bilen "Ermeni şiri” (1646) tragediýasyny, "Kardenio we Selinda” (1657) ýönekeý adamlaryň ýönekeýje durmuşyndan alynan dramasyny, "Jenap Pýotr Skwens” (1663) komediýasyny nusgalyk hökmünde öňe çykarypdyr. A.Grifiusyň döredijiliginiň nusgawy dramalaryna Golland dramaturgy I.Wondeliň täsiri hem uly bolupdyr. Ol dramalarynyň gurluşynda gönüden-göni şoňa öýkünmäge çalşypdyr.A.Gifiusyň döredijiliginiň ýokary bo-landygyna garamazdan giň german jemgyýetçiliginde goltky tapmandyr. Nemes dramaturgiýasynyň adatlarynda A.Grifiniň döredijiligine golaý H.Weýziň, H.Reýteriň komediýalary ýaşamaklaryny dowam etdiripdirler. Rimiň taryhy bilen bagly tragediýalaryny, taryhy ieuzit dramalaryny Nemes dramaturgiýasyny ýaýradyjylaryň biri D.K.Loenşteýn A.Grifiniň garaýyşlaryndan ugur alypdyr. Şol döwürlerde nemes teatrlarynda döwlet möçberinde gandöküşikli tragediýalar, Injilden alnan sýužetler arkaly tomaşaçylary geň galdyrmak maksady bilen köp görkezilipdir. XVIII asyrda feodal gurluşly Germaniýanyň dagynyklygy ýurtda çuňňur syýasy pese düşmelere alyp gelýär. Şeýle ýagdaý garşydaş toparlaryň ruhy taýdan ýokary göterilmegine, döredijilik we ideýa işleriniň has kämilleşmegine, Magaryfçylyk akyma tarap ýol çekmegine öz uly täsirini ýetiripdir. Şol döwürler özüniň masgaraçylykly syýasy-sosial ýagdaýlaryna garamazdan Germaniýa edebiýatda we sungatda uly belentliklere galypdyr. Nemes dramaturgiýasy şol wagtky ösüşinde klassisizm eýýamynyň ýörelgelerine ýüz urmak bilen I.H.Gotşed ýaly dramaturglary öňe sürüpdir. Ol ilki bilen şol döwürde hökmürowanlyk eden "gödek" dramalary nemes dramaturgiýasyndan daşlaşdyrmaga ýykgyn edipdir. Şol bir wagtyň özünde-de, dramalarda halk elementleri bilen klassisizmiň düzgünleriniň arasyny çäklendirilipdir. XVIII asyryň ortalarynda klassisizmiň möwrütini ýitirip ugramagy bilen I.E.Şlegelýa ýaly zehinli-dramaturglar peýda bolupdyr. Şol döwürde Germaniýada meşançylyk dramalary döräp başlaýar. Şeýle dramalaryň esasy awtorlary H.F.Weýza, H.F.Gellert bolupdyrlar.
Nemes dramaturgiýanyň hakyky reformatory bolup, dramaturg G.E.Lessing çykyş edipdir. Ol ilki başda öz döredijiligini klassisizm usulyndaky komediýalardan başlapdyr. G.E.Lessing "Hanym Sara Sampson” (1755) dramasyny ýazýar. Ol bu dramada iňlis buržuaz dramalarynyň tejribesin-den peýdalanypdyr. "Gambrug dramaturgiýasynda” (1767-1769) G.E.Lessing demokratik adatlary goraýan estetiki we şahyrana dramalaryň tä-ze görnüşini işläp düzüpdir. Ol "Emilýa Galotti” (1772) tragediýasynda klassisizmden gelýän bat bermeleri ulanman, durmuşy hakykatdan gelip çykýan tragizmi magaryflaşdyrma häsiýetlerinde, ynsanperwerçilikli garaýyşlarda ýüze çykarypdyr. Onuň "Natan Akyldar” (1778) dramasy Nemes dramaturgiýasynda akyl beriji, maslahat beriji, gerekli ideýany öňe sürüji ilkinji eser bolmagynda galýar.
