23:57
Nätanyş ýol...

NÄTANYŞ ÝOL

Barýadym kenaryň ýakasyn syryp,
Alňysaýan, howlukýan deý bir zada,
Bolşum meňzäp, birbelalardan dynyp,
Ýeke gezip ýörün çola meýdanda,

Birden peýda boldy duýansyz ýerden,
Y:şk düşüp gözlem diýseň gamaşyp,
Ýörän ýolum üýtgäp gidipdir çenden,
Nätanyş ýol... gelsem nätjek azaşyp.

Muny görüp yza dönmek isledim,
Ätdim. peýda boldy bir eýmençli güýç,
Aýagymdan çeken ýaly zemine,
Gorkdym. beýle zada duşmandym öň hiç

Göwräm gitdi nätanyş bir çukura,
Ýagty dünýä gara tüme bürendi,
Urunsam-da, deşik tapman çykara,
Ellem gara ýeri, peşäp sermendi.

Älemi ürküzdim çirkin ses bilen
Elhenç owaz gelip tarsa oýandym,
Gözüm açdym, turdym agyr dem bilen,
Bu zatlaryň düýşligne, begendim.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 3.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Säher goşgusy / Goşgular - 20.03.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Kerim Hallynyñ "Erkekler" goşgusyna jogap / Goşgular - 25.03.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Dagdaky heýkel / Goşgular - 12.01.2021
Mätäç men... / Goşgular - 09.02.2021
Всего комментариев: 3
0
3 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Y:şk? Eger yşyk bolsa Yşyk diýip ýazyber. Yşk bolsa-da Yşk bolar.

0
2 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Umuman, bu awtoryñ kabir goşgylarynda yontemlik ozuni duyduryan bolsa-da, soñky goşgylarynda, ylayta-da şu goşgysynda mazmuny bezemegiñ ince tarlerini añlasa bolyar. Liriki gahryman durmuş yolunda aljyraññyrak yagdayda oñe sary gadam taşlap baryar. Ol ykbalynyñ gelejegini garañky goryar. Şonda-da, oñe sary adim uryar. Durmuş hossalary liriki gahrymany agyr aladalaryñ, şonuñ bilen birlikde-de, umyt-tamalaryñ kenary bilen, wagt akymyna deñleşdirip, ileri-alga alyp baryar. Onuñ gacan cukury durmu uñ apet uly synaglarynyñ biri. Ynsan ogly şol garañky-kyncylykdan cykyp, ugruny rowan eylemek isleginde. Emma,awtor goşgynyñ dartgynly mazmunyny gorulyan duyşuñ komegi bilen ap-añsat cykalga bilen jemlap oturyberyar. Bu tar, elbetde, edebiyatda ullanylyp, leji cykan usul. Ondumli doredyan bu awtoryñ indiki doretjek şygyrlarynyñ ustunde unusli-undowli bolmagyny tama edyarin.

0
1 Aksary   [Mowzuga geç]
Birden peýda boldy duýDansyz ýerden,
Yşk düşüp gözlem diýseň gamaşyp,

@zehin! YŞKmy ýa YŞYKMY?

Ýörän ýolum üýtgäp gidipdir çenden,

Barýan ýoluñyzyñ üýtgäp gidenligini bilýäñiz,onda bu ýol NÄTANYŞ ÝOL dälmikä diýýän!
Nätanyş ýol... gelsem nätjek azaşyp.

Goşgy erbet däl,galamyñyz ýiti bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]