10:57
Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar
NEBITDAGDA KERBABAÝEW ÝAŞAÝAR

Nebitdagdaky B.Kerbabaýewiñ adyny göterýän köçe şäheri demir ýol wokzaly bilen birleşdirýär.

Gündizlerne dyzyn epmän oturan,
Gijelerni çirim etmän ötüren,
Işçi sallançagny üwräp oturan,
Arkasyn daglara diräp oturan
Nebitdagym merde - medet,
Ýagşa - ýar.
Nebitdagda ýagşy adamlar ýaşaýar.
Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar.

Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar -
Merdanlara galkan bolan Balkan
Ile eltýän gollarynda ýaşaýar.
"Nebitdagy" bina eden ol goja
Goturdepäñ ýollarynda ýaşaýar.

Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar -
Işçileriñ öýlerinde ýaşaýar.
Gujurynda, batlarynda ýaşaýar,
Añlarynda, ýatlarynda ýaşaýar,
"Nebitdagyñ" baplarynda ýaşaýar.

"Nebitdagyñ" güzerinden inenler
Togap kylar her sözbaşa, her baba.
Nebitdaga myhman geliñ adamlar,
Ilki bilen garşy alar Kerbaba,
Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar!

Kasym NURBADOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 10.09.1986 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kasym Nurbadow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Pursat / Goşgular - 08.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]