20:31
Nebitdaga piwo gelse
NEBITDAGA PIWO GELSE

Sozanguýruk bolar millet,
Nebitdaga piwo gelse.
Iç, noş bolsun, keýpiñ güllet!
Nebitdaga piwo gelse.

Tut-da-basdyr degre-daşy,
Çañ-tozandyr üsti-başy.
Bas-ha-basdyr garry-ýaşy,
Nebitdaga piwo gelse.

Her aýda üýtgäp dur nyrhy
Suw goşsañam, bolmaz parhy.
Çalt aýlanar taksiñ çarhy,
Nebitdaga piwo gelse.

Bolmaz belli bir mekany,
Heniz ýok söwda dükany.
Tutluşarlar soñ ýakany,
Nebitdaga piwo gelse.

Pukaralar ýetde-gütde,
Gulkunyşyp otyr çetde,
Pul ýuwudýar petde-petde,
Nebitdaga piwo gelse.

Röwşen TAGAN.

"Tokmak" žurnaly, 1993 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Röwşen Taganow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýazylmadyk goşgular / Goşgular - 06.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Säher goşgusy / Goşgular - 20.03.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Ahmyr / Goşgular - 08.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...” / Goşgular - 23.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]