13:31
Näzlim uz maňa / hekaýa
NÄZLIM UZ MAÑA

Iki hepdeden bäri dowam edip gelýän “Etrabyň iň ökde şepagat uýasy” adyny almak ugrunda geçirilýän ýaryş pellehana ýetende, Sülgün iki sany garşydaşlary bilen ýüzbe-ýüz galdy. Bu gün bolsa jemleýji tapgyr geçirilýär.
Dalaşgärlere ýaryşyň sanawyndaky “öý işini” bir hepde öňünden yglan edipdiler. Ýaryşyň bir şerti bolan bäbek gundamagy Sülgün, sypynsa, entek yrsgaly bölünip aýrylmadyk, özünden uly eltisiniň ýanyna howlugyp, onuň dört aýlyjak oguljygyny özüne ýetirmän, arlyjaklaryny täzeläp, mäkemje gundap, bäbegijigi her gezek ejesiniň eline berende, eltisi:
—A gyz, bü-ýä seň eliňe öwrenişip barýa, men-ä gabanmanam duramok!—diýip, Ogulkeýik dogrusyny aýtdy. —Çaltrak özüňkini edinewer.
—Özümiziňkem bolmaly öýdýän...
—Hä!?—diýip, Ogulkeýik sözüni soňlaman dyman eltisiniň ýüzüne soragly bakdy. Sülgün çalaja ýylgyryp, gyzaran ýüzüni aşak sallady: —Entek özümem doly ynanyp bilemok...
—Agajan habarlymy?
—Ýok, aýdaryn-da...
Günüň ahyrynda, ýassykdaşy Agajan gullukdan gelip, agşamlygyny edinip, gitarasynyň tarlaryna kakyp, ýaşlaryň arasynda ýoň bolup, meşhurlygyny gazanan aýdyma hiňlenip başlady:
Alabahar ak güller,
Açylsa parlap,
Çyksaň näzlim, seýrana,
Sen hem lowurdap!1)

—Agajan, bolmasa, men goşgy okaman, aýdym aýdaýaýyn-la! —diýip, Sülgün ýaňy doglan bäbejige meňzeş gurjagy gundap durşyna seslendi.
—Sözlerini bilýäňmi?
—Hawa bilýän. Ol aýdymy bilmeýän barmy!
—Hany, synanyşyp göreli! —diýip, Agajan gitarasynda aýdymyň akkordlaryny saýlamaga başlady. Sülgüniň aýdym aýdyşyna göwni ýeten Agajan:
—Päh, päh, Tüweleme! Sen-ä diňe jazly unaş bişirmäge ökdelemän, aýdym aýtmaga-da zor ekeniň! Ýöne aýdymyň gaýtalamasy gelende—sesiňe güýç berip gygyrmaly ýerinde köpçülikde tolgunyp, sesiň döwülermikä diýýän. Şonuň üçin bu aýdymy öz notasyndan birki basgançak pesräk heňde aýtsaň arkaýyn bolarsyn. Olar gijäň ýaryna çenli aýdymy öwran-öwran gaýtalap , mazaly “bişirdiler”.
Ýaryşyň jemleýji güni ir säher bile oýanan Sülgün, toý lybasyny geýinip, saçyna timar berip duran ýerinden oýaly-ukuly ýatan adamsyna:
—Agajan, ezizim! Ertirligiňi taýynlapjyk goýandyryn. Men irräkden gideýin.
Agajan ýatan ýerinden alasarmyk ýagdaýda: “Şowly bolsun! Üstünlik arzuw edýärin!” diýip, ýorganyny üstüne çekdi. Sülgün kalbyny tolgundyryp erkine goýmaýan begenjini Agajana “ertir aýdaryn-birigün aýdaryn” bilen şu güne ýetdi. Ol şatlygyny paýlaşmak üçin ýaýadana-ýaýdana emaý bilen düşegiň gyrasyna çökdi, elini Agajanyň egnine goýup: —Ezizim, men saňa bir zat aýdaýjakdym. Agaajan ýatan ýerinden:
—“Şowly bolsun!” diýdim-ä.