XVIII asyryň 70-nji ýyllarynda nemes dramaturgiýasynda "Tupanlar we gysmalar” diýen ugur peýda bolupdyr. Şol döwürde M.Klinger özüniň "Tupanlar we gysmalar” (1776) dramasyny ýazýar. Bu akym ýazylýan dramalaryň esasy merkezinde bolup, tupana duwlanan hereketleri, pitneçi şahsyýetleri, ýaşaýyş durmuşynyň çykgynsyz ýagdalaryna bolan garşylyklary öz içine alypdyr. M.Klinger bilen R.Lensiň bilelikde ýazan "Gofmeýstr” (1774), "Esgerler” (1776), G.L.Wagneriň "Çaga öldüriji” (1776) dramalary "Tupanlar we gysmalar” ugruna degişli eserler hasaplanýar. Şu ugra ýykgyn edip I.F.Şilleriň ýaşlyk yyllarynda ýazan "Galtamanlary” (1780), "Hile we söýgi” (1783) dramalary ilkinji nemes syýasy demokratik ymtylyş häsiýete eýe bolan sahna eserleri bolupdyr. I.F.Şilleriň "Fiýesko dildü-wüşligi” (1783), I.W.Gýotanyň "Egmont (1787) tragediýalarynda azatlyk söýüjilik we zalymlyk örän aýdyňlyk bilen suratlandyrylypdyr. Dramalarda şahsyýetleriň ýokary derejä galdyrylmagy we tupana gaplanan gazabyň hiç bir niýetsizdiginiňem üsti açylypdyr. Döwrüň ýiti meseleleri, mazmun taýdan artykmaç içki baýlygy I.W.Gýotanyň "Ifigeniýa Tawrida” (1787), "Torkwato Tasso” (1790) dramalaryna siňdirilmek bilen, täze klassisizmiň estetiki kada-kanunlaryna eýe bolupdyr. Täze klassisizme ýönekeýje ,,weýmar” klassisizmi diýmek bilen bu ýagdaý I.F.Şilleriň döredijiliginde hem öz täsirini tapypdyr. Onuň "Don Karlosy” (1787 şeýle dramalaryň biri hasaplanýar. I.F.Şilleriň taryhy dramalarynda weýmar klassisizmi öz-özünden dargap, realistik adatlary özünde jemläpdir. "Wallenşteýniň lageri” (1797), "Wilgelim Tell” (1805) dramalarynda I.F.Şiller taryhyň kanunlarynyň durmuş üçin talabalaýykdygyny öňe sürüpdir.
XIX asyryň başlarynda meşançylyk” dramalary dra-maturg A.Kosebuň ýolbaşçylygynda nusgawy eserlere öwrülipdir. Ol özüniň köp sanly pýesalarynda mylaýym ahlaklylyk bilen ownuk buržuaz gatlakda meşhuçlyk gazanypdyr. Dramaturglaryň käbirleri dramadaky bu adata garşy çykyş edip, nemes arzuwçyllyk eserlerini goldapdyrlar. Olar klassik keşpleriň üsti bilen diňe özüni bilýän adamlaryň (býugerleriň) üstünden gülüpdirler. Satiriki içýakgyç komediýalary ýazypdyrlar. Dramaturg L.Tikiň "Ädikli pişik” (1797) dramasy ýokarda bellän dramalarymyzyň hasabyna girýär. L.Tikiň soňky drama eserleri we beýleki Arzuwçyllyk dra-maturglary F.Şlegelýanyň, A.W.Şlegelýanyň, L.A.Arnimanyň, I.Eýhendorfyň, K.Brentanonyň dramalary özleriniň teatrlaryň talaplaryny äsgermezlikleri sebäpli sahnada hiç hili meşgurlyk gazanyp bilmändir.
