13:15
"Ne azaşdyk, ne-de duşduk..."
"NE AZAŞDYK NE-DE DUŞDUK..."

“Bir bilsediň, seni şeýle küýsänim...”,
Habaryňa menden jogap barmady.
Söýgiň, Talhatandan galan küýzäniň,
Ykbaly deý bulut bolup parlady.

Sen diýdiň: “Ne azaşdyk, ne-de duşduk...”,
Bu bir söýgümiziň dartyş güýjüdir.
Dokuzym ýuwutjak üç geldi, buşluk,
Menden menli ýatlamalar süýjüdir.

...Uzyn däl, gysga-da däldir dillerim,
Bar bolany, owurtlan bir owurdym.
Ýöne, sende ne gudrat bar dilberim,
Nädip, gyz halyňa, şahyr dogurdyň?!

Süleýman HAÝDAROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Süleýman Haýdarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan / Goşgular - 13.03.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Aksary   [Материал]
Ýöne, sende ne gudrat bar dilberim,
Nädip, gyz halyňa, şahyr dogurdyň?!
Süleýman şahyr etdiñ diýjek bolupsyñda,çalaja başarmansyñ..
Buda bilşimçeräkdä
Ýöne, sende ne gudrat bar dilberim,
Nädip,MENI POEZIÝAÇA ÖWÜRDIÑ.
ýagny özüñe özüñ şahyr diýmeldäldenräk...umuman gowy ýazýañyz,dörediberiñ,òmrüñ bolsun.
Meñem bilmeýänlem kän ine

..Uzyn däl, gysga-da däldir dillerim,

Adatça adamyñ dilem bir sany

DILLERIM diýip ulansañ bolýamy bolanokmy!?

0
1 mango   [Материал]
...Uzyn däl, gysga-da däldir dillerim,
Bar bolany, ogurtlan bir ogurdym.
Ýöne, sende ne gudrat bar dilberim,
Nädip, gyz halyňa, şahyr dogurdyň?!

iki zat gelişmändir.
1) "dilleriň" köplügi.
2) "gyz halyna dogurmagy".
hemem "ogurtlamak" däl owurtlamak.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]