—Hawa, sag bol. Ýöne men saňa bir habar aýdaýjakdym-da. Öň kän pitiwa beremokdym welin...
Agajan Sülgüniň äheňinden wajyp bir habaryň bardygyny duýup, ýerinden laňňa galdy we bar ünsini jemläp, Sülgüniň hoşamaý ýylgyrýan ýüzüne seredip, gelni dillenmäkä üýtgeşik habary onuň keşbinden okajak bolup synanyşdy, onýança Sülgün:
—Agajan birden biziň hem illeňki ýaly bäbejigmiz bolaýsa...
Agajan ukusyndan açyldy. Ol söm aýak bolup dikeldi-de, boýnuny egip, has içgin synlap durşuna gelniniň gözleriniň içine giräýjek boldy:
—O nähili, “bolaýsa”!? Seň çynyňmy ýa oýun edýäňmi?
Sülgün ýylgyryp durşuna, jogaba derek çalaja başyny yrady. Şatlykly habara begenen Agajan Sülgüni garbap gujagyna gysdy-da, ýaňaklaryndan öpdi, gujaklap durşuna: “Ur ra, ur-ra!” diýip gygyryp, daşyndan pyrlady. Soň gelnini emaý bilen düşürip, üç gapyly ýüz görülýän aýnaň çekerlerini dörüp başlan-da, Sülgün:
—Me!—diýip, elindäki iňňebagjygy uzatdy.
Sülgün bäsleşige başdaňysyna Agajanyň ildiren iňňebagjygy bilen gitdi.
Agajan wagty bilen köşeşmedi: o tamdan, o tama girip-çykyp ýörşüne, begenjiniň güýjüne bäs gelmän, böküp-böküp, gygyraýasy gelýärdi. Howul-hala ertirligini edinip otyrka, kellesine bir ajaýyp pikir geldi: “Bu gün goşa baýram, ikisine-de Sülgün sebäpkär. Men bu gün Sülgün janyň ýanynda bolaýyn. Ýok, indi men hemişe onuň ýanynda bolaryn. Başlykdan rugsat alaýyn-da, bäsleşik geçýän ýere eňeýin” diýip, şkafdan dabaralarda geýilýän, täzeje harby lybasyny çykardy.
Agajan gullukdaşlarynyň degişme äeňde “ýangynyň sebäbini külini ysgap anyklaýan”, “etraba ot ýakdyrmaýan”—etrabyň ýangyna garşy göreşýän bölümiň köpi gören, baý tejribeli başlygynyň otagyna ýetip barýarka, gapy açylyp, başlyk bilen pete-pet gabatlaşdy. Agajan sakga durup, göneldi. Sag eliniň barmaklaryny jüp tutyp, başgabynyň gyrasyna degirip:
—Saglygyňyzy isleýärin! Ýoldaş maýor, ýüz tutmaga rugsat ediň!
—Leýtenant Rahmanow! Siz näme üçin bu gün dabaraly lybasda? “Polisiýa işgärleriniň günine” ýene iki hepde bar ahyryn, harby eşigi geýmegiň düzgünini bozýaňyz!
—Hut şeýle ýoldaş maýor! Düzgüni bozýan. Meň maşgalamda bu gün baýramçylyk, şol sebäpli maňa ýarym salkyn gullukdan rugsat bermegiňizi haýyş edýärin! —diýip, ýylgyrdy.
—Keýpiň kök görünýä-le, ogul jigiň-ä bolan däldir?!
Agajan şadyýan ýylgyryp durşuna:
—Hiç ýok, ýoldaş maýor, bolsa hökman buşlaryn!
Başlyk hoşamaýlyk bilen ýylgyryp, ýaş işgäriniň şatlygyna goşuldy, nämäniň baýramçylygydygyny çintgäp durmady-da:
—Bolýar, bar gidiber. Sag-aman sowuň!
—Sag boluň, ýoldaş maýor!
Agajan edarasynyň howlusyndan çykan badyna ylgaşlap gitdi.