XIX asyryň başlarynda esasy ýeri dramaturg G.Kleýst eýeleýär. Ol onlarça ýyllap dowam eden dramanyň kadalaryndan (kanonlaryndan/ el çekip, Antik eýýamynyň tragediýalaryna we nemes dramaturgiýasynyň oňat nusgalaryna ýüzlenip tragediýadaky täze suratlandyrmalaryň ýoluny açypdyr. Onuň ,,Heýlbronnadan bolan Ketheni” (1808) Arzuwçyllyga golaý bolup, özüniň syrlylygy (mistikasy) bilen tapawutlanypdyr. Dramaturg G.Kleýstiň soňky dramalarynyň biri bolan "Germanyň söweşlerinde” (1808) azatlygy öňe sürse, "Şazada Fridrih Gombrugskisinde” (1810) dramasynda ony inçe psihologiýa bilen çalşypdyr. Ol "Döwlen küýze” (1808) komediýasynda bolsa halkyň ruhunyň tapawutly taraplaryny açyp görkezipdir.
I.W.Gýotanyň "Faust” (1808-1832) dramasy döwrüň filosofiki jemlemesi bolup hyzmat edipdir. Bu drama ylmy baýlyklary özünde jemläp adamyň doglan gününden soňky geçýän ýoluny yzarlapdyr. Drama magaryflaşdyrma derejesine ýetip, takyk we umumy, sadalyk we filosofiki garaýyşlary beýan edipdir. Şol döwürde "Fausta” köp sanly öýkünmelerem ýüze çykypdyr. Şeýle dramalaryň biri dramaturg K.Immermanyň "Merlin” (1832) drama-mifi bolupdyr.
XIX asyrda nemes teatrlarynyň repertuarlaryna dramaturg S.Werneriň "kysmat tragediýalary”, I.F.Şilleriň "Messin gelinligi”, L.Tikiň "Ötünç” (1797), G.Kleýstiň "Şroffenşteýniň maşgalasy” (1801) dramalary girizi-lipdir. G.Kleýstiň "Şroffenşteýniň maşgalasy” dramasy simbioz tragediýa žanry bolmak bilen maşgala durmuşyny öz içine alyp, gurluşy boýunça warirýumiý sýužete öwrülip, bir maşgalanyň uzak ýyllaryň dowamyndaky ykbalyny yzarlaýar. S.Werneriň "24-nji fewral” (1810) dramasam "kysmat tragediýasyna” degişli pýesa hasaplanýar. Dramaturglar A.Mýulner, E.Huwald kysmat tragediýasynyň meşhur wekilleri bolupdyrlar. Dramaturg A.Platen kysmat tragediýasyny” oňlaman üstünden gülüp, "Kysmat çarşagy” (1826) atly ýaňsyly (parodiýa) tragediýa döredipdir.
XIX asyrda Germaniýada kapitalizmiň ösmegi bilen synpy garşylyklary nemes dramalarynda ortadan aýrylmak meselesi jemgyýetçilik gatnaşyklarynda täzeçe pikir öwürmelere alyp barypdyr. Nemes dramaturgiýa-synda realizmiň ösmegi Magaryflaşdyrma we arzuwçyllyk eýýamynyň miwesidigini açyp görkezmäge çalşylypdyr. Asyryň 20-nji ýyllarynda nemes dramaturgy H.Grabbeniň döredijiliginde dramaturgiýanyň täzeçe adatlary ýüze çykyp, dramalaryň ugruny kesgitläpdir. Ol öz taryhy dramalarynda gahrymanyň we halkyň gahrymançylygyny halk köpçüliginiň üsti bilen görkezip 1789-1794-nji we 1830-njy ýyllardaky bolup geçen fransuz rewolýusiýasynyň täsirinde öňe sürlüpdir. H.Gabbeniň döredijiligindäki çeperçiligiň amala aşmadyk taraplaryny dramaturg G.Býuhner özüniň "Dantonyň ölümi” (1835) pýesasynda amala aşyrypdyr. G.Býuhneriň rewolýusiýany kabul etmegi we zalymlyga garşy alnyp barýan göreşi nemes dramaturgiýasynda täze görnüşe eýe bolupdyr. Onuň dramalarynda hakykaty suratlandyrmak durmuşyň esasy talaplary bolmak bilen pýesalarda ulanylýan poeziýadan el çekip, "tupanly” eýýama sazlaşyk berip bilýän aýdyň proza žanryna geçipdir.