Dalaşgärleriň üçüsi hem bäsleşigiň birinji bölümini—enäniň bäbejiginiň arlygyny täzeläp, ýaňadandan tämiz arlyk bilen gundap, hüwdüläp ýatyrmagyny üstünlikli tabşyrdylar. Olar indi öňlüklerini dakynyp, iIkinji bölüme—unaş kesmeklige başladylar. Her kim öýünde ýugryp getiren zowalasyny ýaýyp bolansoň, düýrläp, aşpyçaklary bilen kesmäge başladylar. Sülgün aş kesip duran ýerinden goňşylarynyň hereketine gözleriniň gyýtagyny aýlaýar. Bäsdeşleriniň biri has hem ezber görünýärdi. Ol aş kesip-aş kesip, baý tejribe toplana meňzeş: “tyrk” edip kesýä-de, pyçagynyň gapdaly bilen itip goýberýär welin, kesilen teller edil agdarylan ýer ýaly bir-biriniň üstüne tertiplije gyşaraýarlar. Muny görüp, Sülgün tolgunyp başlady: “Bu gyz aş kesmäge örän ökde ekeni. Haý, men galaryn-ow. Şo tarapa seretmäýin-le, birden elimi kesdirip iş bolaýmaýyn” diýip, pikirlenip durşuna, unly barmaklaryny unudyp, başdaňysyny düzedişdirdi. Eli Agajanyň ildiren iňňebagjygyna degende, biygtyýar ýylgyrdy. Agajan bilen bileje aýdymy özleşdiren pursatlary göz öňüne geldi, birdenem nirededigini ýadyndan çykardymy-nätdimi, aş kesip duran ýerinden hiňlenip başlady. Diňe hiňlenmek däl, dogumly sesi bilen aýdym aýtmaga başlady: “Alabahar ak güller, açylsa parlap” diýende, bäsleşige ýardam üçin gelen orkestr aýdym aýtmak bölümi başlandyr öýdüp, aýdymyň sazyny çalyp başlady. Sülgün: “Çyksaň näzlim, seýrana, sen hem lowurdap” diýip,aýdymyň birinji bendini tamamlap barýarka, eli gül desseli, dabaraly lybasly Agajanyň sahna çykyp gelýänine gözi düşüp: “Hiý, wiý...” diýip, elindäki aşpyçagyny gaçyrdy. Agajan elindäki çemeni Sülgüniň aş kesip duran stoluna goýup, sag elini gelniniň biline goýdy, onuň sag elini bolsa çep eline aldy-da, sahnaň giňräk ýerine geçip, daşyndan pyrlap, tans etmäge başlady.
Aýdymyň dowamyny indi Sülgüniň janköýerleri—işleýän bölüminiň işgärleri alyp göterdiler. Olaryň hor bolup: “Dünýä ýaz maňa, dünýä saz maňa. Näçe näz etseň-de gülüm, şonça az maňa” diýip, sazlaşykly aýdýan aýdymyň gaýtalamasy tomaşaçylardan hyryn-dykyn doly zala sygmajak bolýardy. Sülgün bilen Agajan tä aýdym gutarýança pyrlandylar.
Eminleriň başlygy bäsleşigiň jemini jemläp:
—Gadyrly tomaşaçylar we dalaşgärler! Ynha iki hepdeden bäri dowam edip gelýän bäsleşigimiz hem tamamlanyp gelýär. Biziň mähriban hem gözel gelin-gyzlarmyz diňe bir öz hünärinde ussatlygyny subut etmän, maşgala ojagynda gündeki edýän işleriniň başarnygyny hem görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlarymyzyň hemmesi öwgä-de, hormata-da, sylaga-da mynasyp. Bularyň içinden öňdebaryjyny we ýeňijini saýlamak emin agzalaryna örän kyn düşdi. Dlaşgärleriň üçüsem ýokary sylagly orna mynasyp. Gynansagam, ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda ýeňijini kesgitlemeli bolýarys. Emin agzalarynyň şu ýerde aýratyn pikiri bar: dalaşgär Sülgün Rahmanowa ýaryşyň üçünji bölüminiň ssenariýasyny üýtgeşik täsin gurnapdyr, munuň üçin biz teatrdan ýardam beren artiste minnetdarlygmyzy bildirýäs—diýende, tomaşaçylaryň arasynda “hyşy-wyşy” peýda boldy. “Hyşy-wyşy” ýuwaş-yuwaşdan gowurda ýazdy.