G.Býuhneriň döredijiligi dramaturg K.F.Hebbele garşy goýlupdyr. Beýleki tarapdan bolsa, K.F.Hebbel şahyrana taryhy dramalarda täze serişdeleri ulanypdyr. Ol özüniň "Drama hakynda meniň sözüm” (1843) eserinde filosofiki mazmunlary, döwrüň talabyna görä taryhyň we Injiliň sýužetleriniň çäklerinde açmaklyk talaplary öňe sürüpdir.
"Ýaş Germaniýa” atlandyrylyp ugran dramaturgiýa öz ugry boýunça gowşak hasaplanypdyr. Dramaturg K.Guskowyň dramalardaky radikalizm näçe ýokary bolsa-da, onuň "Uriel Akosta” (1846) pýesasyndan başgasy üstünlikden peýdalanmandyr. Dramaturg G.Laubeniň döredijiligi dramaturg K.Giskowyň dramaturgiýasyndan has pesde bolupdyr. Nemes dramaturgiýa taryhynda K.Marksyň, F.Engelsiň, dramaturg F.Lassalyň drama dogrusyndaky özara alşan hatlary F.Lassalyň "Frans fon Zikingen” (1859) dramasynyň esasyny tutupdyr. Realistik ugurlary we taryhy adatlardan peýdalanylyp K.Marksyň, F.Engelsiň beýany boýunça ýazylan bu drama eseri şol ýyllarda Germaniýada öz ýoluny tapmandyr.
Nemes dramaturgiýasynda pese gaçmalaryň başlanmagy dramaturg U.Lýudwigiň "Makaweýi” (1852) dramasynda aýdyň ýüze çykypdyr. Bu žanr dörän gününden başlap, çeperçiligiň we mazmunyň ösüşiniň garşysy-na dörän reaksion akym bolupdyr. U.Lýudwigiň "Miras galan tokaýçy-lyk” (1850) dramasynda ol naturalizmi nemes dramaturgiýasynda öň bolup, soň daşlaşan görnüşi hökmünde beýan edipdir. Onuň bellemegine görä, nemes dramaturgiýasynda hakyky adatlaryň gowşaklygy bilen A.Holsa bilen Ý.Şlafanyň "Zelikanyň maşgalasynda” (1892) atly bilelikde ýazan dramasynda naturalizm iň çetki ýagdaýda emele gelipdir. U.Lýudwig dramalarynda göz öňünde tutmalary esasy şulardan ybarat bolupdyr. Nemes dramaturgiýasyndaky naturalizm ugur dramaturg G.Zudermanyň döredijiliginde peýda bolupdyr. Onuň dramalarynda buržuaz jemgyýetçili-giniň ahlagy şu žanryň üsti bilen açylyp görkezilipdir.Bu žanr dramaturglar M.Halbanyň "Ýaşlyk” (1892) we onuň yzyny alyp göterijiler O.E.Hartlebeniň, G.Gauptmanyň pýesalarynda hem bu akymyň garaýyşlary öňe sürlüpdir. G.Gauptman öz pýesalarynda naturalizmiň garaýyşlaryny yzarlamak bilen realistik belentlige göteripdir. Onuň "Dokmaçylar” (1892), "Samyr derisinden içmek” (1893) dramalarynda işçileriň kapitalistik zulma garşy göreşleri naturalizmi ulanmaklygyň üsti bilen beýanyny tapypdyr. G.Gauptmanyň "Gark edilen jaň” (1896), "Ganneliň ýokary göterilmegi” (1894) dramalarynda halk däp-dessur adatlaryny açyp görkezmekligem ýokary derejä galdyrylypdyr.
XX asyryň başlarynda dramaturgiýadaky güýçleriň garyşmagy we pese gaçmagy bilen nemes dramaturgiýasynda täze ugur - ekspressionizm ugry peýda bolupdyr. Bu ugur gytaklaýynam bolsa, imperialistik Germaniýada ownuk buržuaz gatlagyň sosial şertlerin-däki garşylygy bolup hyzmat edipdir. Ekspressionalizm akym dramada nesilleriň özara ömürlik göreşini suratlandyrypdyr. Bu göreş atalaryň we ogullaryň arasynda ömürlik göreş bolupdyr. Dramaturglar F.Unrunyň "Nesil” we O.Kokoşkiniň "Zenanlaryň ynamlaryny öldüriji” dramalarynda baý gapma-garşylyklaryň üsti bilen nesil dawasy yzarlanypdyr. Bu dramalardan soň, dramaturglar W.Gazenkleweriň, G.Kaýzeriň nemes hakykatyny açýan realistik dramalaram peýda bolupdyr. Dramaturg K.Şternheýmiň "Býurgeriň gahrymançylykly durmuşyndan” atly komediýalar toplumynda buržuaz jemgyýetiniň gapma-garşylyklary ýitilik bilen açylypdyr.
Ýurduň urşa taýýarlyk görýän döwri sungat wekilleri nemes millitarizminiñ ýüzüni açýan dramalara ýüz urupdyr. G.Gauptmanyň "Alakalar” (1911) dramasy şeýle sahna eseriniň biri bolupdyr. Dramaturg F.Wedekindanyň dramalarynda eden-etdiligiñ, topalaňçylarynyň ýaşaýşyň şertleriniň garşysyna alyp barýan bimany syýasatlary tomaşaça ýetirilipdir. Bulardan başga-da F.Wedekindanyň öz döredijiliginde şol döwrüň sungat wekilleriniň ýaşaýşa bolan meseleleri dogrusyndaky garaýşam işläp düzüpdir. Şeýle garaýşa goşulyp T.Mann özüniň ýeketäk dramasy bolan "Forensada” (1905) uly güýç bilen dramaturg F.Wedekindiň öňe sürmeleriniň üstüni ýetiripdir.
1917-nji ýyldan soň, ekspressionalizm akym Nemes dramaturgiýasynda we edebiýatynda täzeden aýaga galypdyr. Şol döwürde dramaturg E.Teýler öz pýesalarynyň üsti bilen abstrakt pikirleriň çäklerinde urşa garşy çykyş edipdir. Nemes dramaturgiýasynda nasifistik akym peýda bolýar. Bu akymda dramaturglar W.Gazenklewer, F.Unru öz pýesalaryny döredipdirler. 20-nji ýyllaryň aýaklarynda E.Toller rewolýusion matroslaryň durmuşyndan "Gazandan çykýan ot” (1930), K.Sukmaýer bolsa, "Kýopenikadan bolan kapitan” (1931) atly pýesalar ýazylypdyr. Bu pýesalaryň ikisem özleriniň mazmun we pikir aýratynlygy bilen tapawutlanan eser hökmünde nemes dramaturgiýasynyň taryhyna giripdir.
20-nji ýyllaryň nemes dramaturgiýasynyň esasy ösüşi işçiler hereketi bilen baglanyşykly bolupdyr. 20-nji ýyllaryň başlarynda nemes edebiýatynyň uly wekilleriniň biri, dramaturg F.Wolf döredijiliginde işçiler hereketine uly üns beripdir. Dramaturg B.Breht bolsa, 1920-nji ýylda özüniň "Waal” pýesasyny ýazýar. B.Breht "ekspressionist”- ýazyjy hasaplansada ol öz ýal-ňyşyna düşünip, döredijiliginde dünýä garaýşyny ýokarlandyrmak üçin dialektiki materializmi öwrenmäge ýüz urupdyr. B.Breht ilinji gezek pýesalarynda tejribe geçirmek maksady bilen döredijilik usullarynyň kyn meselelerine ýykgyn etmek arkaly teatr tomaşaçysynda pikir ýöretmekligiň täsirini güýçlendirmek teoriýany işläp düzýär. Onuň pikiriçe teatr tomaşaçyda duýgy bilen däl-de, delil, subutnama arkaly hereket etmekligi talap etmeli. Her bir zady öwrenmekde pýesanyň merkezinde adam durmaly. Şol adamyň, gahrymanyň pýesadaky orny, ähli üýtgeşikleri kabul edişi, onuň edýän hereketleri tomaşaçy üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat etmeli. W.Brehtiň teoriýasy bir näçe bölümden ybarat bolyp her bölümde ösdürilipdir. Onuň teoriýasy ilkinji gezek "Üç teňňelik opera” (1928) arkaly tomaşaça ýetirilipdir.