Birdenem Sülgüniň janköýerleri çapak çalyşyp: “Sü-ül-gün, Sü-ül-gün, Rah-ma-no-wa! Sü-ül-gün, Sü-ül-gün, Rah-ma-no-wa!” diýişip , batly sesleri bilen gygyryp başladylar. Bu şowhun deňiziň gomy ýaly daş-töwerege ýaýrady —tomaşaçylaryň hemesi ellerini çarpyşyp: “Berekella Sülgün!”, “Berekella Sülgün!” sözler bilen gygyrmaga başladylar.
Eminleriň başlygy boýnuny bir gapdala gyşardyp, biygtyýar ýylgyrdy, gollaryny iki gapdala ýaýdy-da ýerine geçip otyrdy. Ol märekäň şowhuny birneme pessaýlansoň, ýaşyl atlaza zer bilen ýazylan “Bäsleşigiň ýeňijisi” ýazgyly lentany Sülgüniň egninden asyp, bir desse gül gowşurdy. Soň ellerini ýokaryk galdyryp, çapak çalyp durşuna:
—Hany, ýeňijini gutlalyň! —batly sesi bilen tomaşaçylara gygyrdy. Tomaşaçylar gürre ýerlerinden galkyp, ýene-de şowhunly el çarpyşyp, Sülgüni gutladylar, zal birneme ýuwaşansoň,—Hormatly tomaşaçylar! Belki, ýeňiji birki agyz söz sözlejekdir, geliň diňläliň!—diýip, Sülgüne söz berdi.
Sülgün sahnaň öňüne—tomaşaçylara ýakyn ýöneldi. Ol tolgunýan sesi bilen çykyşyna başlady:
—Gadyrly kärdeşlerim, meniň ýeňiji bolmagyma goltgy bereniňiz we hemaýat edeniňiz üçin sag boluň!—diýdi-dep, göwresini çala eminlere tarap öwrüp, —Hormatly emin agzalary! Bäsleşige gatnaşyjylara adalatly baha bereniňiz üçin öz adymdan we ýanýoldaşymyň adyndan size-de minnetdarlygymyzy bildirýärýäris! —diýip, ýylgyrdy-da, — Ol serkerde teatryň artisti däl, ol meň adamym. Oňa “gel” dienem ýok, ony çagyranam ýok, öz islegi bilen gelipdir. Meniň çykyşyma bu tansly parçany goşmak asla kellämize-de gelenokdy, ýöne şowly boljak bolsa ugruna bolaýýan ekeni. Onuň ýerlikli hem gelşikli eden hemaýatyna şatlygymyň çägi ýok—diýip, gözleri bilen tomaşaşylaryň arasyndan ýassykdaşyny gözledi, onuň uzakdan goluny bulap durşuna gözi düşensoň sägindi-de, pessaý, sesi bilen: —Men saňa örän minnetdar, ezizim! —diýip, başyny egdi. Agajan Sülgüniň sesini eşitmese-de, onuň mähirden doly mylaýym sözlerini ýüregi bilen duýdy.

1) Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň goşgysyna döreden “Näzlim uz maňa” aýdymy.


Kakajan Balkanow


2020 ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 19.11.2020 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: "Esger" gazeti

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 224 | Добавил: kbalkanov4 | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Zalym ykbal / bolan waka - 17.01.2022
Год перелета / paccкaз - 23.02.2022
Taş Ocağı / hikaye - 09.01.2022
Täsin ykbal / hekaýa - 29.04.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022
”Öweý” ene / hekaýa - 22.01.2022
Gaýly günde / hekaýa - 26.04.2022
Aýjeren eje / hekaýa - 10.01.2022
Şeftren / hikaye - 04.01.2022
Zäher / awçynyñ hekaýaty - 11.04.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]