1933-nji ýyl nemes medeniýetiniň taryhynda agyr ýyl bolupdyr. Sebäbi, edebiýatyň we sungatyň uly wekilleri daşary ýurtlara (emigrasiýa) çykypdyrlar. Ýurtda galanlarynyň bolsa döredijiliklerini dowam etdirmäge mümkinçilikleri bolmandyr. Şol döwürde G.Gauptman üç bölümden ybarat "Atridah hakynda” kitabyny ýazypdyr. Bu kitap halky birleşmäge çagyrýan drama görnüşli eserdigine garamazdan anarhiýa romany bolypdyr. Germaniýada esasy dramaturgiýa rasizmi, urşy, antisemitizmi şöhratlandyrýan pýesalary ýörite görkezilmek bilen sungatyň çäklerinden daşlaşypdyrlar. Bu ugurdan faşistik ýazyjylar G.Ýost we beýlekiler has-da faşizme jany bilen gulluk edipdirler.
Daşary ýurtlarda (emigrasiýada) bolýan dramaturglar G.Kaýzer, E.Toller, F.Wolf ýazmaklaryny dowam etdiripdirler. W.Breht özüniň iň oňat pýesalary bolan "Üçünji imperiýa gokunç we ynamsyzlyk” (1938), "Ene Ku-raž we onuň çagalary” (1941), "Sezuandan bolan mylaýym adam” (1943) gaýry ýurtlarda döredip faşizme garşy göreşini dowam etdiripdir. Daşary ýurtlarda faşizma garşy göreşmek täze güýje eýe bolupdyr. Muňa garamazdan daşary ýurtlarda çekilen horluklar meşhur dramaturglar bolan W.Gazenkleweriň, F.Unrunyň, K.Sukmaýeriň döredijilik güýjüni togtadypdyr.
Urşuň gutaranynyň ilkinji ýyllary nemes dramaturgiýasynda belli bir ösüş bolmandyr. Uruş gutarandan soň, W.Breht "Ýapyk gapylaryň aňyrsynsa” (1947) pýesasynda uruş zerarly adamlaryň maýyp-müjrüp bolup çekýän ahynalasyny suratlandyrmak bilen urşa bolan ýirgenji sahnada döredip bilipdir. Onuň "Kommunanyň günleri” (1949) atly pýesasynda faşizmiň ýeňilmeginiň sebäplerini tomaşaça ýetirmegi başarypdyr. Ýeňlişe sezewar edilen nemes halky GDR, FRG atlandyrylyp ikä bölünýär.Bir döwletiň ikä bölünmegi bilen olaryň dramaturgiýa ýollaram aýry-aýry ugurlara bolan ösüşe gadam basypdyr.
GFR-da nemes dramaturgiýasy "absurd teatr” giň gerime eýe bolmak bilen dramaturg E.Ioneskonyň täsiri astynda ösmegini dowam etdiripdir. Şol bir wagtyň özünde dramaturglar G.Grassyň, W.Hildesheýweriň pýesala-rynda buržuaz awtorlarynyň haýran galdyryjylykly wakalary, hereketi bil-kaslaýyn öňe sürmeleri, ýüzleý garamalary öz ýoluny tapmandyr. GFR-dramaturglarynyň pýesalarynda Germaniýada reaksion ösüşiň soňky on ýyldaky ýagdaýyny açyp görkezmeklige belli bir derejede üns berlipdir. Dramaturglar G.H.Refişiň "Gorkynyň beýleki tarapyndan (1958) G.G.Ýanyň "Tozana gaplanan älemgoşar” (1961) pýesalarynda atom howpynyň garşysyna alnyp barylýan göreş suratlandyrylypdyr. Dramaturg R.Hohhutanyň "Hökümdar” (1963) tragediýasynda uly jemgyýetçilik seslenme döräp-dipdir. Bu pýesada Rim papasy Piýa XII faşizm bilen bolan gatnaşygynyň üs-ti açylýar. Dramaturg B.Brehtiň adatlaryny ýöretmek bilen P.Weýs "Žan-Pol Martanyň yzarlanyşy we öldürilişi” (1964) tragediýasyny tomaşaçylaryň iň oňat garşylan sahna eserleriniň biri hasaplanýar. Tomaşaçylar tara-pyndan höwes bilen garşylanylan dramaturglar H.Kiphardtyň "Generalyň iti” (1962), Z.Lensiň "Bigünäleriň wagty” (1961) pýesalaram döwrüň meşhur eserleriniň hasabynda bolupdyr.
GDR-iň döredilen ilkinji ýyllarynda ýazyjylaryň döredijiliginde drama ikinji ýerde bolupdyr. Bu zatlara garamazdan W.Brehtiň soňky pýesalarynyň biri bolan "Gofmeýstri“ (1950), U.Şekspiriň "Koriolani” (1953) dramaturg Z.Lensiň täzeden işlemeginde sahna çykarylypdyr. Bu pýesalarda döwrüň wajyp meseleleri öňe sürlüpdir. Az wagtyň içinde halkyň milli taryhyna degişli F.Wolfyň "Tomas Mýunser” (1953), P.Haksyň "Lobozisa döwründäki söweş” (1956) peýda bolupdyr. Dramaturg E.Ştritmatter özü-niň "Katsgraben” komediýasynda ilkinji gezek rewolýusiýanyň oba ýerlerine eden täsirini görkezmekçi bolupdyr. GDR-da "garşylyksyz teoriýa” üns çekilip, aýdyň suratlandyrmak, jemlemek, umumylaşdyrmak ýaly zatlar üns-den düşürilipdir. Bu ýagdaýlar diňe 50-nji ýyllaryň aýagynda ýeňilip geçilip-dir. Şol döwürde GDR-iň dramaturgiýasynda 20-nji ýyllaryň proletar adat-lary peýda bolýar. GDR-iň soňky döwürlerinde dramaturglar G. we G.Mýullerleriň "Düzediş girizme” (1958) "Korrektura”, G.Baýerlýanyň "Takyklama” (1958), "Konstatasiýa” pýesalaryny ýazypdyrlar. Bu eserleriň atlaryn-dan belli boluşlary ýaly nähilidir GDR-iň dramaturgiýasyna üýtgeşiklik giriz-mek maksady göz öňünde tutulypdyr. Dramaturglar M.Rihter "Jenap Hudaýyň adasy” (1959), G.Hauzeriň "Ak gan” (1959), G.Lýukanyň "Ýerzemin” (1957) pýesalarynda uruş we parahatlyk meseleleri gozgalýar. Dramaturglar E.Ştritmatteriň "Gollandiýalynyň gelni” (1959), H.Saowskiniň "Lena Mattkanyň çözgüdi” (1959) atly pýesalary dramaturgiýada bolan kemçilikleriň ýeňilip geçilendiginden habar beripdir. Şol döwürlerde täze häsiýete eýe bolan komediýa žanram ösüp ugrapdyr. G.Baýerliň "Frau Flins” (1961), W.Brehtiň dramaturgiýa adatlaryny ulanmak arkaly P.Haksyň "Alada we häkimýet” komediýalarynda hususy eýeçilik bilen sosialistik eýeçiliň arasyndaky zähmet gatnaşyklarynda bolan gapma-garşylyklar suratlandyrylypdyr.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 20 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]